seljukly
12.09.2023 01:32

Aramyzda yasy uly yagny in ( garry) agzamyz kim


17.09.1989 men

18
164
seljukly
11.09.2023 19:43

Seljukly döwletini döredenler – Togrul beg bilen Çagry begiň atasy bolan Dukak Oguz

türkmen döwletinde gaýduwsyz, ugurtapyjy, abraýly, sözi diňlenilýän, buýrugy ýerine

ýetirilýän serdardy. Dukak Oguz hanyň Kynyk agtygynyň neberesindendir. Taryhçylar

Dukagyň adyny anyklanlarynda, ony ≪Täze ýaý≫, ≪Demir ýaý≫ atlary bilen teswirleýärler.

Şonuň üçin hem oňa Demir ýaýly Dukak hem diýlipdir. Dukagyň ogly Seljuk, takmynan, 900-

nji ýylda dogulýar.

Dukak ölende ol 17-18 ýaşlarynda eken. Birnäçe wagtdan soň, hökümdar ony goşun başlygy

wezipesine belleýär. Başarnyksyz hökümdaryň ýerine geçmek üçin hem-de öz abraýyny

galdyrmak üçin Seljuk beg goşunda tertip-düzgüni gowulaşdyryp, birnäçe özgertmeler

girizýär. Soňra ol niýetini aç-açan durmuşa geçirip başlaýar. Seljugyň özbaşdak hereket

etmegi hökümdara we döwletiň beýleki emeldarlaryna ýaramandyr. Ýagdayyň hatarlydygyny

duýan Seljuk Ýaňykentden gaýdyp, takmynan, 930-935-nji ýyllarda 100 atlysy bilen Jent

şäherine gelýär. Bu ýerde Seljuk begiň maşgalasy we ýanyndakylar yslam dinini kabul edip,

musulman bolýarlar.

Seljuk begiň Mikaýyl, Arslan (Ysraýyl ), Ýunus we Musa diyen 4 ogly bolupdyr. Mikaýyldan

Dawut Çagry beg we Muhammet Togrul beg atly 2 ogul galýar. Olary Seljuk beg

terbiýeläpdir. Seljuk beg 1007-nji ýylda, takmynan, 107 ýaşynda Jentde ýogalýar. O1 şol

ýerde hem jaýlanýar. Şondan soň, Arslan seljuklylar maşgalasynyň başyna geçýär we ýabgu

diýlip yglan edilýär. Uzak wagt geçmänkä, seljuklylar Jendi terk edip, Mawerannahra

gelýärler.

999-njy ýylda Samanylar döwleti synýar. Garahanly döwletiniň goşunynyň Mawerannahry

eýelemegi seljuklylary kyn ýagdaya düşüripdir. Syrderýa, Talas, Çu taraplaryndaky

türkmenler bilen seljuklylaryň gatnaşygy gowy däldi. Sebäbi olar seljukly türkmenlerini

samanylara hyzmat etmekde aýyplapdyrlar.

Mawerannahra gelen gaznaly soltany Mahmyt dürli wadalar berip, Arslan ýabguny ýanyna

çagyrýar. Soltan beren wadasynda wepalydyr öýden Arslan ýabgu 300 sany saýlama atly we

ogly Gutulmyş bilen Samarkanda soltanyň huzuryna gelýär. Soltan Mahmyt onuň bilen

duşuşyp, onuň goşunynyň köpdügi barada maglumat alýar, özüne uly bir garşydaş bolar

öýdüp, ony Hindistana iberýär. Şol ýerde hem 1025-nji ýylda soltan Arslany Kalanjer

galasynda bendi edýär. Ýedi ýyl geçenden soň, 1032-nji ýyl da Arslan bendilikde ýogalýar.

Arslany halas etmek üçin seljuklylar hiçhili hereket etmändirler. Ýöne ogly Gutulmyş

kakasyny halas etmek maksady bilen, özüni tanatman, ençeme ýyllar galanyň töwereginde

aýlanypdyr. Kakasynyň ölendigini bilenden soň, ol hem maşgalasynyň arasyna gelipdir.

