DOGANLARYÑ ARASYNDAKY KÖNE UÇUT..
● Hezreti Alynyñ dogany nädip Mugawyýanyñ tarapyna geçdi?
Aşyk Weýseliñ bir goşgusynda "Goýun gurt bilen gezerdi, Pikiri başga bolmasa" diýilýär. Setirleriñ manysy belli: pikir aýrylygynyñ döredýän görnüşini suratlandyrýar. Bu aýry-aýrylygy kämahal iñ ýakynlarymyz bilenem başdan geçirýäris, eý görýänlerimizdenem jyda düşüp bilýäris. Soñundanam bular ýaly ýagdaýlar üçin "Bäş barmagymyz deñmi näme" diýýäs-de, oñaýýas.
Pygamberimiziñ (s.a.w) agasy Abdylmennafyñ (Ebu Talybyñ) dört ogly bolupdyr: Talyp, Akyl, Japar, Aly. Bulardan Alyny bilmeýänimiz ýok. Dördünji halyf, ady Şahymerdan diýip ýatlanýar. Hezreti Alh yslam taryhynyñ belli şahslaryndandyr. Şonuñ üçinem onuñ adyny musulman dünýäsi hormat bilen ýatlaýar.
Şeýle-de bolsa, Alynyñ özünden uly dogany Akyl bilen arasy gowy bolmandyr. Hawa, Aly bilen Akylyñ arasyndaky uçut hem ýokarda aýdylan ýagdaýa mysaldyr.
■ UÇUDYÑ BAŞY ŞEÝLERÄK BAŞLAÝAR...
Taryhy çeşmeler dürli-dürli maglumat berse-de, Akylyñ ýaşy pygamberimiz (s.a.w) bilen deñeçerräkdir. 577-nji ýylda ýa-da 580-nji ýylda Mekgede doglan Akyl inisi Alydan 20-25 ýaş uludyr. Künýesi Ebu Ýezit bolan Akyl kakasy Ebu Talyp bilen bile ilki-ilkiler musulmançylygy kabul etmändir. Onuñ musulmançylygy kabul etmesi-de uzak wagta çekipdir. Muña garamazdan onuñ körpe jigisi Aly baryp-ha 10 ýaşly çagajykka musulman bolupdur. Doganlar Akyl bilen Alynyñ arasyndaky uçut, ine, şeýdip döreýär.
Bu uçudyñ arasy ýyl geçdigiçe ulalypdyr. Aly pygamberimiziñ (s.a.w) tarapyna geçen bolsa, Akyl mekgelileriñ tarapyna geçipdir. Üstesine ol bu meselede raýyndan gaýdarly görünmändir. Hasam beteri, iki dogan Bedir söweşinde eli gylyçly biri-biriniñ garşysyna söweşmeli bolupdyr. Uruşda musulmanlar üstün çykýar we Akyl ýesir düşýär. Urşuñ soñunda ýesirler bilen baglanşykly bir düşünişmezlik döräpdir. Hezreti Omar (r.a) ýesirleriñ öldürilmeginiñ tarapdary bolupdyr. Hatda ol "men öz garyndaşymy, pygamber agasy Apbasy, Aly-da Akyly öldürsin" diýipdir. Şeýlelikde, müşrikler garaşylmadyk urgularyny almalydy. Emma Omaryñ bu teklibu kabul edilmändir. Ynha, Akyl şeýlekin jygba-jygly pursatdan geçipdir, doganlaryñ arasy bolsa ömürlik çataklygyna galdy.
■ TÖLEGI NÄDIP TÖLENMELI
Bedir söweşinde Akyl ölmän galanam bolsa, söweşden soñ çylşyrymly ýagdaý ýüze çykýar. Akylyñ fidýesini (ýesiri yzyna gaýdyp almak üçin tölenilýän pul) kim bermeli? Çünki Akyl ömürboýy bergide gezip ýörensoñ, onuñ üçin Bedirde talap edilen puly tölemäge döwtalap adam tapylmandyr. Ine, şol pursayam pygamberimiziñ (s.a.w) agasy Apbasa ýüz tutulypdyr. Ondan hem özüniñ hem inisiniñ tölegini tölemek talap edilipdir. Elbetde, Apbas (r.a) talap edilen puly tölemeli bolupdyr, ol musulmanlara jemi 7 müñ dirhem pul töläpdir.
Hawa, aýdyşymyz ýaly Akyl bergidarlygy bilen ýaka tanadan şahsdyr. Hatda pygamberimiz (s.a.w) Medineden Mekgä dolanan wagtynda haýsy öýde galjagy soralanda: "Alla ynsap bersin. Akyl bize öý-öwzar goýdumy? Biz Medinä hijret edensoñ, bar zady satdy. Ne Alynyñ, ne Japaryñ, ne meniñ öýüm galdy..."
Akylyñ bergidarlykdan halas bolup bilmezligine onuñ köpaýallylygy esasy sebäp hökmünde görkezilýär. Onuñ diñe bize mälim bolan erkek çagalarynyñ sany on altydyr. Pygamberimiz (s.a.w) barada aýdanda bolsa, Akyly ýazgarypdyr, şeýle-de bolsa, Haýbar söweşinden soñ oña ýyllyk kömek puly belläpdir. Muña garamazdan Akylyñ "güzeran" derdi ýeñläp gidibermändir.
Pygamberimiziñ (s.a.w) bakyýete göç etmeginden soñ Akyl Omaryñ (r.a) döwründe Diwanyñ gurulmagyna gatnaşypdyr. Osmanyñ (r.a) ýogalmagyndan soñ, bilnişi ýaly, Aly ibn Ebu Talyp (r.a) halyf bolýar we şeýlelikde iki dogan ýene garşyma-garşy gelýär. Çünki Akyl ýene bergidardy. Şonuñ üçinem ol halyflyga saýlanan inisiniñ gapysyny kakýar. Bir rowaýata görä, onuñ soran puly 40 müñ dirheme barabar bolup, bu pul şol döwür ullakan zat bolupdyr. Şol döwürler güzeranyñy dolamak üçin 50-60 altmyş dirhem bir aýyña ýeterlik bolýan eken. Şeýle-de bolsa, Aly bu dilegi bitirip bilmejekdigini aýdýar.
Bergi batgasyna boýuna batan Akyl inisi Alydan dilegi bitmänsoñ, nätjegini bilmän durka, alys diýarlardan Mugawyýadan habar gelýär. Şamyñ häkimi Mugawyýa Akyla "bergilerini üzjekdigini" wada beripdir.
Galyberse-de, Akylyñ aýallarynyñ biri-de Mugawyýanyñ uýasy Kureýbedir. Ýagny, olar öñem ýakyn garyndaş bolupdyr. Akyl bergisiniñ üzülendigi bilenem çäklenmän, Mugawyýanyñ daýzasy Patma binti Utbäni-dr nikalap almak isläpdir. Netije-de onuñ iki meselesi-de çözülipdir. Akyl Mugawyýanyñ tarapyna geçensoñ, bergilerindenem doly dynypdyr, Patma binti Ukbäni-de nikalap alypdyr.
■ MUGAWYÝANYÑ TARAPYNDA...
Akyl mundan beýläk dolulugyna Mugawyýanyñ tarapyndadyr. Ýagny ol öz jana-jan inisi Ala garşy baş galdyran we hatda oña garşy uruş yglan eden Mugawyýanyñ hatarynda çykyş edipdir. Meseläniñ iñ agyr tarapy bolsa, Akyl Syffyn söweşinde Mugawyýanyñ ýanynda ýer alýar we ýene bir gezek söweş meýdanynda Alynyñ garşysyna çykýar. "Ýene bir gezek" diýip nygtap aýdýaryn, ýadyñyza salyñ, şondan otuz üç ýyl öñem iki dogan Bedir söweşinde garşyma-garşy gelipdiler we ikisi-de ölmän galypdy. Syffyn söweşinde-de bu ýagdaý gaýtalanypdyr. Emma bu söweşiñ netijesi hökmünde halyf Ala duşman bolan haryjylar dört ýyl geçensoñ, Alynyñ janyna kast edýärler. Akylyñ bolsa entek "iýmeli çöregi" kändi...
Ol şondan soñam ýene ýigrimi ýyl ömür sürüpdir. 680-nji ýyla gelinende aýalynyñ doganynyñ ýegeni inisi Hüseýindir doganlaryny we ýakyn garyndaşlaryny şehit etmäge gatnaşypdyr. Özem şol pajygaly wakanyñ öñüsyrasy ilkinji öldürilen kişi-de, ýolagçylar ýola çykmanka Hüseýiniñ wekili hökmünde Kufä giden Müslim ibn Ukbedir. Ýagny, Akylyñ ogly Müslim...
Juda çarkandakly, gowgaly ömründe uzak ýaşan Akyl ibn Ebu Talyp bir görseñ-ä doganoglan agasy bolan pygamberimize (s.a.w) garşy söweşipdir, bir görseñem öz inisi Ala garşy gylyç göteripdir. Köpaýallylygy bilenem owazasy dile düşen Akyl bergidarlykdanam hiç halas bolup gidibermändir. Ondan bary-ýogy pygamberimiz (s.a.w) bilen baglanyşykly alty sany hadys we bu täsin taryhly kyssa miras galypdyr. Onuñ mazary onlarça sahabanyñ ýatan "Baky gonamçylygyndadyr".