Size şeýle sorag, hany pikirleniň!
Gadym zamanlarda bir adamyň 4 sany ogly bar eken. Ol ölmezinden öň öz sygyrlarynyň üçden birini uly ogluna, dörtden birini ikinji ogluna, bäşden birini üçünji ogluna we altydan birini bolsa iň körpe ogluna bermegi wesýet edipdir.
Kakalary dünýeden ötensoň ogullary kakalarynyň wesýetini berjaý etjek bolupdyrlar we ony başarmandyrlar. Sebäbi kakasynyň jemi 59 sany sygyry bolup, ol ne üçe, ne dörde, ne bäşe we ne-de alta bölünýärdi. Olar kömek sorap goňsularyna ýüz tutdylar. Ol öz bir sygyryny bularyň sygyrlarynyň üstüne goşdy. Soňra ol 60 sygyryň üçden birini, ýagny 20 sygyry
doganlaryň ulusyna, dörtden birini, ýagny 15 sygyry doganlaryň ikinjisine, bäşden birini, ýagny 12 sygyry doganlaryň
üçünjisine we altydan birini, ýagny 10 sygyry doganlaryň kiçisine berdi.Galan (60-20-15-12-10=3) 3 sygry bolsa öýlerine alyp gitdi. Ol 1 sygyr getirip, 3 sygyry bolsa alyp gidipdi.
Doganlar pikire çümdüler. “Bu nähili beýle bolýar? Men 59 sygryň üçden birini alsam, ol 19 sygyr we ýene bir sygryň
üçden iki bölegi bolmaly. Men bolsa 20 sygyr alyp, öz paýymdan köp aldym” diýip doganlaryň ulusy aýtdy. Onda doganlaryň beýlekileri hem özlerine ýetýänden köp paý alandyklaryny aýtdylar. Bu nähili beýle bolýar?