sahet_ashyrov
05.08.2020 09:24
Yhlassyz edilen toba kezzaplaryň tobasydyr.

Ebu Bekir
23
478
sahet_ashyrov
05.08.2020 09:22
Dowamy (2)...

Patyşa bolsa, gyz bilen tüni-gün keýpi-sapa we aýşy-eşrete meşgul bolup, raýatyň hal-ahwalyndan, goşunyň düzgün-tertibinden we goşunbaşynyň mekir-hilesinden gapyl galdy. Şeýlelikde, duşman pursat tapyp, patyşanyň ili elinden çykdy. Goşunbaşy uly serkerdeleri çagyryp, mejlis gurdy hem-de:
– Size bir sözüm bar, ony ýaşyryn saklamalysyňyz we bu syry hiç kime aýan etmeli dälsiňiz – diýdi.
Serkerdeler ýüzlerini ýere goýup:
– Siziň buýrugyňyzdan daşary gadam urmagy ýa-da siziň islemedik ýeriňizde görünmegi Alla görkezmäwersin. Çünki munça ýagşylygyň ählisini diňe sizden görendiris. Biz sizi patyşa diýip bilýäris – diýdiler.
Goşunbaşy olardan bu sözi eşidende:
– Siz özüňiz bilýärsiňiz, uşbu iliň (eýligiň) zähmetini we derdi-belasyny biz çekýäris. Tikenini giderip, gül dikdik. Emma rahatyny patyşa görýär hem gülüni ol tirýär. Bu welaýaty her hili çäreler bilen men eýeläpdim. Gördüňiz, ahyrynda maňa nämeler etdi. Ýüzümiň suwun ýere döküp, at-abraýym ýere çaldy. Halk arasynda meni şermisar eýledi. Indi siziň bilen nämeler etjegi belli däldir – diýip, gözünden ýaşyny rowan eýledi.
Goşunbaşylar, begler muny eşidenlerinde, bary birden agyz açyp, dil ýaryp:
– Biz ençe wagtdan bäri bu işe çäre tapman, gussa deňzine gark bolup ýörendiris. Indi wagt boldy, jäht edip, bu patyşany ýer astyna sokalyň – diýdiler.
Goşunbaşy şobada hazynasyny açyp, olara halatlar bagyşlady. Soňra patyşadan ýüz dönderip, oňa garşy goşun çekip ýöriş etdi. Patyşa muny eşidip, gussa deňzine gark boldy. Öňküler: «Şöhwet keýpi bir pursat, gaýgy-gamy has uzak» ýa-da: «Eý, niçe adam ogly şöhwet odundan uzak gama düşendir» diýip, ne ýagşy aýdypdyrlar.
Patyşa bu işi düzedip bilmejegini we çarhypelegiň döwlet täjini gaýry bir kişiniň başyna geýdirjegini bilensoň haýran galyp, köşgüne girdi. Soňra goşunbaşynyň gyzyna garap:
– Eý, janymyň jany! Uşbu pitne seniň yşkyň belasyndan gopdy. Indi näme ederis, munuň çäresi nedir?! Çarhypelek ýüzüni çytar, kimi inderer, kimi agdarar. Bu işiň soňy düzeler diýip, hiç hili umyt etmeýärin – diýdi.
Goşunbaşynyň gyzy:
– Eger beýle bolsa, onda maslahat şeýle: Il-welaýaty terk edip, bir patyşanyň saýasyna penalanalyň. Çünki: «Güýji ýetmedik ýerden gaçmak pygamberleriň ýörelgelerindendir» diýipdirler – diýdi.
Bu patyşanyň köşgünde bir gizlin gapy bardy. Ol sähra garşy açylýardy. Olar şol gapyny açyp, biraz baýlyk alyp, ata mündüler. Ýolsuz ýerlere we aňyrsy-bärsi görünmeýän uzak sähralara düşdüler. Ajaplaryň ajaby hem şudur: Bu gorkudyr howp arasynda, bu mähnetdir muşakgat içinde ýaňky gyzyň burgusy tutýar. Çünki ol ýüklüdi. Onuň burgusy has güýçlenýär. Bu ýerde ne iş buýrara garabaş bar, ne aladasyny edere eneke (göbegene) bar, ne-de gussasyz iýip-içere aş-suw bar. Biçäre bolup galansoň, atyndan düşüp, toprak üstüne süýnüp, bir daşa söenýär. Içinden oglan agyrysy, yzyndan jan gorkusy birleşip, gözlerinden hasrat ýaşy akýardy. Patyşa ony görüp, atyndan aşak indi. Gyzyň başyny dyzynyň üstüne alyp:
– Gaýrat, etgil, gideliň – diýdi.
Onda aýaly:
– Eý, janym! Eger güýjüm ýetsedi, başymy elime alyp, ölüme razylyk bermezdim. Seniň başyňdan bir gyl egsilenden, men kibi ýüz müň garabaş seniň ýoluňda pida bolsun – diýdi.
Onda patyşa:
– Eý, janymyň jany! Patyşalyk we mülk-u malymyň bary sensiň. Olary seniň üçin terk etdim. Seni nädip terk edeýin?! Taňrynyň takdyryna boýun bereliň, başymyza her näme gelse, hoşlukda kabul edeli – diýdi.

