BAGTYÝARYŇ DÜNÝÄ INIŞI
Ajam welaýatynda bir uly patyşa bardy. Adyllyk we adalatlylyk zynaty bilen bezelendi. Sistan sebitlerinden tä Kiş deňzine we Ommana çenli ähli ýerler onuň hökümi astyndady. Ol patyşanyň on sany akylly we dana weziri bardy. Olaryň ählisi ylym-hünär eýeleridi. Onuň bir goşunbaşysy hem bardy, dünýäde taýy ýokdy. Emma örän kineçidi. Her kimden ýekeje gezek ynjasa, aýlap-ýyllap, ony köňlünden çykarmazdy. Onuň ýalňyz bir gyzy bardy. Dünýäni diňe şol gyz bilen görerdi. Gözellikde we görmegeýlikde älemde ol gyzyň taýy ýokdy. Bir gün ol goşunbaşy özüniň il-ýurduna gitdi. Birnäçe wagt ol ýerde eglendi. Onsoň gyzyny göresi gelip, özüniň ynamdar kişilerinden birküç kişini iberip:
– Baryň gyzymy getiriň, ony göresim gelýär – diýdi.
Olar gelip, altyndan, zerden bir kejebe ýasap, ony hünjüler we gymmatbahaly daşlar bilen bezediler. Gyzy kejebä salyp, agyr bizler bilen örtüp aldylar-da, şäherden çykdylar. Ol gün patyşa şäherden daşarda aw-awlap ýördi. Görse, bir kejebäni dürli-dürli bizler we göwher bezegli guşaklar bilen bezäp, alyp barýarlar. Patyşa gullaryna:
– Baryň, ol kejebe haýsy begiňkidir, sorap görüň – diýdi.
Kejebäniň hyzmatkärleri gulamlaryň gelýändigini görüp, öňlerinden çykyp, habarlaşdylar. Gulamlar habarlaşanlaryndan soňra yzlaryna dönüp, patyşa habar berdiler. Patyşa gyzyň atasyna habar ýollamak üçin olara garşy at başyny burdy. Hyzmatkärler onuň öňünden çykyp, ýüzlerini ýere urup, tagzym etdiler. Patyşa olara aýtmaly habaryny aýdyp durka, birden bir şemal gelip, kejebäniň örtügini açypdyr welin, gyzyň güler ýüzli jemaly bulutdan çykan aý kibi sährany nurlandyrypdyr. Patyşa ony görüp, haýrana galýar. Köňül guşy gyzyň duzagyna giriftar bolup, özüni gyzyň üstüne oklamak isleýär. Emma sabyr edýär. Yşk ody patyşanyň köňlüne ot salansoň düýäniň ýüpüne ýapyşýar hem-de hyzmatkärlere bakyp:
– Bu gyzyň yşky meni däli eýledi. Baryň, atasyna aýdyň, bu gyz maňa laýykdyr. Ony maňa bersin, halalym edineýin. Munuň kibi sahypjemala meniň kibi hyrydar gerekdir – diýýär.
Hyzmatkärler ýüzlerini ýere berip:
– Patyşa näme buýursa, şol maslahatdyr. Emma, eger gyzy şu ýerden alyp gitseň göripler göripçilik bilen gep ederler hem-de: «Gyz atasynyň ýanyna barýarka, patyşa ony zor bilen alypdyr» diýerler. Maslahat şeýle, gowusy, perman beriň, atasynyň gaşyna barsyn. Atasy güýjüniň ýetdiginden şaý-sepini düzedip, patyşa hezretlerine gelinlik edip ibersin. Häzir almagyň rowa däldir. Sabyr rahmandan, äwmek şeýtandan diýipdirler – diýdiler.
Hyzmatkäriň öwüt-ündewi patyşanyň köňlüne hoş gelmän, ol hyzmatkäri öldürmek isledi. Ýene-de köňlünde:
– Birden, magşugymyň köňli menden ynjasa bolmaz – diýip, hyzmatkäri duran ýerinde goýdy we düýäni iýtdirip, şähere getirdi. Şäheriň kazysyny çagyrdyp, gyzdan söz aldylar we şerigata laýyk nika gyýdylar.
Hyzmatkär gyzyň atasynyň gaşyna baryp, gören-eşiden zatlaryny birin-birin beýan etdi. Şobada goşunbaşynyň ýüregine gan dolup, gözlerinden ýaş ýerine gan akdy. Emma daşyndan hiç zat diýmedi. Çünki ol jahan görmüş – tejribeli garry gurtdy. Şonuň üçin ol derrew nama ýazyp, dürli-dürli sowgat-serpaýlar iberip, toýuny gutlady hem-de: «Men bu döwlete laýyk däldirin. Emma patyşa soňsuz keremi bilen meniň başymy göge ýetirdi. Bu işiň şükranasy üçin eger janymy bersem hem az bolar. Biz hem birküç günden şol uly dergähe ýeteris. Her ne gulluk buýursalar häzir bolup durarys» diýip, nama ýazdy. Emma gazaplanyp, köňlünde pitne şerbetini joşduryp gaýnatdy hem-de: «Patyşadan bu arymy neneňsi alsamkam?!» diýip, gussa deňzine batdy.
Dowamy bar...