Mawerannahryň häkimi Ilek Nasr Buharadan 20 farsahlykda 1 ýer tutan seljuklylaryň gün-

günden kuwwatlanýandyklaryndan howatyrlanypdyr. Şonuň üçin hem ol 1015-1016-njy

ýyllarda seljuklylary Mawerannahrdan çykarmak kararyna gelipdir. Şol sebäpli hem ol

köpsanly, kuwwatly goşun jemläpdir. Onuň niýetini aňan doganlar Çagry beg bilen Togrulbeg Ilek hanyň ýerinden uzaklaşyp, Günbatar Garahanly hökümdary Bugra hanyň ülkesine

girip, onuň ýanyna ilçi iberipdirler. Garahanly hökümdar seljuklylaryň öz ýurduna

gelmeklerine garşy bolýar. Doganlary ele salyp, olardan dynmak isleýär. Ýöne onuň

artykmaç güýji ýokdy. Şol sebäpli hem Bugra han ilçä: ≪Mundan beýläk soltanlyk işi biziň

bilen Seljuk ogullarynyň arasynda bilelikde dolandyrylar≫ diyipdir.

Seljuklylar hanyň aýdan sözlerinden netije çykaryp, oňa şübhelenipdirler. Şol sebäpli hem

Togrul begiň ýolbaşçylygynda türkmenler maşgalalaryny, sürülerini aman saklamak üçin

howpsuz ýere gitmeli diyip maslahatlaşýarlar. Çagry begiň esasy maksady 3 müň atly esger

bilen Kiçi Aziya ýöriş geçirip, seljuklylaryň topary ýerleşer ýaly amatly ýer tapmakdy. 1016-

njy ýylda Çagry beg rugsat alman, soltan Mahmydyň hökümdarlyk eden ýerlerinden geçip,

Anadola barýar. Ol ýerde Wizantiya imperiyasynyň goşun bölekleri bilen çaknyşyp, olary

derbi-dagyn edýär. Emma Wizantiya imperiýasyna tabynlykda bolan ermeni knýazlygynyň

goşuny bilen bolan söweşde ýeňiş gazanyp bilmändir. Çagry beg yzyna gaydanda hilegarlige

ýüz urupdyr.

O1 Horasana girende goşunyndaky esgerleri saga, çepe dagadypdyr. Özi bolsa tüçjar baý

eşigine girip, 1021-nji ýylda Mawerannahra gelipdir. Arslan ýabgu ýesir alnandan soň,

Çagry beg we Togrul beg seljukly maşgalasynyň başyna geçýärler. Arslan soltanyň

garamagyndaky serkerdeler oňki yagdaylarynyň bolmajakdygyny duýan wagtlarynda, 4 müň

öýli adamlary bilen Gaznaly döwletiniň ýerine gidipdirler.

Doganlaryň seljukly maşgalasynyň başyna geçmeklerini öňki ýaranlary bolan Aly tegin

islemändir. O1 Çagry bilen Togrul begi tutmak üçin dürli hilelere baş urupdyr. Olary aýry-

aýrylykda, yzly-yzyna ýanyna çagyrypdyr. Bilelikde Samarkanda ýöriş geçirmegi teklip

edipdir. Çagry beg we Togrul beg Aly teginiň asyl maksadyny bilýändikleri üçin, onuň ähli

tekliplerini ret edipdirler. Etjek bolyan pirimi başa barmansoň, Aly tegin başga bir hilä ýüz

urupdyr. Seljukly maşgalasynyň serdarlaryny bir-birlerine garşy goýmak niyeti bilen

Musanyň ogly Ýusuby ýanyna çagyryp, häkimlik edýän ýerlerindäki ähli türkmenleriň

başlyklygyny oňa beripdir. Şondan başga-da ony ýabgu diyip yglan edipdir. Ýusubyň Aly

teginden ýabgulygy kabul etmegine Togrul begiň gahary gelip, onuň üstüne ýöriş etmek

isläpdir.

