sahet_ashyrov
19.08.2020 13:25
GOWGALY GÜNLER

Tekeleriň utamyş taýpasynyň syçmazynyň kör sagyr, galyberse-de erkeç tiresinden bütin bir käriziň eýesi, şol kariziň suwunyň eýgerip biljek iýmişli mülki, ýüz töwerek arwana düýesi, 300-400 töweregi goýun-geçisi, 5-6 sany sagylýan sygry, ahal-teke tohumynyň syra syrtyndan saýlanylyp alnan çapar aty we münäýmäge ýakymly ýorga atyň eýesi Ahally-gökdepeli Atamyrat baýyň ogul perzendi bolmandyr. Ýöne nalajedeýin ençe ogla degip duran görmegeý, nurana, düşbüligi bilen söhbetdeşini haýran galdyrýan, akylly-paýhasly, oturyşy-turşy, edep-ekramy hakyky türkmenlere mynasyp Hallygözel atly bir gyzy bolan.
Ol döwürler türkmen halky üçin biynjalyk – alamançylyk döwri eken.
Kölege gürrüňde erkek kişileriň üýşmeginde biri: «Tüweleme gözden-dilden allatagalaň özi gorasyn. Atamyrat agaň Hallygözel diýen gyzy mertlik, batyrlykda-da, ar-namyslylykda-da edenli erkek adamyň tutan ornuny tutjak» diýse, oturanlaryň ýene biri: «Ol gyzyň emelini, güýjüni goýaý» diýip, tarypyny ýetiripdir. Şu ýerde «Erkeç» diýlen sözüň peýda bolmagyna sebäp bolan ýagdaý hakda kelam agyz aýdaýyn. Teke türkmenleriniň syçmazlarynyň körsagyr tiresiniň içinde ady belli söze çeper, görnükli ar-namysly batyr Abdylla guş begi diýen gerçek ýigidiň gara reňkli ýyndam ahalteke aty bolupdyr. Şol atyň adyny Erkeç diýip tutýan ekenler. Ol örän ýyndam bolup toýlarda geçirilýän atçapyşyklarda onuň öňüne geçip bilýän at bolmandyr. Şonuň bilen baglylykda-da Abdylla guş begleriň toparyna-da «erkeçliler», «erkeçler» diýlip ugralypdyr. Soň-soňlar Jotbatyr erkeç, Atamyrat erkeç, Söýün erkeç, Gara erkeç bolup gidiberipdirler. Ine, şeýlelikde körsagyr taýpasyndan iki dogan – erkeç hem-de Alaça-gapan tireleri döräpdir.
Atamyrat agalaryň Sary gaçak diýen bezzat, Sary gaçak diýseň diýäýmeli bir daýaw erkegi bolan. Uly Garadönde Atamyrat agalaryň düýe agyly ýerleşipdir. Bir gezek Sary gaçak agyldan böküp çykýar-da, inen düýä gyzyp, guýynyň başyna gelýär. Ony tutjak bolup ýanyna golaýlaşýan adamlardan gaça durup, ýüzüni dik ýokary tutup keýerjekläp durýar. Ýöne Hallygözel ol erkegiň ýanyna arkaýyn barýar. Ine, birden Hallygözel onuň guýrugyndan ýapyşýar. Olam alla niçiksi bolup bükürdikläp gaçyp ugraýar. Hallam onuň yzyndan aldygyna ylgap başlaýar Erkek ýaňy bir bat alyp ylgap ugraýar welin, ine, birden güpläp ýykylýar. Edil şol halatda-da çopan-çoluk ylgaşyp baryp, Sary gaçagyň baglar ýaly ýerini berk baglap daňýarlar. Bu ýagdaýyň nähili bolanyna-da düşünmän galýarlar. Sol görüp otursalar, asyl Sary gaçagyň eminden gelýän şol gyz eken. Batly gaçyp ugran erkegiň guýrugyny gapdala towlabrak art aýagyna kakyp goýberýän eken. Ýöne ol emellerem örän güýçli bolaýmasaň puja çykjagy belli ahyryn. Hawa-da «Emeliň seresi güýçdür» diýlip ýöne ýerden aýdylýan däldir ahyryn» diýip, Hally baradaky gürrüňe goşulyp, ol barada ilki söz başlanyň gürrüňini hasam gyzykdyryp goý- berýär. Aýallaryň edenlileriniň gaýratly erkek adamdan gaýra durmaýanyny şäher1 urşunda-da telim ýola görlüpdir. 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwar güni Gökdepe galasynyň bir diwarynyň aşagyna partlaýjy element goýup, partladanlaryndan soň, garyşyp urşulyp, deň bolmadyk adam sanynyň güýçli ýaragyň zoruna bäs gelip bilmedik ahal tekeleri ýeňlenlerini boýun almaly bolupdyrlar.
Gökdepe galasynyň üstüne umumy hüjüme geçilende ganhor general Skobelewiň «Tekeleri rehim etmän, gyrmaly» diýen görkezmesini gollanyp, ilki polkownik Kuropatkiniň otrýady gaçyp barýan bigünä bosguny – garrygurty diýmän, aýal-ebtat, çaga-çuga diýmän gyrýar.
Üç sany rus atlysy bir ýaba artlaşykly münen iki juwanyň yzyndan kowup başlady. Talaňçylaryň niýeti şolaryň ikisinem gylyçdan geçirip, ýüzün salyp barýan dor aty ele salmakdy. Kowýanlar bilen gaçýanlaryň arasy ýygjamlanyp barýardy. Bolaýsa iki ýüz ädim çemesi galypdy.
– Häý, zwer, stoý! Dur gaýratyň bolsa!... Duran ýeriňde janyňy gabyz ederin. Ýöne jan aga diý-de, eliňi galdyrda duruber. Heý seniň bir... – diýip kowgynyň başyny tutup barýan kazak agzyna gelenini samraýar welin, ol sözleri gulak eşider ýaly däl. Sebäbi ol käpiriň agzyna alýan sözleri şindize çenli kagyz ýüzüne ýazylan sözler däl. Bu iki biçäräniň başyna gelen pajygaly waka bilen sizi tanyşdyrmak üçin gaty dözümli daş ýaly ýürek gerek. Şol wakany bolşy ýaly ýazjak bolsaň, gözüňe bolmasa ruçkaňam gan ýazyp barýan ýaly.
– Wah, Çaryýarjan, niräňden degdi? Aýagyňda gan görünýärle?
– Meniň özüm-ä duýamok. Aý çala sypjyrandyr-da.
Şol Çaryýar dagynyň yzyndan kowgy giden üç atlynyň biri ofiser eken. Ol ofiseriň ýüreginde ýaş juwanlara sütem etjek boluşlaryna ökünçmi, rehimmi, garaz, üýtgeşik duýgy döräpdir. Ol duýgusyny batyrgaý aýan edip bilmese-de, ýüz-keşbinden bildirip dur. Ol ofiseriň özi kawkazly musulmanlardan bolup, ruslaryň häzirki wagşyçylykly hereketini oňlamaýan bolsa-da, ýaş juwanlaryň gül ömürleriniň kül boljakdygyna dözmedik bolsa-da biçeme däl eken[2].
Çaryýar özüniň gara dere batan ýüzüni bürgüt penjelerine ilen uly ýaglyk bilen süpürdi. Onsoň ol Bibigülüň içki duýgusyny aňjak bolup, merdemsi äheňde:
– Eý Bibigül jan, maňlaýmyza nämeler ýazyldyka?
Öňümiz gaty garaňky görünýär-le? – diýip, ýeke-ýetimligiň şol zamana mahsus bolan köp külpetlerini gerdende çeken göwresini Bibigüle tarap öwürdi. Görse dünýäde iň süýji lezzetleriň biriniň eýesi Bibigül mähirden doly gözlerini özüniň söýgülisine dikip oturypdyr. Çaryýar söýgülilere mahsus bolan mylaýymlylyk bilen sag elini gözel gyzyň boýnundan salýar-da, özüne garşy çekýär. Bibigül hem ýumry göwüslerini Çaryýaryň goltugynda duýansoň, dym gyzyl bolan demriň üstünden gödekleç çekiç bilen urlanda sandalyň üstüne ýelmeşip, süýnüp gidişi ýaly söýgülisine ýelmeşäýjek bolup gysmyljyraýar.
Çaryýar oňa göwünlik berýän äheňde al ýaňaga dodagyny basýar. Çaryýaryň bu posasy çölde tebsirän adamyň agzyny çelegiň agzyndan aýryp bilmän bar demi bilen soruşyna meňzeýärdi. Bibigül hem onuň galagoplugyny artdyrmajak bolýan ýaly merdemsi jogap berýär.
– Başa gelen külpetiň öňünde ýüz çytman durmaklyk biz söýgülileriň mukaddes borjumyzdyr. Kynçylykdan, ölümden, aýralykdan, mysapyrlykdan, horlukdan gorkýan ýigitden ýigit bolmaz. Gerçek ýigit özüniň söýgülisiniň meýli üçin, özüni gara daşa urar, onuň hiç zatdan hederi bolmaz.
Ol sözüni has batyrgaý dowam edip;
– Munuň ýaly üstüne agyr howp abanyp durka, gyssagara beýle sözleri tapmaklyk maňa başartjak zat däldir. Men seniň üçin şirin janymy häzir alsalaram, ýüzümi çytman bererdim. Türkmenleriň sözünde durmaýan, söýgüli ýaryna biwepalyk edýän, başyna agyr iş düşende sözünden dänýän gyzlary ýokdur. Asla bolmaly hem däldir. Elbetde häzirki wagşy ýagdaýda, duşmanyň bizi aýaman rehimsiz darajaklygyna hakylym ýetýär. Bize, aşyklara guwanmaly adamlar seniň mährem ejeň bilen meniň eziz, ejemdir. Emma ol guwançlardan meniň hem seniň hem tamamyz bolmaly däldir. Bu söýgüniň şirin lezzetini dünýäde iň bagtly ýigit sorup biler. Düýbi düz, maksady hasyl bolan kynçylyga kynçylyk hem diýip aýtmak bolmaz. Şeýle-de bolsa biz ikimiz diňe şu gözel atyň üstünde alyşan süýji posalarymyz üçin, diňe şonuň üçin janymyzy pidalamaly bolarmykak diýip pikir edýän – diýende Bibigül ýüzüne has hem görk berýän gara gözlerine çalaja ýaş aýlanyny duýman galýar.
Çaryýar söýgülisiniň agyr pursatda tapýan sözlerinden monça bolup:
– Berekella, Bibim senden tamamam şeýledir – diýdi.
Bular şol sürüp oturyşlaryna gidip barýardylar.
Çaryýar aty säpjidip barşyna birden yzyna öwrülip;
– Bibigülüm, şol suwly jürdegi bärik alsana, bokurdagymy ölläýin!
– Wi-i, häý haýran galmyş, oýa-a gaçaýypdyr. Asyl torbaň özem ýok.
– Onda hyrlynyň oklaram gaçandyr.
– Olaram şu jürdekli torbadamydy?
– Hawa, ataýypdym-da, näbileýin. Jübüme atsamam-a bolardy welin.
– Aý bähbit bola.
– Körsagryň deňesine-hä gelipdiris. Ýöne men gaty suwsaýan. Tüýküligim agzymdan gaçmajak bolýar. Bu näme boldugyka? Edil haýyr işe şeýtan aralaşan ýaly, edenimiz ugruna bolmajak bolup dur – diýip, Çaryýar özüniň ykbalyndan zeýrenjek bolýar.
