sahet_ashyrov
23.12.2021 14:23
GUŞLAR SÜLEÝMANYŇ
HUZURYNA GELÝÄRLER
Döwlere-de, perilere-de hökümini ýöreden Süleýman alaýhyssalamyň zamanynda guşlar onuň köşgünde toplanyp, alagoh bolşup,
bilbiliň üstünden şikaýat edipdirler. Olar gargy tüýdükler ýaly bolşup
iňläpdirler, ganatlary bilen kellelerine we döşlerine pat-pat urupdyrlar. Ählisi çokjalaryny açyşyp, dady-perýat edipdirler hem-de uzak
wagtlap ganatlarydyr perlerini sallaşyp durupdyrlar. Ýüreklerinde
näme bar bolsa, bir-biriniň yzyndan Süleýmana habar beripdirler.
Olaryň ählisi bibilden şikaýatçy bolup, şeýle diýipdirler: «Ol –
baglaryň we çemenzarlyklaryň wagyzçysy bolup, öýüdir düşlegi –
gyrymsy agaçlaryň arasy. Ýigrenji, gamgyn halda gezýär, ýaramaz
işler bilen meşgullanýar, emma diliniň süýjüligine welin, at dakar
ýaly däl. Egninde mydama reňksiz köýnegi bar, emma ikiýüzlülik,
mekirlik we serhoşlyk söwdasyny edýär. Müşk ýaly hoşroý ysly
aýdymynyň arasyny bir pursat hem kesenok, emma sylaýan kişisi-de
ýok. Bahar gelip, bägüller açylanda, ýüz hili owaz, dürli-dürli heň
çykarýar. Ojakdaky gazan ýaly gaýnap, bütin gijesini iňňildäp, ýatman geçirýär. Ol ukynyň gadryny bilenok, çünki sowatly adamlaryň
dymýan wagty, sowatsyzlaryň sesi has batly çykýar. Ejizje-de bolsa,
sesi daş ýarýar. Onuň mekirlikleriniň sanyny Allatagaladan başga bilýän kişi ýok!
Hökümdarymyz, oňa adalatyň nämedigini görkez, baglarda we
tokaýlyklarda sesi çykmaz ýaly et! Muňa razy bolmasaň, başga bir zat
et: bizi şunuň ýaly ýigrenji mahluklaryň elinden halas et»

Dowamy bar...
Garasyanlar 👍 we teswir.
10
233
sahet_ashyrov
15.12.2021 17:09
GÖZLI ATA ROWAÝATY

● A w t o r d a n:

Ýitirilen ýodalar, undulan däpler
Hakynda gür berýär köne kitaplar.

Şol kitaplañ açylmadyk gatlaryn,
Sünnäläp ýazylan zerli hatlaryn,

Sahaplap taryha salýaryn nazar,
Pikirlerim geçmiş sary uzalýar.

Öwrebip halkymyñ geçen ýoluny,
Dinini, däbini hem ykbalyny,

Açmaly biz indi olañ syrlaryn,
Bize miras goýan her setirlerin,

Dana sözlerine etmeli togap,
Geljekki nesiller sorasa jogap.

Bermeli olara ähli mirasy,
Geçen atalaryñ siñen yhlasy,

Jemlenipdir milli hazynamyzda,
Biz ony öwrenip öz aramyzda,

Geljekden geljege alyp gitmeli,
Soñky nesil hakda pikir etmeli.

"Aslyñy unutsañ geljegiñ dargar"
Diýip atalarmyz nesilne sargan.

Täzesi pes bolar könesi ýoguñ,
Çagaragyñ dargar, döwülse uguñ.

Onuñ üçin ýatlap ötenlermizi,
Panydan bakyýa gidenlermizi.

Unutmaly däldir biziñ neslimiz,
Eger ýatdan çykarylsa aslymyz,

Onda biziñ geljegimiz puç bolar,
Şu gün öwrenmesek erte giç bolar.

Il-halkyñ gamyny edenler hakda,
Danalañ danasy pederler hakda,

Taryhda yz goýan ägirtler hakda,
Ussada baş egen şägirtler hakda,

Gözli ata hakda, atalar hakda,
Duýgulary jemläp bu gün gursakda,

Beýan etjek ähli bilýän zadymy,
Olar arşa galdyrypdyr adyny.

Şolaryñ tarapyn almakçy dile,
Okyjym, gulak goý, diñläli bile.

Ötenlermiz hakda kiçijik dessan,
Ine, şeýleräjik başlanýar kyssam.

■ ÜÇ SANY DERWÜŞ HAKYNDA

"Medinede Muhammet,
Türküstanda Hoja Ahmet.
Ýa Ýaradan, Biribar,
Bize özüñden medet"

Diýip, ýola çykan üç sany derwüş, Rumustandan Türküstana şaýlandy.

Olar neslindendi Osman halyfyñ,
Atalarmyz edipdirler tarypyn.

Olar agtyklary Süleýman atañ,
Biri Goçgar, biri Hasan atlydy,

Üçünjisi onuñ ady dakylan,
Süleýman atlydy, dili datlydy.

Kän ýollardan, kötellerden aşdylar, Köneürgençde Şir Kebire* duşdular.

Oña sopy bolup biraz gezdiler,
Beren ylmyn, sapaklaryn aldylar.

