sahet_ashyrov
29.02.2020 11:23
Merjen bilen parkda:
- How Merjenim?
- Myrat, ýene bir gezek garganyň gagyldysyna "How Merjenim" diýseň, öldürerin.
9
1 178
sahet_ashyrov
29.02.2020 11:23
Hormatly müşderiler. "Altyn asyr" ÝGP Jemgyýeti sizi Bahar paslynyñ 1-nji güni bilen gutlaýar we bahar pasly mynasybetli size şu sowgatlary hödürleýär:
- 50 megebaýt mugt paket bukjasyny;
- Bahar paslynyñ 1-nji güni bilen gutlamak üçin ähli giriş we çykyş jañlary mugt;
- ýörite ýerleşdirilen aparatlardan öz belgiñize pul salanyñyzda pul möçberi 1 manat artar (ýagny 5 manat salsañ 6 manat);
- Mart aýynyn 1-i bilen 5-i aralykda müşderiler öz belgisine 400 manatdan köp pul salsa gymmat bahaly SAMSUNG A-20 mobil telefonyna eýe bolar...
- sizi bahar pasly bilen gutlaýas we azajyk hem müşderilerimizi begendirmek üçin ýokarda bolmajak zatlary ýazanymyzy duýdurýarys...))))
15
1 502
sahet_ashyrov
27.02.2020 09:06
Abu Osman Jahyz "Husytlar barada kitap" atly eserinden.

HORASANLYLARYŇ HUSYTLYGY
Adamlaryň arasynda horasanlylar we Merw şäheriniň
halky bilen baglanyşykly köp gürrüňler bar. Men dostlarymyň
birinden şeýleräk gürrüň eşitdim: «Merwliler ýanyna gelen
myhmandan we ýanynda köp wagtlap oturan adamdan: «Bu
gün nahar iýdiňmi?» diýip sorar ekenler. Eger ol: «Hawa, iý-
dim» diýse, onda oňa: «Iýmedik bolsaň saňa tagamly nahar hö-
dürlejekdim» diýer eken. Emma ol: «Ýok, iýmedim» diýse, on-
da oňa: «Ýör, onda saňa bir käse suw beräýeýin» diýermişler.
Aç-da bolsa, dok-da bolsa, gelen adam aç galýarmyş.
* * *
Men bir gezek asly merwli Ibn Abu Kerimäniň öýünde
otyrdym. Ol meniň kündük bilen täret kylýandygymy görüp,
maňa:
— Ähli babatda päk bolan Allanyň hormatyna, gapdalyň-
da guýy barka, näme üçin süýji suw bilen täret kylýaň? —
diýdi.
Men:
— Munuň içinde süýji suw däl-de, guýy suwy bar — di-
ýenimde, ol:
— Sen meniň kündügimiň içini guýynyň şor suwy bilen
zaýalaýarsyň — diýdi. Men onuň sözüne näme jogap berjegimi
bilmedim.
* * *
Amr ibn Nihýewi şeýle gürrüň berýär: Günlerde bir gün
Kindiniň öýünde nahar iýip otyrdyk, ýanymyza onuň goňşusy,
meniň bolsa dostum bolan bir adam geldi. Kindi örän husyt
adamdy we ony saçak başyna çagyrmady. Men utanjyma:
«Gel, saçak başynda otur» diýdim. Ol adam: «Walla, men bu
işi gördüm (ýagny nahar iýdim)» diýdi. Şol mahal Kindi ara
goşulyp: «Ol ant içendigi üçin, aýdara zat galmady» diýdi.
Ýaňky adamyň eli-aýagy baglanypdy. Kindiniň pikiriçe
eger nahara el uzatsa, içen antyny ýuwdan hasaplanjakdy.
Bu gürrüň Merw halky bilen baglanyşykly däldir, çünki
Kindi ýemenlidir.
* * *
Sumama ibn Eşres şeýle gürrüň berýär:
«Men ähli ýerde horazlaryň tapan dänelerini çüňki bilen
alyp, towuklary çagyryp, olaryň öňünde goýýandygyny gör-
düm. Emma Merwiň horazlary başgaçady, olar beýtmeýärdiler.
Gaýtam tersine, olar towugyň çüňkündäki dänäni hem zor bilen
almaga synanyşýardylar. Men Merw halkynyň gysganç häsi-
ýetleriniň olaryň ýurdunyň suwunda we tebigatynda hem bar-
dygyna göz ýetirdim. Şonuň üçinem gysgançlyk ol ýerdäki ähli
janly-jandarlara hem geçipdir».

Dowamy bar...
Meniñ şu goýan postuma goýýan bahañyz we nähili täsir galdyrandygy baradaky teswirleriñiz esasynda dowamyny goýaryn. Dowamy has hem gyzykly. Şonuñ üçin ? basmagy unutmañ! Biz bilen galyñ "Ajaýyp eserler" siziñ hyzmatyñyzda. Başgada nähili eserler okasyñyz gelse teswirlerde ýazyñ, mümkin boldugyndan size ýetireris.
Admin.
8
728
sahet_ashyrov
27.02.2020 08:56
Şer, erbet işleri edýän adamlar bilen ýoldaş bolmaň,
olardan dost tutunmaň. Şeýle ýoldaş ýa-da dost tutunan
ynsan salamatlygyny we rahatlygyny ýitirer.
******************
Zürýatlaryňyzy öz ýaşan döwrüňizde alan
terbiýäňiz boýunça terbiýelejek bolmaň, sebäbi olar
başga döwürde ýaşaýandyrlar.

ABU NASR MUHAMMET
IBN MUHAMMET FARABY
4
459
sahet_ashyrov
27.02.2020 08:54
Enemiñ ýagty ýadygärligine

Aýlaram geçip dur ýyla sepleşip
Henizem ýadymdan gitmeýär keşbiñ
Señ bilen oýnardym çagajyk wagtym
Jaýyñ Jennet bolsun mähriban enem

Iki müñ dokuzda ýazyñ aýydy
Ajal gelip goýdy gözlerde ýaşy
Annagözel adyñ daşlara ýazyp
Ýürekde yz goýduñ öçmejek enem

Ynha indi ýatyrsyñ ýeriñ astynda
Ýatlaýarys adyñ mydam ýatlarda
Agtygyñ Sähediñ şu goşgusyny
Bagyşlaýar Size mähriban enem.

Awtory: özüm
26.02.2020ý.
5
255
sahet_ashyrov
26.02.2020 13:44
Bir gyz üçin ene-atasyny terk edip bilýän adam, başga gyz üçin şol gyzy hem terk eder.
11
768
sahet_ashyrov
26.02.2020 10:13
Käbir zatlar hakynda...

Dünýäde ýalan hem çyn höküm sürýär
Ýalana bakýanlar köpüräk öýtýän
Çyn dost diýip bile çörek iýýäniñ
Pul üçin ýalana öwrûlýär öýtýän

Dünýäde adyllyk hem zalymlyk bar
Zalymlyk hökümi köpüräk öýtýän
Adyllyk ornunda oturan adam
Pul ûçin zalyma öwrûlýär öýtýän

Dünýäde sowatly hem sowatsyz bar
Sowatsyzyn sözi ýöreýär öýtýän
Sowatly diýip saýlap seçen adamyñ
Kä ha:lat sowatsyza öwrülýär öýtýän

Dünýäde aýal hem erkek adam bar
Aýallar şeýle bir köpelýär öýtýän
Görýän welin kàbir erkek adamlañ
Aýaldan kän tapawudy ýok öýtýän

Dünýäde baý bar garyp adam bar
Garyplar sanyny köpeltýär öýtýän
Puluny sygdyryp bilmeýän baýlar
Garyba bermegi gysganýar öýtýän

Dünýàde yaşaýyş hem-de ölüm bar
Ýaşaýyş baýlara degişli öýtýän
Ölüm saýlamaýar baýy garyby
Baýlar şonam satyn alaýjak öýtýän

Awtory: özüm
25.02.2020ý.
9
817
sahet_ashyrov
26.02.2020 10:13
Geçeni geçdi bil gelejek bilen ýaşa. Alakada yzyny gömýändir öñe gitmek üçin
6
577
sahet_ashyrov
24.02.2020 14:25
Dowamy...

Ulalamda kömek berdiñiz maña
Çagakam iýdirip geýdirdiñiz siz
Öwüt ündewleriñiz indi mydama
Güýç berýär kalbyma käbäm hem kyblam

Durmuşda soradym bilmeyän zatlam
Maslahatyñyzdan hiç hor bolmadym
Janyñyz sag bolup dik bolsun başyñ
Her işde maslahat berdiñ jan kyblam

Her gün baranymda agşama işden
Öñümden çykypjyk garşy aldyñ käbäm
Mañlaýyñda görüp akja saçlaryñ
Gyýyldym saçlaryñ aklygyna käbäm

Sähet ýazýar adyñyza setirler
Saýraýar siz bilen saýrak bilbiller
Ýaşañ döresin şanyñyza şygyrlar
Döresin şeýle bir ajap gazallar
Ezizlem jigerlem käbäm hem kyblam

Awtory: özüm
Sähet Aşyrow
5
687
sahet_ashyrov
24.02.2020 13:02
Käbäm hem kyblam

Ajap aýdymlaryñ aýdylşy ýaly
Gözel goşgularyñ döreýşi ýaly
Size bolan söýgim artykdyr mydam
Siz meniñ ezizlem käbäm hem kyblam

Bar wagtyñyz gaýgym ýokdur ýanymda
Ýok wagtyñyz siz mydama añymda
Pikir etdim sizsiz bu giñ dünýäni
Bolmaýar ezizlem käbäm hem kyblam

Siz bilen geçirdim şu günlere çen
Allajan uzakdan bersin ýaşyñyz
Siz meniñ dünýäde iñ ýakynlarym
Siz meniñ ezizlem käbäm hem kyblam

Dowamy bar...

Awtory:özüm
Sähet Aşyrow
4
470