sahet_ashyrov
16.03.2021 08:46
Meniň bir gelnim bar.
Şeýle bir gelin –
Beýle ajap gelin dünýäde ýokdur,
Şeýle bir naharlar bişirýär welin,
Kekre-de oň ýanda tagamlyrakdyr.

Aş bişirse – şerebedir şerebe.
Çapady bişirse – duran bir daşdyr.
Emma özi weli şeýle görmegeý.
Özümem ýaş weli,
Gelnimem ýaşdyr.

Unaş bişirende – belkesi hamyr,
Palaw bişirende – deň-ýary kesmek.
Çörek bişirende ýüzi gül-güldür,
Deň-ýarysy küldür,
Deň-ýary kesek.

Çişlik bişirende – deň ýary kömür,
Börek bişirende – öt ýaly ajy.
Emma ýüregi bar duran bir göwher,
Dilleri bar weli,
baldanam süýji.

Mundan öňki ömrüm biderek eken,
Indi üç ýyl bäri tukat günüm ýok,
Gaýgy, gussa hasrat diýilýän zatlaň
Adyn eşitsem-de, özün bilemok.
Şeýle bir bälçik ol,
bir söz diýdigi
Adam bary burlup,
Şol güler ýatar.

Üç ýyl bäri garnym gyzyl aç weli,
Şonda-da gaharym gelenok beter.

Ýeri, nädip oňa gaharym gelsin,
Ýüzüne gyňralyp bakan mahalym,
Bir bälçigin aýdyp goýberýär welin,
Şo bada güm bolup gidýär gaharym.

Onsoňam, diňe bir bälçikligi däl,
Dökülýär elinden şeýle bir dürler –
Çeken keşdesini gören adamlar
Başyn ýaýkap,
ýaýkap,
ýaýkap giderler.

Alçaklyk, bälçiklik, eli çeperlik
Gyzlar üçin juda gerekdir welin,
Jan eneler, käte gyzlaryňyza
Nahar bişirmänem öwredeweriň.

K. Gurbannepesow
29
166
sahet_ashyrov
15.03.2021 14:53
Salam hemma. Durli sebaplere gora men programma girip bilmedim. Indi nesip bolsa gyzykly maglumatlary, eserleri, gosgulary size yetirip duraryn.

Gaýgy-gamda eziz ömrüm solduryp,
Şum pelek azabym reýgan eýledi;
Ýazan kitaplarym sile aldyryp,
Gözlerim yzynda girýan eýledi.

Gapyllykda duşman aldy daşymyz,
Dargatdy her ýana deňi-duşumyz,
Bäş ýylda bir kitap eden işimiz,
Gyzylbaşlar alyp, weýran eýledi.

Bir niçämiz goly bagly gul bolup,
Niçeler yzynda sargaryp-solup,
Kimi berip, onuň bahasyn alyp.
Her kime bir belli baha eýledi.

Şum pelek birehim, maňa bildirdi,
Aglamakdan gül ýüzlerim soldurdy.
Golýazma kitabym sile aldyrdy,
Duşmanymy jeýhun derýa eýledi...

Niçeler dünýäde boldy bir kişi,
Niçäniň agzyny doldurmaz aşy,
Niçäniň matamdan gutulmaz başy,
Gije-gündiz «waleýleta!» eýledi.

Köýdürer şum pelek jebri-jepasy
Ýalandyr, ynanmaň, ähdi-wepasy,
Magtymguly, ýok bu sözüň hatasy,
Pelek elip kaddym duta eýledi.
27
114
sahet_ashyrov
29.01.2021 12:54
DOGANLARYÑ ARASYNDAKY KÖNE UÇUT..

● Hezreti Alynyñ dogany nädip Mugawyýanyñ tarapyna geçdi?

Aşyk Weýseliñ bir goşgusynda "Goýun gurt bilen gezerdi, Pikiri başga bolmasa" diýilýär. Setirleriñ manysy belli: pikir aýrylygynyñ döredýän görnüşini suratlandyrýar. Bu aýry-aýrylygy kämahal iñ ýakynlarymyz bilenem başdan geçirýäris, eý görýänlerimizdenem jyda düşüp bilýäris. Soñundanam bular ýaly ýagdaýlar üçin "Bäş barmagymyz deñmi näme" diýýäs-de, oñaýýas.
Pygamberimiziñ (s.a.w) agasy Abdylmennafyñ (Ebu Talybyñ) dört ogly bolupdyr: Talyp, Akyl, Japar, Aly. Bulardan Alyny bilmeýänimiz ýok. Dördünji halyf, ady Şahymerdan diýip ýatlanýar. Hezreti Alh yslam taryhynyñ belli şahslaryndandyr. Şonuñ üçinem onuñ adyny musulman dünýäsi hormat bilen ýatlaýar.
Şeýle-de bolsa, Alynyñ özünden uly dogany Akyl bilen arasy gowy bolmandyr. Hawa, Aly bilen Akylyñ arasyndaky uçut hem ýokarda aýdylan ýagdaýa mysaldyr.

■ UÇUDYÑ BAŞY ŞEÝLERÄK BAŞLAÝAR...

Taryhy çeşmeler dürli-dürli maglumat berse-de, Akylyñ ýaşy pygamberimiz (s.a.w) bilen deñeçerräkdir. 577-nji ýylda ýa-da 580-nji ýylda Mekgede doglan Akyl inisi Alydan 20-25 ýaş uludyr. Künýesi Ebu Ýezit bolan Akyl kakasy Ebu Talyp bilen bile ilki-ilkiler musulmançylygy kabul etmändir. Onuñ musulmançylygy kabul etmesi-de uzak wagta çekipdir. Muña garamazdan onuñ körpe jigisi Aly baryp-ha 10 ýaşly çagajykka musulman bolupdur. Doganlar Akyl bilen Alynyñ arasyndaky uçut, ine, şeýdip döreýär.
Bu uçudyñ arasy ýyl geçdigiçe ulalypdyr. Aly pygamberimiziñ (s.a.w) tarapyna geçen bolsa, Akyl mekgelileriñ tarapyna geçipdir. Üstesine ol bu meselede raýyndan gaýdarly görünmändir. Hasam beteri, iki dogan Bedir söweşinde eli gylyçly biri-biriniñ garşysyna söweşmeli bolupdyr. Uruşda musulmanlar üstün çykýar we Akyl ýesir düşýär. Urşuñ soñunda ýesirler bilen baglanşykly bir düşünişmezlik döräpdir. Hezreti Omar (r.a) ýesirleriñ öldürilmeginiñ tarapdary bolupdyr. Hatda ol "men öz garyndaşymy, pygamber agasy Apbasy, Aly-da Akyly öldürsin" diýipdir. Şeýlelikde, müşrikler garaşylmadyk urgularyny almalydy. Emma Omaryñ bu teklibu kabul edilmändir. Ynha, Akyl şeýlekin jygba-jygly pursatdan geçipdir, doganlaryñ arasy bolsa ömürlik çataklygyna galdy.

■ TÖLEGI NÄDIP TÖLENMELI

Bedir söweşinde Akyl ölmän galanam bolsa, söweşden soñ çylşyrymly ýagdaý ýüze çykýar. Akylyñ fidýesini (ýesiri yzyna gaýdyp almak üçin tölenilýän pul) kim bermeli? Çünki Akyl ömürboýy bergide gezip ýörensoñ, onuñ üçin Bedirde talap edilen puly tölemäge döwtalap adam tapylmandyr. Ine, şol pursayam pygamberimiziñ (s.a.w) agasy Apbasa ýüz tutulypdyr. Ondan hem özüniñ hem inisiniñ tölegini tölemek talap edilipdir. Elbetde, Apbas (r.a) talap edilen puly tölemeli bolupdyr, ol musulmanlara jemi 7 müñ dirhem pul töläpdir.
Hawa, aýdyşymyz ýaly Akyl bergidarlygy bilen ýaka tanadan şahsdyr. Hatda pygamberimiz (s.a.w) Medineden Mekgä dolanan wagtynda haýsy öýde galjagy soralanda: "Alla ynsap bersin. Akyl bize öý-öwzar goýdumy? Biz Medinä hijret edensoñ, bar zady satdy. Ne Alynyñ, ne Japaryñ, ne meniñ öýüm galdy..."
Akylyñ bergidarlykdan halas bolup bilmezligine onuñ köpaýallylygy esasy sebäp hökmünde görkezilýär. Onuñ diñe bize mälim bolan erkek çagalarynyñ sany on altydyr. Pygamberimiz (s.a.w) barada aýdanda bolsa, Akyly ýazgarypdyr, şeýle-de bolsa, Haýbar söweşinden soñ oña ýyllyk kömek puly belläpdir. Muña garamazdan Akylyñ "güzeran" derdi ýeñläp gidibermändir.
Pygamberimiziñ (s.a.w) bakyýete göç etmeginden soñ Akyl Omaryñ (r.a) döwründe Diwanyñ gurulmagyna gatnaşypdyr. Osmanyñ (r.a) ýogalmagyndan soñ, bilnişi ýaly, Aly ibn Ebu Talyp (r.a) halyf bolýar we şeýlelikde iki dogan ýene garşyma-garşy gelýär. Çünki Akyl ýene bergidardy. Şonuñ üçinem ol halyflyga saýlanan inisiniñ gapysyny kakýar. Bir rowaýata görä, onuñ soran puly 40 müñ dirheme barabar bolup, bu pul şol döwür ullakan zat bolupdyr. Şol döwürler güzeranyñy dolamak üçin 50-60 altmyş dirhem bir aýyña ýeterlik bolýan eken. Şeýle-de bolsa, Aly bu dilegi bitirip bilmejekdigini aýdýar.
Bergi batgasyna boýuna batan Akyl inisi Alydan dilegi bitmänsoñ, nätjegini bilmän durka, alys diýarlardan Mugawyýadan habar gelýär. Şamyñ häkimi Mugawyýa Akyla "bergilerini üzjekdigini" wada beripdir.
Galyberse-de, Akylyñ aýallarynyñ biri-de Mugawyýanyñ uýasy Kureýbedir. Ýagny, olar öñem ýakyn garyndaş bolupdyr. Akyl bergisiniñ üzülendigi bilenem çäklenmän, Mugawyýanyñ daýzasy Patma binti Utbäni-dr nikalap almak isläpdir. Netije-de onuñ iki meselesi-de çözülipdir. Akyl Mugawyýanyñ tarapyna geçensoñ, bergilerindenem doly dynypdyr, Patma binti Ukbäni-de nikalap alypdyr.

■ MUGAWYÝANYÑ TARAPYNDA...

Akyl mundan beýläk dolulugyna Mugawyýanyñ tarapyndadyr. Ýagny ol öz jana-jan inisi Ala garşy baş galdyran we hatda oña garşy uruş yglan eden Mugawyýanyñ hatarynda çykyş edipdir. Meseläniñ iñ agyr tarapy bolsa, Akyl Syffyn söweşinde Mugawyýanyñ ýanynda ýer alýar we ýene bir gezek söweş meýdanynda Alynyñ garşysyna çykýar. "Ýene bir gezek" diýip nygtap aýdýaryn, ýadyñyza salyñ, şondan otuz üç ýyl öñem iki dogan Bedir söweşinde garşyma-garşy gelipdiler we ikisi-de ölmän galypdy. Syffyn söweşinde-de bu ýagdaý gaýtalanypdyr. Emma bu söweşiñ netijesi hökmünde halyf Ala duşman bolan haryjylar dört ýyl geçensoñ, Alynyñ janyna kast edýärler. Akylyñ bolsa entek "iýmeli çöregi" kändi...
Ol şondan soñam ýene ýigrimi ýyl ömür sürüpdir. 680-nji ýyla gelinende aýalynyñ doganynyñ ýegeni inisi Hüseýindir doganlaryny we ýakyn garyndaşlaryny şehit etmäge gatnaşypdyr. Özem şol pajygaly wakanyñ öñüsyrasy ilkinji öldürilen kişi-de, ýolagçylar ýola çykmanka Hüseýiniñ wekili hökmünde Kufä giden Müslim ibn Ukbedir. Ýagny, Akylyñ ogly Müslim...
Juda çarkandakly, gowgaly ömründe uzak ýaşan Akyl ibn Ebu Talyp bir görseñ-ä doganoglan agasy bolan pygamberimize (s.a.w) garşy söweşipdir, bir görseñem öz inisi Ala garşy gylyç göteripdir. Köpaýallylygy bilenem owazasy dile düşen Akyl bergidarlykdanam hiç halas bolup gidibermändir. Ondan bary-ýogy pygamberimiz (s.a.w) bilen baglanyşykly alty sany hadys we bu täsin taryhly kyssa miras galypdyr. Onuñ mazary onlarça sahabanyñ ýatan "Baky gonamçylygyndadyr".
28
331
sahet_ashyrov
28.01.2021 11:49
Maňa maý berdiňmi näme?

Bir gün Ependi biriniň bagyna girip, üzüm ýolmaga başlapdyr. Bagyň sakçysy ony görüp, daşdan gygyrypdyr:

– Eý, Ependi, ol ýerde näme işleýäň? Bagyň içinden çyk-da, ýok bol!

