sendolugeceler
18.01.2024 01:39
Gulundan däl, Hakdan edip dilegi,

Özümizi kyna dözsek näderkä.

Agyr dälmi barlylaryñ küregi,

Garyp gämimizde ýüzsek näderkä.


Maşa bolsañ düşnükliräk ýalydyr,

Adyñ Maýa, saçyñ neçün sarydyr?

Türkmenligñi gizlemändir barybir,

Maýajan, şol reñki pozsak näderkä.


\"Namys\" diýlen täsin ýazgy barmyşyn,

Ýazdyraýsañ gepden goraýarmyşyn.

Döwrüñ erkeklerne uly haýyşym,

Şondan tapyp kalba ýazsak näderkä.


Öwen bolup syryñ ýaýar Äleme,

Işiñ düşüp barsañ jogap: \"Ä? Neme...!\",

Bir teklip bar üýşüñ meniñ ýanyma,

Şeýle dostlañ üstün çyzsak näderkä.


\"Nika\" diýmek \"Durmuş toýy\" diýmekdir,

\"Nika\" diýmek \"Ömürboýy\" diýmekdir,

\"Nika\" diýmek bagty \"soýup\" iýmekdir,

Del bähbidi ondan üzsek näderkä.


\"Eje\" sözi mähremligiñ gürüdi,

\"Eje\" sözi dilleñ süýji dürüdi.

Bu gün ondan neneñ sögünç döredi,

\"Ejeñ...\" diýýän dili ezsek näderkä.


Zer känelýär, Ser känelýär bat bilen,

Söýgi galýar şol köneje at bilen,

Ady galdy abraýyny nätdiler,

Ol ölmänkä ömrün sozsak näderkä.


Sadalygy bezãr mydam her ili,

Şol ýagty saklaýar,ýagty zemini.

Entek alyp bilmez gybat Kerimi,

Gowsy dil ýuwudyp gezsek näderkä.


Awtor: Kerim Hally
9
18
sendolugeceler
15.01.2024 21:40
Aýna bakyp darap otyr zülpüni,

Ýogsa darak derkaram däl saçyna.

Nagyşly ýakasyn ezipdir göz ýaş,

Nätsin derdi sygmasa oñ içine.


Jülpüldäp-jülpüldäp gaýdýan göz ýaşda,

Biwepa söýginiñ gyzgyny bardyr.

Söýgi ýakandan soñ onuñ yzynda,

Agy atly ajy düzgüni bardyr.


Ol düzgünden çykan erkek ýok entek,

Aýal hak-da gürrüñ edip biljek däl.

Ýaş söýgüsi ýada düşse, düzgüniñ,

Segsen ýaşlam hötdesinden geljek däl.


Şonuñ üçin aglap otyr gözel gyz,

Utulypdyr "söýgi" atly hilede.

"Gerek bolsa ömrüm berjek men" diýip,

Wada beren erkeksumak nirede???

Awtory: Kerim Hally
14
25
sendolugeceler
13.01.2024 03:27
Hanha görýäs iki goşa juwany

Bag:t diýlip şuña aýdylsa gerek.

Bileleşýär bu gün durmuşyñ ýoly,

Bag:t diýlip şuña aýdylsa gerek.


Bagta öwürýärler bu gün söýgini,

Arşa göterýärler bu gün söýgini,

Başdan geçirýärler ajap duýgyny,

Bag:t diýlip şuña aýdylsa gerek.


Saçagñyzda boş durmasyn tabaklar,

Sallançakda iññildeşsin bäbekler,

Şatlyk göz ýaşyna ezlip gabaklar,

Bag:t diýlip şuña aýdylsa gerek.


Kyn günde ýoldaşyñ bolup süýregi,

Öñküden-de söýüñ birek biregi,

Söýgüdir ynanyñ ömrüñ diregi,

Bag:t diýlip şuña aýdylsa gerek.


Sözüñ çyksyn gelin, ýumşak mylaýym,

Ýigdiñ ajyganda çaý dursun taýyn,

Buýsansyn ýoldaşyñ, buýsansyn gaýyn,

Bag:t diýlip şuña aýdylsa gerek.


Dostum gelniñ bolsun diñe geregiñ,

Oña nep ýetende syzlap ýüregiñ,

Şükür edip iýseñ gaty çöregem,

Bag:t diýlip şuña aýdylsa gerek.


Awtor: Kerim Hally
9
31
sendolugeceler
12.01.2024 15:10
Bir zenany bagtly etmek isleseñ,

Dosty ýaly dertleş, dostuñdeý syrlaş.

Gürleş iñ mylaýym sözleri tapyp,

Oñ uýatdan doly kalbyna dyrmaş.


Kakasydeý gora, kakadeý ekle,

Bir zenany bagtly etmek isleseñ.

Aýak teýi etmän, depäñde sakla,

Kalbynyñ çuñlugna ýetmek isleseñ.


Kelläñden aýagyn sallamaz, gorkma,

Salladanlar saýlamakda ýalñyşan.

Bagtly bolmak islän, ahlakly zenan,

Depäñe täç bolup, baky ýelmeşer.


Nur çaý oñ ömrüne, nur içre ýaşat,

Jadyla durmuşyn, bolup jadygöý.

Bir zenany bagtly etmek isleseñ,

Adamdeý ýürek ber, adam ýaly söý.

Awtory: Kerim Hally
13
98