sahet_ashyrov
11.03.2020 08:47
Garriniñ ele salynmagy
Mafiýabaşynyñ eline naruçnik geýdirip ol özüne gelmänkä, stulda oturdyp ol özüne gelýänçä garaşdylar. Bir salymdan soñ mafiýanyñ başlygy özüne gelensoñ ol öz öñünde ýañja-da bir bulgur suw taýynlap beren tanyş zenana gözi düşdi. Ýöne onuñ ýüzi tanyş bolsa-da eşikleri polisiýa işgäriniñ eşigidi. Ol şonda eliniñ naruçniklydygyny bilip galdy. Hemme zat ýadyna düşen soñ ol gaharyna sögünüp igenmäge başlady:
ㅡ Haram zada şeýtan, şeýtana sapak beren haram pişijek... - diýeninde garşysynda duran Lorie ýylgyryp fraşkasyny mañlaýyna basyp gözlerine gara oçkisini dakyp otagdan çykyp gitdi. Mafiýabaşyny bolsa idenekledip yz ýanyndan çykaryp polisiýanyñ maşynyna mündürip alyp gitdiler.
* * *
Maýor Lorie Bruk eýýäm ençeme ýyldyr Amerikanyñ Birleşen ştatlarynyñ Nýu Ýork şäherinde birnäçe gezek jenaýatçylara garşy operasiýalarda üstünlik gazanan zenandy. Hatda ol mafiýonerleriñ garşysyna-da onlarça operasiýalary gurnap halal zähmet çekýärdi. Özi owadan, syratly bolany üçin ençeme manýaklardyr, garakçylary bendi edip tussag astyna alardy. Onuñ gara gözleri, gara gaşlary, syrdam boýy, sary saçlary, uzyn hem daýaw boýy FBR işgärleriniñem ençemesini maýyl edýärdi. Ol şol wagtlar ýigrimi sekiz ýaşlaryndady. Bir günem täze işe giren FBR işgärlerinden Maks Jonatan ony yrmaklygyñ küýüne düşdi. Oña şunça aýtsalaram, şunça duýdursalaram ol özüniñkini tutup olara gulak gabartmazdy. Bir günem ol Lorieni naharhanada gördi we onuñ ýany hem boşdy. Bu pursat Maksyñ tüýs islän pursatydy. Ol howlukmaçlyk bilen eline nahar guýulýan padnosy alyp oña serede-serede okarasynyñ bir bölegine nahar guýdurdy. Naharçy onuñ ikinji okarasyna nahar guýjak bolanda ol padnosyny çekip howlukmaçlyk bilen Lorieniñ oturan stoluna tarap eñdi. Naharynyñ dökülenine jany ýanan naharhanaçy Ella hanym: ''Jenap bolşuñyz nähili!?'' diýibem ýetişip bilmedi.
Maks barşyna Lorieniñ gabadynda oturup:
ㅡ Heý salam men Maks! diýip yzgytsyz ýigit padnosyny stoluñ üstünde goýup, soñam sag elini gyza uzatdy.
Dişlän çöregini agzynyñ çep tarapynda çeýnäp oturan Lorie ýerindenem bytnaman, elinem uzatman:
ㅡ Salam Maks, men Loria! diýip çemçesini okarada süzüp çorbadan owurtlady. Maksyñ bolup durşuna ''wakyrdaşyp gülüşen'' FBR işgärleri aýak aldygyna çöregi agyzlary bilen çekeläp ýyrtyp alyp çorba symyşlaýardylar.
Soñ alarlyp garşysynda ellerini sömeldip duran ýigide Lorie:
ㅡ Oturuñ, elleşip görüşerdim welin men şu wagt günortanlyk edinýärin diýdi.
Şeýle-de bolsa ol utanyp durmady-da ýuwaşlyk bilen öz üstlerinden gülýän garşydaşlaryna soky gözleri bilen gapdallykgan seretdi-de:
ㅡ Hä hawala, tanyşanyma şat : diýip ol gözüniñ garasyny Loriene dikip pessaý gürledi.
Tanyşlykdan soñra uzakdan seredeniñde bular uzak-uzak gürrüñler edýän ýalydylar. Beýleki oturan FBR-iñkiler biri-birlerine tirsek kakyp ''Seretde-seret'' boluşyp seredýärdiler.
Maks çyny bilen Loria daga ellerini hereketlendirip, bir zatlar gürrüñ berýärdi. Lorie bolsa ynanyjynyñ gözleri bilen kä kellesini ýaýkap, kä-te hezil edip gülýärdi. Beýleki oturanlaryñ bolsa bulara gözi gidýärdi.
Seredilip otursa Maks Lorie daga detektiw kitaplardaky wakalary gürrüñ berýär eken.
Soñra aýgytlaýjy pursaty gelip ýetende Maks:
ㅡ Hawa, soñra Greýden öz halaşýany Silwiýany halas edip ine şeýdip onuñ ellerinden tutup sypalamaga başlady - diýip ol Lorieniñ bileklerini sypalap ellerinden tutanam şol welin padnosuñ udary dulugyna güýç bilen aýlanyp degeninem bilmedi.
Wakyrdyny ikinji gezek naharhananyñ o başynda oturan tomaşaçylar ýene ýetirdi. Garşysyndan turup giden Loria keýik ýörüýşini edip tasanjyrap çykyp gitdi. Wakyrdylary üzülmeýän deñ-duşlaryñ gülküleri birsalymdan dulugyny tutup oturan Maksyñ golaýyndan ýañlanmaga başlady. Bir seretse ähli işdeşleri onuñ daşyna üýşüpdirler.
Şol gün Maks işden çykyp ýola düşdi.
Lorien bolsa onuñ gabadynda ýöräp barýardy. Ol Lorienden öñe düşüp, haýdap geçip gitdi. Maks onuñ bu hereketinden gaty ynjapdy. Şeýle ýagdaýlarda ol özüni gyz ýaly alyp barýardy. Ol edil Loriene hem başda beýle çemeleşmeli däl-di, hamala ol söýgülsiniñ elini tutýan ýaly bolup görünýärdi. Aýratynam ol oglanlara görünjek bolup şeýdýän ýalydy...
