Seljukly döwletini döredenler – Togrul beg bilen Çagry begiň atasy bolan Dukak Oguz
türkmen döwletinde gaýduwsyz, ugurtapyjy, abraýly, sözi diňlenilýän, buýrugy ýerine
ýetirilýän serdardy. Dukak Oguz hanyň Kynyk agtygynyň neberesindendir. Taryhçylar
Dukagyň adyny anyklanlarynda, ony ≪Täze ýaý≫, ≪Demir ýaý≫ atlary bilen teswirleýärler.
Şonuň üçin hem oňa Demir ýaýly Dukak hem diýlipdir. Dukagyň ogly Seljuk, takmynan, 900-
nji ýylda dogulýar.
Dukak ölende ol 17-18 ýaşlarynda eken. Birnäçe wagtdan soň, hökümdar ony goşun başlygy
wezipesine belleýär. Başarnyksyz hökümdaryň ýerine geçmek üçin hem-de öz abraýyny
galdyrmak üçin Seljuk beg goşunda tertip-düzgüni gowulaşdyryp, birnäçe özgertmeler
girizýär. Soňra ol niýetini aç-açan durmuşa geçirip başlaýar. Seljugyň özbaşdak hereket
etmegi hökümdara we döwletiň beýleki emeldarlaryna ýaramandyr. Ýagdayyň hatarlydygyny
duýan Seljuk Ýaňykentden gaýdyp, takmynan, 930-935-nji ýyllarda 100 atlysy bilen Jent
şäherine gelýär. Bu ýerde Seljuk begiň maşgalasy we ýanyndakylar yslam dinini kabul edip,
musulman bolýarlar.
Seljuk begiň Mikaýyl, Arslan (Ysraýyl ), Ýunus we Musa diyen 4 ogly bolupdyr. Mikaýyldan
Dawut Çagry beg we Muhammet Togrul beg atly 2 ogul galýar. Olary Seljuk beg
terbiýeläpdir. Seljuk beg 1007-nji ýylda, takmynan, 107 ýaşynda Jentde ýogalýar. O1 şol
ýerde hem jaýlanýar. Şondan soň, Arslan seljuklylar maşgalasynyň başyna geçýär we ýabgu
diýlip yglan edilýär. Uzak wagt geçmänkä, seljuklylar Jendi terk edip, Mawerannahra
gelýärler.
999-njy ýylda Samanylar döwleti synýar. Garahanly döwletiniň goşunynyň Mawerannahry
eýelemegi seljuklylary kyn ýagdaya düşüripdir. Syrderýa, Talas, Çu taraplaryndaky
türkmenler bilen seljuklylaryň gatnaşygy gowy däldi. Sebäbi olar seljukly türkmenlerini
samanylara hyzmat etmekde aýyplapdyrlar.
Mawerannahra gelen gaznaly soltany Mahmyt dürli wadalar berip, Arslan ýabguny ýanyna
çagyrýar. Soltan beren wadasynda wepalydyr öýden Arslan ýabgu 300 sany saýlama atly we
ogly Gutulmyş bilen Samarkanda soltanyň huzuryna gelýär. Soltan Mahmyt onuň bilen
duşuşyp, onuň goşunynyň köpdügi barada maglumat alýar, özüne uly bir garşydaş bolar
öýdüp, ony Hindistana iberýär. Şol ýerde hem 1025-nji ýylda soltan Arslany Kalanjer
galasynda bendi edýär. Ýedi ýyl geçenden soň, 1032-nji ýyl da Arslan bendilikde ýogalýar.
Arslany halas etmek üçin seljuklylar hiçhili hereket etmändirler. Ýöne ogly Gutulmyş
kakasyny halas etmek maksady bilen, özüni tanatman, ençeme ýyllar galanyň töwereginde
aýlanypdyr. Kakasynyň ölendigini bilenden soň, ol hem maşgalasynyň arasyna gelipdir.