Dowamy bar...
3
138
sahet_ashyrov
04.08.2020 16:39
Samsyk adamyň ýalňyşlyklaryny akylly sapak edinmelidir.

Ebu Bekir.
31
972
sahet_ashyrov
04.08.2020 08:53
Hormatly Owrenmeli portalyny doredijiler! Men post goyjak bolamda kategoriyany saylap bilemok, kyn gormeseniz duzedayin! Ceper eserlere goyup bilemok, gosgular ya manyly sozlere goyup bolya, mumkin bolsa duzedis edayseniz!

Ajayyp eserler
2
116
sahet_ashyrov
04.08.2020 08:43
BAGTYÝARYŇ DÜNÝÄ INIŞI

Ajam welaýatynda bir uly patyşa bardy. Adyllyk we adalatlylyk zynaty bilen bezelendi. Sistan sebitlerinden tä Kiş deňzine we Ommana çenli ähli ýerler onuň hökümi astyndady. Ol patyşanyň on sany akylly we dana weziri bardy. Olaryň ählisi ylym-hünär eýeleridi. Onuň bir goşunbaşysy hem bardy, dünýäde taýy ýokdy. Emma örän kineçidi. Her kimden ýekeje gezek ynjasa, aýlap-ýyllap, ony köňlünden çykarmazdy. Onuň ýalňyz bir gyzy bardy. Dünýäni diňe şol gyz bilen görerdi. Gözellikde we görmegeýlikde älemde ol gyzyň taýy ýokdy. Bir gün ol goşunbaşy özüniň il-ýurduna gitdi. Birnäçe wagt ol ýerde eglendi. Onsoň gyzyny göresi gelip, özüniň ynamdar kişilerinden birküç kişini iberip:
– Baryň gyzymy getiriň, ony göresim gelýär – diýdi.
Olar gelip, altyndan, zerden bir kejebe ýasap, ony hünjüler we gymmatbahaly daşlar bilen bezediler. Gyzy kejebä salyp, agyr bizler bilen örtüp aldylar-da, şäherden çykdylar. Ol gün patyşa şäherden daşarda aw-awlap ýördi. Görse, bir kejebäni dürli-dürli bizler we göwher bezegli guşaklar bilen bezäp, alyp barýarlar. Patyşa gullaryna:
– Baryň, ol kejebe haýsy begiňkidir, sorap görüň – diýdi.
Kejebäniň hyzmatkärleri gulamlaryň gelýändigini görüp, öňlerinden çykyp, habarlaşdylar. Gulamlar habarlaşanlaryndan soňra yzlaryna dönüp, patyşa habar berdiler. Patyşa gyzyň atasyna habar ýollamak üçin olara garşy at başyny burdy. Hyzmatkärler onuň öňünden çykyp, ýüzlerini ýere urup, tagzym etdiler. Patyşa olara aýtmaly habaryny aýdyp durka, birden bir şemal gelip, kejebäniň örtügini açypdyr welin, gyzyň güler ýüzli jemaly bulutdan çykan aý kibi sährany nurlandyrypdyr. Patyşa ony görüp, haýrana galýar. Köňül guşy gyzyň duzagyna giriftar bolup, özüni gyzyň üstüne oklamak isleýär. Emma sabyr edýär. Yşk ody patyşanyň köňlüne ot salansoň düýäniň ýüpüne ýapyşýar hem-de hyzmatkärlere bakyp:
– Bu gyzyň yşky meni däli eýledi. Baryň, atasyna aýdyň, bu gyz maňa laýykdyr. Ony maňa bersin, halalym edineýin. Munuň kibi sahypjemala meniň kibi hyrydar gerekdir – diýýär.
Hyzmatkärler ýüzlerini ýere berip:
– Patyşa näme buýursa, şol maslahatdyr. Emma, eger gyzy şu ýerden alyp gitseň göripler göripçilik bilen gep ederler hem-de: «Gyz atasynyň ýanyna barýarka, patyşa ony zor bilen alypdyr» diýerler. Maslahat şeýle, gowusy, perman beriň, atasynyň gaşyna barsyn. Atasy güýjüniň ýetdiginden şaý-sepini düzedip, patyşa hezretlerine gelinlik edip ibersin. Häzir almagyň rowa däldir. Sabyr rahmandan, äwmek şeýtandan diýipdirler – diýdiler.
Hyzmatkäriň öwüt-ündewi patyşanyň köňlüne hoş gelmän, ol hyzmatkäri öldürmek isledi. Ýene-de köňlünde:
– Birden, magşugymyň köňli menden ynjasa bolmaz – diýip, hyzmatkäri duran ýerinde goýdy we düýäni iýtdirip, şähere getirdi. Şäheriň kazysyny çagyrdyp, gyzdan söz aldylar we şerigata laýyk nika gyýdylar.
Hyzmatkär gyzyň atasynyň gaşyna baryp, gören-eşiden zatlaryny birin-birin beýan etdi. Şobada goşunbaşynyň ýüregine gan dolup, gözlerinden ýaş ýerine gan akdy. Emma daşyndan hiç zat diýmedi. Çünki ol jahan görmüş – tejribeli garry gurtdy. Şonuň üçin ol derrew nama ýazyp, dürli-dürli sowgat-serpaýlar iberip, toýuny gutlady hem-de: «Men bu döwlete laýyk däldirin. Emma patyşa soňsuz keremi bilen meniň başymy göge ýetirdi. Bu işiň şükranasy üçin eger janymy bersem hem az bolar. Biz hem birküç günden şol uly dergähe ýeteris. Her ne gulluk buýursalar häzir bolup durarys» diýip, nama ýazdy. Emma gazaplanyp, köňlünde pitne şerbetini joşduryp gaýnatdy hem-de: «Patyşadan bu arymy neneňsi alsamkam?!» diýip, gussa deňzine batdy.

