sahet_ashyrov
11.02.2020 11:35
Ömrüme pent.

Şahyr! Şahyrlygyň çyn bolýan bolsa,
Sönüp, ýanyp, ýene sönüp, ýanyp git.
Ynsanlyk ýazgydyň çuň bolýan bolsa,
Gara ýere çümüp,
çykyp,
çümüp git.
 
Hem akyl ber, hem iliňden akyl al.
Kitapdan däl, gara ýerden nakyl al.
Alan zadyň demiň bilen ýakyp al,
Soň ýene-de ýeriň süýdün emip git.
 
Dag ýoluna, çöl ýoluna belet bol,
Dag ýolunda – çat açmaýan polat bol.
Çöl ýolunda – tirkeş-tirkeş bulut bol.
Teşne görseň, dodagyna damyp git.
 
Ýol agyrdyr: müň ýanylar, öçüler.
Bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler.
Ýel ygyna şaglap gitse geçiler,
Sen öküz dek
ýele garşy yňyp git.
 
Bagt paýlansa üç baýlygy ilki al:
Ylgap baryp saglyk bilen erki al.
Ýany bilen çuwal-çuwal gülki al,
Soň tapylar, galan zady zyňyp git.
 
Dost paýlansa «Äber!» diýip gyssanma,
Alaňdan soň – gysgaltma hem gysgalma.
Dileg etse –
gözlerňi hem gysganma,
Birin ber-de,
biri bilen oňup git.
 
Ha çaryk geý,
Ha çokaý geý,
Telpek geý –
Parhy ýokdur: geýseň bolar erkek deý.
Ýöne weli şypbyldama çepek deý.
Aýna gonçly ädik ýaly doňup git.
 
Sorasaň aýdaýyn kyýamat nedir?
Erkekler ownasa – kyýamat şodur.
Her başy telpeklä goýmagyn gadyr.
Bäş telpegi
bir gyňaja daňyp git.

Gözelligi
sor bagryňa, öýkenňe.
Söýülseň söý, söýulmeseň süýkenme.
Söýgi hem goşgudyr! Kişä öýkünme,
Öz möhrüňi, öz közüňi goýup git.
 
Ýeňip ýaşa: ahyrda ýeň, başda ýeň,
Tomusda ýeň, ýazda, güýzde, gyşda ýeň.
Söýgiňde ýeň, gaýgyňda ýeň, işde ýeň –
Bir
oguldan
ýeňilip hem ýeňip git.
 
Ýeňsin ogul
dil bilen däl, iş bilen,
Seňkä görä has ýitiräk huş bilen.
Aýak däl-de, parasatly baş bilen
Ýeňse ogul –
gözüň rahat ýumup git.

Gözüň sürtüp merhum enäň alnyna,
Bir aglapdyň. Indi beri aglama:
Öz balaňy eliň bilen jaýlama,
Nobatyňda mele ýere sümüp git.
 
Dünýä gelmegiň-de
nobaty ýagşy,
Ýene ölmegiň-de
nobaty ýagşy.
Men diňe bir zatda nobata garşy:
Dost öýünde islän çagyň gonup git.
 
Başarsaň – köplügiň içine garyş,
Tanyşdan dost tutun, ýatlardan – tanyş.
«Žiguliň» içinden gözleme durmuş,
Köplük bilen awtobusa münüp git.
 
Köpelsin öýüňde ýürekdeş myhman –
Ýary işçi bolsun, ýarysy daýhan.
Elbetde, alymam, şahyram hökman.
Üýşüp, çaşyp,
çar tarapa eňip git.

Şeýle dostlar bilen gezseň birsellem –
Ýetersiň iň uly matlaba çenlem.
Gadamyň giňden ur!
Entekler ellem
Hol öňde-le... Ýaş hakynda dymyp git.
 
Haly wagtyň meňzemegin kilime,
Diri wagtyň gyssanmagyn ölüme.
Öçen wagtyň öýkünmegin çilime –
Içi közli ojar ýaly sönüp git.
 
Ýene bir söz (magtanmak däl, öwüt däl):
Mazaryma daş oturtmak sargyt däl.
Mele ýeriň astynda-da daş gyt däl,
Bakylyk şol:
Şol daşlara siňip git.

Kerim Gurbannepesow
9
423
sahet_ashyrov
11.02.2020 10:29
Ruçkañy yitiryäñ = rucka ýok✒
Rucka yok = yazgy bellik yok?
Yazgy bellik yok = okamana zat yok?
Okamana zat yok = ekzamende şowsuzlyk?
Ekzamende şowsuzlyk = diplom yok❌
Diplom yok = iş yok❌
Iş yok = pul yok?
Pul yok = iymit yok?
Iymit yok = aç?
Aç = hor?
Hor = betnyşan?
Betnyşan = söygi yok?
Söygi yok = toy yok?
Toy yok = çaga yok?
Caga yok = yekelik?
Yekelik = depressiya?
Depressiya = hassalyk??
Hassalyk = ölüm?

☝Maslahat: hiç wagt ruçkañyzy yitirmäñ !!!☝
9
756
sahet_ashyrov
11.02.2020 10:22
Eşegiñ toýy...

Öýerdiler eşegi, özi ýaly eşege.
Toýda aýy:nyñ garny, sygmaýardy guşagna.
Diyen zadyñ saçakda, bezelgi saman küme.
Ähli haywan sabyrsyz, garaşýardy bu güne.

Durmuşa çykýan eşek, begenjinden gülüp dur.
Kirpi, towşan hem şagal, toýuñ sazyn çalyp dur.
Gurbaga aýdym aytyar sesiniñ ýetdiginden.
Tans edip ýör çal möjek tutup tilkiñ elinden.

Dünýä döràli bäri, ne beýle toý görüldi.
Durmuş gurýan eşege, jemleýji söz berildi.
Öýlenýän eşek diydi: "Bolsada dostlar günä,
Eger at razy bolsa şoña öýlenjek menä".

Gelin eşek ýaş döküp, kümeden çykyp gitdi.
"Eşek diýseñ eşekdä" diyip, hemme haywan gaýtdy.
Aydypdy atam maña parasatly bol ogul,
Gürleseñ eşek ýaly toý güni galarsyñ dul!
11
725
sahet_ashyrov
10.02.2020 09:31
Balkonda çilim çekip durdum. Çilimi gutaryp biçogyny aşak okladym. Aşakdanam 10 yaşlaryndaky bir oglan geçip baryardy. Biçogam oñ aýagynyñ ýanyna düşdi. Ol ýokarsyna seredip gözi bilen meni gözläp tapdyda: "Utanañzokmy agam, köçäni hapalap dursuñyz" diýdi.
Gaty utandym blýat, ýaltanmadym, geýindimde 7-nji etaždan aşak düşüp gowja edip depdim ol oglany. Serediñä muña, çaga maña akyl öwretýärmiş.

garagüjük
13
1 339
sahet_ashyrov
10.02.2020 09:29
Pikirlenip görûñ we many çykaryñ...

●Syn edip görüñ: biz ýokardan ýere seretsek haybatly görünýäris, a emma aşakdan ýokaryk asmana seretsek welin ýüz keşbimiz mätäç, naýynjar şekile geçyär.
●Ýumruk näçe berk düwlenem bolsa gülüp duran ýüze degýän däldir.
●Birnäçe ynsan gördüm egninde eşigi yok, birnäçe eşik gördüm içinde ynsan ýok.
●Kiçikäm suratlardaky 7 sany tapawudy tapyp bilýädim, ulaldym welin käbir adamlar bilen haýwanlaryñ arasyndaky 7 tapawudy göremok.
●Akylly adamlar uruşsyz utarlar, akylsyzlar welin utmak üçin urşarlar.
16
1 102
sahet_ashyrov
08.02.2020 08:28
Degişmejik...

1.
Dalbaýoblar bilen jedel edenden, açyk agzyñ bilen "P" harpyny aýdanyñ ýeñildir.
2.
- Ine men düýn mugallymymyz Maral Aşyrowanyñ ýanyna bardymda edil öñünde dyza çöküp gözüne seredip oturdym.
- Ýeri bolanda näme Myrat?
- Ondan soñ ol gygyryp goýberdi: "Ýok bol gyzlaryñ tuwalediniñ kobinkasyndan haramzada".

garagujuk
3
846
sahet_ashyrov
08.02.2020 08:27
Ýaltanyñ 7 kanuny:

1. Öz ýatýan düşegiñi özüñi söýüşiñ ýaly söý.
2. Eger-de bir adamyñ dynç alyp duranyny görseñ, oña kömek et.
3. Iş - bu mukaddesdir, oña el urma.
4. Bir işi ertir edip bilýàn bolsañ, onda şu gün edip oturma.
5. Eger-de birden işlàsiñ gelen bolsa, onda azajyk otur, uklajak bol. Az wagtdan geçer.
6. Işlemek - bu saglyk bolyan bolsa, onda goý keselli adamlar işlesin.
7. Dogulanymyzda ýadaw dogulýarys, dynç almak üçinem yaşaýarys.
11
1 046
sahet_ashyrov
06.02.2020 13:01
Salam hemmä! Häzirlikce men uzak gowrumli tekstleri ajayyp hekayadyr rowayatlary goyup bilemok tehniki nàsazlyklar sebäpli. Şonun ucin gelejekde size yetireris. Ol nasazlyklaryn ustunde islenilyar.
9
569
sahet_ashyrov
01.02.2020 16:57
Bazar günem geldaý. Hezil edip ýatsam.
10
626
sahet_ashyrov
31.01.2020 11:30
Beýik taryhymyzy, ady belli bolan galadyr, şäherlerimizi ýatlap Nusaý galasy baradaky aşakdakyja rowaýaty goýmagy makul bildim:

NUSAÝ
Bir patyşa täze Nusaýy saldyrýarka, işe ýekeje pursat gijä galany diriligine palçygyň arasyna oklap, üstündenem palçygy guýduryberýän ekeni. Şeýle zalym ekeni, şeýle bir zulumdar
ekeni. Günlerde bir gün, Gurban nähilidir bir sebäp bilen işe gijä galyp baraýmazmy! Atly aýlanyp ýören patyşa biçäräni ýanyna çagyrypdyr-da:
— Gijä galanlary nädýändigimi bilmeýärmiň? — diýip, gala tarap gamçysyny uzadypdyr.
Ýazykly Gurban gaýtargy berip bilmän, ýuwdunyp durmuş. Patyşa at üstünden gamçysy bilen guluň ýalaňaç ýagyrnysyna yzly-yzyna saýgylap:
— Senden soralýar! Gijä galanlary nädýändigimi bilmeýärmiň? — diýip, gamçyny şol eňterip durmuşyn.
Gurban näçe mert durjak bolsa-da iki elini gamçynyň öňüne tutanyny duýman galypdyr. Indi ol gyzyp duran kebzesini gaşap, näme bolsa şol bolsuna urupdyr.
— Bilýän. Gowy bilýän! — diýipdir.
Onda patyşa dergazap bolup:
 — Bilýän bolsaň näme üçin işe gijä galdyň? Häziriň özünde seni laýyň içine ataryn — diýipdir.
Gurban biçäre patyşa ýüzlenip:
— «Almany ýokary zyň, ýere gaçýança ýa pelek!» diýipdirler, ygtyýar sizde, bizem guluňyz — diýipdir.
Onda patyşa:
— Biderek samahyllamany hem öwrendim diýsene. Heý, ýasawullar! Hany tizden tiz almany getiriň, bu hyzmatkär
Gurbanyň diýeniniň ýalandygyny gözüne görkezeýin — diýipdir.
Ýasawullar derrew bir sebet akly-gyzylly almany getirip, patyşanyň dergähinde goýupdyrlar. Tylla-kümüş esbabyny jugurdadyp, başyny silkeläp, oýnaklap duran bedewiň üstünde oturan patyşa egilip, bir ullakan, ýalkym saçyp duran gyzyl almany alypdyr-da, ýokary zyňyp:
— Ine, alma pelege sary gitdi — diýip, tiňkesini asmana dikipdir.
Zyňylan alma aşak gelýärkä, patyşanyň atynyň çat maňlaýyna degipdir. Duýdansyz zarba zähresi ýarylan çus
bedew ürküp, çarpaýa galýar-da, öňe bir towusýar. Beýle zada garaşman oturan patyşa patlap ýere gaçypdyr. Onuň kellesi dagyň gara daşyna degip, tapba jany çykypdyr.

