Dowamy (8)...
Hasyly doly ýygnanlaryndan soň, bugdaýy bege tabşyrdylar. Beg:
– Bezirgeniň hakyny beriň, özem artygy bilen beriň – diýip buýurdy.
Bezirgen bu sözi eşidende, ýer öpüp:
– Men «Maňa beýle kerem, sahawatlylyk edersiň» diýip, umyt etmeýärdim. Onsoň ätiýaçlyk edip, hakymy aldym we bir gowakda döküp goýdum. Häzir, senden beýle sahawatlylygy gördüm, indi baryp, ol bugdaýy ammarça tabşyraýyn – diýdi.
Onsoň baryp, daga çykdy, gowaga girdi. Emma bir däne-de bugdaý tapmady, syryp, süpürip gidipdirler. Misgin bezirgen muny görüp, haýran bolup galdy. Beg hem munuň bu eden işine gazaplanyp: «Kowuň» diýip, buýruk berdi. Onsoň bezirgeni obadan çykaryp kowdular. Ol misgin bezirgen azygy ýok, gussasy çoh halda ýola rowana boldy. Bir zamandan soňra bir deňziň ýakasyna geldi. Guwwaslara sataşdy. Olar:
– Munça malyň, nygmatyň nirä gitdi? – diýip soradylar.
Ol başdan geçirenlerini birme-bir gürrüň berdi. Guwwaslaryň ýürekleri awap: «Muňa ýardam etmek gerek. Geliň, şuňa niýet edip, deňze gireliň. Taňry näme berse, şuňa bereliň» diýip, bary deňze girdiler. Alty bölek göwher tapdylar welin, hiç biri hem hiç bir patyşanyň hazynasynda ýokdy, boljagam gümandy. Her biri bir yklymyň hazynasyna degjekdi. Bezirgen: «Hudaýa şükür, sermaýa elime girdi, gitmiş döwlet ýene dolandy» diýip, söýünip, göwherleri aldy-da ýola düşdi. Onuň bilen birküç ogry hemra boldy. Bezirgen olaryň özüne hemra bolmaklaryndan üýşenip, öz-özüne: «Eger bular mende göwher bardygyny duýsalar, meni depelärler» diýip, goltugynda gizlän göwherleriniň bir bölegini çykaryp, agzyna saldy hem-de: «Eger goltugymdaky göwherleri bilseler, agzymdaky göwherler galar» diýip oýlandy. Biraz ýörediler. Bezirgen asgyrdy. Göwherler agzyndan ýere döküldi. Ogrular muny gören badyna bezirgeni tutup, urup, gynap, goltugyndakyny hem aldylar. Bezirgeni bolsa, bir agaja sarap, zym-zyýat boldular. Bezirgen biçäre gözüni sykyp galyberdi.
Bir türkmen şäherden çykyp, sähra barýardy. Ýoly bezirgeniň üstünden düşdi. Bezirgeni görenden eşeginden düşüp, ony boşatdy. Bezirgen oňa: «Meni şähere elt» diýip ýalbardy. Ol bezirgeni eşegine mündürip, şähere getirdi.
Bezirgen içinden: «Hudaýa şükür! Iki sany göwherim bar, olary satyp, maýa edineýin» diýip, derrew göwherini aldy-da, sarrapyň gaşyna bardy. Sarrap göwheri gören badyna bezirgeniň ýakasyndan ýapyşyp, alkymyna birki gezek sugşurdy hem-de:
– Eý, zalym! Meniň göwherim bilen şunça malym gitdi. Sen alypsyň, hany galan malym? – diýip, ony şihnäniň gaşyna getirdi.
Bezirgeni derrew zyndana saldylar. Ol hernäçe ýagdaýyny aýdyp, aglasa-da, ynanmadylar. Bezirgen gapa bakyp, tüni-gün ahy-nala ederdi, hem-de:
– Bu gaýgy-gussa we betbagtlyk ahyry nirä baryp ýeter, maňa halasgär nireden gelip ýeter?! – diýerdi.
Bir gün şol guwwaslaryň biri zyndanyň gapysynyň öňünden geçip barýardy. Bezirgen ony çagyryp:
– Eý, şepagatly dost! Eý, mähriban ýoldaş! Maňa medet eýle – diýip, perýat etdi.
Ol guwwas beýleki guwwaslara:
– Ol misgin we dertment bezirgen ýene-de bir bela uçrap, zyndana düşüpdir. Ol biz sebäpli bela giriftar bolupdyr. Geliň, ählimiz patyşanyň dergähine baralyň hem-de pygamberimiziň sözüni tutup, ol biçäräni zyndandan gutaralyň. Hezreti pygamber alaýhyssalam: «Zalymam bolsa, mazlumam bolsa, doganyňa kömek et» diýip buýrupdyr – diýýär.
Onsoň guwwaslar düýrülip patyşanyň gaşyna geldiler hem-de:
– Eý, jahanyň belent şasy! Bu bezirgen mazlumdyr hem döwletden mahrumdyr, hany-manyndan daşdadyr, bu mähnetde hassadyr. Mal-nygmatyň eýesidi. Munuň başyna düşen bu oýny, çarhypelek oýnady. Şol iki göwher bu bezirgeniň mülküdir – diýdiler.
Patyşa bu sözi eşidenden soň, bezirgeni zyndanda çykaryp, gaşyna getirtdi. Don berdi, göwnüni awlady. Soňra:
– Bu bezirgen zamananyň mähnetini köp çekipdir – diýip, begleriň gaşynda oňa bir hazynasynyň açaryny tabşyrdy.
Bezirgen hazyna girip, hazynanyň içinde otyrka seredip görse, diwarda syçanyň hini bar eken. Ony görüp: «Bu deşik arkaly birden bir zat ýok bolaýmasyn» diýip, deşikden bakdy welin, görse, patyşa hatyny bilen otyr. Birden oňa patyşanyň gözi düşdi. Patyşa derrew bir hyzmatkärine:
– Bar, şol deşikden bakan kişiniň gözüni çykar, onuň jezasyny bermek wajypdyr. Çünki: «Gözler harama baksa, zyna etdigi bolar» diýipdirler – diýip buýurdy.
Elkyssa, hyzmatkär geldi, bezirgeni basdylar-da gözüni çykardylar. Bezirgen uwlap galyberdi.
Dowamy bar...