***
...Sünt-Hasardaky Aly baýyñ mülküne-de çapar
geldi:“Garrygalada gökleñ bilen gyzylbaş gyrlyma girdi.Teke, ýomut,
ýazyrhan ilinden kömek gelýänçä özümiz ýagynyñ öñünde durmaly...“
Howsalaly habary Aly baý sowuk garşylady.Ol howlukman
telbedäki iki aty öz eli bilen ykjam eýerläp,münüp depibermeli edip
goýdy.Kiçi ogly Döwletýary awa giden Mämmetýaryñ yzyndan ýollady:
„Agañy haýsy derä, haýsy gowaga siñenem bolsa tap.Tiz bol!Iliñ
soñundan baryp,masgara bolaýmaly.“
Aly baýyñ ýigit wagty bir garpyşykda çep gözüni aldyrypdy.Mahal-
mahal şu günki ýaly uruş-dawa sözi agzalsa, onuñ kör gözi awuşap, sag
gözi üýtgeşik öwüşgin bilen ýanýardy.Oglanlary wagty bilen
köwlenmänsoñ, onuñ indi birneme gahary geljek bolýardy.“
Gelerler...Gelerlerem.Her haýsy bäş oglanlyk işem bitirer,enşalla!“
diýip, ol öz-özüne göwünlik berip başlady.Şeýle diýdigiçede onuñ özüne
hemem ogullaryna ynamy dagyñ daşy ýaly berkäp, agralyp barýar...
- Geldiñizmi?!
- Geldik, kaka.
- Gelen bolsañyz,atlanyñ!
Aly baý öýden arzyly saklanýan almaz gylyjyny alyp çykandan
Mämmetýar elindäki hyrlyny derrew Döwletýara uzatdy.Döwletýar
tüpeñi almajak boldy,emma kakasyndan çekinip,göwünli-
göwünsizem bolsa hyrlyny egnine atmaly boldy.
- Baryñ goçaklaryñ!...
Aly baý pyýadalap olaryñ yzyndan birneme ýöredi. öwrümdäki uly
daşyñ deñesine baryp, ýene bir sapar sargyt etdi.
- Ätiýaçly boluñ! Ýöne ýaralanman gaýdyp geläýmäñ ogullar!
Iki atlynyñ tä garasy ýitýänçä ol butnaman durdy. Soñ ol ýuwaşlyk
bilen mähnet daşyñ üstüne çykyp seretdi. At toýnagynyñ hemem
daşlaryñ şykyrdysyndan onuñ göwni tebil tapdymy, nämemi:“Ýa
zümem...“ diýip, goja bir ham-hyýal etdi. Soñ ýene-de köşeşdi-de, daşyñ
üstünde çommalyp oturdy. Ol şol oturşyna hyrçyny dişläp, ýeke gözli
döw ýaly bolup, doñup galdy...
***
Ýolboýy dymyp barýan Döwletýar pikirini çugdamlady. Elbetde, ol
agasynyñ göwnemejekdigini, añýardy, emma her näme-de bolsa, taryna
kakyp görmeli. Onsoñam Mämmetýar çaksyz mergen ahyryn. Bäh, bu
pikir nämüçin başdan onuñ kellesine gelmedi diýsene...
- Mämmet jan ,diýýän-ä...
- Howwa!
-Ykjam bir ýeri peýläp otursañ, gyzylbaş baryny gaýadan sary
goç agdaran ýaly agdararsyñ-ow.
-Hany, gönelsene, näme diýjek bolýañ?
-Sen mergen diýjek bolýan...
-Mergenem bolsam, awçam bolsam, tüpeñ señki, gylyç meñki
bolar. Onnan ýaña ýasy ýanyñ yerde bolaýsyn. Biz bu sapar awa däl-de,
başga bir işe barýas, inim. Hany, samahyllama-da sür gatyrak! Sür!
Bu piriminiñ başa barmanyna hemem agasynyñ gödek jogabyna
Döwletýaryñ gahardan ýaña ýüzi ak esgä döndi.Ol atyny debsiläp,
agasyndan ep-esli ara açdy. Kesewi ýaly gara, uzyn tüpeñ şalkyldap,
onuñ hasam gaharyny getirýärdi. „Mundan käwagt bir „tark eden bolup
oturmaga meniñ kararym ýetmez“. Ol birden: „Ýok, how!“ diýip,
gazaply gygyranyny özem duýman galdy.
-Näme „ýok!“ Döwletjan! Döwletýar agasyna jogap
gaýtarmady...
***
Söweş meýdany indi uzakda däl bolsa gerek. Goh-galmagal, tüpeñ
sesi, atlaryñ hyrryldysy, toýnaklaryñ şykyrdysy... Birdenem „ynha“
diýlen ýaly, giñ ýaýlymda garpyşýan sülsat aýtyma geldi. Bir özüñi
dürsäp, bärden atylyp baraýmaly.
