sahet_ashyrov
06.01.2020 10:01
MERDIŇ GÖZÝAŞY
Horezm şalarynyň biri erbet näsaglady. Kesel halys basmarlap,
şanyň jany bogazyna geldi. Ahyry ol ýurduň ähli tebiplerini ýygnap
ölüme buýurmagy ýüregine düwdi. Baş wezire pkirini ýaňzytdy hem:
-Gudraty güýçli hökümdar. Hekimleri ýene bir ýygnaly. Belki bir zat
tapaýadylar-diýdi.
Şol pursatyň özünde çaparlar, jarçylar dumly-duşa at saldylar. Ähli
tebipler bellenen müddetde şa köşgüne ýygnaldy. Wezir tebipleriň
öňünde kesgitli şert goýdy:
-Üç gün puryja berilýär. Şoňa çenli şanyň derdine em tapmasaňyz,
hemmäňize jellat aýpaltasy garaşýar.
Tebipler uly alada galdylar. Dert güýçlüdi. Hiç hili däri-derman
bilen alyp bolanokdy. Baryndan hem beteri derman tapylaýanda-da şa
sagalýança olar boşadyljak däldiler. Hemmesi ölümlerini boýnuna alyp,
çuňňur gaýga batdylar. Birden bir tebip olara ýüzlendi:
-Halaýyk! Gamlanmaň! Çykalgany men tapjak bolaryn. Nesip bolsa, bu
belany siziň başyňyzdan özümiz sowarys-diýdi.
-Aýt-da, aýt-boluşdylar.
-Men ony degişli ýerinde aýdaryn. Siz üç güne çenli pal atyň, gurra
taşlaň, ýyldyz sanaň. Derman agtarýandan boluberiň.
Ähli hekimler onuň aýdany bilen boldular. Üç gün möhlet geçip, ýene
baş wezir olary ýygnady. Şol tebip ýerinden galdy:
-Gatsyr, şanyň derdine derman tapsak, şu halaýygyň ölümden gutuljagy
rastmydyr?
-Rastdyr-diýdi.
-Rast bolsa biz üç günläp kitap dörüp, ýyldyz garap, ahyry şa derdiniň
dermanyny tapandyrys. Ýöne ony ele salmak örän kyndyr-diýdi.
-Gudrat güýçli hökümdaryň ýanynda ele salynmajak zat bolmaz. Aýt.
-Ele salyp bilmeseňiz, bize azar berilmez gerek?
-Berilmez.
-Bu ýeriň ýüzünde şanyň derdiniň ýaňlyz dermany bar.
Merdiň ejizläp aglandaky gözýaşy şamyzyň derdine em bolar.
Şanyň permany bilen tebiplere serpaý ýapylyp ugradylypdyr. Indi
çaparlar dumly-duşa başga perman bilen at salypdyrlar. Minneti egri
gylyjyndan çekýän, iliň-günüň aladasy bilen ýaşaýan bir merdi gollaryna
zynjyr urup getirdiler.
Ony her hili horluga sezewar etdiler. Emma gözlerinden nem dammady.
Gözüniň öňünde ene-atasyny parçaladylar. Saçlarynyň ýary agardy.
4
451
Cigildem
7 Yanwar 2020
Gunasiz gorgulini edayenlerni???
gulshatayewa97
6 Yanwar 2020
özi ɓiʀ ɦɛkɑýɑɗʀ wɛʆiɳ.... gyɳɑɱɗyɱɑý...ɓɑɦ...??????
liliya
6 Yanwar 2020
merdin hichili gunasi yok veyran etdiler o cagany nirdaki yok samsyklan derdinen ?

merdin hichili gunasi yok veyran etdiler o cagany nirdaki yok samsyklan derdinen ?

merdin hichili gunasi yok veyran etdiler o cagany nirdaki yok samsyklan derdinen ?
Leylashka
6 Yanwar 2020
Bula gaty gynancly bir kopbilmiş tebip öz janyny gutarjak bolup basga bir merdi na güne saldy. Beee su wagt cynym bn sol tebibe gaharym gelya. Tutsam sol merdin gününe ozuni saljakda?
sahet_ashyrov
6 Yanwar 2020
Dowamyny goyup bilmedim nesip bolsa goyaryn dowamyny

Dişleriniň ýarysy düşdi. Goly bagly ýesiriň gözlerinden syçran uçgun jellatlaryň saç-sakgalyny çirkizdi.

Şanyň iň soňky demleri gelip gidýär. Wezir-wekiller ýene merdiň üstüne hüjüm edýärdiler. Bu egzek onuň çagalaryny oda ýakdylar. Bagyr awusyndan ýaňa ýüzleri gara-ört boldy. Saçlarynyň bary agardy, dişleriniň bary düşdi. Emma onuň gzölerinden ýekeje katra hem gaçmady.

Wezir-wekilerden biri maslahat tapdy: -Gözüniň öňünde munuň namysyna degmeli. Şonda aglar. Zynjyr bilen gozganmaz ýaly saradylar. Soň bolsa onuň gözüniň öňünde maşgalasynyň namysyna degidler. -Ah-diýip, bir urundy. Şol demde hem gök daş bolup doňup galdy. Şol pursat şa hem jan berdi. Tebibiň hilesine şa-da, wezir-wekiller-de akyl ýetirip bilmändir. Mertde ejizlik gözýaşynyň bolmaýandygy olaryň hiç biriniň kellesine gelmändir.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.