Atyň ýadap, ysgyndan düşýänligi aňdyrýardy. Ilki bada dogumly dik basýan at, loňk-loňka, soň bolsa halt-halta başlady. Soňabaka mytdyllap ýöremäge-de haly galmadyk ýaly bolup görünýärdi. Tosun atyň ýadandygy, onuň ýygy-ýygydan ýer ysgap, durmaga hyýal edýänligindenem mälimdi. Elbetde janawer suwsandyram. Düýn berin suwa ýakyldymyka? Kim bilýär, düýnem suwa ýakylany belli däl. Sebäbi aýratynam soňky 6-7 gün bäri galanyň içinde gala-gopluk artypdy. Ýörelen ýol onçakly daş dälem bolsa, ozal bir adam götermäge endik eden haýwanyň üstüne iki kişiň münmegi, aty örän ýadadypdy. Bibigül sülük ýaly barmaklaryny Çaryýaryň guşaklygyndan aýyrdy-da, ýaş ýigidiň göwnüni galkyndyrýan göwsüniň aşak etegine gerilgi öňap-basylaryndan penjeläp, günüň gyzdyryp barýan näzik bedenini salkynlatmak üçin, gyrmyzy köýnegini silkişdirip uludan dem aldy.
At debsilenmäge başlandy. Janawer ýadapdyr, ýogsa oňa debsilemegiň geregi ýokdy. Gaçgaklaryň göwnüne bolmasa, ýol has hem uzalyp barýan ýalydy. Söýgülileriň her wagtky gyzgyn posalary suwsuzlyga we ýadawlyga azajyk teselli berýärdi.
Bibigülde egsilmez gaýratyň, gujuryň, gözelligiň, näzikligiň, mylaýymlygyň we mähribanlygyň yşaratlary bardy.
– Çaryýar jan! Bu golaýda suwuň bar ýeri ýokmy? Eger bir gara atmasaga bize başga bela gerek däl! – diýip, gelin näzik gollaryny söýgülisiniň daşyna hytaý gülüniň çyrmaşyşy dek çolaýar.
– Ah, güler ýüzlim Bibigül jan! Eger sähel haýal-ýagal etsek yzymyzdan kowgy ýeter. Olar ýetäýse, iň bolmanda biz olaryň garşysynda-da durup biljek däl. Biziň bagtymyza hyrlynyň oklary hem galypdyr. Olar yzarlap gelýärkäler içi okly torbany tapyp, içindäkileri hem görerler, bizi ýanymyzda okuň ýokdugyny bilip, has hem ekezlenerler – diýip, Çaryýar boýnundan asylgy iki şahly hyrly tüpeňiň ýylmanak gundagyny sypalaşdyrdy – ýow güni ýigidiň ynamdar ýoldaşy, aty, ýaragydyr. Mende şol zatlaryň ikisem bar. Ýöne ok ýok-da. Eger şolar üpjün bolanda duşman bilen şu alyň ala meýdanynda söweşe girerdim-le...
Kowgularyň barha ýakynlaşýandygyna Çaryýar perwaýsyz sereden bolsa-da, şindiz beýle-beýle gowgalary başdan geçirmedik ýaş ýigidiň ýüregi gopmanam duranokdy. Ol içinden «Kowgy arany ýygylapdyr. Muny Bibigüle aýtsammykam ýa-da aýtmasammykam? Ýa-da köne türkmenlerimiziň ýel ýürek gorkak adamlar barada «Çaňlap gaçar düzde duman ýoluksa» diýenleri bolaýarmyka? Aý her niçigem bolsa eziz syrdaşyma, meniň ölen ýerimde öljek, diri ýerimde maňa guwanjak mert ýigitleriň duran ýerinde durup maňa goltgy berjek söwer ýaryma duýduraýyn». Onsoňam Çaryýar: käbir aýallaryňky ýaly jögüligiň, howsala düşmegiň Bibigülde ýoklugyny ýadyna saldy: «Her niçikde bolsa, olar gaty golaý gelmänkäler duýduraýyn». Sebäbi Çaryýar gerek ýerinde, Bibigülüň hem näzik barmaklary bilen gylyç baljagyndan tutup, duşmana garşyma-garşy durjakdygyna ynanýardy. Bu gözel gyzyň işde-de, söweşde-de edermen ýigidiň duran ýerinde durjakdygyna Çaryýar birjik-de şübhelenmeýärdi. Ýöne her zadam bolsa Bibigül bir heniz beýle-beýle şatyny görmänsoň onuň bilen gaty sowukganly gürleşmeli. Çaryýar pikir öwrüp, duşmanyň gelýändigini aw aňtap ýören awçylara duşan hyrsyz dag gaplaňyny ezber garry awçynyň ýaş awça (ol gorkup aljyraýmasyn diýen maksat bilen) dag pişijegi mysalynda kiçeldip görkezişi ýaly, söz açdy:
– Bibigül, ol gelýänler arany has ýygaldaýdylarmy?
– Olaryň arany ýygaldýanyny men häldenem görýän. Ýöne saňa duýdurmaýyn diýip gelýärdim weli, özüňem göräýipsiň. Çaryýar jan näme bolsa şol bolsun, Gökdora ten berde sürüber! Başa düşenini görübereris – diýip, Bibigülüň örän sowukganlylyk bilen arkaýyn gepleşi Çaryýary haýran galdyrdy.
Söwer ýarynyň merdemsi jogabyndan göwni biten Çaryýar.
– Bibigül jan, dosta wepalylygyň iň aýgytly synaglarynyň we gujur gaýratyň agramyny sallarlanyp görülýän ýeri bolan boz meýdanda ýetip gelen ganym duşmanyň öňündäki synagdyr – diýip, ýene atyny gyssady.
Beýle ýagdaý, kowgynyň ýetip gelmegi gaçyp barýan iki juwanyň halyny agyrlaşdyrýardy. Ylaýta-da, gyzyň kalbynda ynjalyksyzlyk döredýärdi.
Her halda söýgülisiniň mähri, duşmana bolan ýigrenç ony birneme merdemsilendirýärdi. Seýislenip, ýören dor atyň hem lälikligi, tosunlygy gözel gyzyňkydan kem däldi. Muny hem ömründe görmedik agyr ýüki, irginsiz ýöremek, suwsuzlyk halys aljyradypdy. Bularyň ikisindenem çydamlysy, owal ýetimligiň ençe hunabatlaryny başyndan geçiren Çaryýardy. Ol sowukganlylyk bilen.
– Bibigül jan, kowgy gelýänleriň kimlerdigini beri saýgaraweri! Ätiýaç eder ýaly adamlarmy ýa ýöne adamjyklarmy?
– Iň öňden zyrmyrlyp gelýän iki dik papakly ors esgerleri. Has yzdan löküdikläp gelýän iki egni ýalpyldawyk zatlynyň kimdigini heniz gaty saýgaramok. Şeýle bir eýmener ýaly adamlar-a däldir welin, başardygyňdan gatyrak sürüber! Heý bir özümizi ýardam berjek gara atyp bilmezmikäk? Duşmany äsgermezlik edip, oňa kembaha bermek bolmaz.
Kowgularyň atýan oklary söýgülilere gyltyzrak degip ugrady.
– Çaryýar jan, saňa ýene bir ok degäýdi öýdýän?
– Aý, et ýarasyla, zyýanly ýerimden degenok. Ýüzleý sypjyryp gidipdir. Haý ýöne Bibigül jan, biziň okumyzyň galaýyşy ýeser-dä. Ýogsa-ha şu käpirleriň gursagyndan otlardym. Maňlaýlary zor eken-dä. Gaýyp atajana ýetip barýarys.
– Bolmasa ikimizem düşäýeli. Öňi-soňy ýetip gelýärler. Meniň-ä suwsuzlykdanam bokurdagym gurap, ýüregim ýanyp gelýär – diýip, Bibigül zarynlady[3].
– Ýöne gaty gaýratly bolgun. Bu çöllükde duşman bilen mert duşuşmak her kişiň işi däldir. Bu janaweriňem art aşyklysyndan urupdyrlar – diýip, Çaryýar kowujylaryň içini ýakmak maksady bilenmi ýa-da bolsa aşyklaryň biri-birinden ömürlik aýrylyşmaly mütdetleri ýakyn gelenindenmi nämemi Bibigüle göwünlik berdi. - Biziň ýaşajagymyz-ýaşamajagymyz belli däl.
Aşyklysyndan ok degip, büdräp barýan aty saklagadan, atdan düşdüler-de, biri-birini berk gujakladylar.
Bu bolşy gören käpirler has gylaw aldylar. Ekabyrlandylar. Indi yzlaryndanam ýetdiler. Aşyklaryň töwereginden at salyp, iki ýana geçýärler. Göni ýanlaryna geläýmäge-de çekinýärler.
Onsoň esgerler atdan düşüp, her haýsy bir seliniň düýbüni peýläp, atmaga başlady. Atylýan oklaryň jaýdar degýäni ýok. Sebäbi aşyklar hem bir oýtajykda mazalyja bukulypdylar. Emma kowgy gelenler dyngysyz atýardylar.
Birden Çaryýar ýerinden turdy-da:
– Eý bigaýratlar, geliň başa-baş gylyçly urşalyň! Mende tüpeňiň oky ýok. Okumyz ýolda galypdyr! – diýdi-de, ýalaňaç gylyjyň baljagyndan tutup, gös-göni olaryň üstüne ýaraly ýolbarsyň tüpeň okunyň çykan ýerine okdurylyşy ýaly okduryldy. Käpirleriň biri gaçdy. Beýlekisiniň ýatan ýeri has açygrakdy, ýöne ol hem gaçdy. Soldat hem gaçýar, hemem ýetişibildiginden beýleki ýoldaşyna gygyrýar.
– Eý soldat, gaçma. Oky ýok ahyryn, nämä gaçýaň?
Ol soldat töweregini garaman gaçyp baryşyna:
– Gaç-gaç, elinde okly hyrlysy bar. Atymyny aňtap atar – diýip, kä yzyna seredip, kä seretmän gaçyp barýar.
Yzdaky atly hem gelip ýetişdi. Bu gelen şol iki tüpeňliniň eli gylyçly bir adamdan gaçyşlaryna haýran galyp durdy, içindenem: «Haý ýigid-ä gaýratly ýigit eken. Öldürmäge dözer ýaly däl. Bir özi birnäçe adama taý geljek, dag bürgüdi eken – diýip, göwrümine geňeşdi-de, ýene Kuropatkiniň «Şolary diri tutup getirseň, bir haç sylagyň bar» diýeni ýadyna düşüp, tüpeňiň gulagyny çekip goýberdi. Ok baryp Çaryýaryň bir injiginden geçdi. Çaryýar ýykyldy. Bibigül baryp Çaryýaryň üstüne ýykyldy-da ýüzünden-gözünden ogşamaga başlady. Çaryýar ýerinden galjak boldy, emma galyp bilmedi.
– Bibigül jan mert bol! Seň gözüň alnynda ölsem armanym ýok.
– Ah, jiger bagrym! – diýip, Bibigül gözünden düwme-düwme ýaş goýberdi. Şol pursatda murtlak ofiseriň tüýlek penjesi Bibigülüň ýagyrnysyndan gulagynyň towuk jüýjejiklerini penjelişi ýaly berk penjeläp, ony Çaryýaryň üstünden çekip aýyrdy. Onýança beýleki esger hem ýetip geldi-de:
– Siziň aly jenabyňyz oňarmadyňyz! Meniň hut özüm şol haramzada bilen başa-baş gidişjekdim – diýip, sözüni soňlap-soňlamanka Çaryýar dyzyna galdy-da, esgere gylyjy bat bilen salgady. Emma degmedi. Özem golunyň badyna yranyp, tas ýykylypdy.