– Men meýdan edýän? – diýip, Ependi jogap beripdir. Bagyň sakçysy:

– Seniň näme edýändigiňi häzir biläýeris – diýip, onuň ýanyna gelipdir.

Ependi golaýynda ýatan sygryň täzeje maçjasyny oňa görkezipdir.

– Ola sygryňky – diýip, bagyň sakçysy jogap beripdir. Onda Ependi:

– Sen gykylyklap, maňa adamyňky ýaly meýdan etmäge maý berdiňmi näme? –diýipdir.



Iýmedik bolsam, menem ölerdim

Günlerde bir gün Ependi syýahat edip ýörkä, bir oba barypdyr. Halaýyk onuň öňünden çykyp:

– Sen kim? Käriň näme? – diýipdir. Ependi:

– Men ussat diş bejeriji hekim – diýipdir. Olar:

– Gulam aganyň ogly keselläpdir. Seni onuň ýanyna alyp baraly. Oglana bir alaç eýle – diýipdirler.

Ependini hassanyň ýanyna alyp barypdyrlar. Gulam aga oňa tagzym edip:

– Eý, tebip, ussat hekim, meniň şu oglumyň derdine bir çäre tap! – diýip ýalbarypdyr. Ependi:

– Bu ýerde ýag, bal, çörek tapylarmy? – diýipdir. Aksakgal:

– Hawa, tapylar – diýip, ýag, bal we çörek getirip beripdir. Soňra Ependi:

– Men hekimligi jadylyk bilen edýärin. Maňa bir çemçe getiriň – diýen. Ependi başyny örtüp, bal bilen ýagy garyp, iýmäge başlapdyr.

– Bir salymdan soň Ependä:

– Keselli ýogaldy – diýip, habar beripdirler. Onda Ependi:

– Bu iýmiti iýmedik bolsam, menem ölerdim – diýipdir.
27
363
sahet_ashyrov
27.01.2021 09:27
ENELEŇ GÜÝJI

Döredýän eneler,
Gurýan eneler!
– Ene – diýp başlaýas döwrüň namasyn.
Eneler elmydam perzendi bilen,
Gorap olaň pamykdan ak namysyn.

Altyn elli,
Süýji dilli, eneler!
Siňýär süňňüňize mukamlar sesi.
Türkmen topragynyň giň ýaýlasynda,
Ýaňlanyp dur eneleriň hüwdüsi.

Siz meniň enelem,
Eziz eneler!
Meňem enem enesidir başgalaň.
Döredýän eneler, arzuwym meniň:
Mydam sizi taryplasyn goşgulam.

Dörediň, eneler,
Gyryň, eneler!
Durmuş göreş bilen süýjidir süýji.
Dünýäň gözelligi siz bilen,
Çünki,
Taryham döreden eneleň güýji.

■ SORAGLAR / aýdym

Erkana gandyryp yşkyň suwundan,
Göwne güller ekýän –
Seni sogaplap.
Teşnedi, suw içdi göwün-göwünden,
Sonam, arzuw çekýän seni soraglap.

Senem bir ýapragy beýik daragtyň,
Aýna dek päkize, gözelim, bagtyň,
Yşk bagyn gülledip, söz beren wagtyň,
Her gün ýola çykýan –
Seni soraglap.

Bir dem aýra düşmez nazarym senden,
Gözledim, soradym,
Gülden-çemenden.
Gamda goýduň, habar almadyň menden,
Sen haçan gelersiň?
Meni soraglap!

■ ÝAR BOLSUN
/aýdym

Men deňizde sürüp gitjek taýmyly,
Görmek üçin ýar kenara ir gelsin.
Ugradyp, mähirli salgasyn eli.
Ýar keşbine gözler hyrydar bolsun.

Zähmet bilen tapdyk bagty, kemaly,
Zähmetde nurlanýar ynsan jemaly,
Ýüzün sylsyn aladaňdan şemaly,
Ýar gujagna güle-güle ýar gelsin.

Dostlar ugradarlar dutar – gyjakly,
Gel, kemar garşylar gülden gujakly.
Jemala ykjasyn ýüpek seçekli,
Ýüpek saçyň ýüregime tar bolsun.

Gözleriň gözlerden gözeldir gözel,
Kirpikleriň aýdym, gaşlaryň gazal.
Kenara geleňde bahar deý bezen,
Ýar, ýüregiň, ýar ýüregme ýar bolsun!

■ MÄHRIBAN ENEM

Balalarňy eý görerdiň ezizläp,
Suwsana süýt berdiň, mähriban enem.
Ukysyz gijeleň geçendir ýüzläp,
Görgi – ezýet gördüň, mähriban enem.

Jana melhem, şypalydyr sözleriň,
Mähre eýlenipdi nurly ýüzleriň,
Yzyňda intizar gara gözlerim,
Gelmez ile ýördüň, mähriban enem.

Ol günlerde oýnap ýören çagadym,
Ulalamsoň ýetimligme agladym,
Ýyllarboýy ýürek – bagrym dagladym,
Düýşlerimde gördüm, mähriban enem.

Gün geldikçe yza berýär aýralyk,
Gamda galdym, käbäm, senden aýrylyp,
Gara daglar kül bolardy maýrylyp,
Çekse meniň derdim, mähriban enem.

Seniň bilen garyp durmuş gözeldi,
Sensiz galyp ýürek bagrym ezildi,
Bu sözlerem gözýaş bilen ýazyldy,
Yzlap, elim serdim, mähriban enem.

Demligimde diriligim – howamsyň,
Dilde senam, keramatly dogamsyň,
Nesilleňde durmuşyma dowamsyň,
Özüň ylham berdiň, mähriban enem.

■ ŞIRIN HÜWDI ÝAŇLANDY

Elde mäkäm tutup sallançak ýüpi,
Bat berýän ýataňda sallançagyňa.
Ömrümiziň bezegi sen, görki sen,
Jykyr – jykyr gülüp gel gujagyma,

Gel, gyzym, jykyrdap, gel gujagyma,
Çaga keşbi kuwwat berýär adama.
Deň – duşlarmyň çagalygyn, hüwdüsin,
Gür bereýin, düşüreýin ýadyma.

Gazaplydy zalymlaryň tutumy,
Bir bomba müň öýe gözýaş getirdi.
Obalarda gam çekýärdi adamlar,
Käte-käte hoş habaram ýetirdi.

Hiç zat çekip bilmez ynsan nalasyn,
Şeýle ýazdyk şol günleriň namasyn.

Obalarda selçeňledi sallançak,
Kesildi wagtlaýyn şirin hüwdüler.
Şol ýyllaryň enelerem, çagasam,
Ýaňaklaryny gözýaş bilen ýuwdular.

Şo ýyllarda öwsen epgek-ýalynlar,
Has ýamandy Garagumyň howrundan.
Şirin hüwdä derek ajy agylar,
Eşdilerdi kä otagdan, howludan.

Ine, şeýle sesler, şeýle hüwdüler,
Siňipdi beýnime,
Siňipdi meňem.
Agyly hüwdüni kän eşidendir,
Mähir bilen hüwdüleýän ejeňem.

Mertlik bilen döz getirdik bar zada,
Şol günler döretdi şu günlermizi.
Toýly günler şirin hüwdi döredi –
Şoň bilen besledik göwünlermizi.

Mähirli ellerde oýnap ýüpüni,
Sallançaga bat bersinler adamlar.
Şirin hüwdi mydam ýaňlanar durar,
Körpelerni eý görsünler adamlar.

■ AÝ GÖRÜNDI

Niçik yssy çaga mähri,
Göwnümize jaý göründi.
Ýagtylandy göwün şähri,
Bäbek bize Aý göründi.

Nurly ýüze gülüp bakdyk,
Dutar alyp, tara kakdyk,
Adyna Gülbahar dakdyk,
Dulumyzda Aý göründi.

Begmyrat USSAÝEW.
27
116
sahet_ashyrov
23.01.2021 10:12
TAŞLAMA TÄK ADA MENI

Ne hikmetdir, atarypsyň
Ýoldan alyp ýoda meni?
Sabrym damyp gutarypdyr,
Kaş edipsiň pada meni.

Ýetmedim uzadyp, wah, el,
Yşkym nirde, ýaňzyt sähel?
Seždeden aýyrma säher,
Baglap meýli bada meni.

Sözüm bardy gögeregen,
Depäm bardy göge degen,
Peýman eder bolsam eger,
Sak edewer wada meni.

Ýürek bolsa, bardyr derdem,
Bergeniňe kaýyl her dem.
Ýüküme dözmese gerden,
Taşlama täk ada meni.

Imanym ber tazykdyran,
Är ölmez bir ýazykdanam...
Sadalykdan azypdyryn
Öwür ýene sada meni!

Mukam MUHAMOW
22
106
sahet_ashyrov
22.01.2021 10:22
ATA GANDYMYŇ IŞLERI

...Baş saglygny hakdan istär garny aç,
Bäşin tapan arzuw eder on bolsa.
(Magtymguly).

1.

