Eşegiñ toýy...
Öýerdiler eşegi, özi ýaly eşege.
Toýda aýy:nyñ garny, sygmaýardy guşagna.
Diyen zadyñ saçakda, bezelgi saman küme.
Ähli haywan sabyrsyz, garaşýardy bu güne.
Durmuşa çykýan eşek, begenjinden gülüp dur.
Kirpi, towşan hem şagal, toýuñ sazyn çalyp dur.
Gurbaga aýdym aytyar sesiniñ ýetdiginden.
Tans edip ýör çal möjek tutup tilkiñ elinden.
Dünýä döràli bäri, ne beýle toý görüldi.
Durmuş gurýan eşege, jemleýji söz berildi.
Öýlenýän eşek diydi: "Bolsada dostlar günä,
Eger at razy bolsa şoña öýlenjek menä".
Gelin eşek ýaş döküp, kümeden çykyp gitdi.
"Eşek diýseñ eşekdä" diyip, hemme haywan gaýtdy.
Aydypdy atam maña parasatly bol ogul,
Gürleseñ eşek ýaly toý güni galarsyñ dul!