– Eý, erkeksumak, meýdimiň üstüne dyzan bolýaň. Henizem bolsa golaýragyma bir gelsene!
– Bek dur haramy – diýip esger gowadaklap, Çaryýaryň ýanyna barmaga çekinýär. Ýöne ýanyna baryp bilmese-de, agzyndan gelenini porsaýar. Ikinji esger Çaryýaryň ýeňsesinden gelip, gylyjyny saldy. Emma Çaryýar öz gylyjy bilen soldatyň gylyjyny kakyp goýberdi welin, esgeriň gylyjy elinden sypyp bäş ädim dagy beýläk zyňylyp gitdi. Çaryýar tiz dyzanaklap bardy-da, esgeriň gapdalyndan gylyjy sünjüp goýberdi. Emma gylyç gowy işlemändir. Onýança ýeňseden gelen beýleki esger tüpeňiň gundagy bilen Çaryýaryň boýnunyň çykan ýerine doňdurdy. Çaryýar özünden gitdi. Esger özüni bilmän ýatan Çaryýaryň üstüne atlaýyn mündi. Bibigül bu ahwalaty görüp, murtlak pyýadanyň elinden sypjak bolup dyzady. Emma bu dyzaýyş daýaw çopanyň saklap duran owlajygynyň enesine dyzaýyşyndan enaýy däldi.
Esger Çaryýaryň üstünde oturan ýerinden: «Men bu gurrumsaga kimiň kimdigini oňatja görkezerin» diýdi-de sag jübüsinden päkisini çykaryp, gymyldaman ýatan Çaryýaryň sag gulagyny düýbünden kesip goýberdi. Çaryýar ýatan ýerinden uludan bir ah çekdi. Öz söýgülisiniň bu zaryn ahyna Bibigülüň endam-jany jümşülläp gitdi. Bibigül saklawyň aňka-taňkalygyndan peýdalanyp, onuň elinden sypdy-da, ylgap baryp, ýerde ýatan jöwher pyçagy esgeriň çep pilçesiniň aşak ýanyndan ýaglawyna barýança ornaşdyrdy. Esger çasly ses edip gygyrdy-da, takyr ýere bulap urulan gurbaga ýaly ýazyldy ýatyberdi. Pyçak mazalyja işlän bolara çemeli. Emma Bibigül barýança esger Çaryýaryň çep gulagyny hem dulugy-sulugy bilen ýülmäp aýran eken. Bu bolşy gören beýleki esger gany gyzgynlyk edip, ýalaw ýaly gylyjy Bibigülüň depesinden inderjek bolan halatynda murtlak ofiser soldatyň iki elini hem arkasyndan gujaklap saklady.
Bibigülüň sagrysyna ýetip duran gara saçy perişan halda ýüzünde bulaşyp dur. Emma bu bulaşyk saç onuň görküni çigit ýaljak hem kemeltmeýärdi. Bibigülüň häzirki bolup durşy elinden awyny aldyran laçyna meňzeýärdi. Ine bu duran gözel gyzyň niresi näzenine meňzemeýär? Saçy-da, göwsi-de, boýy-da, otlukly garaýşy-da her bir ýaş ýigidi özüne ýesir etjekdi. Ofiser geň galdy. Bu iki bosgunyň biriniň gyzdygyna göz ýetiripdi.
Bibigülüň bu bolup durşuna gözi düşen murtlak pyýada:
– Ah, gözel gyz! Saňa diňe Çaryýar mynasyp ekeni welin, olam wagşy zamanyň gurbany boldy-da – diýip, gynanýan şekilde ýüzüni çytdy.
Ýogsa bu murtlagyň elindenem birnäçe adamlaryň jany jesedinden çykypdy. Hyrsyzlykda, rehimsizlikde muňa-da taý gelip biljek adam az-azdy. Ol mähriban eneleri agladyp, ellerinden çagalaryny gaňryp alardy-da, neresse çagajyklary mal hökmünde satardy. Şeýle-de bolsa Bibigülüň häzirki halyna ol murtlagyň hem ýüregi bozuldy, rehimi indi.
Bu waka Gaýypatanyň ileri ýanyndaky takyrlykda bolupdy. Bibigülüň pyçaklan esgeriniň ölenine göz ýetirip, ony şol ýerde taşladylar-da, Bibigülem atyň öňüne basyp, Gökdepe galasyna garşy at goýdular. Töweregini garaman gaýtdylar. Sebäbi bular bu aşyklary kowalap, kelleleri gyzyp, öz ordalaryndan arany mazaly açanyny duýdular. Indem ýeke galaýandyrys öýdüp, howsala düşüpdiler.
Murtlak maýor bu oljasyny Kuropatkiniň ýanyna-da eltmän, gös-göni Skobelewiň huzuryna alyp bardy, özem Bibigülüň edermenligine haýran galandygyny oňa gürrüň berdi. Skobelew Bibigülüň edermenligine, görmegine, syratyna geň galdy. Onuň kellesine her hili elhenç, pygyllar geldi. Ine birdenem ukudan oýanan ýaly bolup: «Baryň bu gyzam Zülpükara[4] tabşyryň, goý Eýrana äkitsin. Men gyzy öz halkyna wepalylygy, batyrlygy üçin, hiç zat bilen deňäp bolmajak owadanlygy üçin öldürtmäge dözjek däl – diýip buýruk beren.
Eý, generalsumak Skobelew, seniň şeýle wagşyçylykly eden-etdiligiňi, heý-de, türkmen halky ýadyndan çykararmy, bagyşlarmy? Seniň dözýänligiňi, dözmeýänligiňi Çaryýar ýaly gerçeklerimizi, gara gözli, näzik bedenli gelin-gyzlarymyzy, söýgülilerinden aýra salyp, ganhor penjeleriňe salyp rehimsiz mynjyradanyňda-da, ýüzi nurana ýaşulularymyzyň, aýal-oglan-uşaklarymyzyň zaryn gargyşlaryna galyp, ol dünýä ibereniňizde-de göz ýetiripdik, sen bütin dünýä ýüzüne ýüzi gara yrsuwy bolduň. Seniň ýalkanjak gumanyň ýokdur. Sebäp sen ýüz müňlerçe ejiziň ganyna galdyň, gargyşyna galdyň. Ol dünýä bir çelek tabyt bilen general lybasyndan başga äkiden zadyň bolmaz.
Gözüne gan inen ganhor general Skobelew[5] gün batanda[6] yglan edipdir. Galanyň içinde ýarym serhoş esgerler ot gorsaşyp ýörkäler bir tümüň3 agzynda bir garry adam oturan eken. Eli ýaragly üç esger içgiň zorundan aýaklarynam dogry basyp bilmän entirekläp ýaşulyň ýanyna barýarlar. Ýaşuludan hiç hili gaýtargy bolar öýtmän, bar pikir-niýetlerini olja ýa-da başga betpygyla baglaýarlar. Ümsüm oturan ýaşuly ýeňiniň içinden gyrkylyk çykaryp bir esgeriň garnyndan sokan. Ýöne ýaşulynyň özem beýleki esgeriň pidasy bolýar. Şol pursat tümden çykan iki sany ýaş gelin we 17-18 ýaşlaryndaky bir uly gyz duýdurman baryp ellerindäki dokma keseri bilen iki esgeriňem janyny jähenneme iberýär» – diýip, oturanlaryň ýene biri gürrüňe goşuldy.
Ýandaklyagyzly Gurbangeldi:
– Ynha, biziň Muhammet gulymyzam Gökdepe galasynyň tümünde doglandyr. Adamlar, ynsanyň ykbaly her hili pidalara sezewaram bolýan ekeni, oňa dözem gelýän ekeni. Bir wagtlar parahat oturan halkymyzy Eýranlylar talaýarlar diýip, biz ar-namys üçin dagdan aňryk aşyp, Agamämmet ýaly özüne göwni ýetýän alamanbaşy gyzylbaş serdaryny öz keteginden jan penalary bilen tutup, atyň öňüne alyp gelmäni başarýarkak özümizden göwnümiz hoşdy. Indi gör öz ýurdumyzda ahlaksyz, arakkeş, Skobelewiň nökerleriniň sütemine kaýyl bolmaly bolduk – diýip, öz hakynyň eýesi sada halkynyň başyna basybalyjylaryň salan towkusyna, eden sütemine namys edip, gahardan tarap gany depesine urup uludan demini aldy-da hyrçyny dişledi.
Oturan adamlar ondan-mundan gürrüň açyp, başa iş düşende adamlaryň tanadýanlygynam, erkegi-aýaly ýok ikisinde-de ýüreklileriniňem, gorkak gurrumsaklarynyňam bardygyny ýatladylar.
Ýöne oturanlaryň gürrüňi ýene-de Hallygözele ugrukdy. Gepiň gysgasy Hallygözeliň akyl-paýhasy, edermenligi arşa çykaryldy.
Bu bolsa ýaşy segsene ser uran gojanyň gürrüňi: – Günlerde bir gün «Goňşy obadan Tekeleriň arap tiresinden Myrat özüniň ýeke ogly Öwez üçin Hallygözele söz aýdyp gelenmiş» diýen gürrüň ýaýrady. Myrat baý nirä uzatsa eli ýetip duran barly adam. Hywa, Buhara gidip söwdä-satygam edýärdi. Ogly Öwezem «atarman-çaparman» edenli ýigitdi. Türkmen halkynyň hakyky gerçegi Hallygözele mynasyp ýetginjekdi. Obadaşlary: «Atamyrat aga baýyň zadyna gyzyp gyz berjek adam-a däldir. Hallygözelem Öweze mynasyp gyz. Bu nika jüpüne düşen nika bolsa gerek. Hemmä-de Hudaý ýetirsin» diýenem tapyldy. Gepiň gysgasy. Hallygözeli Myrat baýyň ogluna gelnaljylap, uly toý tutup alypdylar. Hallygözel gaýdyp gidende ene-atasynyň beren teke halysy, şaý-sepi we başga öý goşy dört inere ýük bolanmyş.
Ýöne bu maşgala şowlulygy uzaga gitmändi. Myrat baý söwdasy oňup Buharadan dolanyp gelýärkä Lebap sebtinde içinden atly dalak diýilýän tutup, tarpa taýyn amanady tabşyraýypdyr. Myrat baýyň meýdini öýlerine getirenlerinden soň köp wagt geçmänkä aýaly pahyram ýagty ýalançy bilen hoşlaşaýypdyr. «Görsene adamyň döwleti gaýdanda başyna düşen bagtsyzlygyň yzly-yzyna geliberýändiginiň çeni-çaky ýok eken. Hudaý jan daş etsin. Öwezem Hallygözel bilen bir ýyldan azajyk «gowurak ýaşandyr-da, Keletäň dik ilerisinde Çäşdepe diýilýän ýerde awa gidende dagyň gaýasyndan aty bilen gaýdyp, heläk bolupdur. Görseňizläň, adamyňky gaýdanda öňünde durjak zat ýok eken. Edil degirmen daşynyň beýik dagdan aşak togalananda onuň öňüni alyp bolmaýşy ýaly, gaýdan döwletiňem öňüni alyp bolmajak eken. Ýöne Hudaýyň özi rehim etsin. Hallygözel pahyr az wagtyň içinde gara ýurtda gazarylyp galdy oturyberdi» diýişip, obadaşlary gaty gynandylar. Hallygözeliň bar umydy, gelejeginden inçe tamasy olam bolsa aýagynyň agyrlygydy.

