senorita
17.03.2024 19:53
Bu soraga «kim» däl-de «näme?» diýip düzediş berjegiňiz seýrek däldir. «Boing» sözüniň aňladýan manysy biziň durmuşymyzda uçaryň görnüşi hökmünde girdi. Sebäbi laçyn nyşanly türkmen uçarlarynyň hem köpüsi ýokary amatlylykly 757, 737, 717 kysymly «Boing»-lerdir.

«Boing» amerikan uçar konserniniň ady bolup, şol konserniň öndüren uçarlary hem «Boing» diýip atlandyrylýar. Ýöne, bu sözüň adam ady bilen baglydygyny ýadymyzdan çykarmaly däldiris.

Eýsem, Boing kim?
Wilýam Boing (William Boeing (1881-1956)) amerikan awiakonstruktory we senagatçysydyr. Ol 1903-nji ýylda Ýel uniwersitetini tamamlaýar. 1916-njy ýylda özüniň ilkinji uçaryny ýasaýar hem-de «Pacific Aero Products» atly uçar şereketini esaslandyrýar. Birnäçe aý geçeninden soň şereketiň ady «Boeing Airplane Co» diýip üýtgedilýär. 1927-nji ýyla çenli Boingiň şereketi, esasan, harby uçarlary, şeýlede ýük daşaýan uçarlary ýasamaga ýöriteleşýär. 1934-nji ýylda Boing şereketiniň özüne degişli bölegini satýar hem-de çapylýan atlary köpeltmek bilen meşgullanýar. Boingiň uçara bolan söýgüsi, gyzyklanmasy ýok bolup gitmeýär, ikinji jahan urşy döwründe ol özüniň öňki uçar kärhanasynyň maslahatçysy bolýar. Bu kärhana «Boing-707» ýolagçy uçaryny döretmek baradaky taslamanyň üstünde işläp başlaýar.

Täze uçar 1954-nji ýylda doly taýýar bolýar. U.Boing öz kärhanasynda ýasalan ilkinji ýolagçy uçarynyň asmana galşyny görmäge ýetişýär. Häzir «Boing» uçarlarynyň dürli kysymlary öndürilýär. Olaryň birnäçesi dünýä rekordyny goýýar. Meselem, 1989-njy ýylda ulanyşa berlen «Boing-747» uçary dünýäde iň köp ýolagçy ýerleşýän uçar diýlip yglan edildi. Bu uçaryň ganatlarynyň gerimi 64,9 metre, uçuş uzaklygy 13340 kilometr aralyga deňdir. Oňa 566 ýolagçy ýerleşýär.
28
107
ideallider
17 Mart 2024
@senorita, mmm ok.
senorita
17 Mart 2024
@ideallider, dũzediş girizdim welin ýitdi-de, barlagdan soñ çykdy
ideallider
17 Mart 2024
Täze postlar ýok diýip gynanyp otursam olar aşakda soň çykýarlar. Täzede listat etmeli🤦‍♂️👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.