Bu gün onuň keýpi çagdy. Ir bilen myhman ýerinden ugran dessine suwlugyp başlan maşynyň tigirleriniň şibirdisine goşup hiňlenip gelşine öýüne ýetenini duýman galdy. Ol şähdiaçyklyk bilen içeri girende aýaly Şagülüň «Kakasy bir gitseň yzyňa dolanmalydyram öýtmeýäň. «Seniň hiç zatdan habaryň ýok» diýip, gele-gelmäne igenip başlamagyna üns berip durmady. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly gaýta penjegini çykaryp durşuna howadan zeýrendi.
– Äl, bi yssyn-aýt, ýaz aýlary diýer ýaly däl, edil ýakyp-ýandyryp barýa-laýt.
Sözüne adamsynyň pitiwa etmeýşine Şagül hyjyl tartsada, demlän goşa çäýnegini elsyrgyç bilen basyransoň, çekinibrägede öňki aýdanlaryny gaýtalady.
– Kakasy, seniň hiç zatdan habaryň ýok diýýän.
– Hany, elimi bir çaýaýyn!
Atanyň beýle arkaýyn bolmasynyň şol wagt özüne görä sebäbi bardy. Ol otuz ýyl söwda işine ömrüni bagş edensoň, satygçylyk käriniň gaçyrym-tilsimlerine, müşderileriniň abyna-tabyna bäş barmagy ýaly beletdi. Atly kolhozdaky uniwermaga direktorçylyk edip, elinden geldigiçe adamlaryň raýyny ýykmazlyga, başardygyça her kişiniň möhümini bitirmäge çalyşýardy. Galyberse-de, ol käbir açgöz söwdagärler ýaly owuk-uşak zada murtuny bulap ýörmezdi. Özüni dokmäde alyp barýardy. Sebäbi ol durgunlyk döwrüniň sapaly ýyllary azdan-känden gömüsge edinipdi. Ýöne ol mürewwetli adam ýaly bolsa-da, ýeri gelende tilki sapalagy bilen ýolbars atymyny etmekden gaýtmaýardy. Onda-da galdyr-basdyrlygynyň yzyny gömjegine anyk gözi ýetensoň, telim tarapyndan gelip, telim gezek ölçerip-döküp görensoň, hörpi belentden alýardy.
Ynha, bu saparam ol baş goşan howply, emma albaýly awuňda ýeser emel edip, derňewçe guýruk tutdurmady. Ýogsam OBHSS-iň işgäri onap-çenäp bir galplygyň baryny aňyp üstüni güpbasdy etdem. Ýöne dükanyň garasyny görmedik sekiz ýüz metr dellik matanyň, şeýtan çakganlygy bilen gürüm-jürüm edilenini bir-ä alan bildi, bir-em beren.
– He-eý, inim, inim, aýanlyk döwründe guýrugyňy dogry tutup işleseň-de zor bolanyň. Häl-ä bassyr-bussyr etmek ekeni. «Köpi gören zaňňar, tiňkesini dikip soranam bolýar-a. Elbetde, ýüz-keşbem üýtgäýermikä diýýändir-dä. Üýtgedip bolupsyň. Seniň roýyň teletinden bolsa, meniňki çerimden».
– Bary-ýogy getirenim iki ýüz metr. Tanyş bolmasaň joşanoklar. Onam obamyzyň gelin-gyzlaryny begendirmek üçin deputatymyza jaň etdirip alaýdym – diýip, diňe magazine düşürlen bölek harydyň özbaşyna ýazylan kagyzyny barlagçynyň öňüne oklady.
– Onda nä getiren badyňa harydy satdyrman iki-üç günläp, skladda basyp goýduň?
– Ýerde gulak bar, hanym. Aýratynam şu günler adamlara ýaranmak kyn. Haýsy-da bolsa bir pidulyň size habar ýetirjegini bilip durkam beýdip men nä alasamsykmy? Şumat seniň gözüň öňüňde harydyň satylanyna ýüz kerem şükür edýän – diýip, mylaýym äheň bilen goltugyna garpyz gysdyrjak bolanda, derňewçi oňuň patarraky sözlerini alga alyp durmady. Sebäbi şo mahal milisiýa işgärleriniň baş arzuwynyň biri Atanyň dary ýaly janynda dag ýaly günä görmekçidi.
– Hamala bi zatlaryň dogry diýeli. Alan mataň galany nirede? Bizi gyzyklandyrýan zat ana şo!
«Näçe sapalak atsaň-da şü sapar sypaýmasaň gerek, tilki. Puly öňümde lükgeläp goýsaň-a utdugyň. Bolmasa-da öňli-soňly iýen-içeniňi burnuňdan getirsem gerek».
Şo pursat ýüreginde harasat, başynda kyýamat gopup ýüregi jigläp gitse-de, Ata erkine tiz edem etdi. Ol Ganyna siňen, onki süňňüne ornan häsiýetine görä adamyň ýüzüne bakyp sözleşmese-de bagtyna töwekgelçilik edip heşerilip garanda birdenkä düýrügip giden maýoryň haýaty göçdi. Sebäbi özüniň kesbi-käri boýunça dürli gylyk-häsiýetli adamlar bilen iş salyşsa-da, häzir garşysynda oturanyňky ýaly ýylanpisint bakyşa ol hiç mahal gabat gelmändi. Direktoryň sanajyň deşigi ýaly many aňlatmaýan kiçijijik gözleri gara hem sowuk, eýmenç hem bethaýbatly. «Eý taňrym, bi ne kesabat, bi ne alamat?» Kakasy Gandym bendäniň Atany näler söýüp-söýgülese-de, bir ýola «oglum, biri bilen gepleşeniňde ýüzüne seretmegin» diýip, beren pendi-nesihatyndan bihabar derňewçi niçik-de bolsa erkine bäs gelip, ondan nazaryny sowmady.
– Näme gerek şo çaga gürrüňi.
– Harydy alan ýeriň-ä barlandy, ýaşuly!
«Özüniň-ä saly gowşak. Hany, degnasyna degiberäýin bakaly ahyr ulan ýüpüniň düwüni çözlense gerek».
– Barlanda näm-aýt, barlap ýören adamsyňda. O derekli göwnüm lotereýasyna «Wolga» düşeniňki ýaly.
Ata Gandym şeýle diýip aýtsa-da aşdy, weli ýöne puşeýmanam etmän durmady. «Akyl satmak nä görüňe gerek seniň. Oturda pisiňi aşyryp. Düşünmes-ä ne ýagşy. Eger birden kesä çekiberse näme aýdyp, näme diýersiň».
– Barlananyna ynanmajak bolýaňmy, agam!?
– Ynanýan, ynanmany näme. Ýöne meniňem saňa sowalym... – diýeňde, işikden giren naşy gelin oňuň sözüni agzyndan kakdy
– Ata aga, girmek bomy?
– Gapyny açyp girensoň bolman näme aýyp, bolar. Nähili hyzmat-hökümiň bolsa aýdyber. Ýöne köýneklik mata-ha gutardy.
Gözüniň gytagy bilen maýora tarap gözläp goýberen gelin şondan soň gabagyny galdyrman hoşbagtlyk bilen ýylgyryp durdy.
– Mata bolmanda gelmeli dälmi, Ata aga?
Birden ýüz-keşbi üýtgän direktor kakmaja towusjak ýaban pişige döndi.
– Gelmeli, gelmän näme. Ýene şumat aladaly wagtymyz gabat geläýdiň-dä. Ynha miliseden barlagçy otyr – diýip, aýdansoň, birhili süýji dillilik bilen gelniň aslyny-peslini bilmäge howlukdy.
– Göwnüme bolmasa sen bi ýerli däl ýal-a?
– Ony indiki gelenimde aýdaýaryn – diýip, gelin basan ýeriniň gaýmagyny bozman yzyna dönende, maýor onuň bilen ugurdaş dälize çykdy.
– Aýym bagyşlarsyň. Aljak-goýjak zadyň bolsa ýardam edeýin. Atada dellik mata-marlygam bar ýaly?!
– Sag bol. Enteg-ä mätäç zadym ýok.
– Ýa algy-bergiň dagy barmy? – «Haý özüň-ä ýöne ýerden gelmedige meňzeýäň. Ýüzüňe hyjap çeken bolýaň weli ikiňiziň bir gümürtik işiňiz-ä bolmaly».
Gelin ýigidi boýdan-başa synlap mekirlik bilen ýylgyrsa-da, onuň mawy gözleri gülmedi.
– Beýle içigüjükli gürrüň etmäweri ýigit. Iliň algy-bergisiniň aladasy saňa, galmandyr. Ýa bu ýerde seni öwütçi edip goýdularmy?
– Ýuwaşyrak bol aýym, men OBHSS-iň naçalnigi, Ata Gandymyň işini barlaýanym üçin soraýan – diýende, gelin dodagyny ters towlady.
– Naçalnik günüňe ýanaýyn. Barlasaň dükany barlaýaň. Meniň bilen nä işiň bar. – Gelinden almytyny alansoň maýor içeri girip «alynyň gaharyny Ahmetden çykarmak» üçin sesine agram saldy
–Ýaňky gelin şärikdeşiň dagymy?
– Sen-ä bir nakys adam ekeniň-aýt. Göreňokmy süýnüp-sarkyp durşuny.
– Onda näme üçin geldikä?
– Biziň öýdäki daýzaňyň şärikdeşi bolmaga gelipdir. Indi kanagatlandyň gerek? – diýip, petekesini diklände maýoryň ýüzüne çalnandan kem bolmady. Ýöne Ata Gandym oňa üns berip durmansoň, gürrüň ýene öňki ramyna geçdi.
– Meniň-em saňa sowalym bar.
– Aýt bakaly?
– Aýtsam sklady hepde boýy buzaw dören ýaly etdiňmi? Etdiň. Gizlin zat tapmadyň gerek? Tapmadyň. Dokument-kagyzlarymam jaýba-jaýmy? Hemmesi ýerinde. Şeýle bolýan bolsa jinnik ýaly kemçilik tapmadyk halyňa şunça günläp dükandan çykarman möhür etjek bolmaňa nähili düşünmeli? – diýip, Ata Gandym derňewçiniň pil ýaly hüjümine peşe ýaly delil bilen paşmak biçip berdi oturyberdi.
– Harydy alan ýeriň barlananyny aýdýan saňa!
– Onda nä gelen günüň aýtman, şumat habar beren bolýaň? Ýa soňky ýabşalgaňmy? Seniň bu pyrryldygyň ýol alaýmaz, arkaýyn bol!
– Sen gaty gabarylyberme, ýaşuly. Kimiň bilen gepleşýäniňi bilip sözleseň özüňe peýda bordy. – «Wah, aýanlyk döwri elimizi-aýagymyzy baglady goýaýdy-da. Öňki günler bolýanda beýle hekgerip sözleşmezdiň sen pisiňi aşyryp. Satanymyň arasyndan günde on ýola geçip, eýesini gören güjük ýaly ýallaklardyň».
Derňewçiniň, mylaýym abaý-syýasaty üçin Ata hyjyl tartjak bolup oturm ady-da, girrelip jogap berdi
– Meniň peýda-zyýanym saňa galmandyr. Öz çapanymy özüm suwdan çykaryn. Jinnekçi bolma, özüň bilen gepleşýänimi bilip aňyrsyna-da geçýän. Onsoňam derňew organlarynyň sen tetelli işgäriniň gözüne her bir zadyň çöwre bolup görünýän döwri ötdi. Ýa, ýakymly täze şemalyň haýsy tarapdan öwüsýäninden bihabarmyň? – diýip, hine girende çykjak ýerini öňüňden häzirlenýän emelkeş söwdagär hasam dogumsyrady. Ýöne ol näçe herrelse-de, raýon OBHSS-iň ýolbaşçysy yza teserli däldi. Anyk ýabşalgasy bolmasa-da, öjemenlik bilen işe gondalaw berdi.
– Şemalyň nireden öwüsýäni bilen işiň bolmasyn. Ol kimler üçin hoştap bolsa, kimler üçin hazanyň gamçysy – diýende, işik tyrkyldady.
– Geliber, gapy açyk!
– Goşa örüm saçy ýeňsesine jaýtaryp duran gyzjagaz gele-gelmäne habaryny beýan etdi.
– Ata kaka, ejem saňa häzirjek gelip ýumurtga böregi iýip gitsin diýdi.
Myssyja ýylgyran Ata Gandym bilgeşleýin maýora kakdyryp gyza sorag berdi:
– Kakaň öýdemi?
Del adamy görüp utanan çaga Ata Gadymyň soragyna üns bermedik borly, gepsiz-sözsüz yzyna öwrülende söwdagär bir salymdan barjagyny aýtdy.
– Bolýa, keýijigim, baraýaryn – diýensoň, ol derňewçiniň gap biliňden döwlen pikiriniň soňuny eşitmäge gulagyny gerdi.
– Goý, seniň aýdyşyň ýaly şo ýel meniň üçin hazanyň gamçysy bolsun diýeli. Onsoň näme?!
– Onsoň ýaňkalaşyp oturmada gönüňden geläý. Getiren mataň galany nirede?
Barlagdan ýaňa suluhan söwdagär sowalga gözlejek bolup durmady. Jozzuk ýüzüni eňşidende, birden myrryhynyň atlananyny oňuň özem bilmän galdy.