* * *

Ösüş ýüze çykýar garşylyk bilen
Geçmişi itekläp bu täze gelen.
Ötendir ol dewrüş hany han bolup,
Gerçeklermiz ötdi jana-jan bolup.

Atamyrat aga şeýle wesiýet etdi: «Söýün, Söýün, Söýünhan», sen indi uly adam. Men bolsam garrapdyryn, indi şu giden mal-mülkümiň eýesi sen bolmalysyň. Bize ýurdy başgalamaly pursat ýetdi. Bu ýapyşan kesel indi meni sypdyrmaz. Şeýle-de bolmaly. Bu dünýä gelen kim irräk, kim gijräk gidibermelidir. Bu bir daş ýola köp bolup gidilene meňzeýän zatdyr. Ine, barýansyň uly ýol bilen. Ep-esli ýöräniňden soň gidip barýanlaň biri galar, soň ýene biri. Gapdaldan goşulanam bolar. Kim irräk, kim gijräk, kim wagtynda, kim biwagt. Ýagty jahanyň oýny şeýle-dä. Ýöne her kime wagtragynda abraý-iman bilen ölmek nesip etsin. Öň gelen öň gitsin. Gowusy şoldur» diýip, ol ýolugan keseliň özüni sypdyrmajagyny bilip, ölümini boýnuna alyp, gyzyndan bolan ogul agtygyna göwünlik beriji dünýewi gürrüňleri edip bererdi. Babasynyň öljek gününiň ýakynlaýandygyna gözi ýetip duranam bolsa Söýün her sapar: Baba, edýän gürrüňiň nähili, keseliňi bolşy ýaly aýdyp, Garaja hojama derman maslahat bermegini haýyş edenimizde: «Enşalla gutular, berhiz tutup horukmasyn, Atamyrat aga ir-iýmiş ýetişip başlanda gutular» diýýär-diýip babasyna göwünlik bererdi. Hojam aga gutular diýmän, Atamyrat aganyň öljek wagtyny aýdypdy. Garaja hojaň diýeni ýaly hem boldy. Atamyrat aga şol ýylyň 2-nji iýulynda düwnük keselinden aradan çykdy. Ýene jan berende-de durmuşda bolşy ýaly, hiç ejizlemän, rahat ymyzganan ýaly bolup amanadyny tabşyrdy.
Şol döwürler Turan topragy gaty biynjalykdy. Il içinde Buhara emirligi Mary sebitine çozanmyş, ýer suw üstünde Mary tekeleri bilen saryklaryň arasynda düşünişmezlik barmyş. Eýranly Japarguly han gökleňleriň üstüne çozanmyş. Ýöne teke hany Nurberdi han öz goşuny bilen eýranlylary derbi-dagyn edenmiş. Orus patyşasy bütin Turan düzlügindäki musulmanlaryň hemmesini öz raýatyna geçirjek bolup her hili hilegärlikler edýärmiş. Eýranlylar Näzdepä çozanmyş, olar Änewde-de talaňçylyk edýärmişler. Gökdepe etrapyna «ot ýakdyrmaýan» alamançylaryň serdary Agamämmet kürtmüş, ony atylýan ýarag bilen üpjün edýän, tekeleriň üstüne küşgürýän ruslarmyş. Gepiň gysgasy şoňa meňzeş gürrüňler köpdi.
– Eje, indi parahat oturan halkymyzy Agamämmet ýaly galtamanlar talap ýörmelimi? Bar mal talaňy, öý-goş talaňy owarram diýseň, ýaş gelin-gyzlary, oglan-uşaklaram öz ýurtlaryna äkidip, gul-gyrnaga öwrüp satmagy sütemiň aňrybaşy dälmi? Näme indi tekeler gyrylaýypmy ýa-da ar-namyslaryny iýdilermikä?
– Aý oglum, türkmenler bir geçirimli sada halkdyr. Gaýratam bardyr, ar-namysam. Ýöne bir başyny tutup, gerçek ýigitlerimizi talaňçylaryň garşysyna galdyran gerek.
Nurberdi hanyňam Mary iline başyny alyp gidişi bolaýdy öýdýän. Olam yzynyň aladasyny edýän hana meňzänok. Ýogsa, bolman-da, Agamämmet ýaly eşek ogrulary şeýder ýörermidi!
– Eger şeýle bolýan bolsa, maňa çyn ýürekden ak pata berseň, Babamyň bize miras goýup giden mal-mülküni seniň razylygyň bilen şul adalatly işe bagyş edeýin «Ýatyp galandan, atyp gal» diýipdirler. Belki ilimiziň asuda ýaşamagyna nepim degäýedi-dä.
– Eý balam, ejiz halka sütem edýän açgöz talaňçy ganhorlaryň garşysyna men heý-de zat gysganarynmy. Ýöne seniň ol uly işe ýolbaşçylyk etmäge, entek başyň ýaşmyka diýýän, ýaňy 28 ýaşyň bar. Güýç-kuwwatyň daşyndan köp durmuş tejribäň bolmaly. Köp külpetleri başyndan geçiren, ýeri gelende töweregiňi gurşap alan adamlaryňam gylyk-häsiýetlerini oňat bilýän adam bolmaly. Men öz halkymy gowy tanaýan. Sada, geçirimli, myhmansöýer, ar-namysly, ýeri gelende duşmanyň öňünde döşüni gerip bilýän durnukly, dosta wepadarlyk ýaly adamzadyň gowy taraplaryndan başga halkymyň bir kemçiligi bar, olam bolsa – bäsdeşlik, gedemlikdir. Bäsdeşlik diýilýän zat ýamanam däl. Ýöne bäsdeşligiň görüpbilmezlik, görüplige baryp ýetäýýän wagtam bolýandyr. Aýratyn ýaramaz tarapy hem bäsdeşlik gedemlik bilen birikse iň ýamanam şoldur. Ine şeýle adamlar içimizde gaty azam bolsa garaz bardyr. Ol adamlaram seniň ýaş başyňa dalaş etjek bolar. Şo tetelli adamlaryň pis pygyllaryny bilip, ýaman matlaplaryny ýüze çykaryp bilseň, onda işiň rowaç bolar. Görip adamlar bir kişiniň edeni ugruna bolup ugranda hasam janygýarlar, bäsdeşlikleri göriplige öwrülýär. Ine, onsoň şeýle adamlar içimizde gaty azam bolsa garaz, bardyr. «Oň bizden nämesi artykmyş» diýen şeýtan pyglyna gulluk edip ugraýarlar. Onsoň olaryň sylajak, gaýgyrjak adamsy bolmaz. Şeýle adamlar özleriniň iň ýakynyna-da kast eder diýilse – ynanaýmalydyr.
Ýöne adamzadyň ýene bir hili bardyr, olam: «Ölmez şanyň nökeri» diýilýänidir. Şonuň ýaly adam durmuşda gaty bir halanmasa-da şu pany dünýäde baky dostam, baky duşmanam bolmadyk diňe baky bähbidini gözleýän adamdyr. Beýle adam köp ýagdaýda utýandyr.
Ýagşy adamyň ýagşysyny aýdyp, abraýyny artdyrjak bolmaly, ýamana ýaman diýip ýaman pälinden gaýtarjak bolmaly. Başga-da çylşyrymly gylyk-häsiýetli adamlar köpdür. Iş salyşýan her bir adamyň haýsy akyla gulluk edýänini bilmegem her bir baştutanyň üstünligidir.
– Eje, sen meniň üçin, diňe ýöne bir eje däl-de hem maslahatçym, akyldarym, penakärim. Meniň üçin her hili horluklary başdan geçiren. Diňe meniň bähbidim üçin öz durmuşyňy isledigiňçe gurup bilmedik adam. Men seniň öňünde ölýänçäm bergidardyryn – Şeý diýip, Söýün bokurdagyny dolduryp bozuljak boldy. Ýöne özüniň başlajak bolýan işi bilen gözýaşyň, ejizlemegiň çapraz geljekligi ýadyna düşüp, özüni dürsäp merdemsiredi. Emma ejesi Hally weli gözýaşyny näçe saklajak bolsa-da, saklap bilmedi. Başdan geçirenleri Hallyň kalbynda gaýtalandy. Bular onsoňam eziz görýän ýeke dikrary, arkadaýanjynyň mylaýym sözleri ýiti gün şöhlesiniň ýumşan gary eredişi ýaly ejesiniň göwün taryna kakdy, ony örän tolgundyrdy, asyl horkuldap aglamaga mejbur etdi.
– Be, eje, nätdiň? Seni men-ä aýal diýip hasap edýän däldirin. Men oglankam ejizlämde-de sen dirneklidiň. Seniň horkuldap aglanyňa ömrümde birinji gezek gabat geldim.
– Aý uglum, aýal aýaldyr-da. Sen dünýä inmäkäň gurrumsaklaryň başyma getiren oýunlary ýadyma düşüp bozulaýdym. Seni gözüm görüp durka, meniň gözýaş etmäm küpürlikdir. Küpür bolmagam taňrynyň duşmany bolmakdyr. Hudaýa ýüzde müň şükür. Sen meniň arka daýanjym, hossarymsyň. «Birim bar müňüm bar» diýipdirler. Agtyjaklamma guwanmak nesip etsin-dä, Hudaýym.
– Eje, indi meniň özüm üçin saýlap alan ýolum, olam bolsa öz halkymy Agamämmet ýaly talaňçylardan halas etmek. Şol ýoldanam ýüz dönderjek däl, galanynam Allatagala oňarsyn-da. Men öz halkyma ýarar ýaly bir iş etsem şonda armanym galmaz. Bu dünýä gelip, «Gury geldim boş gitdim» bolasym gelenok. Belkäm dünýä boş durmazlyk üçin gury san bolup döredilen bolmaýadymda. Heý beýle-de bir zat bolarmy? «Bu gün ol obany talapdyrlar, ertesi negözel adamlary ýesir edip äkidipdirler». Adam öz öýünde arkaýyn ýatyp turmasa, ondan ýaşaýyş bolmaz. Eje, maňa gowy düşün. Il halkyma: «Şu ýigidä hakyky gerçek ýigit eken. Öz halky üçinem janyny gurban etmese armanly boljak adam» diýdirmesem, onda meniň ýürek matlabyma ýetmedigim bolar. Men öz ömrümi guýudan suw almak üçin sallanan ýüpli bedre hasaplaýaryn. Halkyma peýdasyz süren ömrümi guýudan suw alman boş çykan gowa hasaplaýaryn. Onsoňam her bir işe baş goşjak bolamda seniň ak pataňy alman, seni razy etmän işe başlaman, öň ýaşrakkam nädogry düşünjä gulluk edýän ekenim. Olam bolsa maslahat soralýan, akyl alyşylýan adam diňe erkek adamdan bolýarmyka diýen düşünjä gulluk edýärdik. Emma beýle däl ekeni. Başy gyňaçlyňam bir küren obaň maslahatçysy bolup bilýänine göz ýetirdim.
– Eziz oglum, menem seň ejeň-dä. Halkyňa ýarar ýaly işe baş goşjak bolsaň, öz obaňdan ýakyn obalardan hüý-häsiýetiň alyşýan edenliräk ýigitlerden ýygnap bir maslahat et. Seniň etjek bolýan işiňi olar goldaýarlarmy, ýa-da... Onsoň olaram özlerine ýaran gözlesinler.
Şondan soň ejeli-ogluň maslahaty bilen obada uly hudaýýoly berildi. Öz diýen ýigitlerinden bir toparyny bir öýe ýygnap, Söýün olara ýüzlendi: «Eý ýigitler, men sizi ýygnamagymyň esasy maksady siziň bilen pikir alyşmak. Biz näme öz göbek ganymyzyň siňen ýurduny Agamämmet ýaly talaňça haçana çenli basgyladyp gezmeli? Adamlar öz öýünde arkaýyn ýatyp bilenoklar. Hany biziň ar-namysymyz? Biziň halkymyz azragam bolsa Göroglynyň, Keýmirkörüň nesli ahyryn. Hany biziň öz ýurdy, halky üçin janyny gaýgyrman oda urýan, göbek ganynyň siňen topragyny goraýan teke ýigitlerimiz? Ýa-da olar namysyny ýuwdan, ejizini zalymlardan gorap bilmeýän, şolaryň ykballary bilen gyzykmaýan nalajedeýin geçilere öwrüldilermi?
Söýün erkejiň ajarly sözleri oturan ýigitlere ukudan «täh» diýlip oýarlan ýaly täsir etdi. Olaryň gaharlary gelip ganlary depelerine urdy, Şol pursatda inçemik, syratly demirýüz ýigit ýerinden turdy-da:
– Söýün, mus-mus diýme-de öz matlabyňy aýt. Şu oturanlaryňam ary-namysy, gaýraty, ikimiziňkiçe barmyka diýýän – diýdi.
Ýigitleriň içinde ýerinden turjak, söz aýtjak bolup gobsunanlar köpeldi.
Bally men mus-mus diýmän, Musa diýmeli bolsam, şol Agamämmet talaňçynyň soňuna çykmaly. Ol haçana çenli biziň aýal-oglan-uşaklarymyzy gözümiziň öňünde bagyrdyp süýräp alyp gitmelimiş ýa-ha başymyzy jemläp, agyz birikdirip, özümize kybapdaş ýigitlerden goşun toplalyň ýa-da başymyza gyňaç oranyp, alamançylaryň eden-etdiligine, zorluk-sütemine kaýyl bolalyň. Men dogrusy gany gyzgynlyk, göçgünlilik edip, paýyşrak sözleýänem bolmagym mümkin. Ýöne meni bagyşlaň, dostlar. Meniň indi çydam käsäm doldy. Men öňräkden bäri çişip ýörün. Kim meni goldap, maňa ýaran bolsa, şol garakçy her deminde bir adam iýýänem bolsa, şonuň bilen garpyşjak. «Agamämmediň ordasy bilen çaknyşyp, Söýün ölüpdir» diýdirsem, öz ykbalymdan razy. Hudaýa müňde bir şükür. Özümi maksadyma ýeten, öz ili üçin gurban bolan şehit hasap etjek. Eger makul bilseňiz, şu oturan ýigitleri ýüzbaşy diýip hasaplap, her kim bolman-da özüne göwni ýetýän aşagy 18, ýokarysy 30 ýaşly ýigitlerden özüne nöker toplasyn. Özem onçakly uzaga çekmän, bir hepdäniň içinde şu işler amala aşyrylmaly. Meniň bu pikirimi Nurberdi han makullady, Gurbanmyrat işanam ak pata berdi. Meniň mütdetini gysgaldyp, bahymrak ýygnanşalyň diýmämiň sebäbi biziň obalarymyzdan-da her hili sypatda sümüsgenip ýören Agamämmediň jansyzlary bardyr. Eger ol talaňçy biziň şeýle matlabymyzyň bardygyny biläýse, her eder, bizi maksadymyza ýetirmän, öz öýjüklerimizde dagatmanyň ugruna çykar. Onda zadam bardyr, hilegärligem.
Garaz, her kim öz başardygyndan özüçe dogry diýip hasaplan pikirini orta atdy. Ol pikirleriň hemmesini gaty akylly pikir diýip, aýdyp boljak däldi. Ýöne ýigitleriň içinde akylly-başly, göwnejaý pikirleri orta atanlaram boldy. Şu mukaddes iş üçin janyny gaýgyrmajakdyklaryna Söýün erkejiň gözi ýetdi. Bu ýagdaýa guwanjyny daşyna çykarmasa-da, ýigitleriň bu boluşlaryna göwni ýetip gaty begendi. Ýöne ol begenjini daşyna çykarmady. Gaty begenen ýa-da gynanan zadyňy daşyňa çykarman, içiňde saklap bilmegem adamyň sarlydygyny, özüne gurp edip biljegini görkezýän ölçegdir. Beýle häsiýet nepesi ýerindäki parasatly adamlara mahsusdyr. Söýüniň durmuş tejribesi onçakly ýeterlik bolmasa-da, onda parasatly batyr serkerdelere mahsus bolan häsiýetleriň hemmesi bar diýen ýalydy. Söýün erkeç özüniň serdarlara mahsus bolan häsiýetlerini Agamämmediň ordasy bilen däl-de, käbir ownugrak galtamanlar bilen bolan çaknyşykda görkezipdi. Ol eýýäm şol söweşlerde ýönekeý nökeriň ýerinde özüniň batyrlygy, ýiti paýhasy bilen beýleki ýigitlerden mazaly tapawutlydygyny bildirdi. Gepe çeperligi, dilewarlygy bilenem ýüzüniň gürrüňdeşini geň galdyryp, üns berip diňlemäge mejbur edip bilýän ukyply adam hökmünde-de özüni tanadypdy. Gepiň gysgasy, ýygnanan ýigitlerem Söýün erkeçden hoşal boldular.

