Maňa maý berdiňmi näme?
Bir gün Ependi biriniň bagyna girip, üzüm ýolmaga başlapdyr. Bagyň sakçysy ony görüp, daşdan gygyrypdyr:
– Eý, Ependi, ol ýerde näme işleýäň? Bagyň içinden çyk-da, ýok bol!
– Men meýdan edýän? – diýip, Ependi jogap beripdir. Bagyň sakçysy:
– Seniň näme edýändigiňi häzir biläýeris – diýip, onuň ýanyna gelipdir.
Ependi golaýynda ýatan sygryň täzeje maçjasyny oňa görkezipdir.
– Ola sygryňky – diýip, bagyň sakçysy jogap beripdir. Onda Ependi:
– Sen gykylyklap, maňa adamyňky ýaly meýdan etmäge maý berdiňmi näme? –diýipdir.
Iýmedik bolsam, menem ölerdim
Günlerde bir gün Ependi syýahat edip ýörkä, bir oba barypdyr. Halaýyk onuň öňünden çykyp:
– Sen kim? Käriň näme? – diýipdir. Ependi:
– Men ussat diş bejeriji hekim – diýipdir. Olar:
– Gulam aganyň ogly keselläpdir. Seni onuň ýanyna alyp baraly. Oglana bir alaç eýle – diýipdirler.
Ependini hassanyň ýanyna alyp barypdyrlar. Gulam aga oňa tagzym edip:
– Eý, tebip, ussat hekim, meniň şu oglumyň derdine bir çäre tap! – diýip ýalbarypdyr. Ependi:
– Bu ýerde ýag, bal, çörek tapylarmy? – diýipdir. Aksakgal:
– Hawa, tapylar – diýip, ýag, bal we çörek getirip beripdir. Soňra Ependi:
– Men hekimligi jadylyk bilen edýärin. Maňa bir çemçe getiriň – diýen. Ependi başyny örtüp, bal bilen ýagy garyp, iýmäge başlapdyr.
– Bir salymdan soň Ependä:
– Keselli ýogaldy – diýip, habar beripdirler. Onda Ependi:
– Bu iýmiti iýmedik bolsam, menem ölerdim – diýipdir.