Ertesi Şerif Kleýton Lorieni çagyryp ony Kazinolaryñ birine operasiýa geçirmek we mafiýanyñ başlygyny ele salmak boýunça iş geçirmelidigi hakda buýruk berdi. Mafiýanyñ başlygy meşhur Garridi. Ol ertir Kazino gelen myhmanlary garşylamalydygy hakdaky habary Kleýton bilýärdi. Kleýton esasy operasiýany Garri gaflatdaka onuñ üstüni basyp adamlary bilen özüni tussag etmekden ybaratdy.
Lorien onuñ bu buýrugyny göwnemese-de işi üçin ol muña razy bolupdy.
Lorie şol gün öýüne baryp ähli gerek-ýaraglaryny guşanyp taýynlyk gördi. Ol hammamdan çykyp süpürindi-de içki eşiklerini geýip aýaklaryna ýüpek jalbaryny geýdi. Üstündenem ak forma eşigini geýdi-de bykyn guşagyna pistoletlerini asyp şerif Kleýtonuñ aýdan Kazinosyna bardy. Kazinonyñ çilim tüssesi, gyzylymtyl ýürekgysgynç yşyklary daşyndan göräýmäge Lorieniñ howuny basýan ýalydy. Ýöne ol arkaýyndy. Barmeniñ ýanyna baryp beýik stullaryñ birine ornaşyp barmenden bir uly bulgur piwo sorady. Barmen hezil edip eline bir bulgur piwo guýup öñünde oturan görmegeý zenana uzatdy. Lorie piwäniñ gulpundan mäkäm gysyp pomada çalynan dodaklaryna ýetirip, eñegini galdyranynda bulgurdaky piwonuñ barsyny içip gutardy. Şeýdip ol jübsünden çilim çykaryp şol pomada çalynan dodaklaryna gysdyrdy. Barmen oña kükürt çyzyp çiliminiñ ujyna golaýlatdy. Çilimiñ ujy şytyrdap otlananda Lorie gaýçy ýaly iki barmaklaryny açyp çilimi dodaklaryndan aýyryp tüssäni üfläp goýberdi.
Kazinonyñ içi häzir gül-ala güllükdi. Pessaýja duýgulandyryjy çalynýan sazlara, turbada ýylan ýaly pyrlanaklaýan ahlagy bozuk zenanlar tomaşaçylarynyñ billerine gysdyrýan dollarlaryny alyp ak perdä tarap ylgaşlap ýitirim bolýardylar. Bir tarapda bolsa kart oýnaýan baýlar bilen top oklanýan latareýda ýaş ýeleñler bijelerini atyp oturýardylar.
Bir gyrada alty aýakly stol ýaly zadyñ üstünde bolsa bir iki sany adam bilýard oýnaýardylar.
Lorie piwäniñ hakyny töläp içgi gapylaryñ birine girip gitdi. Ol ýerlerde duşuşyp ikiçäk gürrüñ edip duran erkek bilen aýallar durýardy. Lorie Içki otaglaryñ birinden okalga tarap elleri dollarly ylgap barýan ýarym ýalañaç bir zenany gördi. Onuñ çykyp giden otagyna baryp girdi. Görse başy boş birtopar bozuk zenanlar salonda ýüz görülýän aýnanyñ öñlerinde dodaklaryna pomada çalyp, leblerini jopbulladyşyp oturdylar. Käsi aýna giräýjek ýaly gözlerine reñk çalyşyp, kä birlerem ýañaklaryny pudr bilen tozgalaýardylar. Bir gyrada bolsa hammam, hajathana we eşik çalşylýan ýer bardy. Lorie bezenip-beslenip oturan heleýleriñ ýanlaryna baryp gürrüñdeş boldy.
Maks bolsa ogrynça iş ýerinden Lorieni gözleýärdi. Ahyry işdäsi bolmasa-da Naharhana baryp görmegi pursat bildi. Ol naharhana barybam Lorieni tapmady. Soñra nahar guýýançy hanymyñ gabat garşysynda durup taýyn duran Makdonaldy kagyza dolap aldy-da çykyp gitdi. Işden soñ ol pyýadalaryñ gatnaýan ýerinden gidip barýardy. Kän bir keýpi bolmansoñ ol öýüne gijiräk baranynam kem görmedi. Ol kastýumyny eline alyp baharyñ howasyna keýpini çaglap barýardy. Soñ ol ep-esli ýöräp başy asmana direýän beýik otaglaryñ gabadyna ýetip barýarka köçäniñ gyrasynda özüne müşderi gözleýän bozuk zenana gözi düşdi. Ol gysga mini ýubkaly-dy. Özem örän owadandy. Maks baryp oñ bilen bir az gürleşip durdy. Soñra ýoluñ gyrasynda maşyn saklady. Ýol nyrhyny gürleşen sürüji ahyry eltip olary Kazinonyñ öñünde düşürdi. Maks zenanyñ bilinden tutup Kazino tarap girip gitdi.
Mafiýanyñ kezzap başlygy Garri hem ahyry arkadaky gapydan adamlary bilen öz otagyna tarap adamlary bilen geçip gitdi. Lorie bolsa oña öñüräkden bäri garaşýardy.
Maks barmeniñ gabadynda sömelip durdy-da iki bulgur wiski sorady.
Lorie ýañky salona bardy-da daşky eşiklerini çykaryp içki eşikde Garriniñ meýlishanasyna tarap ýöneldi. Ony içki eşikde geçip barýarka gören Maks içip oturan wiskisini pürküp düwünip'' Wah owratjyk diýsänim, sen bärde-de işleýäñmi'' diýip onuñ yzyndan ylgady. Garriniñ gapysynyñ agzynda iki sany pistoletli gara kostýum balakly gara köwüşli, saçlary tersine daralan garawullar durdy. Ýanlarynda bolsa barlag enjamlary bardy. Loria olaryñ öñüne baryp durdy. Garawullar biri-birlerine seredip gülüşdiler-de barlag enjamy bilen boýdan aýak tutup barladylar. Olaryñ biri gapyny açyp Lorie geçiberiñ diýen ýaly mürähet etdi. Lorie özüne açylan otaga baryp ädimini ätdi. Gapy ýapylanda yglap gelen Maks durdy-da yzyna ýöneldi. Ol daşary çykdy-da Kleýtona jañ etdi:
ㅡ Başlyk, alo başlyk
ㅡ Aýdyberiñ diñleýän!