Emma Çagry beg oňa ýol bermändir. Ýusup hem doganlaryň garşysyna hiçhili duşmançylyk

etmändir. Öňki ýaly ähli işler Çagry beg bilen Togrul begiň elinde bolupdyr. Aly tegin gizlin

pirimleriniň ýol almandygy sebäpli, goşun başlyklaryndan Alp Garanyň kömegi bilen Ýusup

ýabguny öldürdipdir. Çagry beg bilen Togrul beg Aly teginden ar almak üçin goşun ýygnap

başlaýarlar. Garşydaşlaryň urşy netijesinde, Aly teginiň goşuny ýeňlişe sezewar edilýär. Alp

Gara bolsa öldürilýär. Ýusup ýabgu öldürilenden soň, ýabgu unwany onuň kakasy Musa

berilýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlan

13
52
seljukly
10.09.2023 21:13

***

...Sünt-Hasardaky Aly baýyñ mülküne-de çapar

geldi:“Garrygalada gökleñ bilen gyzylbaş gyrlyma girdi.Teke, ýomut,

ýazyrhan ilinden kömek gelýänçä özümiz ýagynyñ öñünde durmaly...“

Howsalaly habary Aly baý sowuk garşylady.Ol howlukman

telbedäki iki aty öz eli bilen ykjam eýerläp,münüp depibermeli edip

goýdy.Kiçi ogly Döwletýary awa giden Mämmetýaryñ yzyndan ýollady:

„Agañy haýsy derä, haýsy gowaga siñenem bolsa tap.Tiz bol!Iliñ

soñundan baryp,masgara bolaýmaly.“

Aly baýyñ ýigit wagty bir garpyşykda çep gözüni aldyrypdy.Mahal-

mahal şu günki ýaly uruş-dawa sözi agzalsa, onuñ kör gözi awuşap, sag

gözi üýtgeşik öwüşgin bilen ýanýardy.Oglanlary wagty bilen

köwlenmänsoñ, onuñ indi birneme gahary geljek bolýardy.“

Gelerler...Gelerlerem.Her haýsy bäş oglanlyk işem bitirer,enşalla!“

diýip, ol öz-özüne göwünlik berip başlady.Şeýle diýdigiçede onuñ özüne

hemem ogullaryna ynamy dagyñ daşy ýaly berkäp, agralyp barýar...

- Geldiñizmi?!

- Geldik, kaka.

- Gelen bolsañyz,atlanyñ!

Aly baý öýden arzyly saklanýan almaz gylyjyny alyp çykandan

Mämmetýar elindäki hyrlyny derrew Döwletýara uzatdy.Döwletýar

tüpeñi almajak boldy,emma kakasyndan çekinip,göwünli-

göwünsizem bolsa hyrlyny egnine atmaly boldy.

- Baryñ goçaklaryñ!...

Aly baý pyýadalap olaryñ yzyndan birneme ýöredi. öwrümdäki uly

daşyñ deñesine baryp, ýene bir sapar sargyt etdi.

- Ätiýaçly boluñ! Ýöne ýaralanman gaýdyp geläýmäñ ogullar!

Iki atlynyñ tä garasy ýitýänçä ol butnaman durdy. Soñ ol ýuwaşlyk

bilen mähnet daşyñ üstüne çykyp seretdi. At toýnagynyñ hemem

daşlaryñ şykyrdysyndan onuñ göwni tebil tapdymy, nämemi:“Ýa

zümem...“ diýip, goja bir ham-hyýal etdi. Soñ ýene-de köşeşdi-de, daşyñ

üstünde çommalyp oturdy. Ol şol oturşyna hyrçyny dişläp, ýeke gözli

döw ýaly bolup, doñup galdy...

***

Ýolboýy dymyp barýan Döwletýar pikirini çugdamlady. Elbetde, ol

agasynyñ göwnemejekdigini, añýardy, emma her näme-de bolsa, taryna

kakyp görmeli. Onsoñam Mämmetýar çaksyz mergen ahyryn. Bäh, bu

pikir nämüçin başdan onuñ kellesine gelmedi diýsene...

- Mämmet jan ,diýýän-ä...

- Howwa!

-Ykjam bir ýeri peýläp otursañ, gyzylbaş baryny gaýadan sary

goç agdaran ýaly agdararsyñ-ow.

-Hany, gönelsene, näme diýjek bolýañ?

-Sen mergen diýjek bolýan...

-Mergenem bolsam, awçam bolsam, tüpeñ señki, gylyç meñki

bolar. Onnan ýaña ýasy ýanyñ yerde bolaýsyn. Biz bu sapar awa däl-de,

başga bir işe barýas, inim. Hany, samahyllama-da sür gatyrak! Sür!

