sahet_ashyrov
09.01.2020 10:47
USSAGUŞ
Ady äleme dolan Ürgenjiň nurana keşbine ýene bir hal gondy.
Horezm şanyň buýrugy bilen gurulýan ajaýyp minara ýyldyzlaryň
bärisine uzap barýar...
Horezm şa elinde atyn tesbisini sanasa-da, pikiri başga zatda. Ol
hemme zatda özüniň ýeke-täkligini saklamak isleýär. Ine-de, onuň hyýalyna gara garga ýaly nejis pikir gelip düşledi. «Ussa, ussa ...» diýip
içinden gaýtalady. Beýle hünärli, ajaýyp zatlary bina edýän ussa edil
Soltanyň özi ýaly ýeke-täk. Belki, bardyr hem. Ýok, bu etrapda ýok.
Horezm şa tisginip gitdi. Belki, bardyr hem. Ýok, bu etrapda ýok.
Horezm şa tisginip gitdi. «Eýsem ussa şeýle minarany ýene bir ýerde
dikeldip bilmezmi? Onsoňam ol elýetmez hünärliligi bilen soltanyň
ýeke-täkligini ýada salýar».
Onuň agyr gabaklary galdy. «Ýok etmeli». Beýle minara ýene bir
ýerde dikelmez ýaly ýok etmeli. Hawa, Horezm şa şeýle pikire geldi.
Özüniň jellat aýpaltasyny sungata hem uzatmagy ýüregine düwdi.
Horezm şa öz pikirini ýakynlaryna hem ýaňzytdy. Olar hem şeýle etmeli
diýdiler. Ürgenjiň minarasy ýeke-täk bolmaly.
Iş gyzgalaňly gidýärdi. Köp sanly işçiler bilen birlikde minaranyň
gurluşygynda ussanyň şägirtleri hem işleýärdiler. Näçe gizlin saklansa-
da, agyz-agyzdan ýel alyp, şanyň pikiri bu ýere hem gelip ýetdi.
Ussanyň şägirtlerinden biri kerpijiň ýüzünde bu habary beýan etdi.
Ussanyň nazary ençeme ellerden geçip, özüne gelen kerpiçdäki ýazgyda
eglendi. Okady. Başga bir kerpiji aldy-da ýüzüne özi üçin gamyş, kagyz,
ýelim ibermegi haýyş edip hat ýazdy. Kerpiçden kemçilik tapan bolup,
«Şuny iberen ussa gowşuryň» diýip, yzyna gaýtardy. Şeýle etmese
boljak hem däldi. Ussa berk gorag astyndady.
Wepadar şägirtler halypasynyň haýyşyny kanagatlandyrdylar. Ussa öz
sungatyna biwepalyk etmedi. Minarany gurup boldy. Depesine altyndan
gupba oturtdy.
Tamamlanan işi görmäge gelen Horezm şanyň ýanynda jellatlar
häzir bolup durdular. Ussanyň düşmegine garaşylýardy. Emma
minaranyň depesinden gamyşdyr kagyzdan ýelim arkaly ganat edinen
ussa asmana göterilip gitdi. Zalym soltan öz gara niýeti bilen agzyny
açyp galdy.
Şondan soň ol Ussanyň adyna halk Ussaguş diýipdir.
Ugurtapyjylygy bilen özüni halas eden ussaguş soňra Hywa, Buhara,
Samarkant ýaly şäherlerde hem ajaýyp ymaratlary bina edip, özüne
ebedilik ýadygärlik, halkyň aňynda bolsa öçmejek ýatlama galdyrypdyr.

Şöhrat Abdyýew
3
270
sahet_ashyrov
08.01.2020 08:47
MERTLIK KANUNY
Är kişiler jahadan är kimin ýaşap ötermiş. Agzyndan çykan bir
agyz söze daňlyp, bir söz üstünde jan alyp, jan berermişler. Orta gara
başy goýup, mert kimin gepleşer ekenler. Şeýle mert kişileriň biri barada
şeýleräk rowaýat aýdýarlar.
Mämeli batyryň at-owazasy etraba ýaýrapdy. Edil arkadan bärde
ar-namysy halallap gelýärdi. Onuň barlygynda etraba hiç bir ýagy
ýakynlaşyp bilenok. Iller amandy, ýollar salamatyçylykdy. Kän
zamanlar bäri Mämeli batyr uruşmaly bolanokdy. Atlar diňe toýlarda
çapylýardy, ýaraglar diňe awda ulanylýardy.