ㅡ Bu bizde işleýän Lorie bozuk, ahlaksyz gyz eken...
ㅡ Jenap Maks sem bol al-kakmyş diýsänim, men ony özüm operasiýa gurnamak üçin ugratdym... diýip telefony öçürende Maks hemme zada düşünip galdy.
Garri Lorieni gören badyna elindäki gabanna çilimini öçürip, oñ aşa owadanlygyna maýyl bolup demigýän ýaly boýnundaky galstugyny ýazdyrdy. Ol ellerindäki karty goýdy-da myhmanlara: ''Men häzir geldim'' diýdi-de ol Lorieniñ gabadyna baranynda Lorie onuñ Garridigini tanady. Lorie onuñ galstugyndan tutdy-da içki otaglaryñ birine alyp bardy. Garri bolsa zynjyra baglanan köpek it ýaly sessiz-üýnsiz oñ yzyna düşdi. Garri otaga girip gapyny gurdy-da derrew eşiklerini çykarmak bilen boldy:
ㅡ Keýijegim men saña şu günlik gijämi berýän... - diýip galstugyny çykaryp durşyna ㅡ Hol derman çekmeje-de ''wiagra'' bardyr ezizim şondan bir bulgurjyk taýynlasana diýip ol başagaý bolup köýneginiñ iliklerini ýazdyrmaga durdy. Lorie bolsa agzyndan bir bölek uky derman aldy-da gabyndan çykaryp bulgura iki bölejigini oklady. Garri:
ㅡ Señ adyñ näme..? Adyñ kim bolanda näme? Parhy näme esasy sen adam! - diýip ol aljyrap ölüp barýardy. Lorie derman çekmejäni açdy-da agzynda gurşun kagyza dolanan uky dermany alyp bir bulgur suwa iki-üç bulgur derman gerdejiklerini garyp taýynlady. Garri bolsa onuñ haýsy dermany garýandygynam äñetmeýärdi. Garri balagyny çykarjak bolanynda onuñ gözleriniñ öñünde bir bulgur derman garylan suw peýda boldy. Ol şol duran ýerinden suwy içdi-de:
ㅡ Bilýäñmi owadanjam, men şuny içmesem işimi tamamlap bilemok - diýip bulgury goýup-goýmaka ol enterekläp ugrady. Ol diwana geçdi-de :''Dynç alasym gelýär'' diýdi-de agyr uka gitdi. Lorie pursaty elden bermän Garriniñ jüblerini barlaşdyryp telefon tapdy. Ol Kleýtonyñ eline jañ edende FBR gullukçylar topary işe girişdiler. Olar gowy ýaraglanan şekilde dik uçarda hem maşynda assyrynlyk bilen gelip Kazinony basdylar. Garriniñ giren otagyna penjiräni döwüp giren FBR işgärleri Garriniñ elini arkasyna aýlap elinden naruçnik dakdylar. Emma ol ukuda-dy. Myhman bandalaryñ oturan ýerinde uly goh galmagal we atyşyk başlandy. Olar Garriniñ otagyna kürsäp giren FBR işgärleriniñ ala-takyrdysyny eşidenlerinde myhman gelen mafiýalaryñ biri Garriniñ adamlaryny, Garriniñ adamlary bolsa olary atyp başladylar. Stollar agdarylyp ine başlanandyr kowboýlaryñ atyşygy. Gapy döwülip açylyp içere iki sany gaz granady atylanda olar gazyñ ysyna tagapyl edip bilmän demigip ýatyberdiler. Myhman gelen mafiýanyñ başlygy şol başagaýlykda ýitirim bolup gaçypdyr. Esasy Garri ele düşdi. Kleýtonuñ buýrugy şoldy.
Lorieniñ bu bitiren işi üçin Kleýton ony ýene uly ýyldyz bilen sylaglady.
4
294
sahet_ashyrov
10.03.2020 16:13
Banky talan bandalaryñ ele salynmagy
Iki sany maşyn uzyn göni köçede ýokary tizlikde sypyp barýardylar. Olaryñ biri öñde, biri bolsa yzda. Öñdäki maşynda kelleleri gara örtükli, diñe gözleri bilen agyzlarynyñ töwerekleri açyk maska geýinen banditlar yzdaky maşyna tarap pistoletlerinde ok atýardylar. Onuñ yzyndaky ýaşyl reñkli mersedesde bolsa £ulýana gelýärdi. Ol ýapyrlyp hem-ä okdan sowuljak ýaly saga-çepe öwrüm edip, banditlaryñ maşynynyñ götünden urýardy. £ulýana olaryñ başyna inen bela boldy. Şeýdip baryşlaryna £ulýananyñ maşyny bandalaryñ maşynynyñ gabadyna ýetdi. Uly tizlik bilen barýan iki maşyn biri-birlerini gysjak bolup gyra itişip gelýärdiler. Bandalaryñam oklary gutarypdy. £ulýana täzeden maý alyp gyra sowulan ýaly etdi-de bat alyp maşyny bilen iñ soñky gezek gyrasyny aýlap urdy. Zarp bilen çep tarapyna gelip degen maşynyñ urgusyna, jenaýatkärleriñ maşyny gyra gysylyp birden agdarylyp gitdi.