Isgenderiň «aldy-aldysy» bir aý öňüňden, «geldi-geldisi» iki hepde öňüňden eşidiler eken. «Geldi-geldisini» eşiden handyr patyşa bada-bat akyldarlaryny, emeldarlaryny köşge ýygnap, maslahat geçirer eken.
Hökümdarlar ilki-ilkiler Isgender bilen söweşipdirler. Ýigitler her daban ýer üçin janyny orta goýupdyrlar. Meýit meýde çaknyşyp, depeler döräpdir, suw ýerine gan akypdyr. Her gezek, Alla tarapyn Isgender söweşde üstün çykypdyr.
Basyp alan ýerini dine salyp, beýleki ýurtlary basyp almaga ýöriş edipdir.
Onuň batyrlygy, edermenligi, akyl-paýhasy, keramatlydygy hakda rowaýatlar aýdylyp çar tarapa ýaýrapdyr.
Men-men diýen hökümdarlar Isgenderiň öňünde baş egipdirler. Ahyry hökümdarlar pida çekmezligiň tärini tapypdyrlar.
«Isgender pylan ýurdy alypdyr» diýenden halta-halta gyzyl- kümüşleri, gymmatbaha zer matalary alyp, bir günlük ýolda
goýupdyrlar. Al-elwan geýimli gyzlary, syrdam atly ýigitleri hödürläpdirler. Ýurduň patyşasy wezir-wekilleri, gojalar bilen Isgenderi garşylap, sowgatlary, gyzlary, ýigitleri, atlary peşgeş berer eken. Isgender atdan düşmän, hatar-hatar haltadaky gyzyl- kümüşi, owadan gyzlary, edermen ýigitleri, gamyş gulak, ýyndam bedewleri, nurana gojalary görüp, göwni hoş ýagdaýda ýurduň adalatly patyşasyny sorar eken. Patyşa tagzym bilen ýurdunyň adyny we öz adyny aýdar eken. Isgender atda oturan ýerinde:
— Sen şalygyňy ediber — diýip, esgerleriniň birini patyşa görkezip:
— Şu pajyňy ýygnar. Sowgadyňa eýeçilik eder — diýip, galanyň daşyny aýlanyp geçip gider eken. Günlerde bir gün «Isgender patyşa Sarahsy alypdyr»
diýen habar Nusaýa ýaýrapdyr. Ertesi «Isgender patyşa Abywerdi alypdyr» diýen habar gelipdir. Nusaýyň pähimli dana patyşasy bar eken. Ol Isgenderli
gürrüňi akyl eleginde eläp, emeldarlaryny, wezir-wekillerini, dana gojalary köşgüne çagyrypdyr:
— Isgender aňyrsy birki günden Nusaýa geler. Heniz bu patyşanyň ýeňlen ýeri ýok. Alla Isgender tarapynda, ol alan ýurduny dine salyp gelýärmiş. Nusaý uly ýurt. Nätsek gowy bolar?! — diýip, patyşa dana kişilere ýüzlenipdir.
Oturanlaryň bir topary:
— Nusaý güýçli ýurt, batyr ýigitlerimiz bar. Olar nijeme söweşde Nusaýy duşmandan halas etdi, il-ýurduň namysyny gorady. Isgender güýçli bolsa, biz hem peslärli däl. Henize çenli ýeňlen ýerimiz ýok. Söweşeliň, belki ýeňeris — diýipdir.
— Uruş pidasyz bolmaz. Iliň edişi ýaly, altyn-kümüş ýygnap, gyzlarymyzy, ýigitlerimizi sowgat berip, janymyzy
aman saklalyň — diýip, beýleki topar öz teklibini orta atypdyr.
Dowamy bar....
7
726