Soñra niýet edip Türküstan sary,
"Hoja Ahmet" diýip, ýola düşdüler bary.

Amyderýañ suwuna hem düşdüler,
Gyzylgumuñ epgeginden geçdiler.

Hoja Ahmet Ýasawyñ gaşyna baryp,
Baş egip durdular, golun gowşuryp,

"Biz seniñ öñüñde baş egýäs, ussat,
Rumdan bärik geldik ylmyña suwsap.

Niýetimiz sizden sapak almakçy,
Sopuçylyk tärin gowy bilmekçi.

Bir Hudaýa hyzmat etmek pälimiz,
Din ýolun ýöretmek biziñ kärimiz.

Bilmeýän zadymyz kän heniz biziñ,
Şoñ üstün ýetirer ylmyñyz siziñ.

Diýen niýet bilen kän ýollar söküp,
Huzuryñyza geldik kynçylyk çekip".

Diýip ýüzlendiler Hoja Ahmede,
Şeýdip başladylar uly söhbete.

Hoja Ahmet Ýasawy diñläp bulary,
Diýdi: "Indi süýşüñ biraz ileri.

Aýdyñ aslyñyzy, kimiñ nesli siz?
Men bilmeli nämä has höwesli siz".

Derwüşleñ ulusy Hasan söz alyp,
Özi hakda gürrüñ berdi uýalyp.

Inileri Goçgar, Süleýman hakda,
Birme-bir gür berdi, durmady çakda.

Şeýdip sopy bolup geziberdiler,
Ylmyñ gazanyndan süzüberdiler.

Bulañ yhlasyna hem zehinine,
Haýran galdy köpi gören Hoja Ahmet.

Öz ýanyndan Biribara ýalbardy:
"Ýa Hudaýym, sen bulara kömek et.

Bularyñ zehini yhlasy bilen,
Geljekde yslamyñ ýoly ýagtylýar.

Şeýle zehinliler köpeliberse,
Meniñ zähmetim hem ýerine düşer.

Men ynanýan bu sopulañ her biri,
Geljekde yslama kän goşant goşar".

Diýen ynam bilen Ahmet Ýasawy,
Irmezden öwretdi yslam ýoluny.

Käte-käte sopularyny ýygnap,
Öwdi olañ ýanynda Rum sopularyny.

Emma göwni ýetmän käbirleriniñ,
Rumly sopulara dodak çöwürdi.

Bu ýagdaýa göz ýetiren Hoja Ahmet,
Öz ýanyndan edip ýördi kanagat.

Emma bir gün dolup sabyr käsesi,
Synaga çagyrdy bar sopusyny.

Olar ýygnanyşyp gelen mahaly,
Tüýnükden zyñdy-da öz hasasyny,

Şony tapyp geliñ" diýip buýurdy.
Sopulañ barysy hasa gözlese,

Hasan sopy welin pikir hem etmän,
Piriniñ ýanyndan hiç ýere gitmän,

"Hasa bu ýerlere düşmedi pirim,
Ony gözläp tapyp bilmez hiç birem".

Diýip jogap berdi pirine garap,
Şol mahal sopular gapydan garap,

Diýdiler: "Pirimiz, tapmadyk hasañ,
Iñ gowusy başga birini ýasañ".

Ýuwaşja ýylgyryp diýdi Hoja Ahmet,
"Hasany tapandyr meniñ Hasanym".

Hasan diýdi: "Hasa Balkana düşdi".
Sopularyñ huşy başyndan uçdy.

Şondan soñra Hasan sopyñ adyny,
"Gözli" diýip tutdy goja Hoja Ahmet.

Bu sopulañ dabarasy dag aşyp,
Hywa iline-de gelip ýetipdir.

Şeýlelikde, muny bilen Şir Kebir,
Hoja Ahmede batyl okun atypdyr.

Hoja Ahmede aýan bolýar bu habar,
Howañ ýüzi gamaşypdyr ýagyp gar.

Diýipdir ol: "Goçgar sopy, süz hany,
Bu jahanda saña näler görünýär".

Goçgar sopy arassalan howany,
Hasan seredende Günbatar taýa,

Diýen: "Bir gyzyl ot ýalbyrap gelýär,
Pirimiz, ümzügi hut siziñ taýa".

Onýança Süleýman göteren pirin,
Gyzyl ot lowurdap oñ ýerine düşen.

Garbap alyp lowlap gelen ol ody,
Süleýman yzyna zyñyp ýetişen.

Batyl okuñ yza gaýdyp gelýänin,
Görüp Şir Kebir hem köp başga düşen.

"Goçgarym ýok süzmäge,
Hasanym ýok görmäge,
Süleýman ýok götermäge,
Batyl okdan gutarmaga?"

Diýip, ýatlap öñki sopularyny,
Ahmyr edýär batyl okun atanna.

Kämillige ýeten sopularyny,
Atarypdyr çar tarapa Hoja Ahmet.

Diýipdir ol: "Goçgar sopy mekanyñ, Nirededigini bilmekçi bolsañ,

Haýal etmän ýet şu goçuñ yzyndan".
Diýip gara goçy öñüne salan.

Goç Goçgardan uzak arany açman,
"Niredesiñ Arkaç" diýip ýol alan.

Arçman obasyna gelende welin,
Goç butnaman duran ýerinde duran.

Şeýlelikde Goçgar atañ mekany,
Arçman çeşmesiniñ boýlary bolan.

Emma gynansak-da, muña çäre ýok,
Goçgar ata baky nesilsiz galan.

Kazasy dolanda il-ulus ony,
Çeşmäñ başyndaky baýyrda jaýlan.

Şondan bäri şol baýyry ýassanyp,
Bak rahat ýatyr Goçgar atamyz.

Zyýarata baran her bir adama,
Hemaýat ýetirýär - ýokdur hatamyz.

Çeşmäniñ şypaly suwundan dadan,
Hem-de oñ guburyna zyýarat eden,

Saplanýandyr ähli derdi-beladan,
Süññi ýeñläp, sagalýandyr bar adam.

Süleýman sopyny bugra mündürip,
Diýipdir: "Ugruna goýber haýwany,

Şol gider oturar, gider oturar,
Çöken ýeri bolsun öýüñ eýwany".

Pirin oña beren pendine uýup,
Bugra päsgel bermän, ugruna goýup,

Süleýman saklaman onuñ badyny,
Dilde sena edip piriñ adyny,

Öz ýanyndan oña alkyşlar aýdyp,
Hiñlenip barýardy yzyna gaýdyp.

Bugrany säpjedip Süleýman ata,
Golaýlapdyr Üstýurtdaky Goñrata.

Emma birden bugra çöküp dyzyna,
Ne öñe ýöräpdir, ne-de yzyna.

Şol bagyryp oturanmyş janawer,
Diýipdir Süleýman: "Geläýdik, meger".

Düýäniñ bagyrýan sesin eşidip,
Çar tarapdan oña adamlar gelen.

Süleýman atanyñ mekany bolan,
Şol ýere-de "Bakyrgan" diýip at galan.

"Gözli" lakamyny alan Hasana,
Hoja Ahmet diýipdir: "Bar-da Balkana,

Diniñ ýolun ýöret, yslamy golda,
Ýurt tutunyp, bol sen ile görelde".

■ GÖZLI ATANYÑ ÖÝLENMEGI

Hoja Ahmet Ýasawyñ patasyn alan,
Hem-de öwütlerden gulagy ganan.

"Balkan" diýip, ýola düşen Gözli ata,
Ine birden, golaýlaşýar ilata.

Ýazlaga çykypdyr çarwa ilaty,
Dyzyña ýetip dur ýazyñ ter oty.

Owlak, guzy bökjekleşýär çar ýanda, Göwnüñi göterýän ýaşyl meýdanda.

Ýanlyk ýaýyp duran çarwa gyzyndan,
Suw diläpdir derwüş sypat ýolagçy.

Suw deregne çal beripdir çarwa gyz, Suwsuzlykdan ganypdyr-da epip dyz:

"Çeşmesine bereket! Sag boluñ, uýam! Ömrüñde ak zady dökmegin, uýam!"

Diýip, sagbollaşyp gidipdir myhman,
Çarwa gyz bir ýerde kanagat tapman,

Ýanlyga seretse ýagmyşyn sary,
Muña haýran galan görenleñ bary.

Ýanlyk ýaýyp duran çarwa gözeli,
Gazak begi Janybegiñ gyzy eken.

Özem atasynyñ ýeke balasy,
Hüýr sypatly, gözelleriñ uzy eken.

Han eşdip haýran galypdyr muña,
Diýipdir: "Näm boldy, aýdyñ siz maña!"

Gyz bolan wakany beýan edipdir,
Han oýlanyp, çuñ pikire gidipdir.

Şondan soñra ol derwüşiñ yzyndan,
Çagyrmaga tizden atly gidipdir.

Atly ýetip ol derwüşiñ yzyndan,
Hanyñ çakylygyn oña aýdypdyr.

Derwüş añyp hanyñ etsem-petsemin,
Çakylykçy bilen yza gaýdypdyr.

Han gülüp garşylan ýañky derwüşi,
Diýipdir: "Özüñ-ä täsin bir kişi.

Kaýyl seniñ basan aýak yzyña,
Haýyş edýän eýe bol sen gyzyma".

"Men bir sada derwüş, ol hem han gyzy,
Beýle zada razy bolarmy özi?

Men närazy edip bilmen naçary,
Bu zatlar olaryñ özüne bagly.

Şonuñ üçin onuñ özünden sorañ"
Diýen wagty han gyzyny çagyran.

Han diýipdir: "Ýalñyz balam, perzendim,
Men seni şu kişä mynasyp gördüm".

Gyz geplemän añyrsyna bakypdyr,
Gözünden bir katra ýaş hem akypdyr.

"Atam meni laýyk gördi bir gendä"
Diýip, ýañky gözel gidipdir ünjä.

Gyzyñ pikri aýan bolanda Gözlä,
Diýipdir: "Eý, gözel, dilen-dä, sözl-ä!"

Emma gyzyñ ýüzi bäri bakmandyr,
Ýagşydan, ýamandan bir söz çykmandyr.

Sebäp gyzyñ yza öwrülen boýny,
Öñki ýerne garşy etmändir hyýal.

Gözli ata turupdyr-da ýerinden,
Ýuwaşjadan tutup gyzyñ ýeñinden,

Bärisine bakmagyny sorapdyr,
Gyzyñ doñan boýny birden eräpdir.

Atasyna bakyp diýipdir gyzy:
"Näme diýseñ, atam, men şoña razy".

Emma Gözli ata diýipdir hana:
"Deñ bolman duş bolmak bolmaz ynsana".

Gyzyñ meni bir gedaýa deñ gördi,
Özün belent saýyp, ýüzün öwürdi.

Şonuñ üçin gedaý bolup gyzyñyz,
Ýedi gapa dilegçilige barsyn.

Şu şertimi berjaý etse, eger-de,
Ondan soñra razylygyny bersin".

Şeýdip, Aksuluw gyz ýedi gapydan,
Dilegçilik edip, günäsin ýuwan.

Şondan soñra Gözli ata goşulyp,
Bagtly gelinleñ birisi bolan.

Bu gazak gyzynyñ dilegçiligi,
Atalara "gedaý" lakamyn beren.

Janybeg han şagalañly toý tutan,
Toýuñ dabarasy çar ýana ýeten.

Bagşy-sazandalar üýşüp gelipdir,
Toýa gelenleriñ göwnün alypdyr.

Pälwanlar ýygnanyp göreş tutupdyr,
Mergenlerem altyn gabak atypdyr.

Öñbaýraga goýberlipdir atlylar,
Ýeñiji bolupdyr has gaýratlylar.

"Gökböri" ýaryşy has hem gyzypdyr,
Ýaryşanda çyn bedewler ozupdyr.

Halat-serpaý paýlapdyrlar gelene,
"Gutly bolsun" diýilipdir alana.

Dürli tagam gazanlarda gaýnapdyr,
Gyz-gelinler şadyýana oýnapdyr.

Ýedi günläp dowam eden dabara,
Çar tarapdan myhman bary gelipdir.

Şeýlelikde, Janybeg han öz gyzy,
Aksuluwy Gözli ata beripdir.

Nika gyýypdyrlar kazy-kelanlar,
"Bagtly boluñ!" diýipdirler gelenler.

Toý sowlupdyr, märeke-de dargapdyr,
Janybeg han giýewsine sargapdyr:

"Aksuluw gyz bolsa meniñ süýegim,
Senem indi bolduñ meniñ giýewim.

Ähli malym, hazynama eýe bol"
Diýip, tabşyrypdyr giýeswine ol.

Gözli ata gaýynyna ýüzlenip:
"Aladañyz üçin Tañry ýalkasyn,

Biribaryñ berenine kaýyl men,
Kän ülkäni söküp gezen saýyl men.

Öz zähmetim bilen özümi ekläp,
Güzerany dolap, maşgala saklap,

Balkanda ýurt tutup, ile goşuljak,
Özüm zähmet çekip hözirin görjek.

Ine, meniñ öñde goýan maksadym,
Bu işlere pata berdi ussadym.

Şonuñ üçin bize rugsat beriñ,
Indi Balkan taýa menem ýol alsam".

Janybeg han diñläp onuñ sözüni,
Diýdi: "Aýry ýaşap tutsañ özüñi,

Muña ähli uly ilem guwanar,
Her kim azabynyñ rehnetin görer.

Äkit ýanyñ bilen Aksuluw gyzy,
Käte-käte ýatlap dursañyz bizi,

Gelip käte saglygñyzy bildiriñ,
Men siz bilen elmydama birdirin.

Baryñ işiñizi Alla oñarsyn,
Täze ýurt düşümli hem gutly bolsun!"

Diýip, ýola saldy Gözli atany,
Gözün ýaşlasa-da onuñ hatyny.

"Mert bol, kempir, gözüñe ýaş getirme,
Gaýtam begen bu günlere ýetenñe.

Özbaşdak öý tutsa ýeke-ýalñyzyñ,
Diýmek dowam eder seniñ hem yzyñ.

Agtyk getir ynha hä diýmän gyzyñ,
Guwan, kempir, asla ýaşlama gözüñ.

Gonak bolup barsak erte bulara,
Gyzyñ örñäp gidip tutsa dabara.

Şatlanarsyñ şonda gelip heýjana,
Töweregiñ dolar gider toýhana".

Diýende kempiri gözün güldürip,
Alladan bagt diläp, golun galdyryp,

Diýdi: "Ýoluñyz ak, ýoldaşyñyz Hak,
Baryñ balalarym, hoş görüşýänçäk".

Şeýdip, ýola düşdi, täze maşgala,
Öz keşigñi özüñ çekmek başga-la.

■ GÖZLI ATANYÑ BALKANA GELMEGI

Şeýdip, Gözli Ata Aksuluw bilen,
Balkan sary boldy ýola rowana.

Ýalñyz perzendine ak bagt diläp,
Ak ýola atardy atadyr, ene.

Birnäçe gün ýol ýöränsoñ Gözli ata,
Geliban ýetdiler dag etegine.

Hoja Ahmet Ýasawyń atan hasasy,
Dagyñ gaýrasynda ýatyrdy, ine.

Gözli ata togap edip hasany,
Ýük ýazdyrdy, onuñ düşen ýerinde.

Oraça dikdiler, öýli bolundy,
Sähelçe wagtdanam toýly bolundy.

Golaýyna il-günüñ üýşmegi bilen,
Gözli atañ şöhraty belende galdy.

Gözli atañ dabarasy dag aşyp,
Belli boldy tutuş Balkan iline.

Bir ýyl geçip-geçmän täze çatynja,
Ak bäbegi göterdiler eline.

Deñäp ak bäbegi yslam nuruna,
Nury diýip at goýdular oglana.

Janybege alyp gitdi söýünjä,
Ol bir süri mal berdi agtygna injä.

Uludan toý tutdy, märeke üýşdi.
Her kim toýa islän gatanjyn goşdy.

Şeýdip Gözli ata Balkan ilinde,
Bagtyn tapdy, yslam dinin ýöretdi.

Yslam taglymatyn sada dil bilen,
Jemagata düşündirdi, wagz etdi.

Aýagy tesbili, eli tesbili,
Ýadamany, ýaltanmany bilmedi.

Yslamyñ ugrunda halallyk üçin,
Gijesini gündiz edip ylgady.

Nura aýak bitip, dil açan wagty,
Gözli atañ ýene bir ogly boldy.

Hezreti Omaryñ sarpasyn saklap,
Omar diýip at goýdular duşuryp.

Omaryñ yzyndan ýene bir ogul,
Dünýä indi üç ýyl geçip aradan.

"Nähili at goýsak?" diýip ýüzlendi
Gözli ata gutlap gelen märekä.

"Pygamberleñ yzyn götersin" diýip,
Ybraýym dakdylar onuñ adyna.

Üç ogully bolan Gözli atamyz,
Eýe boldy indi "öwlat" adyna.

Aksuluw gelniñem adyny indi,
Ýerli ilat Aksil diýip tutýardy.

Olam ýadap-ýaltanmany bilmezden,
Dertli hassalara kömek edýärdi.

Üç oguldan soñra dünýä indiler,
Ýene-de iki gyz, ikisem eziz.

Olañ ulusynyñ ady Akbibi,
Beýlekisi gözel görkli Aýsuluw.

Şeýdip dowam etdi bulañ durmuşy,
Agzybir ýaşady, bitindi başy.

Gözli ata din ýoluny ýöredýär,
Aksil ene il derdine em edýär.

Ogullar ulaldy, gyzlar ýetişdi.
Ogullarny öýli-işikli etdi.

Gyzlarny çykardy, abraý gazandy,
Her haýsy bir öýüñ eýesi boldy.

Agtyk gördi nesiline guwandy,
Il-günüñ sylaýan adamsy boldy.

Şeýdip Gözli ata 110-a bardy,
Aksil ene 80 ýaşa ser urdy.

60 ýyllap bile ýaşan döwründe,
Kän wakalar geçdi bulañ başyndan.

Bulañ rowaýata öwrülen ömri,
Hem agzybir ýaşan 60 ýyl döwri.

Hakyndaky rowaýatlañ käbirin,
Okyjym, geljekfe men gürrüñ birin.

■ PEDER PENDI

Gözli ata ogullarny ugradýar,
Bir iş bilen üçüsibem birbada.

Olaryñ aklyny hem paýhasyny,
Barlap görmek üçin geler arada,

Olaryñ geläýjek ýoluny peýläp,
Çuw ýalañaç ýatyberýär güneýläp.

Görüp kakasynyñ bolup ýatyşyn,
Beýlesine bakyp gülen Ybraýym.

Omar gelip, onuñ bolşuny görüp,
Ýapyşdyran onuñ üstüni gaýym.

Nury gelip bolan ýagdaýy görüp,
Hem kakasyn alyp içerik salyp,

Bu wakanyñ sebäbini sorapdyr,
Gözli ata ogullarna ýüzlenip,

Hersiniñ bu günki eden işine,
Özüçeräk şeýle baha beripdir.

"Nurym, seniñ akyl-huşuñ goýalyp,
Ylymdanam kemsiz paýyñy aldyñ.

Geljekde eý oglum, señ neberäñden,
Ýetişer her ýerde dürli pähimdar.

Biziñ yzymyzy dowam etdirjek,
"Gaýtarmyş" at aljak är sizden dörär.

Seniñ nesliñ görelde bor köplere,
Neberäñiz ýaýrar gider köp ýere.

Omarym, seniñ-ä sowadyñ kemräk,
Onuñam üstüni ýetirmek gerek.

Agañdan nusga al, maslahat sora,
Seniñem neberäñ ýaýrar köp ýere.

Batyr, pälwan, molla-işan kişiler,
Köp bor oglum seniñ nesilleriñde.

Aýdymçy, sazanda, şahyr-da dörär,
Daýhanyñ bir çigdi müñ bolup gögär.

Diliñizi erbet gybatdan saklañ,
Yslamyñ ýoluny üýtgetmän haklañ.

Ybraýymym, heniz başyñ ýaş seniñ,
Gedemlikden saklan, wesýetim meniñ.

Seniñ nesilleriñ geljegi aýry,
Ýaşar oglum, agalaryñ neslinden.

Agalaryñ nesli örñäp, köpelip,
Olaryñ bir ujy has gaýra gider.

Señ nesilleñ örñese-de, eý oglum,
Olardan bölünip has aýra gider".

Şeýdip ogullarnyñ geljegini hem,
Öñünden kesgitläp bilipdir ata.

Onsoñ neneñ oña "öwlat" diýmejek,
Aýdany bolup dur ýazlan dek hata.

Nur atadyr, Omar atanyñ nesli,
Eziz diýarymda bar hemme ýerde.

Emma Ybak atañ nebereleri,
Aýry ýaşaýarlar dagdan ilerde.

Gözli atañ wesýetleri haklanyp,
Onuñ aýdan sargydyny edýärler.

Nur atalar märekede ýolbaşçy,
Omar atalar-da hyzmat edýärler.

Ulusy uly dek, kiçi kiçi dek
Bir-biregiñ sarpasyny tutýarlar.

Her ýyl hatyralap hatyra güni,
Ony ýatlap aýat-töwir edýärler.

■ JEMLEME

Gözli ata ýaşan uzak ömründe,
Döredipdir ençe-ençe gazaly.

Halypasy Hoja Ahmet Ýasawyñ,
Gazallary ýaly olañ özeni.

Şygyr ummanynda Gözli atamyz,
Iki tahallusda gazal ýazypdyr.

Olañ biri Hasan Aşyky bolsa,
Ikinjisi Gul Gedaýy bolupdyr.

Onuñ gazallary asyrdan-asra,
Dilden-dile geçip bize gelipdir.

Jähr çekilende üýşende millet,
Ýasawynyñ gazallary ýañlanan.

Ýasawydan soñra onuñ şägirdi,
Gul Gedaýyñ gazallary diñlenen.

Yşk hakynda, söýgi hakda ýazanda,
Hasan Aşyky diýip tanadan özün.

Waspyny ýetirip mukaddes söýgiñ,
Şeýle tahallusda jemläpdir sözün:

Adym Hasan Pygamberleñ nesli men,
Yşkdan başga mukaddes zat islemen.

Hasan Aşyky men, Haka aşyk men,
Şygyr ummanynda gaýnap joşup men.

Söze-de, saza-da goýýaryn sarpa,
Adym ýatdan çykmaz arkama-arka.

Nesillerim dowam eder yzymy,
Ýetirerler pikirlermiñ yzyny".

Diýip geljegine umytly garan,
Gözli atañ neberesi giñ ýaýran.

Olardan döräpdir söz ussatlary,
Geçmişden-geljege dolan atlary.

Belli bolup şu günlere ýetipdir,
Onuñ aýdanlary dowam edipdir.

Öwmäge mynasyp eden işleri,
Goý, olaryñ aman bolsun başlary.

Rowaç bolsun olañ tutan ýollary,
Wasp edýärin menem bu gün olary.

Özümem atalañ şu günki nesli,
Gezen ýerlerimde ýylyñ dört pasly,

Atalañ taryhyn öwrenip gelýän,
Atalar hakynda kän zady bilýän,

Gojalaryñ beren gürrüñin diñläp,
Olaryñ baryny bir ýere jemläp,

Ile ýetirmegi edinip maksat,
Hyjuwdan dolanda bu gün bu gursak,

Okyjym, men saña ýetirýän şuny,
Senem okap çykararsyñ bir many.

Meniñ zähmetime baha berersiñ,
Hem-de öz aslyñ göz ýetirersiñ.

Eger-de özüñde atalar hakda,
Maglumatyñ bolsa habar berersiñ.

Belki-de geljekde üstün ýetirip,
Täzeden işlämde men bu eseri,

Seniñ maglumatyñ goldaw bir maña,
Minnetdarlyk aýdýan öñünden saña.

Jemlemekçi şu nokatda kyssany,
"Abat bolsun ýurdumyzyñ asmany".

Diýen arzuw bilen hoşlaşýan indi,
Häzirlikçe sözüm tamama geldi.

___________________________________
*Şir Kebir - Gözli atanyñ döwürdeşi.

© Myrat GOŞAÝEW.
10
253
sahet_ashyrov
14.12.2021 13:16
ALYŞIR NOWAÝY HAKYNDA HEKAÝATLAR
(«Ýagşy gylyklar» atly kitapdan)

Bagt ýyldyzynyň astynda doglan Soltan Söýün Merw şäherinde häkimlik edýärkä, äleme belli Alyşir Nowaýy hem onuň ýanynda eken. Bir guş emiriň çadyryna girýär. Hiç kimden azar görmänsoň, ol ýerde höwürtge ýasanyp, ýumurtga basýar. Günlerde bir gün Soltan Hyradyň paýtagtyna ýola düşmekçi bolýar. Guş bolsa heniz jüýjelemändir eken. Rehim-şepagatly emir jüýjeler ýumurtgadan çykyp etigýänçäler, çadyry gozgamazlyk pikirine gelýär. Hoja Hasan Bagtyýara bolsa çadyra gözegçilik etmegi, guş çagalary ulalyp uçup gidenden soňra, hyzmat haky üçin çadyry özüne almagy buýurýar. Hoja Hasan hem bu teklibi kabul edip, jüýjeler ulalýança olara göz-gulak bolýar.

* * *

Bir gün Alyşir Nowaýy ikindi namazyny okandan soň, hemişekisi ýaly namaza gelmedikler bilen gyzyklanman, howlukmaçlyk bilen bir ýana ugraýar we hiç ýerde eglenmän, bakjasyna barýar. Emiriň ýanyndakylar bu ýagdaýa haýran galýarlar. Muny aňan emir ýagdaýy şeýle düşündirýär: «Men metjide gelýärkäm, pylan ýerde täret kylypdym. Namaza duranymda bolsa, egnimde bir garynjanyň bardygyny gördüm. Garynja täret kylan ýerimde eşigime ýapyşan bolmaly. Birdenkä ol arkamdan düşüp hinini tapmasa, onuň öňünde ýazykly bolaryn öýdüp gorkdum. Şonuň üçin namazdan soň howlukmaçlyk bilen täret kylan ýerime baryp, ony hininiň agzynda goýdum, şeýdibem oňa zyýan bermek ünjüsinden gutuldym».
Onuň bu sözlerinden soň, emiriň hyzmatyndakylar hojaýynlarynyň mährem ýürekliligine haýran galdylar we oňa alkyş aýtdylar.

* * *

Günlerde bir gün beýik mertebeli Alyşir Nowaýy ýurduň ýokary derejeli adamlarynyň öňünde halkyň arz-şikaýatyny diňleýärdi. Şol wagt içerik aldyrany bar ýaly bolup Möwlana Kutbeddin Hawafý gelýär we arz edýänleriň hataryna geçip oturýar. Ol emirden ilki bolup öz arzyny diňlemegi soraýar.
Döwletli emir Möwlana hezzet-hormat edýär, ony köşeşdirip, öz gapdalynda oturdansoň, onuň arzyny diňleýär. Ol:
— Hoja Hüseýin Kirangiý maňa sesini gataldyp: «Sen öň Möwlana Muhammet Muammawiniň hyzmatkärlerinden biridiň» diýdi — diýýär.
Emir bu sözleri eşidip, haýran galýar:
— Munuň üçin gaharlanmagyň, tolgun- magyň hajaty ýok. Çünki Hoja Hüseýini bu ýere çagyryp meseläni orta atsak, onuňkyň dogry çykjakdygy köre hasa. Dogry söz üçin gaty görmek bolsa, gowy däl. Soltan Seýit — Mürze Soltan Abu Seýidiň hökümdarlyk eden döwründe her gün diýen ýaly Emir Soltan Hasan Arhanginiň huzuryna telim gezek barmaly bolanym sebäpli, menem öň Emir Soltan Hasanyň hyzmatkäridim. Emirlik derejesine, wezirlik wezipesine ýetenligime garamazdan, häzir hem oňa hyzmat etmegi özüme peslik bilemok. Miýesser etse, oňa köp hyzmatlar edip, özümi uly höwes bilen onuň hyzmatkäri saýardym.
Bu waka şaýat bolanlar emiriň päk ahlaklylygyna, sypaýylygyna haýran galýarlar. Mejlisde oturan Emir Soltan Hasan özüni ýitirýär. Möwlana bu oýlanyşyksyz hereketinden utanýar we bimany dawadan ýüz dönderýär.

* * *

Birwagtlar ýeňiş baýdakly bagt ýyldyzynyň astynda doglan Soltan Söýün Astrabat welaýatyny dolandyrmaklygy Soltan Bediuzzaman Mürzä ynanýar. Günleriň bir güni gezelenje çykan bagtyýar şazadanyň ýoly parasatly emiriň eýeçiligindäki Haýrabat atly obanyň üstünden düşýär. Bu ýeriň ilatynyň hüý-häsiýetine syny oturan şazada: «Hezreti Soltanyň ýakyn dostundan haýyş edip, bu obany bize alyp berip biljek bir ýagşy adam bolsa nähili gowy bolardy» diýip, ýüregindäkini dile getirýär.
Onuň ýanynda emiriň gullugynda bolan Hoja Kyýaseddin Muhammet hem bar eken. Ol şazadanyň sözlerini eşidip, şeýle diýýär: «Men Nowaýynyň naýyby, mal-mülküne eýelik edip biljek derejede oňa ýakyn adam. Men bu obany emiriň adyndan size bagyş edýän».
Soltan Bediuzzaman Mürze muňa diýseň şat bolýar.
Bu habar beýik ahlakly emiriň gulagyna degýär. Ol Hoja Kyýaseddinden hoşal bolup, bu eden ýagşy işi üçin oňa alkyş baryny aýdyp, müň dinary Astrabada iberýär.

* * *

Bir gün Hoja Nasreddin Ubaýdullanyň öwlatlaryndan biri haja gidýär. Ol mukaddes Mekgede Mawerannahra sapara gitmegi niýet edinen bir söwdagärden on bäş müň dinar karz alýar. Ýöne ýaňky söwdagär Halap şäherine gelip ýetende, Mawerannahra gitmek pikirinden dänýär. Ol: «Pulumy yzyna berersiň, ondan soňra öz welaýatyňa gidersiň» diýip, ýoldaşynyň hem gitmegine päsgel berýär. Ol mejbury ýagdaýda bu ýurtda galmaly bolýar. Adamlarynyň birini gerekli puly toplap, Halaba getirmegi üçin Samarkanda iberýär. Ol adam Hyrat şäherine baryp ýetýär. Tötänden dünýä beýikleriniň daýanjy bolan Alyşir Nowaýynyň mejlisine barýar. Ol emire hojaýynynyň düşen ýagdaýy hakynda habar berýär. Şonda emir: «Ujypsyz pul üçin ony garaşdyryp, Mawerannahra gitmegiň geregi ýok» diýýär we gerekli puly ynamly bir adamdan Halaba iberýär. Şeýlelikde, hajy bergiden dynyp, watanyna tarap ýola düşýär.