* * *
Nýu-ýorkuñ köçeleri başy asmana direýän beýik otaglardan we binalardan ybaratdy. Olaryñ beýik başyny gyşyna ümür tutsa, tomsuna olaryñ başy bulutlara degjek-degjek bolýardy. Gös-göni oklaw ýaly köçelerde nämeleriñ bolup geçýändigini saýgarmak kyn däldi. Şol uzyn göni köçeler ulagda hyryn dykyn bolup polisiýadan gaçyp barýan bank talañçylarynyñ gaçmagyna mümkinçilik döredýärdi. Köçeleriñ düzgünlerine görä ulaglar pessaý ugurlary bilen özbaşyna gidip barýardylar. Ine köçäniñ gözýetim ýerinde hatar bolup gelýän adaty ulaglaryñ ortarasyndan bank talañçylarynyñ ulaglary ''wywyldy'' sesli polisiýa ulaglaryna jylaw tudurman sypyp gelýärdiler. Iki gyradaky öz ugurlary bilen gelýän ulaglar biri-birlerine signal berip köçeleriñ ulag dyknyşygyndan geçmekçi bolýardylar. Ol bendeleriñ hersi bir küýde, kimsi öýüne azyk haryt getirmek üçin söwda merkeze ýetmäge ymtylýar, kimsi işinden gijä galyp ulagynyñ gapysyny berk ýapyp ellerini bykydyrygyna goýup ellerini galgadyp bir zatlar diýip hüñürdeýärdi. Üst-üstesine bulam az ýaly bank talañçylarynyñ bezzatlyklaryndan ýaña jemgyýete gün ýok. Olaryñ yzlarynda-da iş ýerlerinde makdonald bilen sok iýip-içip önüp-ösen, ýuka-ýürek, kerep papakly adamsöýer polisiýa işgärleriniñ ulaglary bezzatlardan galanoklar.
Şol giden ulaglaryñ içinde Garriniñ gyzy Žulýana hem öýüne ýetmäge howlugýardy. Ol adamsy Jona durmuşa çykansoñ Waşingtondan Nýu-Ýorka göçüp gelipdi. Ol adamsyny çyn ýürekden söýýärdi. Oña toýda süýji-süýji wadalary edipdi. Toý gününde onuñ şpilka köwşüniñ ökjesi döwülendiginem ol ýatsa-tursa ýadyndan çykaranok. Şol günleri ýene ýatlap, ýatlamalara gark bolan bu zenanyñ bar ünsi ulagynyñ gapdalyndan bat bilen geçip giden garakçylar böldi. Žulýana içinden ''Şunça wagtlap şu şäheriñ asudalygyna boýun egip ýaşadyk, ine düşen günümizem şu'' diýip ol roluna iki eli bilen urdy. Ol ulagyny yza aýlap hatardan çykdy-da ýañky garakçylaryñ yzy bilen gaza basdy. Onuñ bu hereketlerini synlap gelýän polisiýanyñ Baş Goragçylyk Gullugynyñ başlygy kapitan Smit eline mikrofony alyp: Merkez, merkez, gaýtalaýan merkez, gabawy Mark Greý köçesindenem gurnañ ol ýere alty polisiýa ulagyny berkidiñ, gaýtalaýan...'' diýip ol aragatnaşygyny kesdi-de eline sapançasyny alyp çep tarapky aýnany açyp usullyk bilen elini daşary çykaryp garakçylaryñ ulagyny nyşana aldy. Ýöne Žulýananyñ ulagy onuñ nyşanasyny bölýärdi. Kapitan Smit ''Al-kakmyş bu ýaşyl ulag nireden peýda boldy diýsene'' diýip ol janygdy. Onuñ gapdalynda trubkaly bulgurjykda kofe içip oturan Markin dillendi: ''Belkäm men nyşana almalydyryn jenap'' diýenine jyny atlanan Kapitan: ''Sem bol Markin, şu wagt nyşana almagyñ wagty däl ahyryn, näme üçin her sapar meñ içimi ýakýañ?'' diýip sag eliniñ tersi bilen içip oturan kofesine ýelmäp goýberdi welin Markiniñ üsti-başyna gyzgyn kofe dökülip gitdi. Muña gahary gelen Markin dişini gysyp azgyrylmakdan saklandy ''Eeý-wäk jenap nädäýdiñiz muny?'' - diýdi. Oñ şu wagt ýüzi jym-gyzyldy. Başlygyna dil gaýtaraýsa welin işden gümüni çekiljekdigini ol gaty gowy bilýärdi. Geçen günleriñ birinde Markiniñ üstüne şolar ýaly howp abanypdy. Bularyñ ikisi jynsy gatnaşykda zorlanma ulanan iki sany garaýagyz amerikalyny tutjak bolanlarynda şeýle waka bolupdy. Ýagny Markin eli sapançaly şol iki sany garaýagyz, nejisligi ýüzüne siñip garalyp giden Waşingtonly negrleri kowalap barýardy. Zir-zibilli darajyk köçelerden kowalaşyp barýardylar. Markin: ''Duruñ, ataryn'' diýip gykylyklap olaryñ haýyny basjak bolup ok atýar. Şonda kapitan Smit olaryñ öñünden çykyp ulagly gabajak bolup gelýärdi. Şonda Markiniñ atan oky onuñ dürli yşyklary saçýan howsalaly duýduryş enjamjygyndan baryp degdi. Ikinji atan oky bolsa Smidiñ papagyndan geçip, onuñ çür depesiniñ hamyny dilip, saçyny syryp geçip gitdi. Ana şonda kapitan Smit ulagyny saklap başyny tutup oturupdy. Jenaýatkärler bolsa darajyk köçäni tutup duran polisiýa ulagynyñ depesinden eşek mündi oýnuny edişleri ýaly geçip gitdiler. Şonda papagy bilen polisiýa formasyna dykynjyrap, zordan gelýän Markin ol ölendir öýdüp ulaga aralaşanda: ''Markin eý, sen meni nädäýdiñ emelsiz, nadan!'' diýäge-de biline gysdyrylan