Dowamy bar...
5
91
sahet_ashyrov
19.08.2020 13:12
Dowamy (11)...

Patyşanyň gaşyna gelenlerinde göwherçi başyna düşen işleri birin-birin beýan etdi. Patyşa örän gynanyp, hak-hukugyny artdyrdy.
Göwherçi öz sungatyny Behruza-da öwretdi. Behruz hem ussat bolup ýetişdi. Deňizden çykan dür neneňsi, ýasama dür neneňsi, Badahşan laglynyň haýsysy gowy, ýakut näçe dürlüdir, gowusy haýsydyr, ýaşyl zümerret nireden tapylýar, neneňsi bolýar, zeberjediň bir mysgalynyň arzysy-gymmaty näçe, Ýemen akyky nämä ýaraýar, kehruba neneňsi çykýar, magnitiň demir bilen neneňsi häsiýeti bar, ol demri neneňsi özüne çekýär, sadabyň içindäki dürüň näme üçin birnäçesi ýumry, birnäçesi ýasy bolýar, gurşun göteren adam näme üçin zebun bolýar, altynyň sarylygy nämedendir, baryny bildi, garaz, şol amalda her näme bar bolsa, ownuk-uşak zatlaryna çenli ählisini öwrendi. Şondan soň atasy oňa köp baýlyk berip, bezirgenlige iberip:
– Her ýere barsaň, gardaşyňdan habar soragyl, geleňsizlik etmegil – diýdi.
Behruz ýol ýaragyn tutup, sapara çykdy.
Takdyra görä, onuň beýleki gardaşyny ogul edinen patyşa dünýäden ötüpdi. Ogly-gyzy ýokdy. Onsoň ol oglany onuň ýerine patyşa göterdiler. Örän adyl patyşa boldy. Jomartlygy äleme ýaýyldy.
Onuň gardaşy Behruz: «Munuň kibi gymmatly daşlaryň hyrydary uly beglerdir soltanlar bolar. Şol adyl patyşanyň gaşyna baraýyn» diýip, patyşanyň ýanyna bardy. Oňa sowgat-serpaýlar getirdi, harydyny görkezdi. Olaryň biri-birlerinden habarlary ýokdy. Çünki köp wagt geçipdi.

Beýt
Mähnete duş etdi pelek bu teni,
Ol ýary ezizim tanamaz meni.

Patyşa Behruzyň söhbeti diýseň ýarady, jan-u dil bilen ony gowy gördi. Onsoň onuň ýanyna adam iberip: «Hiç haçan gitmän biziň gaşymyzda gezseňiz niçik bolar?!» diýip, habar gönderdi. Behruz:
– Eý, jahan şasy! Seniň bilen hemsöhbet we hemkäse bolmagy men hem kem islämok. Emma atam-enem bardyr. Olaryň gussasy bolmasady, bu ýerde galardym – diýdi.
Patyşa:
– Düe, at we dowar harçlyk alsynlar hem-de ata-enesini getirsinler – diýip buýurdy.
Behruz: «Beýik Taňry maňa örän mährem we mähriban bir patyşa bagyş etdi welin, gardaşdan ýegdir. Geliň, munuň saýasynda düýrüleliň, ýitiren gardaşymyzyň pyrak oduny munuň wysal suwy bilen söndüreliň» diýip, hat ýazdy. Soňra özi patyşa bilen eşrete meşgul boldy. Bir gije patyşa Behruz bilen eşrete meşgul bolup otyrka, serhoş bolup, oturan ýerinde uklap galdy. Behruz çäksiz mähribanlygyndan ýaňa: «Bu gije nobatçylar gelmedi, maslahat şeýle, gowusy, uklamaýyn we patyşa gözegçilik edeýin» diýip, edil ýyldyzlar deýin oýa bolup, ýiti gylyç bilen sarsman oturdy. Daň atdy, patyşanyň egindeşleri şanyň gaşyna girdiler. Görseler, Behruz eli gylyçly patyşanyň başujunda dur. Derrew bahana edip:
– Haý, duz-emek bilmez nadan. Näme eder sen? – diýip gygyrdylar.
Patyşa ukudan oýandy. Olar:
– Buýruň, bu oglany öldürsinler. Saňa kast eýledi. Biz irden geldik – diýdiler.
Patyşa Behruzdan:
– Seniň bu eden işiň nämedir? – diýip sorady.
Behruz:
– Men bu işi seni gowy görýänligimden etdim. Gulluk edýän hasapladym. Emma duşmanyň muny bahana edinjekdigini bilmedim. Zynhar, bularyň sözi bilen iş etme, meni hiç zat ýok ýerinden öldürme. Soňra ahwalym bilinenden soň, puşman edersiň – diýdi.
Patyşanyň buýrugy bilen Behruzy zyndana saldylar. Birküç gün geçenden soň, onuň ata-enesi geldi. Olar Behruzyň ahwalyny eşitdiler. Onsoň patyşanyň köşgüniň işigine bardylar. Habarlaşmaga ýol tapmadylar. Onsoň patyşa kyssalaryny we gussalaryny ýazdylar: «Eý, jahan şasy, eý, döwürleriň patyşasy! Bilgin, biz bir garyplardyrys. Zamananyň jebrini we pelegiň belasyny köp çekendiris. Iki oglum bardy. Biriniň ady Behruzdy, beýlekisiniň adyna Ruzbeh goýupdym. Ikisi-de suwa gitdi. Allatagala birini gaýtaryp berdi. Biz ol biriniň pyrak odunda ýanyp ýörkäk, patyşa bu birini hem zyndana salypdyr».
Patyşa kyssany okandan olaryň öz ata-enesidigini bildi. Onsoň buýrup, gaşyna girizdi. Ata-enesi bilen görüşdi hem-de: «Men Ruzbehdirin» diýip, özüni tanatdy. Ata-ene söýündiler. Behruzy hem zyndandan çykaryp getirdiler. Şatlyk-şagalaň edip, sadakalar berdiler.

Beýt
Ýürek-bagra ýara salan döwrüň gam-gussasy geçdi,
Ahyr bir gün ýürek-göwnüň arzuw-umydy ýetişdi.

Dowamy bar...
3
32
sahet_ashyrov
18.08.2020 09:08
Dowamy (10)...