Mämmetýar köne batyrlaryñ ýörelgesini ýatlap, inisiniñ alkymyna
geldi-de, at üstünden düşmän gujaklaşyp hoşlaşdy.
-Alla ýaryñ bolsun, Döwletjan. Adamçylykdyr.Görüşsek-
görüşmesek, razy bol!
-Senem razy bol agam!
Agasynyñ bu mähremligine Döwletýaryñ az-kem göwni ýumşan ýalam
boldy, emma içinden welin, ol hiç köşeşip bilenokdy.Bu göz-görtele
adalatsyzlyk dälmi näme?! Mämmetýar Dowy mergene şägirt bolanda
Döwletýara Durdyhan gylyç oýnamagy öwretmedimi näme?! Awa
gidilende hemişe tüpeñ Mämmetýaryñky?! Şeýle-de bolmaly, bu
düşünikli. Şeýle bolýan bolsa, bu gezek gylyç Döwletýaryñky bolmalydälmi eýsem?! „Kakama-da diýmäýin diýsem. Bilip durka, beýtmesi
nämekän-aýt!“
...Döwletýar saklanyp bilmedi. Ol beýle adalatsyzlyga çydap
biljek däldi:
-Hany, Mämmetjan! Agam, erkek bolsan-aý! „Razy bol“ diýen
bolup, meni razy edip bilmersiñ...
Ol atyndan düşdi-de hyrlyny, ok-därini hatarlap ýerde goýdy.
-Gylyjy ber bärik!
-Sen näme diýjek bolýañaý!
Mämmetýaram atyndan düşdi. Aşakda iki duşman, ýokarda-da
iki dogan ýaka tutuşdy.
-Agam, düşün.Men bärden ýaragsyz öz deñ-duşlarymyñ arasyna
nädip baraýyn. Meni masgara etme. Ber, gylyjy!
-Hyrlyñ bar-a...
-Hyrly seniñ ýaragyñ, seniñ işiñ. Sen bu mähnet göwräñ bilen
agyp dönýänçäñ kelläñem aldyrarsyñ, gylyjyñam. Ýeñil ýarag biz ýaly
ýeñil oglanyñky bolmaly, agam!
-Samsyk bolma, sowul ýolumdan.
-Ber bärik diýilýä, saña gylyjy!... Meniñ arym-namysym, ilim-
ýurdum , dinim-imanym köýüp barýa... Aý, seniñ...
Ýigidiñ huşy başyndan göçdi.Ol guşagyndaky pyçagyny sogrup
aldy-da, garşysyndaky deşli pyýadanyñ üstüne towusdy. Bir eli bilen
onuñ boýnundan gujaklap, beýleki elindäki pyçagy ýagyrnysyndan
harçyldatdy...
...Boljak iş boldy. Indi oýlanyp –ölçerip dökere wagtam ýok.
Özünden gidip şalkyldap ýatan agasyny Döwletýar bir gyra, dört daşyñ
arasyna süýräp eltmeli boldy.Tyg oñurga degen borly, ýogsam, ol beýle
elhenç gygyrmazdy, özündenem gitmezdi.
Döwletýar köýnegini ýyrtyp, çakmak çakyp otlady-da, gara-
gurasyny, külüni aldygyna ýara basdy.Gan akmasy kesilenden soñ,
Mämmetýar iññildäp başlady. Ýüzi ýagtylan Döwletýar tüpeñi, ok-
därini onuñ gapdalynda goýdy-da üstüne çöp-çalam taşlap gylyjyny
syryp, dagdan aşak eñip gitdi.“Aly kör maña ýöne ýerden Döwletýar
begiñ adyny goýan däldir.Agamyñ ganynam sizden aljakdyryn...“ –
diýip, ol samrap barşyna söweşiñ jümmüşine süsdirildi...
....Ara böwşeñlik düşen wagty Döwletýar umytly gözlerini
agasyny taşlap gaýdan ýerine aýlaýardy. Ikindinara şol tarapdan hoş
habar ýaly bolup şowhuldy eşidildi. Soñ ýene iki sapar şol ýerdenduşmana tarap ok atyldy.Döwletýaryñ bokurdagy dolup gözüne ýaş
aýlandy...
„Agam jan! Agam jan!“
Ol bärden baranda, ysgyndan gaçan Mämmetýar kellesini daşa
goýup ýatan ýerinden çala ýylgyrdy.
Döwletýar agasynyñ ellerini gysymlap, oña çyny bilen ýalbardy:
-Mämmet jan, kakama aýtmagyn... Ine, saña-da gylyç getirdim.
Gözlerini süzüp ýatan Mämmetýar çalaja pyşyrdady:
-Däli gardaşym, aý meniñ däli gardaşym...
awtor :Ahmet Halmyrat