sapançany alyp gurnap Markina tarap ok atyp başlady. Zibilhana hapa atylýanlaryñ biriniñ arkasyna bukulyp ýetişen Markin başlygynyñ gahar-gazabyndan zordan sypypdy. Şonda ol iki günläp kapitan Smit bilen gürleşmän gezipdi. Ondan gaty ynjapdy. Ana şondan soñam ol şol wakany ýatsa-tursa ýadyna salyp utanardy. Bu saparam hut şeýleräk zat bolmasa-da şolar ýaly wakalara tomaşa edip oturmaly boljakdy. Žulýananyñ ulagy banky ýaran jenaýatkärleriñ ulagynyñ yzyndan ýetip bardy. Howsala düşüp ölüp-öçüp barýan talañçylar zenanyñ ulagyna ok atyp ony gorkuzmaga synanyşýardylar. Garadan gaýtmaz Žulýana bolsa kellesini çalaja kese ýatyryp ýoluna seredip eñýärdi. Onuñ gözsüz batyrlygyna onuñ äri gözli şaýat bolupdy. 1999-njy ýylyñ 23-nji oktýabr güni olaryñ öýüne iki sany eli egri ogrular peýda bolupdy. Olaryñ biriniñ elinde manterowka bilen, beýlekisiniñ elinde-de palta bardy. Elbetde olaryñ şol gurallaryndan başga fonariklaram, galyberse-de haltajyklaram bardy. Žulýana şol wagt ýatman äriniñ kellesini gujagyna alyp saçlaryny dyrmalap oýaly-ukuly ýatyrdy. Ine birdenem jaýyñ üçeginde barmakdan çykýan şyrkyldyly ses ýaly birahat ediji sesler eşidilip başlady. Žulýana adamsynyñ üstüne ýorgan ýapyp diwandan emedekläp ýere düşdi-de ses gelen tarapa diñşirgendi. Ol ogrylaryñ barmakda ýöreýän görnüşinde ýuwaşlyk bilen ädimläp ugranda içki otaglaryñ birinden takyrdy eşidildi. Žulýananyñ jany çykara geldi. Ýöne ol ürküp gygyrmaga derek adamsy oýandymy, şony biljek bolup ol adamsyna dikanlap seretdi. Ýöne onuñ adamsy hezil edip ýatyrdy. Žulýana tamyñ içinde seýfde saklanýan goşa nilli tüpeñi alyp ýuwaşlyk bilen iki patron ok salyp goşanyñ gulagyny çekdi. Derrewem gapyny açyp goranmaga taýyn boldy. Şol wagtam okalga zalyñ yşyklary ýanyp ýañy bir haltalaryna gymmat bahaly şaý-sepleri salyp başlan ogrular Žulýananyñ nyşanyndan hiç sypmadylar. Olar parahat ýagdaýda ellerindäki haltalaryny taşlap ellerini galdyryp, eginlerinem gysan boldylar. Şol ýagdaýda olar edil ''Ýalñyşaýypdyrys hanym, bagyşlarsyñyzda '' diýen ýaly gözlerini pahyrsyradyp mölerişip Žulýana seredişýärdiler. Şonda Žulýana ärini oýarman olaryñ bellisini edipdi. Olary hiç kim eşitmez ýaly jaýlarynyñ ýerzeminine südenekledip eltdi-de el aýaklaryny dañyp agyzlaryna ýelim guýdy-da demleri çykmaz ýaly edipdi. Soñam ýokaryk çykyp eli egrileriñ gurallaryny garažda bukuşdyryp, ogurlan zatlarynam ýerbe-ýer goýdy. Ertesi irden äri işe çykyp gidende ol bökjekläp baryp ýerzemininiñ gapysyny açdy. Gapy açylan bada ogrularyñ gözüne Žulýana ezraýyl bolup göründi. Ýöne şeýle-de bolsa yşyklar ýanansoñ olar biri-birlerine seredişip düýnki özlerini tutan bu zenanyñ kimdigini tanadylar. Žulýana olaryñ oturan oturgyçlaryndan turuzup agyzlarynyñ ýelimini aýyryp olara nahar bir bulgur gatyk bilen çörek berip naharlady. Soñam polisiýa işgärlerine jañ etdi-de olara göz gulak boldy. Ine birhaýukdan polisiýanyñ aýgyr ulaglary peşäp diýen ýaly zordan saklanyp Žulýanalaryñ öýleriniñ daşyny gabadylar. Ulagdan çykyp elleri pistoletli polisiýanyñ adamsöýer işgärleri ylgap baryp Žulýananyñ öýüniñ bar otaglaryna kürsäp girdiler. Ahyrsoñy ýerzeminde Žulýananyñ garawullap oturan ýerine girdiler. Soñam olary tussag edip bileklerinden zynjyrlanan naruçnik dakyp alyp gitdiler.
Ana şonda polisiýa işgärleri Žulýananyñ bu edermenlikleri hakda adamsy Jona aýdyp ony begendirip gutladylar. Ol şonda Žulýanany gujaklap bagryna basypdy.
Şol duýgular Žulýananyñ hiç ýadyndan çykanokdy.
Ine bu günem döwlet bankyny ýaran jenaýatkärleriñ yzyndan ýetip olaryñ atýan oklaryndan goranyp olaryñ sag tarapyny sypdyrman barýar. Žulýana sag tarapdan jenaýatkärleriñ ulagyny gysyp urga berdi. Jenaýatkärleriñ ulagy gysylyp maşynlaryñ bijaý ýerlerine degse-de Žulýanany ozup saýlandylar. Žulýana gaza basyp täzeden hüjüme geçdi. Ol olaryñ yzyndan maşyny degirip urga berdi. Şeýdip batly barýan jenaýatkärleriñ ulagy agdarylyp gitdi. Polisiýa işgärleri Baş aşak bolup ýatan ulagdaky jenaýatkärleri tutup, Žulýana bolsa minnetdarlyk bildirdiler. Adamsy Jon wakanyñ bolan ýerine geleninde Jon begençden ýaña duýgy ýaşlaryny syzdyryp ylgap baryp edermen aýalyny ýene gujaklady.