Göwherçi rugsadyň bolmajakdygyny bildi. Üç ýyl geçdi. Oglanjyklar ejesiniň gaşynda ulaldylar, ösdüler. Demme-dem hat ýazyp, atalaryny göresiniň gelýändiklerini bildirdiler. Göwherçi başga çäre tapman adam iberip: «Eý, wepaly ýar, eý, gerçek halal! Şu hat saňa baryp ýeten badyna hanymany goýgul hem-de oglanjyklary alyp gelgil. Bu işe gaýry çäre tapmadym. Bu pyrak gijesiniň säherini görmedim. Birden ajal ýetip, hasrat ody we didar arzuwy kyýamata galaýmasyn» diýip, hat ýazdy.
Göwherçiniň aýaly haty okap, habary bilen badyna oglanjyklaryny alyp, ýola düşdi.
Göwherçiniň gaşyna buşlukçylar söýünjiläp geldiler.
Göwherçiniň aýaly ýoluň ýarsyna golaýyny geçenlerinde, bir uly derýanyň kenarynda düşlediler. Beýleki tarapdan oglanlarynyň gelýändigini eşiden göwherçi hem olary garşylamaga çykyp, şol derýanyň beýleki kenarynda düşledi. Täret almaga derýanyň gyrasyna bardy. Goltugynda müň gyzyly bardy, gyzyly suwa gaçdy. Göwherçi yzyna dolanyp, ýükleriniň ýanynda oturdy. Emma altyny göz öňüne geldi durdy. Onsoň derýanyň kenaryna baryp, altynyny gözlemäge durdy. Emma tapmady. Şol wagt onuň aýaly perýat urup: «Eý, Ruzbeh, eý, Behruz! Siz nirede, geliň bäri» diýip gygyrdy. Göwherçi aýalynyň üýnüni, çagalarynyň adyny eşidip, tanady. Onsoň ata münüp, suwdan geçdi, guma bulaşdy, aýalynyň ýanyna gelip görüşdi, hal-ahwal soraşdy. Soňra:
– Näme gözleýärsiň? – diýip sorady.
Aýaly:
– Oglanjyklary gözleýärin. Şu ýerlerde oýnap ýördiler. Nirä gidenlerini bilemok – diýdi.
Muny eşiden göwherçi şolbada ýakasyny ýyrtyp, dady-perýat edip:
– Oglanjyklarymy öz elim bilen öldürdim. Ikisini hem suwa okladym. Görüň, neneňsi erbet işe ulaşdym – diýip, nala çekdi.
Olar şol gije derýanyň kenarynda çagalaryny gözläp geçirdiler. Hergiz yz-sor tapmadylar. Ata-ene hasrat ody bilen gözýaşlaryny akdyryp, arman bilen öz ellerini özleri çeýnäp, haýran galdylar.
Emma Patyşalar Patyşasynyň lutpy-keremini görüň, ol bu oglanlary aman saklady.
Olaryň hersi bir ýere düşdi. Suwa çümüp, suwuň ýüzüne çykanda oglanjyklaryň biri suwuň kenaryndaky bir beýik ýere çykyp, aglap ýatyp galýar. Şol wagt ol ýerden bir patyşa geçip barýardy. Ol bu oglanjygy beýle ýagdaýda görüp:
– Sen neneňsi oglan sen? Nireden we niçik geldiň? – diýip sorady.
Oglan özüniň kyssasyny beýan etdi. Patyşa gamlanyp aglady hem-de:
– Adyň nedir? – diýip sorady.
Oglanjyk:
– Adym Ruzbehdir – diýdi.
Patyşa:
Pal tutdum, seni ogul edindim, aglama – diýdi.
Soňra oglany ata mündürdiler-de alyp gitdiler. Bu patyşanyň ogly ýokdy, ol Ruzbehi özüne ogul edindi.
Beýleki oglanjyk, ýagny Ruzbehiň beýleki taýy hem bir ýerde aglap ýatyrka, bir bölek aýýar ol ýerden geçip barýardy. Olar ony görüp:
– Äkideliň hem-de gymmat bahadan satalyň. Şeýdip, şunuň bahasy bilen birküç gün aýşy-eşret süreliň – diýşip, alyp gitdiler.
Oglanjyklaryň ata-enesi:
– Näme edeliň?! Bir derde uçradyk, munuň ýüz tutup, sorar ýaly dermany ýokdur. Indi şu derýanyň kenary bilen gideliň. Beýik Taňry ne eýlär, başymyza näler getirer, göreliň – diýdiler-de gidiberdiler.
Birküç günden soň bir şähere bardylar. Göwherçi aýalyny bir ýerde goýup, bazara bardy. Görse, bir bölek oglanjyklaryň arasynda bir enaýyja oglanjygy hem satyp durlar. Ony gören göwherçi: «Bu oglanjyk gula meňzänok. Muny satyn alaýyn. Eger oglum Behruz tapylmasa, bu oglanjygy ogul edineris» diýip, oglanjygy satyn alyp, aýalynyň gaşyna gelip, aýalyna:
– Bir oglanjyk aldym, gör – diýdi.
Aýaly seredende gözi ogluna düşüp, bihuş bolup ýykyldy. Ýüzüne suw sepdiler. Özüne gelip, ogluny bagryna basdy.

Hiç kim dünýä gamynda hemişelik galmady,
Umyt üzme hiç haçan, diýme: «Umyt galmady».

Aýaly:
– Bu şol ýitirip gözleýänimizdir, bagrym parasydyr, oglanjygymdyr – diýdi.
Hoja şat bolup söýündi. Beýik Taňra şükür eýledi hem-de:
– Bu oglanjygymyzy tapdyk. Umyt et, belki Beýik Taňry ol birini hem elimize gowşurar. Tur, gideliň. Ýene-de patyşamyzyň gaşyna baralyň. Onuň saýasynda egleneliň – diýdi.

Dowamy bar...
3
49
sahet_ashyrov
17.08.2020 09:19
Dowamy (9)...

Bagtyýar bu hekaýaty tamamlandan soň:
– Eý, şahy älem! Täleýiň ýüz dönderen kişisi şeýle bolar. Häzir meniň ahwalym şol bezirgeniň ahwalyna döndi. Döwlet menden ýüz dönderdi. Patyşa kerem kylsyn we anyk bilsin. Men pelek belasyna sataşan mazlumdyryn. Günäsizligim patyşa mälim bolýança gyssanmasyn we zulum-sütem etmesin–diýdi.
Bu hekaýaty eşiden patyşanyň köňli ýumşap:
– Bagtyýary zyndana eltiň – diýip buýurdy.

KYSSA

Ertesi patyşa tagta çykyp oturdy. Üçünji wezir ileri çykyp, rugsat diläp, sözlemäge başlady we:
– Eý, patyşahy älem! Şu oglany maňa ber, men ony daşlap öldüreýin. Goý, tutuş äleme ybrat-sapak bolsun, hyýanatçylar we bozuklar öwüt alsyn – diýdi.
Patyşa:
– Bagtyýary getiriň we dardan asyň – diýip buýurdy.
Bagtyýary şanyň gaşyna getirdiler. Patyşa aýtdy:
– Eý, oglan! Buýruk berdim, seni dardan asarlar. Çünki seniň öldürilmegiň ýerliklidir.
Bagtyýar:
– Eý, şahy älem! Senden öňki patyşalar we ulular bu zyndany biderek ýere goýmadylar, belki niçeleriň günäsizligi bilinsin diýen maksat bilen gurdular. Meni öldürmäge gyssanmagyl, ne gaçara aýagym bar, ne gidere ýaragym bar. Megerem, göwher satyjynyň hekaýaty patyşanyň mübärek gulagyna ýeten däldir?! Onuň gyssanmakdan nämelere duçar bolanyny şa bilýän däldir – diýdi.
Patyşa:
– Ol nähili hekaýat?! Aýt, eşideliň – diýdi.
***
Bagtyýar aýtdy:
– Gadymy döwürlerde bir göwher satyjy bar eken. Köp nygmaty bardy, hemişe rahatlykda ýaşaýardy. Ol göwherleri seljermekde diýseň ussatdy. Ol göwher satyjynyň bir mylakatly we örän görkli-görmekli bir aýaly bardy. Hatyny ýüklüdi.
Bir ýurduň patyşasy bu ýurduň patyşasyna sowgatlar iberip, nama ýazyp: «Biraz hünji daşlary bar, şol kişini iberäýseňiz. Gelsin, şol göwherleri seljerip bersin, soň ýene-de tizden yzyna ibereris» diýip, ondan ýaňky göwherçini diledi. Hat-habar gelenden soň, patyşa göwherçä ýarag-şaýyny tutmagy buýurdy hem-de:
– Bar, ol patyşanyň dilegini ýerinde bitirip, ýene-de gelersiň – diýdi.
Göwherçi aýalyna bakyp:
– Meni şa çagyrtdy. Bu biziň döwletimizdir. Men baraýyn. Eger ol ýerde hoş bolsam, göwnüme ýarasa, onda seni ýanyma elterleri ýaly seniň yzyňdan kişi ibererin. Eger gelmezimden öň çaga doguraýsaň, Beýik Taňry berip, çagaň oglan bolsa, adyna Behruz goýgun, gyz bolsa, özüň bir muwapyk-ýerlikli at dakarsyň – diýýär.
Soňra göwherçi ýol söküp, ýaňky patyşanyň huzuryna baryp ýetýär. Patyşa onuň bu işdäki hünärini görüp, örän begendi hem-de ony sarpalady. Göwherçi ol ýerde bir ýyl mesgen tutdy. Emma köňli aýaly we çagasy bilen meşguldy.
Göwherçiniň aýaly dürüň dänesi deýin iki ogul dogurdy. Onsoň ärine: «Haktagala bize iki göwher bagyş etdi. Gözellikde älemde taýy ýokdur. Biriniň adyna Behruz, beýlekisiniň adyna Ruzbeh goýdum» diýip, hat ýazdy. Göwherçi bu habary eşidenden olary görmäge höwesi artyp, sapar şaýyny tutdy hem-de patyşadan rugsat diledi. Patyşa rugsat bermedi hem-de:
– Adam iberip, bäri getiriň, ýol ýarag-şaýyňyzy bererin – diýdi.
Onda göwherçi: «Ýene bir zaman sabyr edeýin, belki soňra rugsat berer» diýip geziberdi. Ýene-de bir ýyl geçdi. Göwherçi aýralyk oduna has-da ýandy. Gussasyny we kyssasyny ýazyp, patyşa berdi. Patyşa:
– Elbetde, rugsat ýokdur – diýdi.

Dowamy bar...
6
45
sahet_ashyrov
15.08.2020 10:53
Dowamy (8)...

