sahet_ashyrov
17.02.2020 09:24
Musulmana ýüzlenme.
Eý sen adam ogly dogduñ eneden,
Görelde al indi eneñ-atañdan.
Urma, sökme, ynjytma sen ynsany,
Bäş wagtyna durda Namaz oka sen!
Barma kapyrlaryñ üýşen ýerine,
Barma sen serhoşlañ çaşan ýerine,
Barma ene-atasyn terk edip gaýdan,
Öz namysyn satan gyzlañ öýüne!
Tana sen dostuñy, duşman çykmasyn,
Tana aljak ýaryñ, ýüzüñ solmasyn,
Bil sen barjak ýeriñ, puşman etme soñ,
Saklan haram işden Namaz oka sen!
Bar sen Musulmanyñ barýan ýerine,
Bar sen Azan üçin Mesjit jaýyna,
Dur sen Musulmanyñ Jynazasyna,
Eý Musulman açda Kuran oka sen!
Berjaý et Allanyñ buýran emirlerin,
Muhammet Pygamberin aýdan sözlerin,
Aç Kurany oka Aýat Töwirlerin,
Ýadyñdan çykarma Musulmansyñ sen!
Awtory : özüm
Sähet Aşyrow
16.02.2020ý.
6
850
sahet_ashyrov
15.02.2020 14:06
Sil
Suw joşgunynda gurban
bolan ýaş enäniň
ýadygärligine.
Gün ýaşyp barýardy. Asmany alnyn
Şeýle bir açykdy, şeýle ajapdy,
«Asmanyň alnyndan ýeriň alnyna
Bagt ýagýar» diýseň-de,
ynanyljakdy.
Adamlaň şatlygy gujak-gujakdy.
Ýaňy sygyr sagyp başlapdy oba.
Sygyrlaň gersinden seretsen daga,
Ala-ala, biri-birinden gaba
Gaplaňlaň sürüsi ýetip gelýärdi.
Emma gaplaň däldi, ol ala süri,
Gaplaňa görä-de eýmenjiräkdi.
Güwledip asmany, sarsdyryp ýeri,
Sil ýetip gelýärdi.
Goýun-geçiler
Tutuş sürsi bilen düşüp girdaba,
Desse ýaly togalanşyp gelýärdi.
Diňe bedew atlar galyp çarpaýa,
Tolkuna özüni berenokdylar.
Hasam Dordepelmiz uzadyp boýnun,
Suw bilen başa-baş söweş edýärdi.
Emma deň gelýärmi
sil bilen oýnuň.
Ýokardan geldi-de
bir zalym tolkun,
Düýrläp aldy gitdi ýitdi janawer.
...Hasyl harap boldy.
Mallar gark boldy.
Baýyrlaň üstünde otyr eneler.
Ellerin uzadyp asmana tarap,
Diýýärler: «Eý taňrym,
bu näm etdigiň?
Biz saňa nähili ýamanlyk etdik?
Bu nätdigiň sadagasy gitdigim?»
Depeleň üstüniň boş ýeri ýokdy.
«Pis pisi gözlärmiş,
suw bolsa pesi»
Diýseler-de, beýgi
gözlär eken sil.
Ýöne yzlaşykdy depeleň üsti.
Garşyda, ullakan depäň üstünde,
Eli ýaş çagaly, owadan ene,
Gyňajyna dolan çagajygyny,
Basýardy bagryna, basýardy ýene.
Suw enäň göwsüne ýetip barýardy.
Ene bolsa elin uzadyp taňra,
Bagyrýardy, ondan kömek sorýardy.
Taňry bolsa özge tarapa garýa.
Suw uzyn enäni alkymlap barýar.
Ene bolsa ýene sil goşup sile,
Suwy öňküden-de köpeldip barýar
Gözlerinden akýan çeşmesi bile.
Çirkin sesi bilen bagyrdy ene.
Bagyrdy ýaş ene ýene bir gezek.
Onsoň sesi ýatdy. Suwuň üstünde
Enäň eli bilen güllüje köýnek
Göründi. Henizem oguljygyny
Asmana göterip misli baýdajyk,
Durdy ene... Onsoň hemmesi ýitdi.
Ne-hä el göründi,
Ne-de çagajyk.
Kerim Gurbannepesow.
5
343
sahet_ashyrov
15.02.2020 14:06
Dutar bilen ajal
Mylly aga bagyşlaýaryn.
«Aýal bagşy» poemasynyň
temasyna wariasiýa.