Kapitan Smit bolsa Markina: ''Ana bihepbe gördüñmi watansöýer, emelli, hanym Žulýananyñ ýüregi ýaly ýürek ikimizde-de bolan bolsa nähili gowy bolardy'' diýip müzzerilip oturan ýoldaş Markina igendi.
6
623
sahet_ashyrov
10.03.2020 16:05
8-nji mart TARYHY
8-nji mart - Halkara aýallar güni - Halkara aýallar güni, şeýle hem aýallaryň syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik ugurlarynda gazanan üstünliklerini belleýän, dünýädäki aýal-gyzlaryň geçmişini, şu gününi we geljegini belleýär.
Zenanlar gününiň häzirki zaman baýramçylygy indi deňligi tassyklamak maksady bilen däl-de, eýsem ýagdaýyna we ýaşyna garamazdan baharyň, zenan gözelliginiň, näzikliginiň, ruhy paýhasynyň we aýalyň üns güni hasaplanýar.
Baýram Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan bellenilýär we käbir ýurtlarda - mysal üçin Russiýa, Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Türkmenistan, Ukraina - bu gün milli baýramçylyk.
Gyzykly tarapy, Halkara Aýal-gyzlar gününi geçirmek pikiri ilkinji gezek 20-nji asyryň başynda, ösen dünýäde giňeliş we tolgunyşyk, demografiki ösüş we radikal ideologiýalaryň döremegi bilen ýüze çykdy.
1910-njy ýylda Kopengagende işleýän aýal-gyzlaryň ikinji halkara konferensiýasy geçirildi. Germaniýanyň Sosial-demokratik partiýasynyň aýallar toparynyň lideri Klara Zetkin (Klara Zetkin) Halkara aýallar gününi bellemek pikirini öňe sürdi. Aýal-gyzlar gününi her ýurtda her gün bir günde bellemegi teklip etdi. Bu baýramçylygyň maksady Zetkin aýallaryň hukuklary ugrundaky göreşini atlandyrdy.
1857-nji ýylyň 8-nji martynda Nýu-Yorkorkda dokma işgärleriniň ilkinji “boş küýzeleriň ýörişi” Halkara aýallar gününi bellemek üçin zerur şertleriň birine öwrüldi diýen pikir bar.
Bu dynç alyş, 1975-nji ýylda BMG-nyň karary bilen "Halkara aýallar güni" resmi statusyna eýe boldy we şondan bäri her ýyl BMG tarapyndan Halkara aýal-gyzlar hukuklary we halkara parahatçylyk güni hökmünde bellenilip geçilýär we her ýyl belli bir mowzuga bagyşlanýar.
Bu gün ähli çäklerden ýa-da etnik, dil, medeni, ykdysady we syýasy tapawutlar bilen bölünen ähli yklymlardan gelen aýallar bir ýere jemlenip, deňlik, adalat, parahatçylyk we iň azyndan birnäçe onýyllyk göreşini görkezýän däbi ýada salmaga mümkinçilik alýarlar. ösüş.
Gadymy Gresiýada Lysistrata urşy bes etmek üçin erkeklere garşy jyns taýdan hüjüm gurady; Fransuz ynkylaby döwründe “azatlygy, deňligi we doganlygy” goldaýan Pari Parisli aýallar Wersalda aýallaryň saýlaw hukugyny talap etmek üçin ýöriş guradylar.
Halkara Aýal-gyzlar güni, taryhy döreden ähli aýallaryň baýramçylygydyr. Aýallaryň köp ugurda pioner bolandyklary geň däldir - bular diňe "ilkinji" aýal tarapyndan birleşdirilen käbir faktlar. 1906-njy ýylyň ýanwar aýynda Sankt-Peterburgda aýallar üçin ilkinji rus ýokary okuw mekdebi açyldy; 1909-njy ýylyň ýanwar aýynda dünýäde ilkinji zenan awtoulag ýaryşy Nýu-Yorkorkda başlandy; 1989-njy ýylyň aprelinde zenan Wiwaldi orkestriniň ilkinji çykyşy boldy.
Häzirki zaman jemgyýetinde, ilkinji nobatda, Halkara Aýal-gyzlar güni, bahar we aýal-gyzlaryň ünsüni özüne çekýän baýramçylykdyr, şonda adamzadyň güýçli ýarysynyň wekilleri söýgüli we ýerli aýal-gyzlara sowgat we alada bilen ýene bir gezek göwnünden turup bilerler
5
341
sahet_ashyrov
10.03.2020 13:40
(Hekaýa)
— Ertir ahyrzaman geljegini bilseň, näderdiň?
— Näderdim?.. Oýun edýäňm-aý?
— Ýok.
— Bilmedim-dä.. Bu hakda oýlanybam görmändirin.
Ol özüne kofe guýundy. Bir gyrajykdaky halynyň üstünde, ýaşylymtyl çyranyň güýçli
ýagtysynda iki gyzy kubiklerden nämedir bir zat ýasap otyrdylar. Ýaňyja gaýnadylan kofeniň
ýakymly ysy myhman otagyny gaplap alypdy. Ol:
— Onda oýlanara çen boldumyka diýýän — diýdi.
— Seň çynyňmy?
Ol baş atdy.
— Uruşmy?
“Ýok” diýen äheňde ol başyny ýaýkady.
— Atom ýa wodorod bombasymy?
— Ýok.
— Onda bakteriologik söweşmi?
Ol çemçe bilen kofesini bulap durşuna:
— Aý, ýok-laý, beýle zatlar däl-le — diýdi. — Ýöne bir, nähili düşündireýin, soňky nokady
goýara wagt boldy.
— Näme diýjek bolýanyňa düşünýän däldirin men-ä.
—Dogrymy aýtsam, özümem düşünibilemok, ýöne göwnüme şeýle duýulýar. Meni şeýle bir
gorky basmarlaýar, sähel salym geçmänkä hem ondan nam-nyşan galanok, ynjalýan. — Ol
gyzlaryna seretdi, olaryň altynsöw saçlary çyranyň ýagtysyna öwşün atýardy. — Saňa başda
aýtmadym, bu mundan dört gün öň bolupdy.
— Näme?