Bu piriminiñ başa barmanyna hemem agasynyñ gödek jogabyna

Döwletýaryñ gahardan ýaña ýüzi ak esgä döndi.Ol atyny debsiläp,

agasyndan ep-esli ara açdy. Kesewi ýaly gara, uzyn tüpeñ şalkyldap,

onuñ hasam gaharyny getirýärdi. „Mundan käwagt bir „tark eden bolup

oturmaga meniñ kararym ýetmez“. Ol birden: „Ýok, how!“ diýip,

gazaply gygyranyny özem duýman galdy.

-Näme „ýok!“ Döwletjan! Döwletýar agasyna jogap

gaýtarmady...

***

Söweş meýdany indi uzakda däl bolsa gerek. Goh-galmagal, tüpeñ

sesi, atlaryñ hyrryldysy, toýnaklaryñ şykyrdysy... Birdenem „ynha“

diýlen ýaly, giñ ýaýlymda garpyşýan sülsat aýtyma geldi. Bir özüñi

dürsäp, bärden atylyp baraýmaly.

Mämmetýar köne batyrlaryñ ýörelgesini ýatlap, inisiniñ alkymyna

geldi-de, at üstünden düşmän gujaklaşyp hoşlaşdy.

-Alla ýaryñ bolsun, Döwletjan. Adamçylykdyr.Görüşsek-

görüşmesek, razy bol!

-Senem razy bol agam!

Agasynyñ bu mähremligine Döwletýaryñ az-kem göwni ýumşan ýalam

boldy, emma içinden welin, ol hiç köşeşip bilenokdy.Bu göz-görtele

adalatsyzlyk dälmi näme?! Mämmetýar Dowy mergene şägirt bolanda

Döwletýara Durdyhan gylyç oýnamagy öwretmedimi näme?! Awa

gidilende hemişe tüpeñ Mämmetýaryñky?! Şeýle-de bolmaly, bu

düşünikli. Şeýle bolýan bolsa, bu gezek gylyç Döwletýaryñky bolmalydälmi eýsem?! „Kakama-da diýmäýin diýsem. Bilip durka, beýtmesi

nämekän-aýt!“

...Döwletýar saklanyp bilmedi. Ol beýle adalatsyzlyga çydap

biljek däldi:

-Hany, Mämmetjan! Agam, erkek bolsan-aý! „Razy bol“ diýen

bolup, meni razy edip bilmersiñ...

Ol atyndan düşdi-de hyrlyny, ok-därini hatarlap ýerde goýdy.

-Gylyjy ber bärik!

-Sen näme diýjek bolýañaý!

Mämmetýaram atyndan düşdi. Aşakda iki duşman, ýokarda-da

iki dogan ýaka tutuşdy.

-Agam, düşün.Men bärden ýaragsyz öz deñ-duşlarymyñ arasyna

nädip baraýyn. Meni masgara etme. Ber, gylyjy!

-Hyrlyñ bar-a...

-Hyrly seniñ ýaragyñ, seniñ işiñ. Sen bu mähnet göwräñ bilen

agyp dönýänçäñ kelläñem aldyrarsyñ, gylyjyñam. Ýeñil ýarag biz ýaly

ýeñil oglanyñky bolmaly, agam!

-Samsyk bolma, sowul ýolumdan.

-Ber bärik diýilýä, saña gylyjy!... Meniñ arym-namysym, ilim-

ýurdum , dinim-imanym köýüp barýa... Aý, seniñ...

Ýigidiñ huşy başyndan göçdi.Ol guşagyndaky pyçagyny sogrup

aldy-da, garşysyndaky deşli pyýadanyñ üstüne towusdy. Bir eli bilen

onuñ boýnundan gujaklap, beýleki elindäki pyçagy ýagyrnysyndan

harçyldatdy...

...Boljak iş boldy. Indi oýlanyp –ölçerip dökere wagtam ýok.

Özünden gidip şalkyldap ýatan agasyny Döwletýar bir gyra, dört daşyñ

arasyna süýräp eltmeli boldy.Tyg oñurga degen borly, ýogsam, ol beýle

elhenç gygyrmazdy, özündenem gitmezdi.