– Satdym-sowurdym, pulunam jantaýyma urdum. Sen ogurlaňda men ogurlamaly delmi? Menem tüý kesme ogry, senem. Tapawudymyz ýolumyz aýry. Men peýda görüp döwletiň puluny ornuna goýsam, sen gorkuzyp alýaňda holtumyňa dykýaň. Indi boldumy, gijän ýeriňi gaşadym gerek?
Gahary depesine çykan Ata Gadym bu sapar has ýowuzyrak, has çökderräk darasa-da, näme üçiňdir derňewçi onuň özi ýaly bolup durman geçirimlilik etdi. Ýogsam şol wagt ony gara maşyna atlandyryp bir howa äkidäýeňde-de maýoryň güýji çatman duranondy. Belkem ol «bermezek Alladan irmezek awçy alarmyş» diýlenine gol berip, şol bir hili soragy bilen Atany ýagyr etmek isläňdir.
– Agzyňdan çykýan sözleri gulagyň berin eşidýärmi? Ýa degip açylaýana dälsiň-dä? Gel-gel indi senmi maňa gara ýöňkejek. Bilip goý, men hem-ä derňew organynyň wekli, hemem dänim on ýyldan bäri partiýanyň agzasy. Seniň ýalaky...
OBHSS-iň naçalnigi şuny aýdyp atyma geleňde, gaşy ýazşyp giden söwdagär sözüň gerdişini deňinden geçirmedi. Bir hili gylaw alyp «kikir-kikir» edip güldi. Soňra-da tazykdyrmak üçin garşysynda oturana barmagyny çommaldyp, esli salym dymdy.
– Partiýanyň hatarynda durup eli egrilik edenden, meniň ýaly kezzap bolmak ýüz kerem ybaly dälmi?
– Göwnüme bolmasa sen gaty ätiýaçsyz gepleýäňmi, ýaşuly? Akyl tamynda dynç alasyň gelmese partiýa dil ýetirme!
Adamçy düýäniňki ýaly hanasynda gözüniň agy köpelip giden direktoryň ýüzünden hazanyň ýeli öwüsdi.
– Sözümi ýoýjak bolma, han ogul. Men partiýa hiç haçan dil ýetiren adam däl, dil ýetirmenem. Ýöne onuň ady bilen kezzapçyk edýän adamyň ilden aýyp tapjak bolmasyna dil ýetirýän.
– Bar men şeýlemişim-dä, sözüňi näme bilen delillendirsiň? – diýip, milisiýanyň işgäriniň beren soragy Ata Gandymyň ýüregine jaý bolmady. Dodagynyň ujundan göwünsiz it ýylgyryşyny edensoň, kellesini ýaýkap goýberdi-de ornuňdan galdy.
– Delil gerekmi saňa?
– Hökman. – «Bi pederne näletiň «Delil gerekmi?» diýip, arkaýyn gürleýşi dagy hilile. OBHSS-ň naçalniginden näme kemçilik tapjagyna men-ä haýran. Onsuz-a adam bolmaz weli, ýene meniň ýetmezimi derňemek bi gedaýa galmandyr ahbetin. Bar küýi-köçesi ogurlygyny basyrmak bolany üçin zaňňaryň ogly pişik abaýyny edenem bolýa».
– Beýle derwaýys bolsa ýaňy çagyrylan ýerime baryp gaýdaýyn. Ýumurtga böregi sowatmak günä bormuş. Şeýle dälmi?
Ata Gandym sözüniň soňunda yzaly sorag berip, mürähet etmän, zat etmän, kabinetini bekläp gidemde derňewçä onuň yzyndan garap galmakdan başga alaç galmady. Günortan çaý wagty ol öýüne gideýin diýse raýon merkezi bärde-aňyrda däl, daş. Garbak-gurbak etmäge-de daş-töwerekde jemgyýetçilik naharhanasy ýok. Barlag gidip durka biriniňkä barmak näler agyram bolsa, ýeke özi bir salym sazarlyp duransoň, bir wagtky hamçam şofýorynyňka gitmese bolmady.
– Oraz, öýdemisiň?
–Beh, Myrat, bi häli senmidiň-aýt! Saglyk-amanlykmydyr, işler bilen armaweri. Biziň dükanymyzy barlaýamyşyň diýip gulagym-a degdi. «Kolhozymyza gelen bolsa köwlenmän-ä gitmese gerek» diýip, oýlaýardym. Gelip gowy etdiň, geç, otur. Ynhajykgym demlije çaýa bar – diýip, şofýor köne tanşyny hoşamaý garşy aldy. Soňra garbanara oduk-buduk zat taýýarlamagy aýalyna buýrup, özünden idinsiz myhmanyň wawwasynyň üstünden basanyny duýman galdy.
– Ýeri Myrat. Ata kirtlenli işiň neneň-niçik. Atymyňa gelýämi?
Myhman myssyja ýylgyryp, başyny ýaýkap goýberdi.
– Kirtlen diýdiňmi?!
– Hawa, hä?
– Kirtlen bolsa ol-a doýmaz-dolmaz bela bolmaly. Bilýäňmi sen onuň nämedigini?
– Syçan dälmi?
– Syçan bolsa jan diýersiňle. Şo takmyn bolsa-da syçandan gabarak. Özem gabat gelen zadyny gemirip-kertip barýan bir ylhanat. Men oglankam polumyzyň astynda hin edinen kirtlenleriň derdiňden gijelerine ne ýatyp bildik, ne-de oturyp. Ol kakam daga görgi baryny görkezendir.
– Pişik edinäýmeli ekeniňiz-dä!
– Baý-bo-ow, häl-ä pişik ekeni, adamdan berin gorkýarmy diýsene. Hawa, onsoň oňa garşy alaç tapman ýörkäk kolhozymyzda şaly ekýän bir koreý ýigidi myhmançylyga geläýdi. Biçäre gije oňly ýatyp bilen däldir-dä. Irden turup simden ýedi-sekiz sany duzak ýasansoň, poluň astynda goýdy. Soňra oňa düşen kirtlenleri demir çelege salyp, agzyna gapagy ýapdy. Ýagşy bir salym hälki çelegiň içiňde goh tursa-da, çykyp bilmejegine gözi ýeteňden boldumy ýa-da ýadap haldan düşenleri üçin etdimi, nämemi, öz-ä iki-üç sagatdan soň dym-dyrs bolaýdy. Ertesi gün gapagy açsak sekiz kirtleňden dördüsi, üçünji gün ikisi, soňra-da biri – iň güýçlüsi galypdyr. Onsoň hälki myhman ýigit kirtleni iki-üç gün açlykdan horlansoň, poluň aşagyna goýberdi welin ýoldaşlarynyň şireli etini iýmäge öwrenen ýyrtyjy bir hepde galman ähli nesliniň soňuna sogan ekdi goýaýdy.
Maýoryň sözüne «loh-loh» edip gülen Oraz «Ol-a hezil bolaýan ekeni» diýensoň, çynlakaý äheň bilen sözüniň yzyny ýetirdi: «Biziň dükançymyz beýle diýib-ä bilmen. Olaryň nesline arkama-arka ýelmenen lakam şeýle.»
– Aslyýetinde bir emmasy bardyr aýdýandyrlar.
– Näme diýseň-de Ata kirtlen sygyşykly adamdyr.
– Gaty biž adam diýsene!
– Şeýle-e!?...
Şofýor sözüni köp manyly süýükdirip goýberende, maýor onuň pikiriniň aňyrsynda bir syryň baryny aňdy.
– Näme, mekirligi ýalanmy, eýse?
– Ýeke bir biž bolany bilen oňarsyňla.
– Ýa başga-da emel-usuly barmy?
– Em ýel-usulyna biljek däl. Ýene Ata kirtlen diýilýän adam okdan ozgur, gylyçdan kesgir, ýelden ýyndam. Ýeriň astynda ýylan gäwiş ýasasa-da habarly. Şony bilip goý. Onuň üstesine-de eli açyk, jinnekçi däl.
– Belki iliň hakyny iýýäni üçin sahawatlydyr?
– Beýle diýib-ä bilmen. Hemme kişä mürewwet edýä, ketde ýolbaşçylar bilen-em, aragatnaşykda. Hatda siziň Aşgbatdaky ulyňyzyň biri oblastdakyňyz bilen öňüräk obamyza geleňde Ata olary öýüne çagyryp, şewketli zyýapat etdi. Tä olar gaýdýança menem oňkyda hyzmatda boldum – diýende, maýor hinine suw giden alakadan kem bolmady. Bir salym haýranlar galyp agzyny öweldip oturdy.
– Aýdýana herrelip gepleşýä.
– Onuň üçin-ä däldir. Bisähetiräk bolsa-da, ol işine gaty jürdür, birine arka tutunmak diýen zatdan yrakda.
– Hezzet-sylag diýilýän zadam ýöne ýerden-ä bolmasa gerek?
Oraz şofýor «şumata deňiç Ata kirtleni tanamaýşyňa men haýran» diýen röwüşde myhmanynyň ýüzüne garap, özüniň pikirini delillendirdi.
– Atanyň kakasy bilen atasam söwdagärdi. Bi kär olara arkama-arka aýlanyp gelýä – diýip, öýüň eýesi dyrnaklarynyň düýbi kirjigen eliniň barmaklaryny ýekän-ýekän büküp başlady.
– «Bal tutan barmagyny ýalar» diýlişi ýaly çaýy-ganty mugtmy? Mugt. Ýag bilen una pul sowýamy? Ýok. Är-aýal ikisi. Ýeke ogly, olam golaýda instituty gutaryp geldi. Onsoňam ol jepakeş adam. Ikilän-üçlän mal-garasy bilen hojalyk ýerini eliniň ujunda aýlandyrýa. Galyberse-de at gazanan söwda işgäri. Daşdan-içden magazine ýörgünli haryt getirip satýa. Aýlygy-günlügi dagam iliňkiden az däl bolsa gerek.
– Bi gepde ol söwda-satykdan gazanýan däldir öýdýeňmi? – «Çaky bi-de onuň arkasyndan ýallanýan borly. Bolmasa Ata Gandymy öwüp arşa çykarmazdy. Onsoňam myhman gelende aýry başga onuňka baryp Oraz hyzmat etmelimi? Ýene ikisiniň iýýän pohy bir bolaýmasyn? Belkem munuňam öýüni dökmeli bolar. Atanyň özüniňkdir dogan-garyndaşlarynyňkydan zat çykmady. Birden bi-de bişow bolaýsa? Onsoň-a bular meni sylamaz, köplärler. Wah, aýanlyk, demokratiýa diýib-ä işimizi gördüler. Öňki-öňkülik bolaýanda owjun ýaly burup, bularyň çamalagyny çaşyrdym».
– Düşün, olar ýaly eli ýagly adam dandawly bolýa. Her bir ownuk-uşak zada baş goşup ýörmän, maýyn tapan wagty hörpi uludan alýa.
– Eýsem bolsa ol şu sapar şeýtdi.
– Hawa-aýt, şeýleräk bir dow oba ýaýrasa-da, öz-ä tiz ýatdy.
– Oraz, men bir zada haýran. Günde iki -üç adam Ata Gandymyň işiginden jyklap gidýä. Özler-em kileň ökjesiniň üstünde ters aýlanyp duran gelinler. Ýaňam bir gyzjagaz gelip «ejem ýumurtga börek bişirdim, şony iýip gitsin diýýä» diýip, çagyryp gitdi. Şu işiň-ä bir çöpi bolaýmaly ýaly.
– Ne jähtden?
– Belki olara del harydy gizlin satdyrýandyr – diýende, şofýor aňyrdan azaşan dek buduna şapbatlap, «haý peläket kirteneý, oňarmansyň. Ýumurtga börek iýmäge myhmanam äkidäýmeli ekeniň. Ikiňe-de ýeterdi» diýip, bir salym wakyrdap gülensoň, ýüzi-gözüni syryp dillendi.
– Bilseň ol-a ýakasy gaýyşlydyr.
– Dellik harytlary gizlin satdyrýany üçinmi?
Oraz şofýor kellesini ahmyr bilen ýaýkap goýberdi.
– Nädýäň-aýt, Myrat, aýalbazlykda. – Maýor gözüni tegeläp esli salym oturansoň:
– Adama seredişi ýylanpisint Atamy? – diýdi.
– Hawa, muň nämesine geň galan bolýaň?
– Onuň jozzuk ýüzi bilen düňelek synasy kime derkar? – «Ýok, bi tüki meni ýoldan sowmawdan ötri şeýle diýýä. Ýüzüne hat çyzybermeli gelinler şekil-syratsyz Atanyň nämesine aşyk bolsun. Göwnüme bolmasa olar kirtleniň ýanyna yzzat etmek üçin gelmän, del harydy hantama bolup ýa-da ogry şärigi hökmünde gelýändirler».
– Elbetde derkar ýeri bardyr gelýändirler. Ikimizi ýumurtga börege çagyranoklar-a.
– Eý, Alla, aýal-ebtatlar herne aňyrdan azaşyp ýören däldirler-dä?
– Onçasyny bilmen. Ýöne mähir kemliginden ejir çekýän gelinler-ä Atany görenlerinde gije yşyga gelýän kebelekden birem kem däl.
– Maşgalasy gabanmaýamyka?
– Aýaly ondan ýaňa leň bolan, hanabizar. Onsoň-da maşgalasynyň özi Atany börege çagyryp, soňra onuň bilen goşuny birikdiren bolsa nädersiň.