Göz boldumy, dil boldumy, erkana tigirlenip duran bu günlerem
birden galta düşen ýaly boldy. Mämeli batyryň Eýrana giden kerweni
gumdan aşyp, ile ýakynlaşanda talandy. Kerwendäkileriň bary gyrylyp,
mallar, harytlar oljalandy. Arabozarlar bu işi eden goňşy iliň batyry
Agaly batyrmyş diýip myş ýaýradýarlar.
Haý, şu gözsüz batyrlarda soňuny saýman bir iş edäýmek endigi
bar-da. Mämeli batyram sen-men ýok atlandy-da depdi, Agaly batyryň
üstüne. Il agasy bolup ýören Agaly batyryň hem mert kişidigi, beýle
namartçylygy etmejekdigi kellesine gelmedi. Ýogsam toýlaryna-
ýaslaryna barşyp-gelşip hem ýördüler.
Agaly batyr awdady. Mämeli batyr onuň obasyna gyrgy ýaly
duýdansyz indi. Juwaza goşulgy düýelere çenli sürdi «Çapmaly bolsa
bizem senden pes atanyň ogly däldiris» diýip, Mämeli batyr gaýdyp
gelşine göwnühoş ýylgyrýardy.
Agaly batyr gaýdyp geldi. Şol demde-de Mämeli batyra çapar
ýollady. «Mallary yzyna gaýtarsyn, ary bolsa gelip düşünişsin. Ýok,
gaýratyna buýsanýan bolsa-da ilerki guma çyksyn. Başa-baş göreşeli
diýse-de men bar, ýygyn çekse-de. Ikisinden birini saýlasyn. Şulary aýt»
diýdi.
-«Iki goçuň kellesi bir gazanda gaýnamaz». Bizde ýaraşyga ýer
galmady. Är kişi bolýan bolsa ýekme-ýek çyksyn. Yzyna güjük tirkäp
barsa ol namart. Menem şeýle barýan. «Waý» diýip ölsem menem
namart-diýipdir.
 Mämeli batyr bellenen ýere öň gelip garaşyp durdy. Iki-baka atly
gezmeledi. Soňam atyny goýberip, aýbogdaşyny gurup oturdy.
Gamçysynyň ujy bilen çägäni dörjeledi. Birdenem goşary jyzlap gitdi.
Towsup gapdala zyňylanda ikinji bir ýylan uýlugyndan agyz urdy.
Atyna baryp münjek boldy. Ýene oba gitsem gorkup namartlap gitdi
adyna galaryn diýip garaşmaga durdy.
Agaly batyr söweş enjamyny dakynyp geldi. Olam başa-baş
söweşe razy bolupdy. Gelip görse Mämeli batyr güp ýaly çişip otyr,
geplän sözüni zordan düşündirýär.
Agaly batyr aňyrdan gandarynyň ganyna suwsap gyjynyp geýärdi.
Söweş hyjuwy bilen göterilip gelýän batyryň lapy keç boldy. Agaly
batyr garawsyz duşmanyny parçalap taşlap hem biljekdi. Ýöne ejize
ýarag çekmek batyrlaryň işi däldi.
Agaly batyr atyndan düşdi. Öz duşmanynyň agzyna suw tutdy.
Soňam mämeli batyry atyna mündürip, obasyna getirdi. Öýüne düşürdi.
Mämeli batyr soňky deminde:
-Men ýeňildim. Agaly batyrdan oljanan zatlary eltip geliň-diýipdir.
Agaly batyr welin onuň başujyny saklap oturypdyr. Jaýlamaga
gidenlerinde-de salajanyň bir ujuny egninde göterip gidipdir.
5
359
sahet_ashyrov
07.01.2020 09:14
KUBRANYŇ KÖLI
Şeýh Nejmeddin Kubranyň ady Ürgençde doga ýaly görülýärdi.
Ýogsam näme, ol hem edil Ibn Sina, Beruni, Muhammet al Horezmi
ýaly Ürgenjiň bagtyna gonan ajaýyp ýyldyzlaryň biridi ahyry. Ýiti
paýhasy, çakdanaşa ylymlylygy üçin soltanada hem onuň sarpasy uludy.