— Düýş gördüm. Düýşümde gulagyma: “Ýakynda hemme zat gutarar” diýen ses geldi.
Düýbünden nätanyş ses. Onuň aýtmagyna görä, Ýerdäki zatlyň barynyňsoňy gelipmiş. Ertesi
bu ýaramaz düýşi unutdym edip, işe ugradym, barsam, Sten Uillis penjiräniň öňünde oýa
batyp oturan eken. “Nämäň arzuwyny edýäň how, Sten?” diýdim. Sten: “Men şeýlebir düýş
gördüm welin…” diýip, söze başlandan, men eýýäm ol görlen düýşüň näme hakdadygyna
düşündim. Şol wagt men öz düýşüni onuň özüne gürrüň beribem biljekdim. Ýöne barybir ol-a
gürrüň berdi, menem diňledim.
— Onuň görenem seniň düýşüň bilen meňzeşjemi?
— Hawa, nokatma-nokat.
Men Stene özümiňem şeýle düýş görendigimi aýtdym. Aýdanlarym ony geňirgendirmedem,
gaýta biraz arkaýynlaşdy. Soň bolsa bilesigelijilik bilen, iki bolup, tutuş edarany aýlanyp
çykdyk. Bu öz-özünden şeýle boldy. Biz: “Ýör, hany, aýlanyp göreli, kim näme diýýä” diýmedigem ýogsam. Barsak, kim stoluna, kim ellerine, kim bolsa penjirä bakyp, lal-jim
bolup otyrlar. Käbirleri bilen men, käbirleri bilen bolsa Sten gürleşip gördi.
— Her kim şol bir düýşi görüpmi?
— Hawa, eddiljek şol düýşi.
— Onsoň, senem şoňa ynanýaňmy?
— Ynanýan. Özem öň hiç wagt özümi şeýle ynamly duýup görmändim.
— Ýeri, onsoň, haçan bolmaly indi ol? Haçan bar zat gutarýar?
— Bizde — şu gije. Sagat näçelerdedigini welin bilemok. Soň, Günüň ýaşyşyna görä, beýleki
ýerlerde. Ýer aýlanýar ahyryn. Bir gije-gündizde bar zat gutarar.
Olar kofe içmesinem goýup, birsalym doňup oturdylar. Soň bolsa biri-birine bakyp, kofeden
owurtladylar. Aýaly:
— Haýsy günämiz üçin beýle bolýarka? — diýip, ýoldaşyna ýüzlendi.
— Günämiz barmy, ýokmy — gep onda däl, biziňki hälki bir çüwmedi. Sen aýdýanlaryma
garşy çykjagam bolaňok welin, näme boldy? Eýgilikmi beri?
— Garşy çykmanymyň sebäbi bar.
— Biziň edaramyzdaky ýaly sebäpmi?
Ol ýuwaşja baş atdy.
— Saňa aýtjak däldim. Mähellämiziň aýal-ebtatlary günuzyn şuň gürrüňini etdi. Olaram
şeýle düýşi görüpdirler. Men bu ýöne bir gabat geläýen zatdyr öýdýärdim. — Ol stoluň
üstünden düýnki gazeti aldy. — Bärde bolsa hiç zat aýdylmandyr.
— Şeýle-de hemme bilýär-ä. — Ol aýalyna synçylyk bilen seretdi. — Gorkýaňmy?
— Ýok. Menem öňler gorkaryn öýdýärdim, ýöne gorkamok.
— Bize mydama jan saklamak ugrunda göreş duýgusy hakda düşündirýärdiler, hany indi şol
duýgy? Nirede?
— Bilmedim. Hemme zadyň dogrudygyny bilýärkäň, özüňi ýitirilmeýän bolmaly. Bärde
hemme zat dogry. Nähili ýaşandygymyzy nazarda tutsak, şeýle bolmagy hem gerekdi.
— Näme, biz şo derejede erbetmi?
— Ýok. Erbet däl. Ýöne gaty bir gowam däl. Belki belaň körügem şondadyr — biziň agyz
dolduryp aýdarlyk bitiren zadymyzam ýok, biz diňe öz başymyza gaý bolup, özümiz bilen
gümra bolup gezdik, ýöne dünýäde ençeme adam halys başyna gördi, olar, gör, nämeleri
döretmediler!
Myhman jaýdan gyzjagazlarynyň gülküsi eşidildi.
— Men hemişe-de şeýle ýagdaý ýüze çykaýsa, hemmeler gaçyp, köçä çykarlar öýdýärdim.
— A men beýle pikir edemok. Çünki ýagdaýy üýtgedip bilmeýärkäň, yzanda-çuwanlykdan nä
peýda?!
— Bilýäňmi näme, men diňe senden, gyzlarymdan jyda düşmeli bolýanyma gynanýan. Şäher
durmuşyny, işimi hiç haçanam söýmändim. Jinnek ýaljak hem. Siziň üçiňizden başga hiç
kimi, hiç zady. Men hiç zada puşman edemok, emma yssy howada bir gultum suw içip, soňam birsalym irkilip bolaýjak şuňa meňzeş ýene bir güni görsek, kem bolmazdy. Haýran,
biz nädip şeýle zatlar hakda oturyp, arkaýyn gürleşip bilýärkäk?
— Elimizden başga zat gelmese näme!
— Hawa, sen mamla. Eger elimizden bir zat geljegini bilsek, gol gowşuryp oturmazdyk.
Megerem, bu gün taryhda her bir adamyň ertir özüne näme boljagyny bilýän ýeke-täk güni
bolsa gerek.
— Eýsem, häzir, agşamara, ýakyn sagatlarda adamlar näme bilen meşgullanarkalar?
— Näme bolar öýdýäň, kino giderler, radio diňlärler, telewizora tomaşa ederler, çagalaryny
ýatyrarlar, soňam özleri ýatmaga giderler. Hemişe bolşy ýaly.
— Muňa buýsanmak gerekmikä diýýän — hemmeleriň öňki bolşy.
Olar bir minut çemesi ümsüm oturdylar. Soň ýoldaşy özüne ýene kofe guýundy.