– Syrtlan çöpi bar diýsene!
– Nejüre çöpüniň baryny özi bilmese men bilmen.
Şondan soň myhman öýüň eýesinden gaýdyp zat soramady. Ol dostunyňkyda saýry dünýä gelip täze açyş eden ýaly boldy. Ata kitrlen barada eşiden goýanlaryna pähim goýup, pikir otardy. Alyp barýan işiniň aňyrsyny-bärsini ölçerensoň onap-çenäp şeýle netijä geldi: «Birinjiden-ä indikide bular ýalakydan çekeräk durmaly. Ikinjidenem, gutarmadyk gürrüňimizi mylaýymlyk bilen dowam etdirmeli. Belki kelle gyzgynyna men barada bilen-goýanyny eteginden döker. Galyberse-de, onuň yradasyny tapmaly. Ýöne nädip?»
Ine şu soragyny ýol boýy agyr ýük edinen maýor uniwermaga barsa ýakasy gaýyşly söwagär ajy çaýyň başynda dul heleýiň, pişigi ýaly dylmyldap otyrdy.
– Ýeri maýor, ýoluňa köp garaşdyrýaňa. Ýa bir ýaňa gidäýdiň-mi?
Jany ýananyň ajy gülküsi bilen ernini ýyrşardan Myrat:
– Hawa, tanyşymkydan ýumurtga börek iýip gaýşym – diýip, çümmükläp jogap berse-de, ol oňa üns berip durmady.
– Sen-ä oňaraýypsyň. Iner ýigitleriň edäýjegem şeýle-dä.
Ata kirtlen «içiň ýansa suw iç» diýýän şekilde bir käse çaýy oňa uzadansoň «ýumurtga börek suwsadgyç bolýandyr» diýip, hälki arasy üzülen söhbetiniň yzyna gürrüň uşlypyny çatyp goýberdi.
– Diýmek delil gerekdä, saňa?
– Hawa!
«Adam özün bilmez, ham hyýal bolar» diýilýäni-de munuňky diýensoň, Ata Gandym OBHSS-ň naçalnigi barada bilýän-goýýanlary bilen görüp-eşidenlerini otly kesindi edinip, onuň ýüzüne basdy. – Raýonymyzyň awtoinspektorynyň ketdesi bolup işläňde «goly rul tutýanlaryň gününe it aglady. Olardan ötende aldyň on manat, geçeňde aldyň on manat, duranda aldyň on manat. Şeýdibem galyň bendäniň maňlaý derinden on gat haşamly tam saldryp, başga raýona işe geçeňde ony ýüz müňe satdyň. Şumat biri şo tama sarp eden gurluşyk materiallaryň dokumentlerini soraýsa jogap berip bilermiň? Elbetde ýok. Duz iýen guş täwin aşak bakyp müzzerilip otursyňda. Bi nä delil dälmi. Bäş adamyň adyndan pullan maşynlaryň, Mergen dükançyny sähelçejik kemçiligi derekli ilkä «üstüňden guş uçurman» diýip, sygyr sagan ýany edeniňi, soňundanam akyl tamynda dört ýyl oturdanyňy hasaba-da aljak däl.
Maýor atdan düşse-de, eýerden düşmedi. «Ýüzügaraçylykdan ölen ýok» diýen şekilde janygyp-jöwrenip dillendi.
– Öz saldyran köşki-saraýyňa-da edil şumat dokument tapyp beräýeriňi Alla bilsin?
Ata kirtlen geplemän, zat etmän stolunyň çekmesini keramara açyp, ondan çykaran bir petde kagyzyny Myradyň öňüne oklady.
– Şu gürüňiň üstüňden barjagyňy bilip ýaňy öýden getirdim. Bagyşlarsyň, wagtyňy alýanym üçin. Biz bir gepe ýakyn adam bolamyzsoň, şeýleräk edäýmesek bolmyýa.
Biri-birine rejelenip çatşan peçatly kwitansiýalar kerpiç, tagta, agaç, sement ýaly gatyrak materiallar-a beýlede dursun, hatda satyn alnan çüýleriň kagyzam tam salnaňda busdur-ýasdyrlygyň bolmanyna güwä geçip durdy Dokumentleri bir salym synçy nazaryndan geçirip bolansoň maýor kellesini ýaýkap goýberdi-de hoşamaý ýylgyrdy.
– Rähnet saňa, Ata aga, işiňe şekim ýok – diýeňde, gahary gelen wagty egilişik diýen zady bilmeýän söwdagär «doňuzy batgada bas» diýlenini edip dübledi.
– Sen, maýor, adamyň ganyna galyp geçilmejek ýazyk gazandyň. O wagtlar sen meni tanamandyň, çeträk dükanda işleýädim. Ýöne heläk bolan ýigit şol obadan bolany üçin men bi işden habarly. Şonda motorly bendäni maşynyňa kakdyrdyň-a kakdyranyň, soňky deminde keselhana alyp barýarkaň ýolda agzyna arak guýmaň nämä gerekdi? Ýa «ölen-ä öleni, gözün-em çokupdyr» etdigiň boldumy? Käşgä ol içginiň köçesinden geçýän adam bolsady, şeýitseň. Görgüsi ýaman gyzdan gylykly, ýazdan ýakymly mömindi. Dogrusyny aýdanda şol eden gödekligiň öz serhoşlygyňy gizlemek üçin tapan pyrryldygyň boldy. Şonda «kes kelläni, al jany ýa bolmasa ber jogaby» diýip, ýigidiň direnip duran arkasy bolaýan bolsa, elbetde beýtmezdiň. Sen şumat suwda ýüzüp ýören guba gaz. Ýöne heniz peri ösüp, ganaty bekemedik çagalar bilen başyna hasrat inen enäniň öňüňde wyždan yzasy diýilýän-em bir zat bardyr. Häzir eşegiň dikirdäp ýörkä sen ony biljeg-em bolaňok. «Aşyna-abyna kömek etdim, wessalam» diýjek bolýansyň. Ýok, inim, beýle däl. Atasynyň yzynda yzlaşyp galan etene çagajyklaryň ajy göz ýaşy, algyryny elinden gideren gelniň ahy-nalasy, merhumyň arzuw-armany tä kasas alýança öçmejek ruh bolup ýatanyňda-turanyňda yzyňdan galmasa gerek – diýende, derňewçiniň çybanyna pitiklenenden kem bolmady.
– Nähak günä ýönkeýäň, myjabat edýäň.
Myradyň herrelmesini Ata kirtlen alga alybam oturmady. Sözüniň yzyny birhili rüstem owaz bilen nygtady.
– Ol raýonda-da ýerlemediň, inim. Gara nebsiň derekli çoçgara çolaşjak bolanyny aňdyň-da emelkeşlik edip, sypdyň oturyberdiň. Indem berim-para bilen OBHSS-iň ketdesi bolan bolup ýörsüň. Täzeden gurmak ugruňda iliň jähit tutup işleýän döwri sen ýalakyny şular ýaly işe alýanda kelle ýok – diýip, sözüniň iki tarapyny bir ýere getirip, gyjytly ýylgyrdy.
– Ýene täzeden saldyryp ýören saraýyňa gerek-ýarak zatlary edineňde berin dokument alaweri!
Ata kitrlen sözüni ýygjamlaberende işgärleri ony zala çagyrdy. Gabşal ýerden geçjek bolýan dek agyr oýa küýüni beren maýoryň häli aşnasynyňkydan gelýärkä «nätmeli?» diýen peşe ýaly soragy gözüniň öňünde pil bolup gazaryldy. «Be-e, imanyny ýuwdan bar azap-aladamy püçege çykardy oturyberdä. Seretle, bi bolaýan işlere. Men-ä munuň iki aýagyny bir ädige sokup, sykaja salmakçşym. Bi bolsa ýeser göçüm etdi-de, jürümi berdi oturyberdi Meniň eden bi işim ozalda biriniň «o ýanym alaň, bu ýanym alaň, ortasynda Baba peleň» diýeni boldy. Men barada herne agzynyň zägini başga ýerde dökmedik bolaýsa ýagşydyrow». Edil şo pursatda Ata bilen içeri giren atan-satan ýigit elindäki kagyzy uzadyp ýalbardy.
– Kabul edäýsene, agam-diýende, direktor maýora tarap başyny atyp goýberip, bekine tutdy.
– Ynha, OBHSS-iň ulusy otyr, inim, getiren kem wejiňi alaý diýse baş üstüne!
Birden aňka-taňka bolan ýigit assa-ýuwaşdan götinjekläp çykyp gidende derňewçi oňa üns berip oturmady-da, söwdageriň ýüzüne bir hili naýynjar seretdi.
– Gulagymy gazama kemin-ä goýmadyň, Ata aga, sag bol. Ýöne bi gepde men-ä ile belli aýbygadym, sen-em akja geçiniň owlagy bolýaňda?
– Gulak iki bolsa-da söz bir. Aýtdym-a ikimizem kezzap diýip.
– Olar ýaly bolsa garga-garganyň gözüni çokýamy?
– Ýolumy kesmeseň çokmaz.
– Başgalar üçin-ä güwä geçip biljek däl weli, ýöne menden saňa zowal ýok.
Atanyň dodagynyň ujy çalaja çyzylyp gidende içinden ol «...Aba-ýu, syýasat duşmana gerek» diýleni-dä bi, ýola gelmejek ýalydyňa» diýip, oýlasa-da, pikirini daşyna çykaryp oturman süýji sözi bilen derňewçiniň arkasyny sypalady.
– Ine, munyň är kişiniň gürrüňi.
– Dogrymy aýtsam, Ata aga, getiren harydyň-a gelin-gyzlaryň bagryny eredýän mata ekeni. Bi basa-baslykda arman maňa ýetmän galaýdy-da – diýip, kineli hantamaçylyk etdi. – «Bi eşek atalydan çilen zadym-a bolmady. «Doňuzdan bir tüý ütmek ütmekdir» Diýlen deý hiç bolmanda keýwanyma bir köýneklik mata alaýyn. Onsoňam men bi ylhanadyň kejine gitmän «gaçanym bar kowuşyňa bermenem» diýlişi ýaly ýalynjaňlyk edibereýin. Bilip bolmaz pelek işini, ynamyna girip birden atyma geläýse çemini tapyp ýeňsesinden depip goýbärinde öňki-soňkyny çykaraýaryn».
– Bi ýerde sen bolansoň nä alaç oturyn. Ýogsam bular ýaly pursatda magazinde görnen özüň bolma, inim – diýensoň, kabinetiniň açyk işigine tarap boýnuny sozup gygyrdy.
– Annagül, aý, Annagül, bärik gelip-git!
– Hä, Ata aga, nä hyzmat?
– Ýaňky matadan äzüňe aldyňmy?
– Zordan bir köýnekligin-ä galdyrdym – diýip, zyba boýly naşy gelin gussaly howsala bilen garanda, direktor gaşyny çytyp, ýüzüni gamaşdyrdy.
– Onda şony maňa goýanyň bilen bile getir!
– Özüm ile satyp, iki metr mata arzymyýan boldummy, Ata aga?
Adamlar bilen sözleşmekde, söwda-satyk işinde ýedi derýanyň suwuny içen tilki dessine gelniň ugruny ýekelemek bilen boldy.
– Arzyýaň, aýym, arzyýaň. Kim saňa arzymaýaň diýýä. Tizara ýene merkeze gitmekçi. Şonda saňa ilde ýogundan iki köýneklik äkelip beräýerin, bomy?
Gaty ýokuş görse-de, Annagül matany stoluň üstüne tosaňlap goýanda maýoryň ýüzi al-elwan gyzaryp gitdi.
– Bi-ýä bir hili bolaýdy, Ata aga?
– Ondan webal bolmaz, inim. Ylahym, gelniň toýlara geýsin – diýip, barlagçyny alça mündürip, towha gonduryp ugradany bilenem, Ata kirtlen kanagat etmedi. Güni ýaşyryp goňşy raýonlaryň birine baryp, merkezdäki hamçam skladçysynyň öýüne özbek dilinde owazyny üýtgedip jaň etdi.
– Diňleýän, kim bi?
– Uz dustuň Inoýat baý gap urýapti, essammäkim ?
– Başga nomere düşdüň!
Şondan soňra telefonyň yzyny üzmeýän guguldysyndan Ata kirtleniň göwni aýratyn bähre tapdy. Sebäbi öňünden wadalaşmagyna görä onuň Inoýat baý diýmegine Aşgabadyň «başga ýere düşdüň diýmesi «barlamaga gelindi. Arkaýyn bolaý. Işleriň düýbi düzüw» diýildigidi.
Öňküsindenem derisi giňäp, göwni galkan direktor poçtadan çykanda bir az salym aňk bolan ýaly sarsman durdy Ahyr tämiz howa akylyny durladymy, nämemi, birdenem eden güýdüşigi ýadyna düşüp hem-ä begendi hem-de peýman etdi: «Şu sapar lükgelän pulum oglumy iki öýersem-de ýeter. Ýöne bular ýaly işiň golaýyndan gaýdyp barman» diýip, golaýdaky aşnasynyňka sowuldy.