Şonuň üçin hem Ürgendçdäki ähli alymlaryň, şahyrlaryň kitaplaryna reşat (ýaýratmaga, medresäniň programmasyna girizmäge berilýän
rugsat) basmagy oňa ynanypdyrlar.
...Kiçijik mawy köl asmanyň bir bölegi ýere gaçaýdymyka
diýdirýär. Kölüň içindäki bir adamlyk ak gaýyk bolsa, edil köle gonan
ýalňyz gazy ýada salýar. Muňa Şeýh Nejmeddin Kubranyň köli
diýýärler. Ol şol gaýyga münüp, öz talyplaryna ders berýär. Açyk
howada, gözel tebigatly ýerde berilýän sapagyň talyplaryň aňyna gowy
girýändigi üçin şeýdýärmikä? Ýok, beýle däl. Onuň köli täsin häsiýete
eýe.
Allambaý Towsa diýilýän bir baýyň dünýäsi ýere-göge syganokdy.
Ürgençde özüni iň baý adam saýýardy. Özüni Ürgençde tanamaýan
bardyr öýdenokdy. Meşhur alym Fahreddin Rzany dagy aýagyna
ýapyşan palçykça-da görenokdy. Ýöne kiçijik bir waka Allambaý
Towsa Fahreddin Rza ýaly adamlaryň kän mertebe özünden ýokarda
durýandygyna göz ýetirmegine sebäp boldy duruberdi. Uzak ýurtlaryň
birinde bazarda duşan bir adam Allambaý Towsanyň ürgençlidigini
bilip, ondan Fahreddin Rzany sorady. Allambaý Towsanyň gözi
bilesigelijilik bilen ýyldyrady:
-Sen näme ony tanaýarmyň?
-Heý, ony ylym dünýäsinde tanamaýan barmy? Özüni göremok.
Kitaplaryny okadym. Gaýybana tanap, adyna aşna bolup ýörün. Duşsaň
salam aýt.
Ine, şu ýerde-de Allambaý Towsanyň kalbynda Fahreddin Rzanyň
şöhratyna bolan göriplik duýgusy oýandy. Özüniň däl-de nirede bir
çöregini patyşalykdan alyp ýören alymsumagyň tanalmagy onuň
degnasyna degdi. Gelibem «Şolaryň ýazýan zatlaryny men ýazyp
bilemokmy?» diýdi-de kagyz-galama ýapyşdy.
Allambaý Towsa öz kitabyna «Akylnama» diýip at goýdy. Daşyny
gymmat bahaly matadan jezwerledi-de, mahmala orap, Mahmyt
Ýalwajyň ýanyna ugrady. Mahmyt Ýalwaç Allambaý Towsanyň
kitabynda hiç zadyň ýokdugyny aýdyp, oňa reşat bermekden ýüz
dönderdi.
Başga alaç ýok. Näçe islemese-de Şeýh Nejmeddin Kubranyň
ýanyna barmaly boldy. Şol başyna selle oran alymsumagy ähli ýerde
tanaýarlar. Özem Fahreddin Rzanyň hem ýene köpleriň hem halypasy.
Allambaý Towsanyň ony näler ykrar edesi gelenok. Ýöne ýene şoňa
ýüz tutmaly. Allambaý Towsa ýaly adam haýyş bilen ýüz tutsa, ol
hökman bitiräýmeli ýaly. Ýok, ol beýtmedi.
 Nejmeddin Kubra Allambaý Towsany güler ýüz bilen garşylady.
Habaryny aldy. Allambaý Towsa zer jezwerli kitabyny oňa uzatdy.
Habaryny berdi. Şeýh Nejmeddin Kubra:
-Okap görerin diýdi.
Allambaý Towsa üç günden dolandy. Ýanyna sowgatjyk hem aldy.
Gyrmyzy dony goltugyna saldy. «Nädersiň haramzada ýyrşaryberse».
Ýok Şeýh Nejmeddin Kubra ony kanagatlandyrmady.
-Siziň kitabyňyz reşada mynasyp däl. Bu hili zady islendik çalasowatly
adam çyrşap biler. Munyňyz dürüşde ýaly bir zat. Okan kitaplaryňyzdan
ýadyňyzda galan ýerlerini hem çyrşaberipsiziň. Göçüren ýeriňizem bar.
Ynha, meselem ... diýip, ol birin-birin düşündirmäge durdy.
-Näme üçin beýle?
-Manysy ýok.