Döwletýar köýnegini ýyrtyp, çakmak çakyp otlady-da, gara-

gurasyny, külüni aldygyna ýara basdy.Gan akmasy kesilenden soñ,

Mämmetýar iññildäp başlady. Ýüzi ýagtylan Döwletýar tüpeñi, ok-

därini onuñ gapdalynda goýdy-da üstüne çöp-çalam taşlap gylyjyny

syryp, dagdan aşak eñip gitdi.“Aly kör maña ýöne ýerden Döwletýar

begiñ adyny goýan däldir.Agamyñ ganynam sizden aljakdyryn...“ –

diýip, ol samrap barşyna söweşiñ jümmüşine süsdirildi...

....Ara böwşeñlik düşen wagty Döwletýar umytly gözlerini

agasyny taşlap gaýdan ýerine aýlaýardy. Ikindinara şol tarapdan hoş

habar ýaly bolup şowhuldy eşidildi. Soñ ýene iki sapar şol ýerdenduşmana tarap ok atyldy.Döwletýaryñ bokurdagy dolup gözüne ýaş

aýlandy...

„Agam jan! Agam jan!“

Ol bärden baranda, ysgyndan gaçan Mämmetýar kellesini daşa

goýup ýatan ýerinden çala ýylgyrdy.

Döwletýar agasynyñ ellerini gysymlap, oña çyny bilen ýalbardy:

-Mämmet jan, kakama aýtmagyn... Ine, saña-da gylyç getirdim.

Gözlerini süzüp ýatan Mämmetýar çalaja pyşyrdady:

-Däli gardaşym, aý meniñ däli gardaşym...


awtor :Ahmet Halmyrat

14
110
seljukly
03.08.2023 08:32

Cagalar bagyndaky eneke cagalara

- Cagalar dinlan kim calt uklasa son sol yatmasada bolyar diyipdir.

----------------------------------------------

demir yol gecelgesine yetip baryan gyzy gorup masinist poyuzun gelyanini duydurmak ucun yzly yzyna signal basypdyr-

- gyz signaly esitsede esitmedik bolup

-Akylly gyz signala seretmez diyen bolyarmys.

_-------------------------------------------------

Atajan Annaberdi halypamyz bir uysmelende otyrka kelte yarag goteryanlerin biri serhos bolup yanyndaka gygyrypdyr

- Su stakany icmesen ataryn diyip

Atajan halypada mundan yadap

- ey inim atsan at yone haybat bir atma diyipdir

_--------------------------------------------------------

Atajan halypamyzyn masenik gonsusy hepdede birki gezek janly soyup aydylan beryan eken sol adama duzen iki setir gosgusy

-- huday yoluna janly berip ol dayy

-- para bilen yrjak bolyar hudayy

31
315
seljukly
29.05.2023 03:25
Bir dul gelin towuk bazara baryp dokuz sany horaz yekejede maki alypdyr. Satyjy sorapdyr ....
- Gelneje illera dokuz maki bir horaz alyar sen name ucun tersine etyan diyse;
Yanky dul gelin : Ay jigim menin kosenenimem yetiga diyipdir
-
21
311
seljukly
23.05.2023 18:42
Bir ayal arine dukandan kasir getir palaw bisirjek diyyar.
Ari gityar 15- 20 minutdan gapy kakylyar acyp gorse polisiya isgari:
- Sizin yoldasynyz yoldan gecjek bolanda yol helakciligne ucrady ( awariya boldy) diyyar
Onda ayaly: ba onda corba bisiraysemmikam diyipdir...
30
513
seljukly
21.05.2023 19:17
Ogulsenem Tannyyewanyn "Gelin " powestini kopiniz okan bolsanyz gerek.Powestde gurrun berilyan Gerekligelnejemiz solar yaly zalym gayynene boldumyka ?!
1.nji gelni Owadan gazanyn gapagny yapanok nahar bisirip bilenok
2. nji gelni Ajapsoltan isennir yone kop yatyar bir yatsa sahel goha turanok .
3 .nji gelni Hajat gepci koca aylanyp gep etyar is etman serial goryar.
4 .nji gelni Yazsoltan gazanyn gapagnam yapyar kopem yatanok koca aylanyp gepem edenok yone onelgesiz cagasy bolanok.
5 .nji gelni Ayna mugallym isinede yetisyar oyunede seretyar yone Gerekli gelneja yer agdarsanok
Gerekli gelneja nahili gelin gerek bilyanizmi hormatly agzalar. ..
28
493