Ölüm ýassygynda ýatyrdy ene.
Gapyň agzynda-da otyrdy Ajal.
Ene balasyna ýüzlendi ýene:
«Getir Dutaryňy,
Çal, köşegim çal!
Gözlem ýumulsa-da çalyber, oglum,
Belki, ol ýumulan gözlermi açar».
Çaldy ogly, çaldy, ýene-de çaldy.
Bir aýlap yzyna serpikdi Ajal.
Ýene erbetleşdi enäniň haly.
Ene ýene diýdi: «Çal, inerim, çal!»
Çaldy ogly, çaldy, ýene-de çaldy.
Ýene-de bir aýlap serpikdi Ajal.
Ýene agyrlaşdy enäniň haly.
Ýene gaýtalady: «Çal, batlyrak çal!»
Çaldy ogly, hasam batlyrak çaldy.
Bu gezek üç aýlap serpikdi Ajal.
Ýokmuşyn diýýärler gudrat diýen zat,
Bu gudraty görse gudratam gaçar.
Dünýäde hemmeler saz çalýan bolsa,
Meger, başyn alyp gaçardy Ajal.
Ýene-de haýallap başlady ene.
Ene dýýdi: «Demim bolmaka tamam,
Kyrk ýyllap içimde berç tutup giden
Bir syrymy saňa açaýyn, balam.
Saza senden beter aşykdym menem.
Çalýana-da aşyk, saza-da aşyk.
Bir gezek on alty ýaşlyja gyzkam,
On alty depäniň üstünden aşyp,
Gitdim goňşy oba saz diňlemäge,
Çalýardy dutary bir gerçek ýigit.
Palçykdan adamyň şeklin ýasasaň,
Şoňa-da saz bilen jan berjek ýigit.
Ýetende küküräp iň belent perdä,
Näme bolanyna özümem haýran,
Ýigidiň gujagna özüm okladym...
Şol ýigit hem seniň ataňdy, balam.
Dünýäden bimyrat ötüpdi ataň.
Indi şol myrada sen ýetdiň, balam.
Tä ömrüň ötýançä ýöret bu käri,
Ýedi kowmuňa-da öwretgin, balam...»
Gürrüňini zordan tamamlan ene,
Diýdi balasyna «Çal, ýene bir, çal...»
Çaldy ogly, çaldy. Ýöne bu sapar
Gaty çyny bilen gelipdi Ajal –
Şonda-da tamasyn üzmedi ene.
Ýene pyşyrdady: «Çal, ýene bir, çal!..»
Birden doňup galdy oglunyň eli.
Dutar ýere gaçdy... Gaçmasa weli,
Şu gezek baş alyp gitjekdi Ajal.
Kerim Gurbannepesow
5
342
sahet_ashyrov
14.02.2020 08:51
Dost
Adam
adam adyn alaly bäri
Bir ýumrugy – toýly,
Birisi – ýasly.
...Dosty soňky demde
hyrkyldap ýatyr.
Edil gapdalynda toý tutýar dosty.
Ýöne weli bu dost
Hakyky dostdy –
Dostunyň ugrunda ýurt söküp bir ýyl,
Toýuny tesdirdi. Melhem gözledi...
Emma şaha-şaha,
şatut dek ogul
Gara kesewi dek süýnüp ýatyrdy.
Peýda berenokdy hiç hili melhem.
Dostuň dosta eden melhemlerinden
Dirilip bilerdi,
Belki, öli hem.
Emma dirä weli şypa ýetmedi:
Bu dünýäde artyp bäş sany ýetim,
Sapagyndan tänen, bäş alma ýaly
Ýaş enäň etegne
gaçjakdy ertir.
Emma Kesel üçin ýetimmi, ýesir –
Tapawudy ýokdy. Bolsaň-da her kim,
Hökmürowandy ol. Sülçüsiz-zatsyz –
Bir madda boýunça
Kesýärdi
Höküm.
...Bu gezek Höküme howlukmady ol.
Pidasyn bir ýyllap oýnady Kesel.
Düýn oňa bir bulgur awy uzatdy,
Bu günem uzatdy
Bir oýmak hesel.
Diýmeli, yzyna tesipdir Kesel.
Guwandy dost-ýarlar. Begendi il gün.
Enesi gülledi misli bir erik,
Aýaly açyldy misli bir bägül.
Toý hakda maslahat gozgaldy şol gün.