Hasyly doly ýygnanlaryndan soň, bugdaýy bege tabşyrdylar. Beg:
– Bezirgeniň hakyny beriň, özem artygy bilen beriň – diýip buýurdy.
Bezirgen bu sözi eşidende, ýer öpüp:
– Men «Maňa beýle kerem, sahawatlylyk edersiň» diýip, umyt etmeýärdim. Onsoň ätiýaçlyk edip, hakymy aldym we bir gowakda döküp goýdum. Häzir, senden beýle sahawatlylygy gördüm, indi baryp, ol bugdaýy ammarça tabşyraýyn – diýdi.
Onsoň baryp, daga çykdy, gowaga girdi. Emma bir däne-de bugdaý tapmady, syryp, süpürip gidipdirler. Misgin bezirgen muny görüp, haýran bolup galdy. Beg hem munuň bu eden işine gazaplanyp: «Kowuň» diýip, buýruk berdi. Onsoň bezirgeni obadan çykaryp kowdular. Ol misgin bezirgen azygy ýok, gussasy çoh halda ýola rowana boldy. Bir zamandan soňra bir deňziň ýakasyna geldi. Guwwaslara sataşdy. Olar:
– Munça malyň, nygmatyň nirä gitdi? – diýip soradylar.
Ol başdan geçirenlerini birme-bir gürrüň berdi. Guwwaslaryň ýürekleri awap: «Muňa ýardam etmek gerek. Geliň, şuňa niýet edip, deňze gireliň. Taňry näme berse, şuňa bereliň» diýip, bary deňze girdiler. Alty bölek göwher tapdylar welin, hiç biri hem hiç bir patyşanyň hazynasynda ýokdy, boljagam gümandy. Her biri bir yklymyň hazynasyna degjekdi. Bezirgen: «Hudaýa şükür, sermaýa elime girdi, gitmiş döwlet ýene dolandy» diýip, söýünip, göwherleri aldy-da ýola düşdi. Onuň bilen birküç ogry hemra boldy. Bezirgen olaryň özüne hemra bolmaklaryndan üýşenip, öz-özüne: «Eger bular mende göwher bardygyny duýsalar, meni depelärler» diýip, goltugynda gizlän göwherleriniň bir bölegini çykaryp, agzyna saldy hem-de: «Eger goltugymdaky göwherleri bilseler, agzymdaky göwherler galar» diýip oýlandy. Biraz ýörediler. Bezirgen asgyrdy. Göwherler agzyndan ýere döküldi. Ogrular muny gören badyna bezirgeni tutup, urup, gynap, goltugyndakyny hem aldylar. Bezirgeni bolsa, bir agaja sarap, zym-zyýat boldular. Bezirgen biçäre gözüni sykyp galyberdi.
Bir türkmen şäherden çykyp, sähra barýardy. Ýoly bezirgeniň üstünden düşdi. Bezirgeni görenden eşeginden düşüp, ony boşatdy. Bezirgen oňa: «Meni şähere elt» diýip ýalbardy. Ol bezirgeni eşegine mündürip, şähere getirdi.
Bezirgen içinden: «Hudaýa şükür! Iki sany göwherim bar, olary satyp, maýa edineýin» diýip, derrew göwherini aldy-da, sarrapyň gaşyna bardy. Sarrap göwheri gören badyna bezirgeniň ýakasyndan ýapyşyp, alkymyna birki gezek sugşurdy hem-de:
– Eý, zalym! Meniň göwherim bilen şunça malym gitdi. Sen alypsyň, hany galan malym? – diýip, ony şihnäniň gaşyna getirdi.
Bezirgeni derrew zyndana saldylar. Ol hernäçe ýagdaýyny aýdyp, aglasa-da, ynanmadylar. Bezirgen gapa bakyp, tüni-gün ahy-nala ederdi, hem-de:
– Bu gaýgy-gussa we betbagtlyk ahyry nirä baryp ýeter, maňa halasgär nireden gelip ýeter?! – diýerdi.
Bir gün şol guwwaslaryň biri zyndanyň gapysynyň öňünden geçip barýardy. Bezirgen ony çagyryp:
– Eý, şepagatly dost! Eý, mähriban ýoldaş! Maňa medet eýle – diýip, perýat etdi.
Ol guwwas beýleki guwwaslara:
– Ol misgin we dertment bezirgen ýene-de bir bela uçrap, zyndana düşüpdir. Ol biz sebäpli bela giriftar bolupdyr. Geliň, ählimiz patyşanyň dergähine baralyň hem-de pygamberimiziň sözüni tutup, ol biçäräni zyndandan gutaralyň. Hezreti pygamber alaýhyssalam: «Zalymam bolsa, mazlumam bolsa, doganyňa kömek et» diýip buýrupdyr – diýýär.
Onsoň guwwaslar düýrülip patyşanyň gaşyna geldiler hem-de:
– Eý, jahanyň belent şasy! Bu bezirgen mazlumdyr hem döwletden mahrumdyr, hany-manyndan daşdadyr, bu mähnetde hassadyr. Mal-nygmatyň eýesidi. Munuň başyna düşen bu oýny, çarhypelek oýnady. Şol iki göwher bu bezirgeniň mülküdir – diýdiler.
Patyşa bu sözi eşidenden soň, bezirgeni zyndanda çykaryp, gaşyna getirtdi. Don berdi, göwnüni awlady. Soňra:
– Bu bezirgen zamananyň mähnetini köp çekipdir – diýip, begleriň gaşynda oňa bir hazynasynyň açaryny tabşyrdy.
Bezirgen hazyna girip, hazynanyň içinde otyrka seredip görse, diwarda syçanyň hini bar eken. Ony görüp: «Bu deşik arkaly birden bir zat ýok bolaýmasyn» diýip, deşikden bakdy welin, görse, patyşa hatyny bilen otyr. Birden oňa patyşanyň gözi düşdi. Patyşa derrew bir hyzmatkärine:
– Bar, şol deşikden bakan kişiniň gözüni çykar, onuň jezasyny bermek wajypdyr. Çünki: «Gözler harama baksa, zyna etdigi bolar» diýipdirler – diýip buýurdy.
Elkyssa, hyzmatkär geldi, bezirgeni basdylar-da gözüni çykardylar. Bezirgen uwlap galyberdi.

Dowamy bar...
5
139
sahet_ashyrov
14.08.2020 14:12
Dowamy (7)...

Bagtyýar söze başlady:
– Patyşahy äleme mälim bolsun, geçmiş zamanda Basra şäherinde bir bezirgen bar eken. Onuň maly-nygmaty örän köpdi. Älem etraplarynyň baryny aýlanyp görüpdi. Görse-baksa, deňiz sapary peýdaly, muşakgaty bolsa azdy. Onsoň deňizde sapar eýledi. Emma munda mal gitdi, nygmat mähnete döndi. Her näme çäre agtarsa, bary hata boldy. Onsoň bezirgen: «Meniň işime hiç bir çäre galmady. Saparym muwapyk we ýaramly bolanok, indi gowusy, sapardan köňlümi üzeýin. Belki, ters gelen täleýim oňuna bolar. Çünki her bir kişi eglik harlygyn görmeýänçä eýlige ýetişmedi, her kişi yşk derdiniň belasyny çekmeýänçä magşugyň wysalyna gowuşmady. Indi maslahat şudur, gowusy, şäherde ornaşyp, bugdaý ýygnaýyn. «Gyz» bolanda ýene-de sataýyn, neplenerin. Hany göreli, durmuş meniň bilen neneňsi oýun oýnar. Iň bolmasa diri galar ýaly zat ele getirerin. Kesekileriň eline bakmaryn, siňek kibi ýatlaryň çanagyna gonmaryn» diýip oýlandy. Onsoň galanja baýlygyny bugdaýa berip, ammarlary doldurdy. Takdyr ters gelip, ol ýyl bugdaý bol boldy. Bezirgen biçäre bolup galdy. Ol ýyl bugdaýyny köňül islegine görä satyp bilmedi. Onsoň: «Sabyr edeýin, indiki ýyl gelsin, şonda bugdaý «gyz» bolar, şol wagt sataryn» diýip oýlandy. Ol ýyl hem arzanlyk boldy. Bezirgen ýene-de: «Zyýanyňa satmak bolmaz, bu ýyl hem sabyr edeýin» diýip oýlandy. Emma ammarlarynyň astyndan suw çykyp, ähli bugdaý çüýredi. Bezirgen ol çüýrän bugdaýlara köp pul harç edip, şäherden daşary dökdürdi. Basranyň ilaty ony görüp, bary bir agyzdan oňa nälet okadylar. Bezirgen görse, bu çäresi hem oňuna bolmady. Onsoň ýene-de barja baýlygyny düýrüp-ýygnap, deňiz saparyna ýüz urdy. «Ýa berer, ýa geler» diýip, gämä münüp, ýola rowan boldy. Üç gije-gündiz gitdiler. Birden, bir ýel gelip, gämini daşa urup, geçip gitdi. Ählisi heläk boldy. Diňe bezirgen bir tagta ýapyşyp, diri galdy.

Beýt
Deňizde ger bolsa, sansyz, köp peýda,
Salamat isleseň, bardyr kenarda.

Misgin bezirgen suw bilen gök arasynda ýalňyz galdy. Janyndan el ýuwdy. Onsoň köňlünde: «Eger bu beladan gutulsam, oglanjyklarymyň gaşyna baryp, bir para gury nan bilen kanagat edeýin» diýdi. Takdyra laýyklykda bir ýel gelip, bezirgeni kenara eltdi. Garny aç, ysgyny ýok halda bir gije-gündiz ýol ýöredi. Ahyry bir obanyň çetinden geldi. Obanyň ortasynda bir uly köşk gördi. Ol köşke ýakyn bardy. Oba beginiň gözi bezirgene düşdi, görse gurbat eseri ýüz-gözünden bildirip dur. Onsoň bezirgeni ýanyna çagyryp, hal-ahwal sorady. Bezirgen başyndan geçenlerini bir-bir beýan eýledi. Gözlerinden ýaşlar rowan boldy. Muňa oba beginiň ýüregi awady. Onsoň onuň buýrugy bilen oňa öý berdiler, obanyň gözegçiligi wezipesini berdiler. Bezirgen ol ýyl ekin ekdi, bugdaý hasyly köp boldy. Bezirgen hasap edip görse, öz gazanjak hakyndan hem artyk peýda görüpdir. Onsoň köňlünde pikir edip: «Belki, bu beg munça zady maňa bermez we gyýmaz. Gowusy, öz hakymy alyp, ony bir ýerde gizläýin. Eger hakymy maňa berse, ony yzyna bererin, eger hakymy bermese, hakymy aldygym bolar» diýdi. Soňra bezirgen özüne düşýän hakyny bir gowaga dökdi. Ony-da ogrular göz astyna alyp ýördiler. Derrew geldiler-de, baryny göterdiler.

Dowamy bar...
5
43
sahet_ashyrov
14.08.2020 10:06
Dowamy (6)...

