sahet_ashyrov
06.03.2020 13:29
Bagyşla bizni.

Galam alyp elime, ýazdym şeýle namany.
Ýaradan Perwerdigär, ýetirdiñ bize Kurany.
Bäş wagtyna Namaz okap, eýledik sežde häli.
Ýaradan uýýas saña, açyk et ýollarymyzy.
Geç günämiz bar bolsa, Allam bagyşla bizni.

Din sütüni Muhammet, berdi bize Yslamy.
Aly gylyjyn syryp, Bilal aýtdy Azany.
Sahawalar ýaýratdy, tutuş dünýä Yslamy.
Guý gursaga wyźdany, kalba guý sen imany.
Geç günämiz bar bolsa, Allam bagyşla bizni.

Din ugrunda göreşdi, ençe ärler hem şirler.
Yslam üçin janlarny goýdular orta şirler.
Medreseler gurdular, talyp okatdy Pirler.
Türkmen topragyna gelip bilim berdiler Pirler.
Geç günämiz bar bolsa, Allam bagyşla bizni.

Awtory: özüm
05.03.2020ý.
6
812
Myhman Myhman
26 Aprel 2020
Gaty gowy!
Myhman Myhman
10 Mart 2020
Gowy ýazylypdyr ýône soñky bentde bilim sôzüni pata diýip gôr has ýerine dûşerdi
Aycicek
6 Mart 2020
Diyseň gowy?
Kumush
6 Mart 2020
berekella oran govy gosgy duzupsiniz!!!
Myhman Myhman
6 Mart 2020
Gowy duzupsiniz galamynyzyn ujy yiti bolsun✏✏✏??(Fatima)
Myhman Myhman
6 Mart 2020
Sayrak gushjagaz, gowy goshgy yazypsyñ. Magtymgulynyñ goshgysyny birbada yadyña salyan bu goshgy yslamy dushunjeler bn yazylypfyr. Shygyr akgynly okalyar. Okap otyrkañ, birhili, hiñlenip okanyñy fuyman galyarsyñ.
Sayrak guşjagaz
6 Mart 2020
Gaty manyly.Tuveleme
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.