Ol diýdi: «Nämüçin şu wagta çenli
Maňa aýtmadyňyz? Men toý küýseýän.
Ataryň gazany! Getiriň gelni!
Toýuň hyzmatyna ýaraman weli,
Sazyn diňlemäge ýarar bu göwün.
Aý, onsoňam, näme... dostumyň toýy...
Belki bir käsejik
Urarsam şo gün...»
Ertesi daň bilen gitdi atbaşy.
Gelin getirildi. Toý gyzdy öýlän.
Tans edip başlady ýigitler, gyzlar...
Gün bolsa... ýaşypdy,
Ýaşypdy eýýäm.
Ýaşsa ýaşybersin. Gün diýilýän zat
Ýaşmak, dogmak üçin dälmidir başda!
Wah, ol şeýle welin,
bu günki Günüň
Ýaşyşy öňküden
Bolmaly başga.
Şol gün bilen
Bile ýaşmalydy ol –
Hoşlaşmalydy ol bu älem bilen.
Ýöne Dost toýuny bozmazlyk üçin
Keseller içinde iň Zalym bilen
Başa-baş söweşe girişipdi ol.
Ýok, ol edenokdy ölümden heder.
Diňe birje zatdan heder edýärdi:
«Toýy bulaşdyrsam,
Il-günüm näder?!
Men diri bolmaly. Diňe diri däl,
Men adam bolmaly. Adamlyk bolsa –
Diňe Wepa bilen Mertlige bagly.
Adamlyk tohumy gutarar ýogsa...»
...Bir howlyň içine syganok ilat.
Deň-ýary düzlüpdir ýabyň boýuna.
Ol bolsa
söweşip ýatan ýerinden
Guwanyp dostunyň uly toýuna,
Gyzlaň gülküsine, bagşyň sazyna
Ýüregniň iň soňky sesin goşýardy.
Daşarda Saz bilen Gülki ýaryşsa,
Öýde Ömür bilen Ýas ýaryşýardy.
Haýsynyň ýeňjegi eýýäm bellidi.
Emma dowam edýär başa-baş söweş.
Göýä Ajal onuň bogazna däl-de,
Ol onuň bogazna münene meňzeş –
Gysýardy ýumrugyn, barha gysýardy.
Ýüzüniň, gözüniň üýtgäpdi persi.
Göýä gurçuk üçin pudalan tuduň
Kellesi ýalydy ýumrugnyň hersi.
Ýatyrdy ol misli telegraf pürsi –
Göýäki diýersiň, uly bir tupan
Ony ýykypdyr-da, emma henizem
Simler işläp ýatyr
myhyndan sypman.
Emma etjegini edipdi tupan.
Güýç barha keselden
Asgyn, asgyn, asgyn...
Onýança-da dosty gapydan girdi.
Gyssandy: «Toýuňy sowduňmy, dostum?»
– Hawa, hawa, toýy sag-aman sowduk.
Ýap-ýaňja ugratdym soňky myhmany.
– Onda eliň äber...
Toý gutly bolsun!...
Men gitdim...
Hyrk boldy.
Sogruldy jany.
Kerim Gurbannepesow.
4
506
sahet_ashyrov
14.02.2020 08:50
Enem-atam
Kä wagt oturyp edýärin pikir,
"Bagt näme?" Özüme berýärin sowal,
Atam bilen enemiñ baryna şükür,
Şular meniñ bagtym, derdime dogam.
Atam bilen enem dünýe baýlygym,
Mal-mülküm, hazynam, ähli barlygym,
Sizden uly bagt barmydyr eýsem,
Janyñyz sag bolsun mähribanlarym.
Allajan uzakdan bersin ýaşyñyz,
Köýtendag dey, belent bolsun başyñyz,
Her bir ýerde Siziñ patañyz bilen,
Inşallah ugruna bolsun işimiz..
11
354
sahet_ashyrov
12.02.2020 13:23
Dowamy...
Ärsaklar döwletinde parfiýa dili we parfiýa haty bilen birlikde grek dili bilen grek haty hem ulanylypdyr, bular döwletiň günbatar bölegindäki tayn edilen ellinizirlenen şäherler bilen we hatda käbir obalar bilen-de resmi gatnaşyklar mahalynda kanselýäriýa hajatlary üçin ulanypdyr. Umumy döwlet zikgesiniň manatlary birnäçe asyrlap grek elipbiýindäki grek ýazgysy bilen çykarlypdyr. Diňe kiçi ýaşly Ärsaklar zamanynda, biziň eramyzyň I asrynyň ortasyndan başlap manat galyplarynda Parfiýa elipbiýiniň aýry-aýry peýdas bolup ugraýar we biziň eramyzyň II asyrynyň takmyn ortasyndan (Mitridat IV-iň patşalyk süren wagtyndan) başlap, manatlaryň bir bölegi harpy boýunça-da dili boýunça-da doly Parfiýa sözleri boýunça çykarylýar.
