Gulundan däl, Hakdan edip dilegi,
Özümizi kyna dözsek näderkä.
Agyr dälmi barlylaryñ küregi,
Garyp gämimizde ýüzsek näderkä.
Maşa bolsañ düşnükliräk ýalydyr,
Adyñ Maýa, saçyñ neçün sarydyr?
Türkmenligñi gizlemändir barybir,
Maýajan, şol reñki pozsak näderkä.
\"Namys\" diýlen täsin ýazgy barmyşyn,
Ýazdyraýsañ gepden goraýarmyşyn.
Döwrüñ erkeklerne uly haýyşym,
Şondan tapyp kalba ýazsak näderkä.
Öwen bolup syryñ ýaýar Äleme,
Işiñ düşüp barsañ jogap: \"Ä? Neme...!\",
Bir teklip bar üýşüñ meniñ ýanyma,
Şeýle dostlañ üstün çyzsak näderkä.
\"Nika\" diýmek \"Durmuş toýy\" diýmekdir,
\"Nika\" diýmek \"Ömürboýy\" diýmekdir,
\"Nika\" diýmek bagty \"soýup\" iýmekdir,
Del bähbidi ondan üzsek näderkä.
\"Eje\" sözi mähremligiñ gürüdi,
\"Eje\" sözi dilleñ süýji dürüdi.
Bu gün ondan neneñ sögünç döredi,
\"Ejeñ...\" diýýän dili ezsek näderkä.
Zer känelýär, Ser känelýär bat bilen,
Söýgi galýar şol köneje at bilen,
Ady galdy abraýyny nätdiler,
Ol ölmänkä ömrün sozsak näderkä.
Sadalygy bezãr mydam her ili,
Şol ýagty saklaýar,ýagty zemini.
Entek alyp bilmez gybat Kerimi,
Gowsy dil ýuwudyp gezsek näderkä.
Awtor: Kerim Hally