2.

Bosaganyň iç ýüzünde duran kündük bilen sylapçany Şagül alyp adamsynyň eline suw akydyp durşuna soragyny dözümli gaýtalady. «Meniň aýdýanymy eşitmeýäňmi, kakasy. Seniň hiç zatdan habaryň ýok diýýän» – diýende Ata Gandym elini-ýüzüni syryp, tördäki küpçekçä geçdi.
– Ýene miliseden adam geldimi?
– Bo-ow, haýyny milise alan-a. Meniň aýtjak bolýan zadym dogmaň aýagyny tiziräk göýemeseň bizi ile şermende-şirmisar eder.
Teýlik bilen amala aşyran jellapçylygynyň süýji ýatlamasynyň tolkunlarynda heniz ýüzüp ýören Ata kirtlen içip oturan çaýyny aýalynyň gydy-gydysy siňek gaçan ýaly edensoň, ol birden oduganyny duýman galdy.
– Ogluň ýurt çykypmy, ýa çapawulçylyga gidipmi, näme edipdir? Leň etdiň-ä walla, çaýy arkaýyn içirsene.
Adamsynyň birden jany ýanan ýaly bolmagyna garaşmadyk Şagül ýakasyny tutup, içine tüýkürdi: «Şeýle diýmäge nädip diliň barýa, kakasy. Agzyňy haýyr açaweri. Ýurt ýykyp, mal talamakdan başga etjek bolsa bozuk iş azmy näme?».
– Är çykan ýigidi gundagda saklap bolmaz. Boý ýigitdird-a. Ikimiziň ýanymyzy alyp otursynmy eýse.
Şondan soň gaşyny çytyp, humrarlyp, oturan Atadan esli wagt seda çykmady. OBHSS-iň wekili bilen birnäçe günläp, «bukullym» oýnunda gabarjaň maýoryň bar yhlasyny püçege çykaryp goýberişinden şo wagt gümür-ýamyr edilse onuň üçin has ýakymly bolaýjak ýalydy. Hany, ol aýdany boldumy näme. Bir syhly gondalap oturan aýalynyň sözüne ahyr hä bermese bolmady.
– Päheýt, heleý, senem bir töwri bolaýypsyň-aýt. Gaýa-gopuz ýok ýerden muşakgat baryny ýagdyrýaň oturýaň. Kakasy söwdagär ýigitdird-ä, oňa nä geň galan bolýaň?
– Haý-küş etmegiň deregine ynha-da munyň aýdýany. Bir bolmasyz işiň üstüňden barar weli ökünersiň. Ýöne giç bolar.
Şagül işige tarap ätiýaç bilen garap goýberensoň, içip oturan çaýyny goýup, adamsyna golaýrak süýşdi-de pessaý owaz bilen içini dökmäge başlady.
– Ogluň her gün agşam biz düşege geçemizsoň äpişgeden çykyp gidýäde, tä itler ýatýança gara bermeýä. Seniň-ä piňiňe-de däl. Ýassyga kelläňi goýaňsoň ýanyňdan traktor geçse-de oýanmaýaň. Meniň bolsa te ol gelýänçä intilip bizarym çykýa. Şu gün-ä öýe-de gelmedi – diýip, aýaly şumjaranda, Ata biraz gahardan düşüşdi.
– Nätdiň-aýt, walla. Öňüräk aýdaýsaň bolmadymy? Şobada kelewiň ýuluny keserdim-ä.
Şagül ornundan galyp çalaja açylan işigi çekensoň ýerine gelin çökdi-de, owazyny pyşyrda ýuwdy. – Herne beteriňden saklawersin, kakasy. Men häzir bir zat aýtsam beleň alyp girreliberme, ýüregiňi basarak tutup, sözüme pähim goý – diýende. Ata Gandym aýalynyň ýüzüne tiňkesini dikdi.
– Herne eýgilikdir-dä, aýt hany bakaly?!
– Aýtsammy – diýip, üýşerilip oturan adamsynyň ýüzüne nazaryny sanjansoň, sözüniň yzyny ýetirdi. – Aýtsam, häli bize Sazak ýylmanyň aýaly Oguljan gelip gitdi. O näme diýdi diýsene?
Ata kirtlen yslanan maslyga seredýän ýaly seňrigini ýygyryp, gabarasy bilen gulaga öwrüldi.
– Şo akýalyň agzyňdan düzüwli gürrüň eşitmedigiň-ä belli.
– Bildiň, kakasy. O näme diýýä diýsene: «biziň gyzymyza ogluňyzyň goltugy degýä. Men muňa bir bada ynanybam durmadym. Teýlik bilen äňetsem ogluňyz her gün ir bilen gala işe gidende biziň gyzymyzy maşynyna mündürip äkidýä. Ikisiniň jöwençilikde duşuşanynam gözüm bilen gördüm. Şonuň üçin gyzymyzy gelin edip almakçy bolsaňyz tiziräk gudaçylyga baryň. Ýogsam-da bir bolmasyz iş ýüze çykaýsa ogullarym seni dula bakdyrmakdanam gaýtmaz» diýdi. – Garaşsyz habara Ata Gandymyň gulagyna garynja girenden kem bolmady Ol haýranlar galyp aýalynyň ýüzüne aňkardy.
– Hut şeýle diýdimi?
– Gara çynym. Düýn gelip gitdi.
Sazak ýylmanyň ýedi arkasy bilen ýetmiş damaryna ýetik söwdagär bir salym oýurganyp oturansoň «ýorgaly bilen ýoldaş bolma, nadan bilen syrdaş» diýenleri-dä bi – diýip, obadaşyna baha kesdi. – Sazagyň özi bilen traktorçy ogly Annaş halalhon adam bolmaly. Beýleki ikisi daýysyna çekipmi, nämemi, erbet gylymlary bilen-ä ile belli.
– Ýer çekenler ganojak bolup döredi.
– Aňyrda ot bolmasa tüsse bolmaz. Şory depesine çykyp ýörän bolsa ogluň aýagyny duşaýmaly borda. Munça ýaşap akyly goýazylanybam-a barandyr.
– Bo-ow, kakasy hälem şo kakabaşlygy.
– Öz-ä, seniň aýdanyňam jany ýok däl ýaly-aýt!
Adamsynyň gowşak damaryny tapanyna Şagül gylaw alyp, dessine gürrüňi özüniň maksadyna gönükdirmäge ymtyldy.
– Gaýry ýeriň maşgalasyn-a synym oturmyň, kakasy.
– Näme üçin, belki öz halaşýany bardyr?
Adamsynyň boşan çäýnegini gaýtadan demlänsoň, Şagül gazda gyzdyran işleklisini getirip saçakda goýdy. – Düýn özüň bolmansoň duzunam datmadym. Garbanaý, mesge ýaga bişirdim – diýensoň, hem-ä özi iýip başlady hem-de bir eli bilen adamsynyň öňüne gonan siňekleri el syrgyç bilen ýelpäp halymsyrady.
– Näme üçini şo, kakasy, ömür boýy dükanda işläp, sen daşardan, men içerden ýygnadyk. Şükür Alla, üstümizde sekiz otagly şarňyldap duran tamymyz bar. Içeri goşumyzam hanyňka dalaş edýä. Ýygnan-ýygşyranlarymyzam enşalla iki ömre ýeter. Wagtam bir ýerde duranok. Gün batýa, daň atýa pelegiň çarhy zol. aýlanyp dur.
Aýalynyň nireden tozaýanyny Ata kirtlen aňman durmady. Şonuň üçin ol her sapar agzyna salýan çöreginiň çeýnemini ýetirip oturşyna Şagüliň sözlerini pikir eleginden geçirip, onap-çenäp gördi.
– Ýadyňam-a ýagşysy bolýandyr!
– Ýadyň ýüzüne köz degsin. «Ýagly günüň ýat ýagşy, ýaman günüň garyndaş» diýlenini eşideňokmy? Şo töwin ýat ýat bolýa, ýakynam ýakyn. Ýeri gelende, başyňa iş düşeňde özüňki dözmiýä. Onsoňam haýsynyň nähili bolýanyny saňa öwretmel-ä däl. Ho-ol ilerki Dostalynyň gelni nätdi? Toýy sowulmanka gaýynlaryny gyraklatdy oturyberdi. Garrylaryň ýanyna hatda çagalarynyň aýagynam sekdirmeýärmişin. Toba, tobeý, herne şolar ýalaky gelinden daş edeweri, Allajan – diýip, Şagül ýakasyna tüýkürensoňam ynjalyk tapmady. – Begiş uzynyň güni oňuňkydan gowumy näme. Biçäre il hatarynda iýmäni-içmäni diş-dyrnak bolup ýygnan puluna alan gelni üç aýdan soň ogluny taşlap ötägitdi. Köneler «ogluň ýanynda ot ýatyr, gyzyň ýanynda ýag» diýip, ýöne ýerden aýtmandyrlar. Men-ä öýümize ýat oduň girenine rowa bolman. Galanynam özüň görersiň-dä, kakasy
– Bi, kelew «öz söýüşýänimi aljak» diýip ýer depip dursa nädip bor?
Günebakar ýaly tegelek, ak mapraç ýüzüne özboluşly öwüşgin berýän jüpdek dodagyny ters towlap goýberensoň, Şagül gyjytly nazaryny adamsyna sançdy.
– Sen meniň başyma şir, kakasy. Biri Ata dükançy ogluna diýenini etdirip bilmeýä diýse kim ynanar. Bekine tutsaň oýnaram etmäni. Ýöne turuwbaşdan düşüklik edip, gamyşy gowşak tutaýmagyn. Bomy?
Hemaýyn gürrüňde jylaw çekdirmejegine gözi ýetensoň «aýdyjy akmak bolsa-da, diňleýji dana gerek» diýlenini edip, aýalyny raýyna kowup oturşyna Ata kirtlen öz ýanyndan oýlandy «kesekini ýigrenip, ot elek boluberişiňe garasan-a sen heleý oglumyza öz emer-jemeriňden birini niýetläýen ýaly. Hany, saýraber bakaly, nireden göçüm edýäň» diýip, ýassykdaşynyň agyzuluňyny bilmekçi boldy.
– Onda kimiň gyzyna gudaçylyga barsak bolarka?
Şagül biraz sagynjyrap garanda erniniň mydama dumanlap duran keşbinden hiç zat aňmady. Ýöne adamsynyň gaýyn toparyny pisint etmeýäninden çen tutup, onuň gijän ýerini bilgeşleýin gaşap goýberdi.
– Gyz gytmy näme. Şu günler taýak atsaň gyzyň üstüne düşýä. Aýal doganyň öýüňde ikisi, biziňkilerde üçüsi otyr. O-da ne diýen gyzlar. Hersi ýapy ýaly. Bilip bolýamy pelegiň işini, ikimizden birimiz ýagty jahan bilen algy-bergisini hasaplaşaýanda dat yzda galanyň gününe. Şonda gelniň ýakynyňdan bolaýsa dözmez, kakasy, idi-yssywat eder. Onsoňam bi desgalara, bi goş golaňlara ýat eýe bolandan, olaryň özüňkä galany gowy dälmi?
Ata Gandym ýere bakyp oturşyna ilkä myssyja ýylgyrdy. Soňra-da kikir-kikir gülende egni galyp gitdi. Adamsynyň bolşuna bir töwri bolan Şagül nägile dillendi.
– Uçunyp-kakynaýana dälsiň-dä?
– Gije aýagymyzy ýokary galdyryp ýatýan boldug-a, keýwany.
– Biziň edip oturan gürrüňimize seniň aýdýanlaryň nä dahyly bar? – diýip, aýaly gypjynanda, Ata kirtlen onuň pikirini püçege çykardy.
– Çüpräp ýörsiň, Şaham (geçileri ýaýranda ol aýalyny şeýle atlandyrýardy). Ölüm-ajal barada men entek pikir edemok, sen-em o hakda oýlanma. Bilseň molla torgaý asman üstüne ýykylar öýdüp gije aýagyny göge galdyryp ýatýamyşyn. Biz berin arkaýyn uzadyp ýataly!
– Bo-ow, kakasy, saňa oýun gerek. Meniň bolsa Oguljan gelip gideli bäri ýüregim sal üstüňde.
– Onda seniň doganyňka baraýaly?
Şagül adamsyna soragly seredensoň, akylly gözleriniň gabagyny düşürip oýlandy: «Ärhan, eý, ärhan, bir ömri bile ýaşaşsak-da seni beýle tentekdir öýtmändim. Oý-pikiriňi ýüzüňden okap otyrkam beýle samsyklaç sorag bermegiň kime derkar. Seniň atjak bolýan guşuňy men eýýäm haçanlar ütüp goýdum-a» diýse-de, süýji dili bilen Atany sypalap sözledi.
– Ýok, doganyň Soltanyňka baraýaly!
– Siziňkilere baranda näme?
– Olardan çekeräk duran ýagşy.
– Sebäbi?
Adamsynyň beýle tükezzybyna tutjagyna garaşmansoň, Şagül ýüzüni eňşidip, dodagyny ters towlap gömelteý jogap bermese bolmady.
– Sebäbi sen bir barly kişi, biziňkiler bolsa pukararak.
– Juda beýle däl-ow, keýwany – diýip, Ata kirtlen ýaramsaklyk etjek bolanda, Şagülüň bäbenek hanasyndaky owadan çakan gözleri aýal mekirligi bilen oýnaklap gitdi.
– Doganyň Soltan bilen guda bolaýsak gelnimizi başga garan-da illerräk tutarmyň nädermiň – diýip, adamsyny söz bilen çümmükläp goýberensoň, pikiriniň yzny berçedi. – Onsoňam doganyň bilen garyndaş bolaýsak ozaly bilen sen maňa iňňirdemersiň, galyberse-de gelniň her bir sözüni ilik-düwme edermiň nädermiň.
Ýassykdaşynyň teklibi ýüregine jaý bolsa-da, Şagüli öýkeletmezlik üçin Ata dil ujundan mürrewet eden boldy.
– Keýwany diýýän-ä, meniň sözümi etseň-ä Polada öz halaşyp söýüşýänini alyp beräýeli diýjek bolýan. Şeýdäýsek iliň-günüň öňünde, oglumyzyň ýanynda dilimiz gysga bolmasa gerek – diýende, Şagülüň ýakasyndan gögeýin girenden kem bolmady.
– Olar ýaly bolsa nätseň şeýit. Han-ha, ogluň, hol-ha-da dogmaň. Bi içeride, käşgäm men adam hataryňda görülýän bolsadym, şolar ýalaky işe baş goşar ýaly.
Çaýdan-çörekden garbanyp geçileri daga ýaýransoň Ata kirtlen aýaklaryny uzadyp, biline, oňurgalaryna ýazgynlyk berdi. Soňra-da mylakatly sözleri bilen aýalynyň ähli igenjinidir teýenesini ýylmap goýberdi.
– Walla kessin, Şahym, bir töwri bolaýypsyň-aýt sen. Men-ä ýumsaň penjäňdäki, açsaňam aýaňdaky adam. Oglumyzy hülli-hülli edip ulaldan özüň. Onsoň ilki bilen onuň aladasyny kim etmeli. Elbetde sen.
– Maňa şeňňil kädi dakman, ýüregiňdäkini orta dökübersene!
– Bäý-bä, bi ýerde goltugyňa garpyz gyssyr ýaly näme bar. Rastymy aýtsam gelniň bilen iş salyşjak, pikir alyşjak özüň bolaňsoň oglumyza kimi muwapyk görseň şony alyp beräýmeli bolardy.
Adamsy gaýtmyşyn edende büreşen gaşlary ýazylyp, dodagynyň ujy göwünsiz çyzylan Şagül içinden «şeýtana sapak beren tilki diýseň-ä» «gaýynlaryma gudaçylyga baraýaly» diýip, maňa aýtdyrasyň gelýändir. O barada asyl dil ýaraýman» diýse, daşyndan yrgasyz delilini orta atdy oturyberdi.
– Rastyň bolsa Soltan baldyzymka baraýaly. Meniň göz astyna alyp ýörenim onuň ulujasy Altynjemalyň dilinden dür dökülýär, elinden zer – diýip, Şagül sözüni aýaklamanka beýle ýandan azymly owaz ýaňlanyp gitdi.
– Hiç kimiňkä-de barmarsyňyz, eje!
Garaşsyz çykan sese aň-maň bolan är-aýal bir howa näme aýdyp, näme diýjegini bilmedi. Ata Gandym gyşaryp ýatan ýerinden diklense, Şagül egniaşyr seretdi. Işigiň iç ýüzünde gapynyň söýesine söýenip duran işekçer jahyla nazary düşeňde ata ene aşaklyk bilen biri-biriniň ýüzüne garap myssyja ýylgyrdy. Olar muny üstüni basdyrany üçin çaşgyn ýagdaýa düşüp hyjyl tartman, çynar boýly oglunyň synasyna hoşbagtlyk bilen guwanýanlygynyň alamaty hökmünde şeýtdiler.
– Hä, täjim syrtlanyň ogly, ertiriň haýyr bola – diýip, Ata Gandym söýünç bilen aýdaňda, ýigidiň gaşlary birleşip gitdi.
– Maňa şeýle diýmesene, kaka, il üstümizden gülýä.
– Näme üçin?
– Şo melgun kempiriň ogly diýýäniňe. Meniň oňa heý bir meňzeýän ýerim barmy?
– Merhum barada beýle diýme, oglum, aýyp bolar.
– Aýyp bolaýşyny...
Oglunyň bimany kinaýaly sözüne burnunyň ujy tirpildäp giden Ata özüden idinsiz çalgyrt owaz bilei gygyryp goýberdi.
– Tüket-aýt. – Soňra-da sözüne biraz böwjeňlik berjek ýaly edip, pikiriniň yzyny ýetirdi.
– Bilseň ol-a seniň göbegeneň. Şo bolmadyk bolsa bu ýerde ejeňem oturmazdy, senem dünýä inmezdiň.
Şondan aňry ýaňkalaşyberse hezil tapmajagyny aňan ýigit geplemedi. Ata kirtlen hem gaharna tiz jylaw salyp dymdy. Ol çaýa güýmenip gabak astyndan ogluny synlap oturşyna o barada deň-duşlarynyň kinaýaly kilçermesi hem-de Poladyň dünýä gelmegine sebäp bolan Täjim syrtlan barada üstüni çaň basyp galan ýyllaryň süýji ýatlamasyna bir pursat özüni berenini duýman galdy...
Katdy-kamaty, görk-görmegi gelen Poladyň Ata kirtlene jinnek ýalam meňzeýän ýeri ýokdy. Aýnyman-yrylman Şagülüň agyn özüdi. Ataly-ogul ikisiniň daş keşbiniň aýratynlygy göze dürtme bolup duransoň Ata Gandymyň dostlary oňa kä ýarym henek atsa-da, ol göwnüne alyp oturmaýardy. Hata bir sapar deň duşlarynyň oturylyşygynda iýmek-içmekden seýrap bolup oturan Gürji ýarty degimsizlik edip:
