sendolugeceler
12.01.2024 15:10
Bir zenany bagtly etmek isleseñ,

Dosty ýaly dertleş, dostuñdeý syrlaş.

Gürleş iñ mylaýym sözleri tapyp,

Oñ uýatdan doly kalbyna dyrmaş.


Kakasydeý gora, kakadeý ekle,

Bir zenany bagtly etmek isleseñ.

Aýak teýi etmän, depäñde sakla,

Kalbynyñ çuñlugna ýetmek isleseñ.


Kelläñden aýagyn sallamaz, gorkma,

Salladanlar saýlamakda ýalñyşan.

Bagtly bolmak islän, ahlakly zenan,

Depäñe täç bolup, baky ýelmeşer.


Nur çaý oñ ömrüne, nur içre ýaşat,

Jadyla durmuşyn, bolup jadygöý.

Bir zenany bagtly etmek isleseñ,

Adamdeý ýürek ber, adam ýaly söý.

Awtory: Kerim Hally
13
96
ayyt
12 Yanwar 2024
Bizi yatdan cykarman
ayyt
12 Yanwar 2024
Gayrat edin
ayyt
12 Yanwar 2024
Bolya bolya
ayyt
12 Yanwar 2024
Name yazsanyz bile yazmaly
ayyt
12 Yanwar 2024
Ayal masgalalar ucun oglanlaram zerurdyr
ayyt
12 Yanwar 2024
Onam yazayda gayrat edip
ayyt
12 Yanwar 2024
Oglany bagtly etmek ucun ayal masgala name etmeli
ayyt
12 Yanwar 2024
Salam Sahyr
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.