Käbir zatlar hakynda...
Dünýäde ýalan hem çyn höküm sürýär
Ýalana bakýanlar köpüräk öýtýän
Çyn dost diýip bile çörek iýýäniñ
Pul üçin ýalana öwrûlýär öýtýän
Dünýäde adyllyk hem zalymlyk bar
Zalymlyk hökümi köpüräk öýtýän
Adyllyk ornunda oturan adam
Pul ûçin zalyma öwrûlýär öýtýän
Dünýäde sowatly hem sowatsyz bar
Sowatsyzyn sözi ýöreýär öýtýän
Sowatly diýip saýlap seçen adamyñ
Kä ha:lat sowatsyza öwrülýär öýtýän
Dünýäde aýal hem erkek adam bar
Aýallar şeýle bir köpelýär öýtýän
Görýän welin kàbir erkek adamlañ
Aýaldan kän tapawudy ýok öýtýän
Dünýäde baý bar garyp adam bar
Garyplar sanyny köpeltýär öýtýän
Puluny sygdyryp bilmeýän baýlar
Garyba bermegi gysganýar öýtýän
Dünýàde yaşaýyş hem-de ölüm bar
Ýaşaýyş baýlara degişli öýtýän
Ölüm saýlamaýar baýy garyby
Baýlar şonam satyn alaýjak öýtýän
Awtory: özüm
25.02.2020ý.