– A haw, adamlar, şu işiň aňyrsynyň bir çöp-ä bolmaly. Heý, atasyna meňzemeýänem bir ogul bolar ogşyýa. Walla kessin, şonda kakasynyň şärikçiligi ýok ýaly-da-aýt» diýip, kilçiklände hem Ata kirtlen ytygsap oturman, buýsançly sözleri bilen gylyçlaşypdy.
– Bilseňiz, adamlar, meniň dogmam Gürjüniňki ýaly it ýigit däl-de, är ýigitdir. – Atanyň sözüniň magadyna Gürji bir bada düşünibem durmady. Bir hili alňasak äheňde dillendi.
– O näme diýdigiň bolýa. Kirtlen!
– Bäý, munuň aňkawlygyny-aýt. «Akylla yşarat, akmaga kötek» diýilýäni-dä muňky. Iki egniň üstünde göterip ýören telpek sokaryň kellemi ýa-da soky daş? – diýensoň, sözüniň yzyny berçedi: – Eger iliňkä meňzeş kelläň bolsa «it atasyna, är daýysyna meňzär» diýlenini eşitmel-ä sen. Heý, mysalasy guran, maňa kim dil ýetirse-de, sen at dakmaly däl. Ile meňzeş adam bolanyňda kyrk ýaşaňsoň köpek çykmal-a sen. Indi ta amanadyňy tabşyrýançaň şo gürjüligiňde galýaň.
Atanyň jaýdar jogabyna deň-duşlary gülüp kese ýykyldy. Ýöne oturlyşygyň keýpine humar bolan adamlar Gürjä küşgeleň berip köpläberenlerinde Ata Gandym «gaçyşym bar kowuşyňa bermenem» diýlenini edýärdi.
– Adamlar, bimany geplemäň. Ýigit siziň köleleriňiz deý eňre bolman, meniňki ýaly il ogly bolup dogulsa oňa ýetesem zat bolarmy diýip, dostlarynyň süýji teýenesinden sypanda olar lapykeç halda elini salgap goýberdi.
– Ýak, çüňkereý, tapýan gepiň bar bola!
Ýöne weli Şagül bilen kä mahal bir sözi azaşyp, näşat bolaň çagy ogly derekli ol kemsinmänem durmazdy. Sebäbi kyrkyň kerwenini dartyp başlan Şagülüň baly goýazlansa-da, ýyllaryň entek möhür basmadyk çyraýly ýüzüne erkekler hyrydar garanda müňkürlik alawy ýanyp tükenenem bolsa heniz külüň içinde galan közjagaz Atanyň beýni dokumalarynyň çuňlugynda kä mahal bir ýylpyldap gidýärdi: «Wepalymyka, biwepa?» Emma ilki duşuşykdan soň Şagülüň ony sulhy alşy, indem köp ýyllardan bäri onuň idi-ysywatyny ýetirip, daşynda hozanaklaýyşy göz atuwyna gelende, ol ýüz kerem gaýtmyşym edýärdi. «Toba, tobe-eý, nä jyn urduka meni. Herne aňymdan azaşyp ýören däldirin-dä men?» Dogrusyny aýdaňda Şagül oňa ýöne ýerden barmandy. Ata ony tötänden ele salypdy. Ýogsam gaýa-gopuz ýok ýerden gelniň synly-salaly adamsyny birden terk edip, Ata kirtlene mütrük ýapyşan ýaly bolmasy gaty geňdi. Şonda olaryň bozuk işini uly il näletläp, Şagüli itiň boýnuna dakylan göwher hasaplady. Onuň sebäb-em Atanyň telpeginiň agmagy bolupdy. Kirtleniň ata-enesi edähede-kowahada sygmaýan iş edip, gelniniň ýyly berilmänkä oglunyň ugruna çykanda olaryň bolşuny adamlar gaty geňläpdi. Şonuň üçin är-aýalyň baran işigi açylmady. Nirä maňlaýyny direseler «siziň bilen garyndaş bolasak nä ýetipdi. Arman, başga söz beriläýdi-dä» diýen bir meňzeş jogaby aldylar. Sawçylar gidensoňam adamlar olaryň yzyny ýandak bilen syrdy «uýalman-utanman çekjeri ýaly ogluna nä ýüzüne gyz soraýarlarka?» Öz ilinde niýetikazy bolan garrylar delräk ýere gidip, puluň emri bilen bir-iki maşgalany yrdylaram. Ýöne ýigidi görenlerinde ony hiçisiniň mijidi almady. Ahyr ata-enesiniň işi bişow çykansoň, söwdagär öz aladasyny özi etmese bolmady. Köp oý-pikirlerden, kelle çekişmelerden soňra ol üýtgewsiz netijä geldi: «Maňa diňe Täjim syrtlan delalat edip biler. Başga hiç kim. Öz-ä jojugyna sak mekejin ýaly bir töwri adamdyr. Aňsa golaýyna ýowudaýasy ýok. Şonda-da bolsa köwekgeliň mydam oň bolar işi» diýlenini edip bagtymy bir synap göreýin. Bolsa ne ýagşy, bolmasa-da ötegçi şemala aýdylan iki agyz söz ekeni-dä».
Täjim eje bilen Ata Gandym ikisi küren obada ýaşasa-da söwdagär garnyny daşyndan tanaýarly. Kä mahal bir eşeginiň üstünde hekgerip barýanyny göräýmese onuň bilen ýüzbe-ýüz oturyşyp görenokdy. Ýöne ýörgünli ady Täjim syrtlan bolansoň, erkek adamlaryň dilinde garrynyň gybatbaşydygyndan habarlydy: «Täjimiň syrtlan çöpi barmyş. Çeşme suwuny bulandyryp, ters akdyrybam bilýämiş, islän adamsyny azdyrybam. Şonuň üçin ogly-gyzy bilen sygyşyksyz bolansoň, özbaşyna ýaşaýa».
Ýöne weli aýal-ebtatlar ony eý görýärdi. Sebäbi Täjim urşuň yz ýany obada aýallar Sowetine ýolbaşçylyk eden ýyllary ejiz jynsyň hak-hukugyny goramakda gödeksi erkekleri haýykdyryp olaryň gözüniň oduny alypdyr. Hatda raýonda sözüne pitwa edilmese ýokary edaralary işikleşip özüniň sözüni gögerden wagty az bolmandyr. Şonuň üçin obanyň gelin-gyzlary ynjydylan wagty mährem ene hökmünde bu hörel aýaldan arka tapynýardy Ynha, bu gün Ata Gandym şol kempiriň huzurynda dur. Ýetmişiň bosagasyndan ätlese-de ýüz-keşbinde garrylyk ýüki onçakly goş basmadyk inçesagadyraga-da Täjim donuny gyýa ýapynyp ýatan ýerinden ýagjymak owazy biden gygyrdy.
– Kim bolsaňam geliber, işik açyk?
Ata içeri girip salam berende, öý eýesi, «hälik» diýmegiň ýerine howlukman-gyssanman ornundan galdy. Donuny egnine ýelbegeý atynansoň golaýrak gelip tiňkesini dikdi-de çüw diýleninden söwdagäriň howsalasyny basdy.
– Işigi pitikleýän kimkä diýsem bi-ýä, sen ekeniň-ow äjut-mäjutlaryň hossary. Günäňi ýuwmaga geldiňmi, ýeksuryn?
Gaýa-gopuz ýok ýerden degnasyna deglen Ata möhüm işi düşüp gelmedik bolsa beýle ykaratly sözleri çekmese-de çekmezdi. Girrelip diýmesini diýerdi. Ýöne geluwbadyna ýüzüne çalnan ýaly bolsa-da, kempiriň sözüniň aňyrsynda haýsydyr bir tozanyň baryny aňyp, bitakat bolmazlygy ýüregine düwdi. Onýança garry donunyň ýeňine elini sokup uçjak guş ýaly ykjamlanansoň öňküsinden beter dübledi.
– Edişiňiz şü bolsa raýkuma arz edip çamalagyňyzy çaşyryn. Tapan ekeniňiz süýkenjek adamyňyzy, maňa Täjim syrtlan diýýärler. Si bir beýle-de kümsüklik bolarmy? Adamlary çürkeýşiňiz şü bolsa gylsyratdan geçip, sakar dowzahda gowka bolmasaňyz bilenim ýalan. Essapurylla, toba tagsyr-eý, gargadan bir-em kem däller-eý. Edil gözüňi çokjak bolup durlar-eý – diýip, janygyp-jowranda myhman garrynyň nireden göçüm edýänini aňdy.
– Näme boldy, Täjim daýza?!
– Bela boldy, zakgun boldy! – Ol yzyna ters aýlanyp tördäki sandykdan bir bölek mata bilen ganty aldy-da heniz aýak üstüňde söwelip duran Atanyň öňüne eliniň tersi bilen oklap, goýberdi. Soňundanam ýerde ýatan harydyna barmagyny çommaltdy.
– Bi matadan on manat, şireden-em bäş manat ütdüler.
– Kim ütdi? – diýip, gökden düşen ýaly bolan Atanyň özünden idinsiz beren soragy Täjimiň laplap duran odunyň üstüne benzin guýança boldy.
– Dym bilýän dälsiň-ä? Bar belanyň körügi sen dälmi kirtlen? Kimdir öýdýäň? Bilmeseň gol asynda astyňda işläp ýören gysyraklaryň. Indi ynandyň gerek? – Näme üçindir kempir donunyň jübüsinden çykaryp şapbat ýaljak knižkaýsynyň ýüzüne mukaddes zat hökmünde nazaryny aýlap, elini howada daldalatdy.
– Wah wah-eý ylahym netiňiz boýnuňyzdan gelip, bujagyndan dökülmiş betdoga galanlar. Halal pensimden biregne on baş manat çürtdiler oturyberdiler. Men görgüsi ýaman ony biljegem däl-le. Dükandan gaýdyşyn Ýazbibi ejäniň halyňdan habar almaga sowulaýmanmy. Şonuň gelni çykaryp berdi bi gedaýyň hasabyny. Biziň ýalaky adama bir tin bir tin bolýa, häl-ä on bäş manat ekeni. Ol üç gün iýmäme ýetýä. Baý, o-ow, gaýtargy bermek kanda, zat kanda: «Beýle zat bolup bilmez daýza. Garrapsyň sen. Bir zat gerek bolsa indikiläp başga birini iberäý» diýip, halal hakym derekli özümi aýbygadym etdi ödegi ýazanlar. Toba, tobe-eý, ýagşy zamanyň çagasy, ýaman günleriň garrysy bolan ekenik. Herne bi zatlaryň düýbi düz bolawersin, Allajan. Meniň munymam bir günlük ömre-müň günlük tetärik» diýleni boldy. Gaýdyberdä öýüňe pisiňi aşyryp. Hile hakyny soran bolubam barýar-a. Aldyň belanyň sapyny. Indikide bir zat alamda sekizde okaýan agtygym bilen baraýaryn dükanyňa. Bi gezek on bäş manady hamana gedaýa beren ekenim – diýip, sözüniň soňuny ulap goýberdi.
– Ýeri, bärläpsiň-ä kezzaplaryň ketdesi. Menlik nä derwaýys işiň çykdy. Ýöne ýerden saýaňy salmadygyň-a belli?
Geleli bäri hyýalyndan «bagyragyň, bary ýagşy, bagyra bagyra ýük götar» diýlenini edip, bitakat bolman oturan myhman üçin jenjelçi kempiriň elekde eläp, sokuda döwen igençli sözleri tapdyryksyz tutaryk boldy.
– Baryp gaýdanyňy aýtdylar, daýza. Onsoň «it gözi tüsse görmez» edip, yjaza soramaga ýanja gaýdaýdym. Seni öýkeleden satyjynyň ikisine-de temmi berildi – diýip, söwdagär diplomatyndan çykaran daşary ýurt ýüň jemperi bilen epini bozulmadyk täzeje köýnegiň üstüne gözüň ýagyny iýip barýan ýaşyl seçeklini goýdy.
– «Alagan elim beregen» daýza. Aýyp-syn etmersiň-dä, ýazyk bizde, herne günämizi geçeweri! – «Arman, derwaýas ýumşumyň düşäýeni. Bolmasa bi weçleriň deregine belanyň sapyny alardyň, albassy. Gözüň gyky bilen näme synlan bolup otyrsyň. Öňüňde nagt goýlan zady alyber-dä sesine suw goýulmyş. Gelelim bäri baý guş ýaly jakyrdap bizar-petenim-ä çykardyň. Seňden alma, ondan ýonma, kimden almaly. Ýa gyza zarmyň, ogla harmyň, ikisem-ä bar, şolar bakýar-a seni. Setanda-seýranda on şaýyňy gidereňde gallaç galyp barýamyň. Wah, Täjimli işimi bujrugy argyp, saparym bişow boljagow. Ýogsam dükançylar bilen munuň dawasy meniň geljek günüme gabat geläýmelimi? Janym näme etsemkäm? Bi zatlary mugtuna-da goýup gidip bolmaz. Buça bolanyna görä gel, bir sellem garaşaýyn. Ýene nä hili oýun turuzýar? – onýança kempir kinaýaly dillendi.
– Hede getirdim diýsene. – Soňundanam myhmanyň ýüzüňe rüstem garap:
– Meni bi gymmat bahaly weçlere çolap birine satjakmy? – diýende Ata kirtlen Täjimiň özüne göräräk jogap berdi.
– Aý, sowgat diýer ýaly şeýle bir alyp ýatan zat dälle. Häki bir elim boş gelmesin diýilýänidir-dä. Onsoňam, daýza, satylaýanyňda sen kimden kem. Agzynyň sarysy gitmedik jüýjeleriň onusyna degýäň.
Myhmanyň şelaýyn sözüni alga almadyk kempir öňüne goýlan geýim-geje pisindi oturmaýan dek seňrigini ýygryp, gaşyny bürüşdirende, Ata ony gabak astyndan synlady: «Köp çarşenbäni başyndan geçiren akýal-da, ygtybarsyzlyk edenem bolýar. Çaky, bi süýde seredip, oňdan gan görüp bilýänleriň hilinden bolmaly. Ýedi derýanyň suwuny içip, ýedi yklymy söküp çykan şeýtan näçe dommarylsaň-da bagryň erese gerek. Onuň bilenem atyma gelmeseň on sany ýüzlügi öňüňde goýaryn weli dessine muma dönäýmezmiň». Öz ýanyňdan şu oý-pikirini badalga edinen söwdagär ýalňyşypdy. Sebäbi onuň ata-enesiniň gelin edinmek ugruna çar tarapa çarp urmasyndan, baran işiginiň petiklenýändiginden habarly Täjim içigüjükli Ata Gandmyň gol astyndaky işgärlerine dalla bolmaga gelmänini, möhüm işiniň düşüp gelenini aňyp, mydama penjesinde saklamak üçin onuň haýyny almagy ýüregine düwdi.
– Gep owadanlap oturma-da habaryňy ber.
Ýüzüni-gözüni eňşidip ekemsirän garrynyň çakyr owazy myhmanyň howsalasyny has beter basdy. Ýöne şonda-da bolsa «ýatyp galaňdan, atyp gal» diýlenine Ata gol berip, uýalyp utanybraga-da arzy-halyny beýan edende, Täjimiň jogaby ony heýjana saldy.
– Özüme öýlenäýmeseň-ä, hanym, dulumda ýetişip oturan gyzymam ýok, dul galan gelnimem.
Öýüň eýesiniň gödeksi çökder sözlerine lakytak bolan söwdagär aljyrap bir howa näme aýdyp, näme diýjegini bilmän elini-aýagyny ýitirdi. Ýöne ol erkine tiz edem etdi-de on sany ýüzlügi seçekli ýaglygyň üstünde goýup, naýynjar iňňildi bilen dillendi.
– Daýza, men bir hudaý urup, pygamber hasasy bilen dürten şormaňlaý. Görogly dädemiz aýtmyşlaýyn «daglarda delmirip galdym, atym ýok, ýolum daş oldy». Tä amanadymy tabşyrýançam men seniň sadyk guluň – diýip, ýewzerilende hem Täjim eremedi.
– Şumata çenli işim sögüşip-käýişeniň agzyny birikdirmek boldy. Indem bi ýaşdan soň tersine tewşikat edip bilmen-ä men?
– Onyň dogry-la, daýza. Ýöne «dowamatsyz ýaşaber» diýseň ötagitmeli bolaryn-da alaç näme. Ata Gandym gussaly owaz bilen şuny aýdyp başyny aşak salaňda Täjimiň rehimi inen bolsa gerek, azyrak tow ýazdyran ýaly etdi.
– Sen-ä başa düşen towky ekeniň. O zeýilli işe baş goşamag-a men.
– Men bir täleýi ters gelen kişi. Bar ykbalym saňa bagly. Ýalkasaň ýaz, gargasaňam gyş, daýza, elmaýyş et maňa! – «Ertirden bäri degnama degip oturýançaň «bolýa» diýäýeniňde boljag-a, albassy. Şykyrdawuk kagyz bilen buzgunç ysly geýim-geçlere öňli-soňly towuňy ýazdyrjagyňy bilip otyryn-a, men».
– Saňa göwnärlermikä? Gelin-gyzlar ýylmanak ýüzlä humar bolguçdyr.
Täjimiň kinaýy gatyşykly gömelteý soragyna Ata hyjyp tartjak bolup oturmady. «Indä ýan berip ugran bolsaň gerek» öýdüp garrynyň sözüne göra jogap berdi.
– Ýylmanak ýüzüm bolmasa-da, keramatym-a zordur, daýza!
Atanyň basygrak owaz bilen aýdan sözüni garry çala eşitdimi ýa onuň manysyna bir bada düşünmedimi, nämemi, gulagyny gerip, öwşerildi.
– Näme, näme?
Söwdagär sözünden dänjek bolup durmady. Bagtyna töwekgelçilik etdi.
– Şekil-şykgatym bolmasa-da, hünärim-ä bardyr diýýän – diýende, Atanyň gep salgyndan duýlan bihaýa sesi satyjylara bolan gahary heniz baslykmadyk garrynyň gulagynda tüpeň atylandan kem bolmady. Birden eli sandyrap, dodagy titränsoň süňňi bilen sarsyp gitdi.
– Sen-ä bir petine gar ýagan bihaýa ekeniň. Jellapçylyk etdirjek adamyňy başga ýerden gözle. Göteril şu ýerden – diýip, Atanyň ortada goýan sylag-serpaýyny eliniň tersi bilen üstüne zyňyp başlanda zähresi ýarylan myhman atylyp daşary çykdy. Şondan soň Täjim syrtlan daşky işikden çykyp «Aýu, kirtlen getiren letdeleriňi berin alyp git» diýip, näler gygyrsa-da, Ata daýanmady. Dälihanadan gaçan jynly ýaly kä mahal bir yzyna seredip, ädimini ýygjamlamak bilen boldy.