Parfiýalylaryň arasynda hat ýazmak üçin küýze böleklerinden başga-da ýylmanan tagtajyklar hem ulanylypdyr, bu tagtajyklar agaçdan ýasalan çarçüwa salnypdyr we biri-biri bilen sapak arkalyiki-ikiden, üç-üçden we mundan hem köp tagtajykdan çatylyp kitapça görnüşinde ýasalypdyr. Hat ýazanlarynda ýüzüne mum çalnan tagtanyň ýüzüneujy çiş taýajyk bilen harplary çyzyp ýazypdyrlar, grek däl teksti bolsa taýajygyň beýleki kütek ujy bilen tekizläpdirler. Galyberse-de, möhüm dokumentlerb, mukaddes tekstler we-başga tüýşli iri eserler ýazlan mahalyndan, deridenm ýasalan gymayt baha pergamentler ulanylypdyr.
Parfiýa jemgyýetinde sowatlylyk az ýaýrapdyr. Hat ýazmaklyk tutuşlygyna han-begleriň, ruhanylaryň elinde ýokary býurokratiyanyň we iri täjirleň wekilleriniň elinde bolupdyr. emma weli her dürli dokumentleşdirmegi alyp barmak baradaky isleg köp sanly ökde mürzeleriň peýda bolmagyna sebäp bolupdyr, şol mürzeleriň bolsa has bilimlileri Parfiýa hatyny bilmekleri bilen birlikdeb grek hatyny-da kanselýariýa stiliniň kadalaryny-da, degişli ýuridik adalgalary-da bilýär ekenler.
Dowamy bar...
4
358
sahet_ashyrov
12.02.2020 13:22
Dowamy...
Ärsaklar döwletiniň zamanyndaky Parfiýa diliniň we hatynyň saklanyp galan ýadygärlikleri örän az. Şonuň ýaly ýadgaýda sowet arheologlarynyň 1948-1956-njy ýyllaryň dowamynda Nusaýdan tapan Parfiýa dokumentleri bolan biziň eramyzdan ozalky II – I asyrlaryň döwrüne degişli bir ýarym müňden köp dokumenti iňňän uly ähmiýete eýedir. Şol dokumentleriň köpüsi toýundan ýasalan humlaryň timarsyz galyň bölekleriniň (ostrakonlaryň) ýüzüne ýazylypdyr. Gara syýa batyrylyp, kist bilen ýazylan tekstler, ýazlyş nusgasyna garanyňda, ökde mürzeler tarapyndan we özleriniň ýerli Parfiýa elipbiýi bilen ýazylypdyr. Arameý haty diýilýän hat esaynda emele gelen bu elipbiý Mitridat 1-iň zamanynda dörän hem bolsa mümkindir we onuň örän gadymy görnüşi ony Ahemenit zamanynyň arameý kanselýariýa haty bilen ýakynlaşdyrýar. Bu hatyň her bir harpy, beýlekisi bilen hiç birikdirjek belunman, aýry aýry edilip ýazylypdyr.
Nusaýdan tapylan dokmentleriň esas yparfiýa şiweleriň birine degişlidir.sözleriň bir bölegi arameý idiogrammalary (ýada geterogrammalary) bilen ýazylypdyr, ýaaagny tutuşlygyna arameýçe ýaazylypdyr, emma okalanda parfiýalylarça aýdylypdyr. Nusaý dokmentlerini düzenleriň atlaryna garanyňda (Ariabarzan, Artawirşat Bahtdatak, Wa human, mihredast, Roştat we başgalar) şol dokumentleri ýazan mürzeler özleriniň asly boýunça parfiýalylar bolupdyrlar. Häzir okalan dokumentleriň köpüsi aýry-aýry üzüm bagyndan belli bir ýyl üçin berilmeli çakyryň hum sany baradaky borçnamalary görkezýär. Şonuň bilen birlikde başga hlili mazmunly, hususanda hojalyk-hasap tertibindäki mazmunly dokumentler hem bar.
Dowamy bar...
3
220