-Ony sen maňa subut edip bilermiň?
-Subut edip beräýerin. Ynha, şu kitap kimiňki? Sen sowatly adam.
-Ibn Sinanyňky?
-Ine, bu seniňki.
Ol Allambaý Towsany köle eltdi. Iki kitabam suwa oklap
goýberdi. Ibn Sinanyň kitaby suwa çümdi. Allambaý Towsanyň kitaby
bolsa suwuň ýüzünde gaýyp geziberipdir.
-Indi gördüňizmi? Kitabyňyzyň gara şaýylyk agramy ýok. Men kitaplary
okanyma kanagat etmän, şu kölde barlap görýän.
Şondan soňra Allambaý Towsa ýaly, aňsat ýerden şöhrat
gözleýänler ýok bolanmyş. Ylmyň, edebiýatyň agramyny adyllyk bilen
ölçeýän Kubranyň köli gadymy Ürgençde dürli ugurlardaky uly ösüşlere
sebäp bolanmyş.
Şeýh Nejmeddin Kubranyň köli... Kubranyň mawzoleýi bar hem
bolsa, onuň kölüniň edil häzir haýsy ýerde bolanlygyny kesgitlemek
kyn.
6
405
sahet_ashyrov
06.01.2020 10:01
MERDIŇ GÖZÝAŞY
Horezm şalarynyň biri erbet näsaglady. Kesel halys basmarlap,
şanyň jany bogazyna geldi. Ahyry ol ýurduň ähli tebiplerini ýygnap
ölüme buýurmagy ýüregine düwdi. Baş wezire pkirini ýaňzytdy hem:
-Gudraty güýçli hökümdar. Hekimleri ýene bir ýygnaly. Belki bir zat
tapaýadylar-diýdi.
Şol pursatyň özünde çaparlar, jarçylar dumly-duşa at saldylar. Ähli
tebipler bellenen müddetde şa köşgüne ýygnaldy. Wezir tebipleriň
öňünde kesgitli şert goýdy:
-Üç gün puryja berilýär. Şoňa çenli şanyň derdine em tapmasaňyz,
hemmäňize jellat aýpaltasy garaşýar.
Tebipler uly alada galdylar. Dert güýçlüdi. Hiç hili däri-derman
bilen alyp bolanokdy. Baryndan hem beteri derman tapylaýanda-da şa
sagalýança olar boşadyljak däldiler. Hemmesi ölümlerini boýnuna alyp,
çuňňur gaýga batdylar. Birden bir tebip olara ýüzlendi:
-Halaýyk! Gamlanmaň! Çykalgany men tapjak bolaryn. Nesip bolsa, bu
belany siziň başyňyzdan özümiz sowarys-diýdi.
-Aýt-da, aýt-boluşdylar.
-Men ony degişli ýerinde aýdaryn. Siz üç güne çenli pal atyň, gurra
taşlaň, ýyldyz sanaň. Derman agtarýandan boluberiň.
Ähli hekimler onuň aýdany bilen boldular. Üç gün möhlet geçip, ýene
baş wezir olary ýygnady. Şol tebip ýerinden galdy:
-Gatsyr, şanyň derdine derman tapsak, şu halaýygyň ölümden gutuljagy
rastmydyr?
-Rastdyr-diýdi.
-Rast bolsa biz üç günläp kitap dörüp, ýyldyz garap, ahyry şa derdiniň
dermanyny tapandyrys. Ýöne ony ele salmak örän kyndyr-diýdi.
-Gudrat güýçli hökümdaryň ýanynda ele salynmajak zat bolmaz. Aýt.
-Ele salyp bilmeseňiz, bize azar berilmez gerek?
-Berilmez.
-Bu ýeriň ýüzünde şanyň derdiniň ýaňlyz dermany bar.
Merdiň ejizläp aglandaky gözýaşy şamyzyň derdine em bolar.
Şanyň permany bilen tebiplere serpaý ýapylyp ugradylypdyr. Indi
çaparlar dumly-duşa başga perman bilen at salypdyrlar. Minneti egri
gylyjyndan çekýän, iliň-günüň aladasy bilen ýaşaýan bir merdi gollaryna
zynjyr urup getirdiler.
Ony her hili horluga sezewar etdiler. Emma gözlerinden nem dammady.
Gözüniň öňünde ene-atasyny parçaladylar. Saçlarynyň ýary agardy.
4
451