Mawerannahryň häkimi Ilek Nasr Buharadan 20 farsahlykda 1 ýer tutan seljuklylaryň gün-
günden kuwwatlanýandyklaryndan howatyrlanypdyr. Şonuň üçin hem ol 1015-1016-njy
ýyllarda seljuklylary Mawerannahrdan çykarmak kararyna gelipdir. Şol sebäpli hem ol
köpsanly, kuwwatly goşun jemläpdir. Onuň niýetini aňan doganlar Çagry beg bilen Togrulbeg Ilek hanyň ýerinden uzaklaşyp, Günbatar Garahanly hökümdary Bugra hanyň ülkesine
girip, onuň ýanyna ilçi iberipdirler. Garahanly hökümdar seljuklylaryň öz ýurduna
gelmeklerine garşy bolýar. Doganlary ele salyp, olardan dynmak isleýär. Ýöne onuň
artykmaç güýji ýokdy. Şol sebäpli hem Bugra han ilçä: ≪Mundan beýläk soltanlyk işi biziň
bilen Seljuk ogullarynyň arasynda bilelikde dolandyrylar≫ diyipdir.
Seljuklylar hanyň aýdan sözlerinden netije çykaryp, oňa şübhelenipdirler. Şol sebäpli hem
Togrul begiň ýolbaşçylygynda türkmenler maşgalalaryny, sürülerini aman saklamak üçin
howpsuz ýere gitmeli diyip maslahatlaşýarlar. Çagry begiň esasy maksady 3 müň atly esger
bilen Kiçi Aziya ýöriş geçirip, seljuklylaryň topary ýerleşer ýaly amatly ýer tapmakdy. 1016-
njy ýylda Çagry beg rugsat alman, soltan Mahmydyň hökümdarlyk eden ýerlerinden geçip,
Anadola barýar. Ol ýerde Wizantiya imperiyasynyň goşun bölekleri bilen çaknyşyp, olary
derbi-dagyn edýär. Emma Wizantiya imperiýasyna tabynlykda bolan ermeni knýazlygynyň
goşuny bilen bolan söweşde ýeňiş gazanyp bilmändir. Çagry beg yzyna gaydanda hilegarlige
ýüz urupdyr.
O1 Horasana girende goşunyndaky esgerleri saga, çepe dagadypdyr. Özi bolsa tüçjar baý
eşigine girip, 1021-nji ýylda Mawerannahra gelipdir. Arslan ýabgu ýesir alnandan soň,
Çagry beg we Togrul beg seljukly maşgalasynyň başyna geçýärler. Arslan soltanyň
garamagyndaky serkerdeler oňki yagdaylarynyň bolmajakdygyny duýan wagtlarynda, 4 müň
öýli adamlary bilen Gaznaly döwletiniň ýerine gidipdirler.
Doganlaryň seljukly maşgalasynyň başyna geçmeklerini öňki ýaranlary bolan Aly tegin
islemändir. O1 Çagry bilen Togrul begi tutmak üçin dürli hilelere baş urupdyr. Olary aýry-
aýrylykda, yzly-yzyna ýanyna çagyrypdyr. Bilelikde Samarkanda ýöriş geçirmegi teklip
edipdir. Çagry beg we Togrul beg Aly teginiň asyl maksadyny bilýändikleri üçin, onuň ähli
tekliplerini ret edipdirler. Etjek bolyan pirimi başa barmansoň, Aly tegin başga bir hilä ýüz
urupdyr. Seljukly maşgalasynyň serdarlaryny bir-birlerine garşy goýmak niyeti bilen
Musanyň ogly Ýusuby ýanyna çagyryp, häkimlik edýän ýerlerindäki ähli türkmenleriň
başlyklygyny oňa beripdir. Şondan başga-da ony ýabgu diyip yglan edipdir. Ýusubyň Aly
teginden ýabgulygy kabul etmegine Togrul begiň gahary gelip, onuň üstüne ýöriş etmek
isläpdir.
Emma Çagry beg oňa ýol bermändir. Ýusup hem doganlaryň garşysyna hiçhili duşmançylyk
etmändir. Öňki ýaly ähli işler Çagry beg bilen Togrul begiň elinde bolupdyr. Aly tegin gizlin
pirimleriniň ýol almandygy sebäpli, goşun başlyklaryndan Alp Garanyň kömegi bilen Ýusup
ýabguny öldürdipdir. Çagry beg bilen Togrul beg Aly teginden ar almak üçin goşun ýygnap
başlaýarlar. Garşydaşlaryň urşy netijesinde, Aly teginiň goşuny ýeňlişe sezewar edilýär. Alp
Gara bolsa öldürilýär. Ýusup ýabgu öldürilenden soň, ýabgu unwany onuň kakasy Musa
berilýär.
Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlan