sahet_ashyrov
27.02.2020 09:06
Abu Osman Jahyz "Husytlar barada kitap" atly eserinden.

HORASANLYLARYŇ HUSYTLYGY
Adamlaryň arasynda horasanlylar we Merw şäheriniň
halky bilen baglanyşykly köp gürrüňler bar. Men dostlarymyň
birinden şeýleräk gürrüň eşitdim: «Merwliler ýanyna gelen
myhmandan we ýanynda köp wagtlap oturan adamdan: «Bu
gün nahar iýdiňmi?» diýip sorar ekenler. Eger ol: «Hawa, iý-
dim» diýse, onda oňa: «Iýmedik bolsaň saňa tagamly nahar hö-
dürlejekdim» diýer eken. Emma ol: «Ýok, iýmedim» diýse, on-
da oňa: «Ýör, onda saňa bir käse suw beräýeýin» diýermişler.
Aç-da bolsa, dok-da bolsa, gelen adam aç galýarmyş.
* * *
Men bir gezek asly merwli Ibn Abu Kerimäniň öýünde
otyrdym. Ol meniň kündük bilen täret kylýandygymy görüp,
maňa:
— Ähli babatda päk bolan Allanyň hormatyna, gapdalyň-
da guýy barka, näme üçin süýji suw bilen täret kylýaň? —
diýdi.
Men:
— Munuň içinde süýji suw däl-de, guýy suwy bar — di-
ýenimde, ol:
— Sen meniň kündügimiň içini guýynyň şor suwy bilen
zaýalaýarsyň — diýdi. Men onuň sözüne näme jogap berjegimi
bilmedim.
* * *
Amr ibn Nihýewi şeýle gürrüň berýär: Günlerde bir gün
Kindiniň öýünde nahar iýip otyrdyk, ýanymyza onuň goňşusy,
meniň bolsa dostum bolan bir adam geldi. Kindi örän husyt
adamdy we ony saçak başyna çagyrmady. Men utanjyma:
«Gel, saçak başynda otur» diýdim. Ol adam: «Walla, men bu
işi gördüm (ýagny nahar iýdim)» diýdi. Şol mahal Kindi ara
goşulyp: «Ol ant içendigi üçin, aýdara zat galmady» diýdi.
Ýaňky adamyň eli-aýagy baglanypdy. Kindiniň pikiriçe
eger nahara el uzatsa, içen antyny ýuwdan hasaplanjakdy.
Bu gürrüň Merw halky bilen baglanyşykly däldir, çünki
Kindi ýemenlidir.
* * *
Sumama ibn Eşres şeýle gürrüň berýär:
«Men ähli ýerde horazlaryň tapan dänelerini çüňki bilen
alyp, towuklary çagyryp, olaryň öňünde goýýandygyny gör-
düm. Emma Merwiň horazlary başgaçady, olar beýtmeýärdiler.
Gaýtam tersine, olar towugyň çüňkündäki dänäni hem zor bilen
almaga synanyşýardylar. Men Merw halkynyň gysganç häsi-
ýetleriniň olaryň ýurdunyň suwunda we tebigatynda hem bar-
dygyna göz ýetirdim. Şonuň üçinem gysgançlyk ol ýerdäki ähli
janly-jandarlara hem geçipdir».

Dowamy bar...
Meniñ şu goýan postuma goýýan bahañyz we nähili täsir galdyrandygy baradaky teswirleriñiz esasynda dowamyny goýaryn. Dowamy has hem gyzykly. Şonuñ üçin ? basmagy unutmañ! Biz bilen galyñ "Ajaýyp eserler" siziñ hyzmatyñyzda. Başgada nähili eserler okasyñyz gelse teswirlerde ýazyñ, mümkin boldugyndan size ýetireris.
Admin.
8
728
Gunça
28 Aprel 2020
Dogry şeylerak adam kan eken Merwde
Myhman Myhman
7 Mart 2020
men okadym"eneş"powestinipip
Myhman Myhman
29 Fewral 2020
sagbol admin indikide enes powestini goyayda please
Myhman Myhman
27 Fewral 2020
Merw gullap osen yurt beyle husyt bolup beyle dereja yetip bolmaz
Ykjam Tv
27 Fewral 2020
Size täze açylan ykjam tv YouTube kanalyna cagyryarys! Kanalda programmirlenme sapaklar we CorelDRAW,Tehnologiya we programmalar, 8Daydymlar kanala goshulyñ!!! https://www.youtube.com/channel/UCjL1kI0FEtHElkAWdpWf5gA
Wepa Gurbangeldiyew
27 Fewral 2020
Olar ýaly husyt daldir merw
Mende merw de ýaşaýan ýone naharny gysylyp oturan goremok
Baharjyk
27 Fewral 2020
Mena 3 gezek okadym yone kanbir dusunip barmadym. Bu ertekin kitaby nirede satylya .Men alyp ozuni okaymasam.Yone yenede sag bolun.❤
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.