Patyşanyň buýrugy bilen hatyny hem bagladylar. Ertesi begler, wezirler we köşk ynamdarlary häzir boldular we ýerli-ýerinde oturdylar. Olar patyşanyň ýüzünde gussa alamatyny, meňzinde gaýgy nyşanyny gördüler. Patyşanyň ahwalyny soramaga hiç kimiň gaýraty çatmady. Patyşa wezirleriň ulusyny gaşyna çagyryp, bolan wakany beýan etdi. Wezir Bagtyýary ýok etmäge pursat gözleýärdi, muny eşidip, örän şat boldy. Köňlünde: «Ýagşy pursatdyr, başyny kesdireýin we bela ýelini üstünden ösdüreýin» diýdi. Soňra patyşa garap:
– Eý, patyşahy älem! Bir kişi aýýarlar bilen ulalyp, önüp-ösen bolsa, pişesi-de haramlyk we ýol urmak bolsa, onuň seniň dergähiňe ýol tapmagy we gelmegi neneňsi laýyk bolar?! – diýdi.
Patyşa wezire:
– Ýör, köşge gir, bu işiň hakykatyny mälim eýle – diýip, buýurdy.
Wezir hatynyň gaşyna gelip:
– Bu ne işdir? Patyşa senden görýär. Eşidenimden bäri ýüregim para-para boldy. Indi maňa hakykaty aýdyp bergil. Bu bozuklygyň düzelişi – bu garaňkylygyň daňy bolar – diýdi.
Hatyn:
– Bilgin, bu işiň ne öňüni bilýän, ne-de soňuny. Men bu işden päk – diýdi.
Wezir:
– Onda maslahat şeýle, bu waka barada men näme öwretsem, senem şony diýersiň. Şonda bu ýowuz söz seniň etegiňden silkiner – diýdi.
Hatyn:
– Sen özüň ýagşy biler sen. Sen atamyň ýerindesiň. Çünki meniň abraýym üçin çalyşýarsyň. Şonuň üçin her bir eden pikiriň dogrudyr we tapan çäräň sogaplydyr – diýdi.
Wezir aýtdy:
– Sen patyşa garap: Köp wagtdan bäri ol oglan şunuň ýaly hereket edip, maňa: «Ýa maňa boýun bolarsyň ýa-da hut öz başyň bilen patyşanyň başyny ke görersiň diýýärdi» – diýgin.
Hatyn aýtdy:
– Niçik bir kişä töhmet atyp, ganyna galaýyn? Ahyretde ne jogap bererin?!
Wezir gaty ses bilen gygyryp:
– Näçe wagtlardan bäri musulmanlaryň başyny kesip, malyny talan oglany neçün goraglaýarsyň?! Şerigatda onuň gany halaldyr – diýdi.
Hatyn:
– Perman seniňkidir. Bu işiň çäresi näme bolsa, şony et – diýdi.
Wezir patyşanyň gaşyna baryp, Bagtyýar barada köp ýaramaz sözler aýtdy. Patyşa örän gaharlanyp:
– Dar agajyny diksinler. Bagtyýary dardan asalyň – diýip buýurdy.
Soňra patyşanyň buýrugy bilen Bagtyýary getirdiler. Patyşa gazap bilen onuň ýüzüne bakyp:
– Eý, bidöwlet näkes! Saňa patyşalyk hazynasyny tabşyrdym, seni gaşymda ýakyn egindeşim edindim. Utanmadyňmy, ne üçin amanata hyýanat etdiň. Indi özüňi ýok ýere ýitirer sen – diýdi.
Bagtyýar başyny galdyryp:
– Eý, patyşahy älem! Şu duran ýerimde jan-u jahan saňa pida bolsun. Emma men bu işden päkdirin we bu töhmetden akdyryn. Amanata dogrulygym çohdur, hyýanatlygym ýokdur. Eger men päkligimi görkezip bilmesem, öz elim bilen özümi heläk etdigim bolar. Taňry meni gorap saklandyr. Hudaýa şükür, patyşa raýat saklaýjydyr, garyplary ekleýjidir. Adyllygy äleme ýaýylandyr. Şahym meni öldürmekde äwmesin, ýitirmekde gyssanmasyn. Zyndana buýursyn, goý, meniň ahwalym anyk, mälim bolsun. Meniň ahwalym bir bezirgeniň hekaýatyna meňzär. Döwlet ondan ýüz dönderipdi, näçe ýerlere gitse-de, işi oňmandy – diýdi.
Muny eşiden patyşa:
– Ol neneňsi kyssadyr, aýt, eşideliň – diýip buýurdy.
Bagtyýar patyşa hamdy-sena aýdyp, söze başlady.

Dowamy bar...
4
53
sahet_ashyrov
14.08.2020 08:54
Dowamy (5)...

Bezirgen Hudadady öýüne getirdi. Dürli donlar geýdirdi, ogul ornunda gördi. Bir gün ol bezirgen ýaňky oglanyň eline bir gymmatbahaly biz berdi. Ol ony alyp, patyşanyň gaşyna geldi. Patyşa Hudadady gören badyna ýüregi gyýyldy we bir gezek sowuk ah çekip:
– Meniň oglanjygym hem diri galan bolsa, şunuň ýaly bolardy – diýdi.
Geň hikmet, ata ogluny görüp durka, onuň pyrakyndan ýanýar we onuň özüniň bagyr parasydygyny bilmeýär.
Birnäçe wagtdan soňra, patyşa bezirgenden:
– Eý, hoja! Bu oglan seniň ogluňmy? – diýip, sorady.
Bezirgen:
– Eý, soltanym! Bu oglan şol haramylardan alan dogmamyzdyr. Ony soltanymdan diläpdim. Häzir patyşanyň döwletiniň saýasynda asylly hyzmatkär bolup ýetişdi – diýdi.
Patyşa:
– Bu oglany maňa berseň niçik bolar?! – diýdi.
Bezirgen ýüzüni ýere berip aýtdy:
– Eger bilimden önen hakyky oglum bolsa hem patyşaha bagyş etdim – diýdi-de, Hudadady şol ýerde goýup gaýtdy.
Gör, Belent Taňry ol oglany neneňsi edip, öz atasyna tabşyrdy. Hezreti Haktagala ol oglany ýene-de atasynyň gaşyna getirdi. Belent Taňrynyň şeýle bir mährem lutpy-keremi bardyr welin, onuň şüküri halwadan hem datlyrakdyr.
Patyşa ol oglandan:
– Adyň nedir? – diýip sorady.
Ol:
– Adym Hudadat – diýip, jogap berdi. Soňra ýene-de:
– Meniň adym şu wagta çenli Hudadatdy. Indi patyşanyň guly boldum, perman patyşanyňkydyr, ne islese diýsin – diýdi.
Patyşa:
– Adyň Bagtyýar bolsun. Goý, bagt saňa ýar bolsun – diýdi.
Bagtyýar şat bolup, ýüzüni ýere goýdy. Şondan soň ol tüni-gün hyzmata meşgul boldy.
Patyşa synap görmek üçin oňa ahyr emirligini bagyş etdi. Ol bu işde dogrulyk we yhlas görkezdi. Az salymda bar bolan ähli arryk atlary semretdi. Patyşa bir gün atlaryny synlamaga geldi. Görse, ähli atlar özgeripdir. Onsoň öz dowarlaryndan dowar berdi, halat ýapdy. Soňra:
– Ahyr emirligi munuň üçin hiç zatdyr – diýdi.
Döwlet sütünleri we soltanlyk ululary düýrülip, hazyna geldiler we hazynany Bagtyýara tabşyrdylar. Az wagtyň içinde Bagtyýaryň dogrulygynyň we yhlaslylygynyň bereketi bilen hazyna abadanlaşdy. Hazyna dürdir jöwherler bilen doldy. «Päk göwünli we ynamdar dost, ýüz müň taýsyz dürden gowudyr» diýip, gör nähili ajap aýdypdyrlar.
Şeýlelikde, Bagtyýaryň ahwaly şeýle bir derejä baryp ýetipdir welin, köşk ýakynlary we wezirler oňa göriplik bilen hilegärlik edip başlapdyrlar.
Bagtyýar bir gün öz gullary bilen iýip-içip otyrdy. Ýazyň ilki günleridi. Älem ýüzi müşki-atyr sepilen deý kükäp durdy. Şol wagt Bagtyýaryň köňlüne: «Köşge çykaýyn, biraz gezelenç edeýin» diýen pikir geldi. Bagtyýaryň hüjresinden patyşanyň köşgüne tarap açylýan bir kiçijek gapy bardy. Bagtyýar şerabyň täsiri bilen turup, şol gapyny açdy we patyşanyň howlusyna girdi. Bir hüjre gördi, dürli-dürli parçalar bilen bezelipdir we düşelipdir. Ortarasynda bir tagt gurlupdyr. Ol patyşanyň hut özüniň hylwat hüjresidi. Töweregine seretdi hiç bir kişi görmedi. Onsoň tagtyň üstüne çykyp ýatdy, uklady. Gije düşüp, howa garaňkyranda bir garabaş geldi. Ol Bagtyýary görüp, ony patyşadyr öýtdi. Onsoň öz adatyna görä, altyn kündügi suwdan doldurdy we goýdy-da gitdi. Biraz wagtdan soň patyşa geldi. Görse, öz ýerinde bir gaýry kişi ýatyr. Gazap bilen gygyrdy, hyzmatkärler ýetip geldiler, düýrüldiler. Patyşanyň hökümi bilen Bagtyýary mäkäm bagladylar-da, zyndana okladylar. «Serhoşluk ilki maly giderer, ahyr başy giderer».
Patyşa köňül darlygy bilen, köşge girip, hatynyna gaharlandy we gazap bilen:
– Seniň bu eden işiň näme? Bagtyýar bu işi edende ýolbeletsiz bu ýere nädip girdi – diýýär.
Hatyny ýer öpüp:
– Seniň diýýän bu sözüň jogabyny kim berip biler? Bu gazapdan kişi nädip gutulyp biler, nädip gorkman biler?! Sabyr eýle, bu işiň hakykaty ahyr bilner. Şondan soň näme isleseň edip bilersiň. Häzir meniň bu işden hiç hili habarym ýok – diýdi.

Dowamy bar...
3
34
sahet_ashyrov
13.08.2020 08:56
Hökümdar ynsapsyz bolsa, ýurt harap bolar.

Ebu Bekir.
10
90
sahet_ashyrov
13.08.2020 08:53
Dowamy (4)...

Takdyra laýyklykda ol oglanjygy guýynyň başynda goýup giden güni tötänden bir bölek aýýarlar (aýýar-ogry, hilegär, mekir, talaňçy, ykmanda) ol ýerde düşläpdirler. Olar ýol urup, ogurlyk ederdiler. Olar suw içmek üçin şol guýynyň ýanyna gelenlerinde görseler, dür dänesi kibi bir oglanjyk ýatyr. Aýýarlaryň ulusy:
– Geliň, baralyň, göreliň, ol kimkä – diýdi.
Bardylar, görseler golunda bir monjuk bar welin, diňe patyşalaryň hazynasynda boljak zat. Onsoň bular ol oglanjygyň bir waka uçran şazadadygyny bildiler. Soňra olaryň ulusy oglanjygy alyp, bir eneke getirip, ony şoňa tabşyrdy hem-de:
– Bu oglany maňa Taňry berdi, adyna hem Hudadat (Hudadat-Alla berdi, Hudaý berdi) diýip, at goýdum. Ýagşy terbiýelegil, köp zatlar bererin – diýdi.
Gözi ýaşly, bagry başly biçäre patyşanyň bolsa, Älem Patyşasynyň öz lutpy-keremi bilen oglanjygy ýüz söýgi bilen bir mähriban enekä tabşyrandygyndan habary ýokdy. Çünki şahyr şeýle diýipdir:

Bendeleriň barlygy, anyk ýoklukdyr, bilseň,
Zaýa etmez, eger-de bir zatlar goýup gitseň.

Bu aralykda köp wagt geçdi. Şazada ylym-hünär öwrendi, örän batyr ýigit bolup ýetişdi. Hemişe aw awlardy, ýol urardy. Kerwen talasa, gylla ýaryny eýesine gaýtaryp bererdi. ýoksullardan hiç zat almazdy.
«Hawa, ähli ýagdaýda hem sahawatlylyk oňatdyr».
Olar oglanyň atasynyň ilinden gelýän bir kerwene uçradylar. Kerweniň üstüne depdiler. Kerwende batyr ýigitler köpdi. Olar oglanyň daşyny gabap, diriligine tutdular. Galan aýýarlaryň kimsini öldürdiler, kimsini tutdular. Kerwenbaşy:
– Bu oglany gaýym berkidiň, birden boşanaýmasyn, arslana meňzeýär – diýýär.
Hudadat:
– Hawa, arslandyryn, emma tilkilere ýoldaş bolandyrys – diýýär.
Kerwenbaşy:
– Eý, oglan! Bu ne işdir, sen ne işlär sen? Ýol urmagy ne iş diýip, bildiň?! Bu ärleriň işi däldir – diýdi.
Hudadat:
– Taňry biler, men bu işi öz islegim bilen etmedim ýa-da bu lukmany köňül bilen iýmedim – diýdi.
Kerwenbaşy ol ýigitden bu sözi eşidende, köňlünde mähribanlyk duýgulary deprenişip:
– Eger bu işiňe toba etseň, men seni jan-u dil bilen ogul edineýin – diýdi.
Hudadat aýtdy:
– Men hem jan-u köňül bilen saňa gul bolaýyn.
Bezirgen derhal ony bentden boşadyp, ata mündürdi hem-de beýleki tutulanlar bilen bilelikde patyşanyň huzuryna getirip, bolup geçen wakany gürrüň berdi. Ol Hudadady patyşadan diledi, galanlaryny bolsa, dardan asdylar.

Dowamy bar ...
5
47