Oguz han eýýamynyñ medeniýeti.
Ärsaklar döwletiniň imperiýa üçin ýalňyz we imperiýanyň ähli taýpalary üçin düşnükli dili bolmandyr. Şol döwletiň taýpalarynyň we halklarynyň köp dilleriň arasynda agalyk sürijilik orny Parfiýa dili eýeläpdir. Parfiýa döwletiniň emele gelmegi netijesinde täze Parfiýa halkyna toparlanan adamlaryň giň topary şol dilde gepläpdir. Parfiýa dili özüniň grammatik gurluşy we sözlük sostawy boýunça Eýran dilleri toparyndan bolup, Parfiýanyň asyldan gelýän welaýatlarynyň ilatynyň esasy köpçüliginiň dili bolupdyr we birnäçe şiweleri hem gepleşikleri onuň öz içine alandygy, şol şiweleriň bolsa biriniň parnlara mahsus bolandygy şübhesizdir. Ärsaklar döwletini başdan geçirip, Parfiýa dili öz edebi formasynda orta pars ýa-da pählewi diline täsir edipdir, bu dil hem Sasanit döwletinde ulanylan dil bolupdyr, soňra bolsa şol döwletden daşarda hem gündogar Maniheý buthanasynyň esasy dili bolup birnäçe asyrlar boýy hyzmat edip, diňe VI asyrda sogdy diline öz ornuny beripdir. Müň ýyldan-da köpräk wagt mundan ozal ýitip giden Parfiýa dili öz ornuna gelen päjik we pars dillerinde öz alamatyny galdyrypdyr, bu dillerde bolsa aýry-aýry Parfiýa sözleri henize çenli bar. Şol diliň şiweleriniň bir bölegi midiýalylar şiweleri bilen birlikde Kaspi ýakasyndaky we merkezdäki demirgazyk-günbatar täze Eýran şiwelerine hem-de kürt diline esas bolupdyr.
Dowamy bar...