(Hekaýa)
— Ertir ahyrzaman geljegini bilseň, näderdiň?
— Näderdim?.. Oýun edýäňm-aý?
— Ýok.
— Bilmedim-dä.. Bu hakda oýlanybam görmändirin.
Ol özüne kofe guýundy. Bir gyrajykdaky halynyň üstünde, ýaşylymtyl çyranyň güýçli
ýagtysynda iki gyzy kubiklerden nämedir bir zat ýasap otyrdylar. Ýaňyja gaýnadylan kofeniň
ýakymly ysy myhman otagyny gaplap alypdy. Ol:
— Onda oýlanara çen boldumyka diýýän — diýdi.
— Seň çynyňmy?
Ol baş atdy.
— Uruşmy?
“Ýok” diýen äheňde ol başyny ýaýkady.
— Atom ýa wodorod bombasymy?
— Ýok.
— Onda bakteriologik söweşmi?
Ol çemçe bilen kofesini bulap durşuna:
— Aý, ýok-laý, beýle zatlar däl-le — diýdi. — Ýöne bir, nähili düşündireýin, soňky nokady
goýara wagt boldy.
— Näme diýjek bolýanyňa düşünýän däldirin men-ä.
—Dogrymy aýtsam, özümem düşünibilemok, ýöne göwnüme şeýle duýulýar. Meni şeýle bir
gorky basmarlaýar, sähel salym geçmänkä hem ondan nam-nyşan galanok, ynjalýan. — Ol
gyzlaryna seretdi, olaryň altynsöw saçlary çyranyň ýagtysyna öwşün atýardy. — Saňa başda
aýtmadym, bu mundan dört gün öň bolupdy.
— Näme?
— Düýş gördüm. Düýşümde gulagyma: “Ýakynda hemme zat gutarar” diýen ses geldi.
Düýbünden nätanyş ses. Onuň aýtmagyna görä, Ýerdäki zatlyň barynyňsoňy gelipmiş. Ertesi
bu ýaramaz düýşi unutdym edip, işe ugradym, barsam, Sten Uillis penjiräniň öňünde oýa
batyp oturan eken. “Nämäň arzuwyny edýäň how, Sten?” diýdim. Sten: “Men şeýlebir düýş
gördüm welin…” diýip, söze başlandan, men eýýäm ol görlen düýşüň näme hakdadygyna
düşündim. Şol wagt men öz düýşüni onuň özüne gürrüň beribem biljekdim. Ýöne barybir ol-a
gürrüň berdi, menem diňledim.
— Onuň görenem seniň düýşüň bilen meňzeşjemi?
— Hawa, nokatma-nokat.
Men Stene özümiňem şeýle düýş görendigimi aýtdym. Aýdanlarym ony geňirgendirmedem,
gaýta biraz arkaýynlaşdy. Soň bolsa bilesigelijilik bilen, iki bolup, tutuş edarany aýlanyp
çykdyk. Bu öz-özünden şeýle boldy. Biz: “Ýör, hany, aýlanyp göreli, kim näme diýýä” diýmedigem ýogsam. Barsak, kim stoluna, kim ellerine, kim bolsa penjirä bakyp, lal-jim
bolup otyrlar. Käbirleri bilen men, käbirleri bilen bolsa Sten gürleşip gördi.
— Her kim şol bir düýşi görüpmi?
— Hawa, eddiljek şol düýşi.
— Onsoň, senem şoňa ynanýaňmy?
— Ynanýan. Özem öň hiç wagt özümi şeýle ynamly duýup görmändim.
— Ýeri, onsoň, haçan bolmaly indi ol? Haçan bar zat gutarýar?
— Bizde — şu gije. Sagat näçelerdedigini welin bilemok. Soň, Günüň ýaşyşyna görä, beýleki
ýerlerde. Ýer aýlanýar ahyryn. Bir gije-gündizde bar zat gutarar.
