sahet_ashyrov
12.08.2020 09:34
Dowamy (3)...
Bular bu sözdekä aý parasy kibi bir oglan dünýä indi welin, peri oglanlaryndan bir oglan ýere indimikä öýtdüler. Enesi oglany bir bölek ak bize sarap, söýnüp, eline aldy hem-de:
– Tur, indi gideliň – diýdi.
Patyşa:
– Eý, janymyň jany! Oglany goýup, janymyzy gutarmak gerek. Bu oglany şu guýynyň gyrasynda Taňra tabşyryp gideliň. Taňry öz lutpy-keremi bilen bu oglany ýitirmez we ýene-de bize gaýdyp berer – diýdi.
Misgin ene oglanjygyny emdirdi. Atasy golundan bir bazubendini ýazdyryp, oglunyň eline baglady. Soňra oglanjygy guýynyň gyrasynda goýup gitdiler. Haýsy ýerde enesiniň gulagyna bir üýn eşidilse, oglummyka öýdüp, yzyna bakardy.
Köp kynçylyklar bilen ahyry Kerman ýurduna bardylar. Kerman patyşasy mürewwetli, sahawatly patyşady. Ol begleri we ululary ony garşylamak üçin ugradypdy. Olar ýakynlaşanlarynda onuň özi hem olary garşylamak üçin çykdy. Olary getirip, bir hoş sapaly ýerde ornaşdyrdylar. Dürli-dürli hezzet-hormatlar edip, iýgi-içgiler berdiler. Patyşa ýadawlygyndan aýrylandan soň, Kerman patyşasy adam iberip, mejlise çagyryp:
– Bir dem mübärek gadamyňyzyň hormaty bilen mertebeleneliň, aýşy-eşret süreliň. Hudaýa şükür, şirin janymyzyň şükranasyna seniň mübärek gadamyň biziň ilimize gelip, ilimiz mübäreklendi – diýdi.
Patyşa bu sözleri eşidende, başyny aşaga salyp, gözlerinden katra-katra ýaş dökdi. Soňra:
– Eý, mertebeli patyşa! Şerap içmek köňlünde il-ýurduň aýralyk derdi bolmadyk kişä laýykdyr. Il-ýurdy duşman elinde galan kişä ol neneňsi rowa bolar?! – diýdi.
Bu gürrüňe Kerman patyşasy hem köýünip şeýle diýdi:
– Seniň gussaňy paýlaşyp, gamyňy iýmek bize wajypdyr. Saňa ýardam ederis, goşun iberip, iliňi duşmanyň elinden alarys. Inşa Allatagala maksadyň ne bolsa, baryny ýerine ýetireris. Häzir-şindi demimiz gelip-gidip durka, eşret wagtydyr. Dünýä şimdi «däliniň» dünýäsidir. Dünýä üçin gam iýmek we ony gaýgyrmak ärleriň işi däldir. Çünki:
Dünýä göwün bereniňe degenok,
Soňy puç gam iýeniňe degenok.
diýipdirler.
Aradan birnäçe wagt geçdi. Kerman patyşasy, ýarag-şaýyny tutup, goşun çekdi. Sistan welaýatyna baryp, ony gahar bilen basyp aldy. Goşunbaşyny tutup öldürdiler. Patyşa ýene-de tagtyna geçip, äleme adyllyk we adalatlylyk düşegini ýaýdy. Iller ymarat bilen, jahan nygmat bilen doldy. Gussadyr mähnet ahyra ýetdi. Emma ol oglanjygyň gussasyna çäre tapylmady.
Dowamy bar...
4
33
sahet_ashyrov
06.08.2020 11:55
Size şeýle sorag, hany pikirleniň!
Gadym zamanlarda bir adamyň 4 sany ogly bar eken. Ol ölmezinden öň öz sygyrlarynyň üçden birini uly ogluna, dörtden birini ikinji ogluna, bäşden birini üçünji ogluna we altydan birini bolsa iň körpe ogluna bermegi wesýet edipdir.
Kakalary dünýeden ötensoň ogullary kakalarynyň wesýetini berjaý etjek bolupdyrlar we ony başarmandyrlar. Sebäbi kakasynyň jemi 59 sany sygyry bolup, ol ne üçe, ne dörde, ne bäşe we ne-de alta bölünýärdi. Olar kömek sorap goňsularyna ýüz tutdylar. Ol öz bir sygyryny bularyň sygyrlarynyň üstüne goşdy. Soňra ol 60 sygyryň üçden birini, ýagny 20 sygyry
doganlaryň ulusyna, dörtden birini, ýagny 15 sygyry doganlaryň ikinjisine, bäşden birini, ýagny 12 sygyry doganlaryň
üçünjisine we altydan birini, ýagny 10 sygyry doganlaryň kiçisine berdi.Galan (60-20-15-12-10=3) 3 sygry bolsa öýlerine alyp gitdi. Ol 1 sygyr getirip, 3 sygyry bolsa alyp gidipdi.
Doganlar pikire çümdüler. “Bu nähili beýle bolýar? Men 59 sygryň üçden birini alsam, ol 19 sygyr we ýene bir sygryň
üçden iki bölegi bolmaly. Men bolsa 20 sygyr alyp, öz paýymdan köp aldym” diýip doganlaryň ulusy aýtdy. Onda doganlaryň beýlekileri hem özlerine ýetýänden köp paý alandyklaryny aýtdylar. Bu nähili beýle bolýar?
4
370