Beýik Britaniýanyň Hantingdon şäherinde ýaşaýan 14 ýaşly pişik Bellaiz Ginnesiň Rekordlar kitabyna girdi. Onuň gulaklaryňy lerzana getirýän myrlamasy häzirki wagtda ýaşaýan pişikleriň arasynda iň güýçli ses hökmünde bellige alyndy.
Onuň myrryldysynyň güýçlüligi — 54,59 desibel. Pişigiň nobatdaky rekordy goýmagy üçin häzirki ýaşaýan pişikleriň ozalky iň ýokary görkeziji bolan 50 desibelden geçmegi ýeterlik boldy. Muňa garamazdan, taryhda iň güýçli sesli pişigiň 67,8 desibel ölçegdäki sesi bilen 2015-nji ýylda Ginnesiň Rekordlar kitabyna giren Merlindigini bellemek gerek.
«Bella bütin günüň dowamynda myrlaýar. Eger golaýyňda nahar bolsa ýa-da sypalasaň ol myrlamagyny dowam etdirýär» — diýip, pişigiň eýesi gürrüň berýär. Ol öý haýwanynyň sesiniň telewizoryň sesini hem basýandygyny belleýär.