Olar kofe içmesinem goýup, birsalym doňup oturdylar. Soň bolsa biri-birine bakyp, kofeden
owurtladylar. Aýaly:
— Haýsy günämiz üçin beýle bolýarka? — diýip, ýoldaşyna ýüzlendi.
— Günämiz barmy, ýokmy — gep onda däl, biziňki hälki bir çüwmedi. Sen aýdýanlaryma
garşy çykjagam bolaňok welin, näme boldy? Eýgilikmi beri?
— Garşy çykmanymyň sebäbi bar.
— Biziň edaramyzdaky ýaly sebäpmi?
Ol ýuwaşja baş atdy.
— Saňa aýtjak däldim. Mähellämiziň aýal-ebtatlary günuzyn şuň gürrüňini etdi. Olaram
şeýle düýşi görüpdirler. Men bu ýöne bir gabat geläýen zatdyr öýdýärdim. — Ol stoluň
üstünden düýnki gazeti aldy. — Bärde bolsa hiç zat aýdylmandyr.
— Şeýle-de hemme bilýär-ä. — Ol aýalyna synçylyk bilen seretdi. — Gorkýaňmy?
— Ýok. Menem öňler gorkaryn öýdýärdim, ýöne gorkamok.
— Bize mydama jan saklamak ugrunda göreş duýgusy hakda düşündirýärdiler, hany indi şol
duýgy? Nirede?
— Bilmedim. Hemme zadyň dogrudygyny bilýärkäň, özüňi ýitirilmeýän bolmaly. Bärde
hemme zat dogry. Nähili ýaşandygymyzy nazarda tutsak, şeýle bolmagy hem gerekdi.
— Näme, biz şo derejede erbetmi?
— Ýok. Erbet däl. Ýöne gaty bir gowam däl. Belki belaň körügem şondadyr — biziň agyz
dolduryp aýdarlyk bitiren zadymyzam ýok, biz diňe öz başymyza gaý bolup, özümiz bilen
gümra bolup gezdik, ýöne dünýäde ençeme adam halys başyna gördi, olar, gör, nämeleri
döretmediler!
Myhman jaýdan gyzjagazlarynyň gülküsi eşidildi.
— Men hemişe-de şeýle ýagdaý ýüze çykaýsa, hemmeler gaçyp, köçä çykarlar öýdýärdim.
— A men beýle pikir edemok. Çünki ýagdaýy üýtgedip bilmeýärkäň, yzanda-çuwanlykdan nä
peýda?!
— Bilýäňmi näme, men diňe senden, gyzlarymdan jyda düşmeli bolýanyma gynanýan. Şäher
durmuşyny, işimi hiç haçanam söýmändim. Jinnek ýaljak hem. Siziň üçiňizden başga hiç
kimi, hiç zady. Men hiç zada puşman edemok, emma yssy howada bir gultum suw içip, soňam birsalym irkilip bolaýjak şuňa meňzeş ýene bir güni görsek, kem bolmazdy. Haýran,
biz nädip şeýle zatlar hakda oturyp, arkaýyn gürleşip bilýärkäk?
— Elimizden başga zat gelmese näme!
— Hawa, sen mamla. Eger elimizden bir zat geljegini bilsek, gol gowşuryp oturmazdyk.
Megerem, bu gün taryhda her bir adamyň ertir özüne näme boljagyny bilýän ýeke-täk güni
bolsa gerek.
— Eýsem, häzir, agşamara, ýakyn sagatlarda adamlar näme bilen meşgullanarkalar?
— Näme bolar öýdýäň, kino giderler, radio diňlärler, telewizora tomaşa ederler, çagalaryny
ýatyrarlar, soňam özleri ýatmaga giderler. Hemişe bolşy ýaly.
— Muňa buýsanmak gerekmikä diýýän — hemmeleriň öňki bolşy.