Dowamy bar...
4
122
sahet_ashyrov
24.07.2020 13:53
Köpbelgili islendik sany ýat belläň:
- Ýat bellän sanyňyzy ýazyň;
- Ol sanyň sifrleriniň orunlaryny islendik tertipde çalşyryň;
- Bu iki sanyň ulusyndan kiçisini aýyryň;
- Alnan tapawudyň noldan tapawutly bir sifrini pozuň;
- Galan sifrleri islendik tertipde maňa aýdyň.
Jogap edip men size şol pozan sifriňizi aýdaýyn.
Meselem, goý siziň ýat bellän sanyňyz 3857 bolsun we siz aşakdaky hasaplamalary ýerine ýetirdiňiz diýeliň:
3857 ;
8735 ;
8735-3857=4878
7 sifri çyzýaňyz we maňa galan sifrleri islendik tertipde mysal üçin 4, 8, 8 aýtýaňyz
4
1 226
sahet_ashyrov
24.07.2020 12:03
Geliň barlalyň.

Siz doglan günüňizi ýatdan belläň!

- Bellän sanyňyzy 2-ä köpeldiň.
- Alnan netijäni 10-a köpeldiň
- Alnan sana 73- goşuň.
- Jemi 5-e köpeldiň.
- Köpeltmek hasylynyň üstüne doglan ayňyzyň tertip belgisini goşuň.
- Alan netijäňizi maňa aýdyň (teswirlerde ýazyň). Men bolsa size doglan günüňizi we aýyňyzy aýdyp bereýin.
Mysal üçin. Siz awgust aýynyň 17-sinde dogulan diýeli.
17•2=34;
34•10=340;
340+73=413;
413•5=2065;
2065+8 (8-nji aý awgust)=2073.
7
2 626
sahet_ashyrov
24.07.2020 11:38
Sorag şeýle:

Çary jigisi Maýa ,,Eger seniň puluň üstüne meniň pulumyň ýarysyny goşsak, onda iki şokolad satyn alyp bilerdik”-
diýdi. Onda Maýa: ,,Eger, seniň puluň üstüne meniň pulumyň ýarysyny goşsak, onda näçe şokolad alyp bileris” diýip sorady?” Oňa Çary “Bir şokolad” diýip jogap berdi. Çarynyň näçe manat puly bar?
1
1 285
sahet_ashyrov
sahet_ashyrov
23.07.2020 15:17
Diňe zehin bilen iş bitenok, fantaziýanyňam gerek ýeri bar.
sahet_ashyrov
sahet_ashyrov
23.07.2020 13:40
Gör nähili ajaýyp pikir we gözellik.