Beýik taryhymyzy, ady belli bolan galadyr, şäherlerimizi ýatlap Nusaý galasy baradaky aşakdakyja rowaýaty goýmagy makul bildim:
NUSAÝ
Bir patyşa täze Nusaýy saldyrýarka, işe ýekeje pursat gijä galany diriligine palçygyň arasyna oklap, üstündenem palçygy guýduryberýän ekeni. Şeýle zalym ekeni, şeýle bir zulumdar
ekeni. Günlerde bir gün, Gurban nähilidir bir sebäp bilen işe gijä galyp baraýmazmy! Atly aýlanyp ýören patyşa biçäräni ýanyna çagyrypdyr-da:
— Gijä galanlary nädýändigimi bilmeýärmiň? — diýip, gala tarap gamçysyny uzadypdyr.
Ýazykly Gurban gaýtargy berip bilmän, ýuwdunyp durmuş. Patyşa at üstünden gamçysy bilen guluň ýalaňaç ýagyrnysyna yzly-yzyna saýgylap:
— Senden soralýar! Gijä galanlary nädýändigimi bilmeýärmiň? — diýip, gamçyny şol eňterip durmuşyn.
Gurban näçe mert durjak bolsa-da iki elini gamçynyň öňüne tutanyny duýman galypdyr. Indi ol gyzyp duran kebzesini gaşap, näme bolsa şol bolsuna urupdyr.
— Bilýän. Gowy bilýän! — diýipdir.
Onda patyşa dergazap bolup:
— Bilýän bolsaň näme üçin işe gijä galdyň? Häziriň özünde seni laýyň içine ataryn — diýipdir.
Gurban biçäre patyşa ýüzlenip:
— «Almany ýokary zyň, ýere gaçýança ýa pelek!» diýipdirler, ygtyýar sizde, bizem guluňyz — diýipdir.
Onda patyşa:
— Biderek samahyllamany hem öwrendim diýsene. Heý, ýasawullar! Hany tizden tiz almany getiriň, bu hyzmatkär
Gurbanyň diýeniniň ýalandygyny gözüne görkezeýin — diýipdir.
Ýasawullar derrew bir sebet akly-gyzylly almany getirip, patyşanyň dergähinde goýupdyrlar. Tylla-kümüş esbabyny jugurdadyp, başyny silkeläp, oýnaklap duran bedewiň üstünde oturan patyşa egilip, bir ullakan, ýalkym saçyp duran gyzyl almany alypdyr-da, ýokary zyňyp:
— Ine, alma pelege sary gitdi — diýip, tiňkesini asmana dikipdir.
Zyňylan alma aşak gelýärkä, patyşanyň atynyň çat maňlaýyna degipdir. Duýdansyz zarba zähresi ýarylan çus
bedew ürküp, çarpaýa galýar-da, öňe bir towusýar. Beýle zada garaşman oturan patyşa patlap ýere gaçypdyr. Onuň kellesi dagyň gara daşyna degip, tapba jany çykypdyr.
Isgenderiň «aldy-aldysy» bir aý öňüňden, «geldi-geldisi» iki hepde öňüňden eşidiler eken. «Geldi-geldisini» eşiden handyr patyşa bada-bat akyldarlaryny, emeldarlaryny köşge ýygnap, maslahat geçirer eken.
Hökümdarlar ilki-ilkiler Isgender bilen söweşipdirler. Ýigitler her daban ýer üçin janyny orta goýupdyrlar. Meýit meýde çaknyşyp, depeler döräpdir, suw ýerine gan akypdyr. Her gezek, Alla tarapyn Isgender söweşde üstün çykypdyr.
Basyp alan ýerini dine salyp, beýleki ýurtlary basyp almaga ýöriş edipdir.
Onuň batyrlygy, edermenligi, akyl-paýhasy, keramatlydygy hakda rowaýatlar aýdylyp çar tarapa ýaýrapdyr.
Men-men diýen hökümdarlar Isgenderiň öňünde baş egipdirler. Ahyry hökümdarlar pida çekmezligiň tärini tapypdyrlar.
«Isgender pylan ýurdy alypdyr» diýenden halta-halta gyzyl- kümüşleri, gymmatbaha zer matalary alyp, bir günlük ýolda
goýupdyrlar. Al-elwan geýimli gyzlary, syrdam atly ýigitleri hödürläpdirler. Ýurduň patyşasy wezir-wekilleri, gojalar bilen Isgenderi garşylap, sowgatlary, gyzlary, ýigitleri, atlary peşgeş berer eken. Isgender atdan düşmän, hatar-hatar haltadaky gyzyl- kümüşi, owadan gyzlary, edermen ýigitleri, gamyş gulak, ýyndam bedewleri, nurana gojalary görüp, göwni hoş ýagdaýda ýurduň adalatly patyşasyny sorar eken. Patyşa tagzym bilen ýurdunyň adyny we öz adyny aýdar eken. Isgender atda oturan ýerinde:
— Sen şalygyňy ediber — diýip, esgerleriniň birini patyşa görkezip:
— Şu pajyňy ýygnar. Sowgadyňa eýeçilik eder — diýip, galanyň daşyny aýlanyp geçip gider eken. Günlerde bir gün «Isgender patyşa Sarahsy alypdyr»
diýen habar Nusaýa ýaýrapdyr. Ertesi «Isgender patyşa Abywerdi alypdyr» diýen habar gelipdir. Nusaýyň pähimli dana patyşasy bar eken. Ol Isgenderli
gürrüňi akyl eleginde eläp, emeldarlaryny, wezir-wekillerini, dana gojalary köşgüne çagyrypdyr:
— Isgender aňyrsy birki günden Nusaýa geler. Heniz bu patyşanyň ýeňlen ýeri ýok. Alla Isgender tarapynda, ol alan ýurduny dine salyp gelýärmiş. Nusaý uly ýurt. Nätsek gowy bolar?! — diýip, patyşa dana kişilere ýüzlenipdir.
Oturanlaryň bir topary:
— Nusaý güýçli ýurt, batyr ýigitlerimiz bar. Olar nijeme söweşde Nusaýy duşmandan halas etdi, il-ýurduň namysyny gorady. Isgender güýçli bolsa, biz hem peslärli däl. Henize çenli ýeňlen ýerimiz ýok. Söweşeliň, belki ýeňeris — diýipdir.
— Uruş pidasyz bolmaz. Iliň edişi ýaly, altyn-kümüş ýygnap, gyzlarymyzy, ýigitlerimizi sowgat berip, janymyzy
aman saklalyň — diýip, beýleki topar öz teklibini orta atypdyr.
Dowamy bar....