Dowamy (7)...
Bagtyýar söze başlady:
– Patyşahy äleme mälim bolsun, geçmiş zamanda Basra şäherinde bir bezirgen bar eken. Onuň maly-nygmaty örän köpdi. Älem etraplarynyň baryny aýlanyp görüpdi. Görse-baksa, deňiz sapary peýdaly, muşakgaty bolsa azdy. Onsoň deňizde sapar eýledi. Emma munda mal gitdi, nygmat mähnete döndi. Her näme çäre agtarsa, bary hata boldy. Onsoň bezirgen: «Meniň işime hiç bir çäre galmady. Saparym muwapyk we ýaramly bolanok, indi gowusy, sapardan köňlümi üzeýin. Belki, ters gelen täleýim oňuna bolar. Çünki her bir kişi eglik harlygyn görmeýänçä eýlige ýetişmedi, her kişi yşk derdiniň belasyny çekmeýänçä magşugyň wysalyna gowuşmady. Indi maslahat şudur, gowusy, şäherde ornaşyp, bugdaý ýygnaýyn. «Gyz» bolanda ýene-de sataýyn, neplenerin. Hany göreli, durmuş meniň bilen neneňsi oýun oýnar. Iň bolmasa diri galar ýaly zat ele getirerin. Kesekileriň eline bakmaryn, siňek kibi ýatlaryň çanagyna gonmaryn» diýip oýlandy. Onsoň galanja baýlygyny bugdaýa berip, ammarlary doldurdy. Takdyr ters gelip, ol ýyl bugdaý bol boldy. Bezirgen biçäre bolup galdy. Ol ýyl bugdaýyny köňül islegine görä satyp bilmedi. Onsoň: «Sabyr edeýin, indiki ýyl gelsin, şonda bugdaý «gyz» bolar, şol wagt sataryn» diýip oýlandy. Ol ýyl hem arzanlyk boldy. Bezirgen ýene-de: «Zyýanyňa satmak bolmaz, bu ýyl hem sabyr edeýin» diýip oýlandy. Emma ammarlarynyň astyndan suw çykyp, ähli bugdaý çüýredi. Bezirgen ol çüýrän bugdaýlara köp pul harç edip, şäherden daşary dökdürdi. Basranyň ilaty ony görüp, bary bir agyzdan oňa nälet okadylar. Bezirgen görse, bu çäresi hem oňuna bolmady. Onsoň ýene-de barja baýlygyny düýrüp-ýygnap, deňiz saparyna ýüz urdy. «Ýa berer, ýa geler» diýip, gämä münüp, ýola rowan boldy. Üç gije-gündiz gitdiler. Birden, bir ýel gelip, gämini daşa urup, geçip gitdi. Ählisi heläk boldy. Diňe bezirgen bir tagta ýapyşyp, diri galdy.
Beýt
Deňizde ger bolsa, sansyz, köp peýda,
Salamat isleseň, bardyr kenarda.
Misgin bezirgen suw bilen gök arasynda ýalňyz galdy. Janyndan el ýuwdy. Onsoň köňlünde: «Eger bu beladan gutulsam, oglanjyklarymyň gaşyna baryp, bir para gury nan bilen kanagat edeýin» diýdi. Takdyra laýyklykda bir ýel gelip, bezirgeni kenara eltdi. Garny aç, ysgyny ýok halda bir gije-gündiz ýol ýöredi. Ahyry bir obanyň çetinden geldi. Obanyň ortasynda bir uly köşk gördi. Ol köşke ýakyn bardy. Oba beginiň gözi bezirgene düşdi, görse gurbat eseri ýüz-gözünden bildirip dur. Onsoň bezirgeni ýanyna çagyryp, hal-ahwal sorady. Bezirgen başyndan geçenlerini bir-bir beýan eýledi. Gözlerinden ýaşlar rowan boldy. Muňa oba beginiň ýüregi awady. Onsoň onuň buýrugy bilen oňa öý berdiler, obanyň gözegçiligi wezipesini berdiler. Bezirgen ol ýyl ekin ekdi, bugdaý hasyly köp boldy. Bezirgen hasap edip görse, öz gazanjak hakyndan hem artyk peýda görüpdir. Onsoň köňlünde pikir edip: «Belki, bu beg munça zady maňa bermez we gyýmaz. Gowusy, öz hakymy alyp, ony bir ýerde gizläýin. Eger hakymy maňa berse, ony yzyna bererin, eger hakymy bermese, hakymy aldygym bolar» diýdi. Soňra bezirgen özüne düşýän hakyny bir gowaga dökdi. Ony-da ogrular göz astyna alyp ýördiler. Derrew geldiler-de, baryny göterdiler.
Dowamy bar...