Olar bir minut çemesi ümsüm oturdylar. Soň ýoldaşy özüne ýene kofe guýundy.
— Sen nähili pikirde, bu näme üçin hut şu gün bolmalyka?
— Sebäbi — şol.
— Näme üçin başga bir gün däl? Näme üçin geçen asyr ýa-da bäş ýüz, müň ýyl öň däl?
— Megerem, şu wagta çenli şeýle gün — bir müň dokuz ýüz altmyş dokuzynjy ýylyň on
dokuzynjy oktýabry bolan däldir. Ine, indi şol gün geldi. Bolany. Bu gün aýratyn gün, sebäbi
şu ýyl dünýäde ýagdaýlar şeýlebir agyrlaşdy welin, başgaça bolmagy mümkin hem däldi.
Kyýamat başymyza, ine, näme üçin geldi!
— Bu günki gün ummanyň iki tarapynda hem bombalaýjy samolýotlar uçuşa taýýarlanýarlar,
indi olar gaýdyp ýere gonup bilmezler.
— Ana, şolaryňam goşandy ýok däl.
— Nätjek-dä — diýip, ol ýerinden turdy. — Näme edeli, gap-gaçlary ýuwarysmy?
Olar bile gap-gaçlary ýuwup, aşhanany tertibe salyşdyrdylar. Hemişeki ýaly. Sagat dokuzyň
ýarynda gyzlaryny ýatyrmak üçin ýerine geçirdiler, taýly gezek ogşadylar, gülçyranam
ýakdylar, çykanlarynda hem otagyň gapysyny çalaja açyp goýdular.
Ýoldaşy otagdan çykyp, gapynyň tutawajyndan tutup durşuna:
— Bilmedim… — diýdi.
— Näme diýýäň?
— Gapyny doly ýapsammykam ýa biraz açyk galaýsynmy, ýagty düşer ýaly?
— Belki eýýäm çagalaram bilýändir?
— Ýok, bilýän däldirler.
Olar oturyp gazet okadylar, gümür-ýamyr etdiler, radio diňlediler, soňra bolsa kaminde
kömrüň dym-gyzyl közüne seredip oturdylar. Sagadyň dilleri on biriň ýaryny görkezýärdi.
Soň on biri görkezdi. Soň bolsa on ikiniň ýaryny. Olar dünýädäki beýleki adamlar hakda
pikir etdiler: bu gijäni kim nähili geçirerkä? Her kim özüçe!
— Näme, başa geleni göz görmeli bolýa — diýip, ahyr soňy ol dillendi.
— Her niçik, bile erbet ýaşamadyk.
— Aglasyň gelýämi? — diýip, ol aýalyndan sorady.
— Ýok-la.
Olar tirkeşip, öýüň bar ýerine aýlanyp çykdylar, çyralary söndürdiler, ýatylýan otaga gelip,
ýatuw geýimine geçdiler. Otagyň içi salkynam bolsa, peji ýakmadylar, ýorganam bir gyra
serpdiler.
— Örtginiň ýakymlydygyny!
— Men ýadadym.
— Hemmämizem ýadadyk.
Olar ýatdylar. Aýaly birden:
— Ýekeje minut — diýdi. Ýerinden galdy-da, aşhana gitdi. Hä diýmänem yzyna geldi. — Suwy
ýapmagy unudaýan ekenim.
Muňa ýoldaşynyň gülküsi tutdy. Ol biygtyýar gülüp goýberdi.
Aýalam güldi. Dogrudanam bu juda gülkünçdi. Soň olaryň ikisem gülmesini goýdular-da, el
tutuşyp, ýaňagy-ýaňaga goýup, sowuk örtginiň üstünde ýanma-ýan ýatdylar. Birsalymdanam
ol aýalyna:
— Gijäň rahat! — diýdi.
— Gijäň rahat!
Rey Bredberi
"Ahyrzamanyñ öñ ýanyndaky gije"