Dowamy bar...
22
179
sahet_ashyrov
21.01.2021 15:25
BIR ÝERLERE GITSEM

Bir ýerlere gitsem...
Hiç kim duýmasa...
Gidemsoňam duýulmasa ýoklugym...
Ýüregimi çala eşdip bilseler —
Şol bor setirlerme berlen „aklygym“.

Gülmeseler duýgularmyň üstünden,
Ýagşylykda ýatlasalar kämahal.
Men kalbymy köpe açmak isledim,
Zähmet çekdim beýnim bilen kän mahal.

Düşündiler.
Käte düşündirdiler,
Syr berip, syrymy alanlar boldy.
Durmuş gürzüsine ýegşerlip ýörkäm
Oň üstüne şarpyk çalanlar boldy.

Derdimiň ýaryn däl, baryn bagş edip,
Setirlemde açjak boldum ýüregmi.
Bilýän, juda kän berildim duýgyma,
Bilýän, juda kän agzadym „melegmi“.

Indi bolsa, „melegem“ ýok, söýgem ýok,
Meň henizem ýalňyzlygym, täkligim.
Bir ýerlere gitsem...
Hiç kim duýmasa...
Gidemsoňam duýulmasa ýoklugym...

Sapa HOMMADOW
26
142
sahet_ashyrov
09.01.2021 14:25
Ezizleň küýsegi

Baýram günleri-de tukat bor eken,
Dünýäň şowhuny-da güňleç eşdiler.
Ezizleň ýanynda bolup bilmeseň,
Gussa syýa bolup kalbyň keşdelär.

Şol özüne çeker durar howlumyz,
Oňa uzan mährem ýodalar bardyr.
Her ulag geçende intizar bakyp,
Ýoluma garaýan dideler bardyr.

Bir ýerlerde tanyş owaz ýaňlanýar,
Ol saz ýatlamalaň gapysyn açar.
Hyýalymda ylgap gelip körpelem,
“Ejem geldi” diýip boýnymy guçar.

Goý ýaňlansyn,ýatlamalaryň sazy,
Bolmanda ruhumy göterip bilýär.
Küýseg artyp,sabyr-takat gowzasa,
Ezizlemi maňa getirip bilýär.

***************************************

Boş galdy agaç seki,
Çykamok men daşary.
Sensizlikmi ýa güýziň
Çigreginden üşedim.
Ýene serhet çekipdir,
Aramyza aýralyk.
Gussa çekmejek bolup,
Ýürek baý “ýer peşedi”,
Onsoň halys çydaman
Bu barlyga ýüzlendim:
- Bes ediň!
***********************************
Eneňiziň gujagynda myrlapjyk,
Ýatyrdyňyz,oýarmaga dözmedim.
Oýansaňyz belki göýbermezdiňiz,
Heniz päk gözýaşyňyzy dyňzadyp.

Ýene bir hoşlaşyk ezdi kalbymy,
Serimde ýakymsyz ýyldyrym çakdy.
Görüşýänçäk,Alla sizi gorasyn,
Ezizlerim, men ýene ýola çykdym!
22
89
sahet_ashyrov
07.01.2021 09:16
Durmuşdan duýgular

Käte begendirip,käte agladyp,
Durmuş seň gaty geň synaglaryň bar,
Sende galan wagtym bolsa-da gysga,
Tananyma ökünen adamlarym bar.

Hemmeler dünýäde bir däl ekeni,
Her kimiň bar eken hökman bir kemi,
Bu bir nalynmak däl bagyşla welin,
Çyndanam her hilek adamlaryň bar.

Gözüň ýaşlananda gülüp bilýänler,
Çyn duýgyňy oýun diýip bilýänler,
Ýaşyňa seredip "çaga" diýýänler,
Tananyma ökündim sizi adamlar.

Köpüsi ulumsy,köpüsi pespäl,
Gowularça erbet adamam az däl,
Bu hem adaty zat,her pasyl ýaz däl,
Garaz şeýle her hilek adamlaram bar.

Köpüsi gabat gelse,yza gaçyp ýör,
Köpüsi ýere gonman,gökde uçup ýör,
Syr berseň yzyňdan syryň açyp ýör,
Ynananyma ökündim size adamlar.

Ýüzüňe seretse bir dürli adam,
Yzyňdan gürlände başga bir adam,
Indi galmady öýdýän deňejek zadam.
Dürli häsiýetli eken adamlar.

Köplenç siz bolduňyz,ynjytsaňyz hem,
Ýalňyşamda dogryny ýatladanlar,
Minnetdarlygymy näçe aýtsam kem,
Barlygyňyza minnetdar size adamlar!

Köplenç dogry,kä wagt bolsa nädogry,
Pikir bilen dörär eken gaýgylar,
Käte ýalňyş,käte dogry pikirden,
Dörär eken bu durmuşda duýgular.

Aýlara ATAJANOWA
26
178