Sorag şeýle: (hany kim hasaplamana ökdekä?)
Sürüji öz maşynynyň spidometrine seredende ol 15951
sany görkezýärdi. Sürüji maşynyň geçen kilometrleriniň mukdarynyň simmetrik sandygyna üns berdi. Bu san çepden saga okanyňda-da, tersine sagdan çepe okanyňda-da şol bir sany görkezýärdi. Sürüji indi bu golaýda spidometr beýle
simmetrik sany görkezmez diýip pikir etdi. Emma iki sagat geçenden soň spidometr ýene-de iki tarapyndan hem deň
okalýan simmetrik sany görkezýärdi. Ol sany tapyň we bu iki sagatda sürüjiniň ýük maşynyny nähili tizlik bilen sürendigini tapyň.