— Sen nähili pikirde, bu näme üçin hut şu gün bolmalyka?
— Sebäbi — şol.
— Näme üçin başga bir gün däl? Näme üçin geçen asyr ýa-da bäş ýüz, müň ýyl öň däl?
— Megerem, şu wagta çenli şeýle gün — bir müň dokuz ýüz altmyş dokuzynjy ýylyň on
dokuzynjy oktýabry bolan däldir. Ine, indi şol gün geldi. Bolany. Bu gün aýratyn gün, sebäbi
şu ýyl dünýäde ýagdaýlar şeýlebir agyrlaşdy welin, başgaça bolmagy mümkin hem däldi.
Kyýamat başymyza, ine, näme üçin geldi!
— Bu günki gün ummanyň iki tarapynda hem bombalaýjy samolýotlar uçuşa taýýarlanýarlar,
indi olar gaýdyp ýere gonup bilmezler.
— Ana, şolaryňam goşandy ýok däl.
— Nätjek-dä — diýip, ol ýerinden turdy. — Näme edeli, gap-gaçlary ýuwarysmy?
Olar bile gap-gaçlary ýuwup, aşhanany tertibe salyşdyrdylar. Hemişeki ýaly. Sagat dokuzyň
ýarynda gyzlaryny ýatyrmak üçin ýerine geçirdiler, taýly gezek ogşadylar, gülçyranam
ýakdylar, çykanlarynda hem otagyň gapysyny çalaja açyp goýdular.
Ýoldaşy otagdan çykyp, gapynyň tutawajyndan tutup durşuna:
— Bilmedim… — diýdi.
— Näme diýýäň?
— Gapyny doly ýapsammykam ýa biraz açyk galaýsynmy, ýagty düşer ýaly?
— Belki eýýäm çagalaram bilýändir?
— Ýok, bilýän däldirler.
Olar oturyp gazet okadylar, gümür-ýamyr etdiler, radio diňlediler, soňra bolsa kaminde
kömrüň dym-gyzyl közüne seredip oturdylar. Sagadyň dilleri on biriň ýaryny görkezýärdi.
Soň on biri görkezdi. Soň bolsa on ikiniň ýaryny. Olar dünýädäki beýleki adamlar hakda
pikir etdiler: bu gijäni kim nähili geçirerkä? Her kim özüçe!
— Näme, başa geleni göz görmeli bolýa — diýip, ahyr soňy ol dillendi.
— Her niçik, bile erbet ýaşamadyk.
— Aglasyň gelýämi? — diýip, ol aýalyndan sorady.
— Ýok-la.
Olar tirkeşip, öýüň bar ýerine aýlanyp çykdylar, çyralary söndürdiler, ýatylýan otaga gelip,
ýatuw geýimine geçdiler. Otagyň içi salkynam bolsa, peji ýakmadylar, ýorganam bir gyra
serpdiler.
— Örtginiň ýakymlydygyny!
— Men ýadadym.
— Hemmämizem ýadadyk.
Olar ýatdylar. Aýaly birden:
— Ýekeje minut — diýdi. Ýerinden galdy-da, aşhana gitdi. Hä diýmänem yzyna geldi. — Suwy
ýapmagy unudaýan ekenim.
Muňa ýoldaşynyň gülküsi tutdy. Ol biygtyýar gülüp goýberdi.
Aýalam güldi. Dogrudanam bu juda gülkünçdi. Soň olaryň ikisem gülmesini goýdular-da, el
tutuşyp, ýaňagy-ýaňaga goýup, sowuk örtginiň üstünde ýanma-ýan ýatdylar. Birsalymdanam
ol aýalyna:
— Gijäň rahat! — diýdi.
— Gijäň rahat!
Rey Bredberi
"Ahyrzamanyñ öñ ýanyndaky gije"
6
693
sahet_ashyrov
06.03.2020 13:29
Bagyşla bizni.
Galam alyp elime, ýazdym şeýle namany.
Ýaradan Perwerdigär, ýetirdiñ bize Kurany.
Bäş wagtyna Namaz okap, eýledik sežde häli.
Ýaradan uýýas saña, açyk et ýollarymyzy.
Geç günämiz bar bolsa, Allam bagyşla bizni.
Din sütüni Muhammet, berdi bize Yslamy.
Aly gylyjyn syryp, Bilal aýtdy Azany.
Sahawalar ýaýratdy, tutuş dünýä Yslamy.
Guý gursaga wyźdany, kalba guý sen imany.
Geç günämiz bar bolsa, Allam bagyşla bizni.
Din ugrunda göreşdi, ençe ärler hem şirler.
Yslam üçin janlarny goýdular orta şirler.
Medreseler gurdular, talyp okatdy Pirler.
Türkmen topragyna gelip bilim berdiler Pirler.
Geç günämiz bar bolsa, Allam bagyşla bizni.
Awtory: özüm
05.03.2020ý.
6
812
sahet_ashyrov
06.03.2020 13:29
Bagyşla bizni.
Galam alyp elime, ýazdym şeýle namany.
Ýaradan Perwerdigär, ýetirdiñ bize Kurany.
Bäş wagtyna Namaz okap, eýledik sežde häli.
Ýaradan uýýas saña, açyk et ýollarymyzy.
Geç günämiz bar bolsa, Allam bagyşla bizni.
Din sütüni Muhammet, berdi bize Yslamy.
Aly gylyjyn syryp, Bilal aýtdy Azany.
Sahawalar ýaýratdy, tutuş dünýä Yslamy.
Guý gursaga wyźdany, kalba guý sen imany.
Geç günämiz bar bolsa, Allam bagyşla bizni.
Din ugrunda göreşdi, ençe ärler hem şirler.
Yslam üçin janlarny goýdular orta şirler.
Medreseler gurdular, talyp okatdy Pirler.
Türkmen topragyna gelip bilim berdiler Pirler.
Geç günämiz bar bolsa, Allam bagyşla bizni.
Awtory: özüm
05.03.2020ý.
5
316