* * *

Samarkant şäheriniň gülläp ösen çaglary Emir Nyzameddin Şeýh Ahmet Suhaýly Mürze Soltan Ahmedi taryplap, kasyda ýazýar. Ony timarlatmak üçin bolsa pähimdar emiriň ýanyna gelýär. Ol kasydanyň beýtlerini üns bilen okap, şeýle diýýär:
— Taryplanýanyň ady getirilen beýtden soň baglanyşyk bolar ýaly, ýene bir beýt gerek.
Emir Nyzameddin:
— Men hem şeýle pikir edýän. Merhemet edip, bu beýdi siz aýdarsyňyz diýip umyt edýän — diýýär.
Onuň hezretleri şeýle jogap berýär:
— Men bu barada pikirlenerin, siz hem oýlanyň. To huddi falak az parda çi orad berun?[1]
Şeýlelikde, ikisi döwet galamdyr bir bölek kagyzy öňlerine alyp, pikir ummanyna çümýärler. Birhaýukdan soň olaryň her haýsy bir beýt ýazyp, bir wagtda başlaryny galdyrýarlar, şygyr ýazylan kagyzy bir-biriniň eline tutdurýarlar. Görseler, ikisi hem birmeňzeş beýt düzüpdirler. Beýtleriň bir harpy hem tapawutlanmaýar eken. Ol, ynha, şu beýt bolmaly:

Bahori bogi jawoniý, niholi gulşani adl,
Guli riýozi karam, sarwi juýbori wikor. —[2]

* * *

Bir gün päk ýürekli Alyşir Nowaýy dilewarlykda döwürdeş şahyrlaryndan öňüne adam geçirmeýän Hoja Osafä şeýle sözler bilen ýüzlenýär:
— Men saňa haýran galýan, ötgür zehiniň, ýokary başarnygyň bolsa-da, şygyr düzmek bilen az meşgullanýaň, ähli wagtyňy peýdasyz işlere sarp edýäň. Hoja Osaf:
— Häzirki wagt şygyr düzmek bilen ýygy-ýygydan meşgullanýan. Meselem, geçen agşam iki pulluk şem ýanyp bolýança, iki ýüz beýt şygyr düzdüm.
— Onda ol şygyrlaryň ýüz beýdi bir pul eken-dä.

* * *

Birwagtlar Astrabat şäheri Alyşir Nowaýynyň adalatynyň saýasynda pajarlap ösüpdir. Bir gün howa özgerip, her tüýsli öwüsýär. Emir öz huzurynda oturan welaýatyň käbir uly wezipeli adamlaryna garap:
— Bu gün howa gaty täsin boldy — diýýär.
Oturanlardan biri şeýle jogap berýär:
— Bir günde ýylyň dört paslynyň howasynyň bolmagy hem şäherimiziň aýratyn taraplarynyň biri.
— Dogry. Bu şäherde bir gün bir ýyl ýaly çalt geçýän eken.

Kyýaseddin HANDEMIR,
özbek taryhçysy.
8
137
sahet_ashyrov
13.12.2021 14:50
DOGLAN GÜNÜNDE ARADAN ÇYKAN TANYMALLAR

Başlangyç we pellehana. Ýagny, doglan we ölen günüñ. Doglan günüñ bilen ýogalan günüñ bir güne gabat gelmegi - ykbalyñ bir täsinligi bolsa gerek. Aşakda doglan gününde aradan çykan meşhurlaryñ sanawyny siziñ dykgatyñyza ýetirýäris:

• Ingrid Bergman

1915-nji ýylyñ 26-njy awgustynda doglan şwesiýaly kino we teatr artisti Bergman 1982-nji ýylda 67 ýaşynda doglan gününde aradan çykdy.

• Uilýam Şekspir

1564-nji ýylyñ 23-nji aprelinde doglan iñlis şahyry Uilýam Şekspir 1616-njy ýylda 52 ýaşynda doglan gününde hemişelik gözlerini ýumdy.

• Franklin Ruzwelt Jr

1914-nji ýylyñ 17-nji awgustynda dünýä inen amerikan syýasatçysy, biznesmen we aklawjy Franklin Ruzwelt Jr özi bilen atdaş ABŞ-nyñ Prezidenti Franklin Ruzweltiñ ogludyr we ol 1988-nji ýylda ýetmiş dört ýaşynda doglan gününde aradan çykdy.

• Gertrude Astor

1887-nji ýylyñ 9-njy noýabrynda dünýä inen geçen asyryñ 20-30-njy ýyllarynyñ ady belli aktrisalaryndan bolan ABŞ-ly Gertrude Astor 1977-nji ýylda togsan ýaşynda doglan gününde aradan çykdy.

• Kenan Pars

1920-nji ýylyñ 10-njy martynda Stambulda doglan görnükli türk kinoaktýory Kenan Pars 2008-nji ýylda segsen sekiz ýaşanda doglan gününde ýakynlary bilen hemişelik hoşlaşdy.

• Rafael Santi

1483-nji ýylyñ 6-njy aprelinde dünýä inen, Renessansyñ görnükli wekillerinden italýan arhitektory we suratkeşi Rafael Santi 1520-nji ýylda otuz ýedi ýaşynda doglan gününde bimahal aradan çykdy.

• Mori Çaýkin

1949-njy ýylyñ 27-nji iýulynda dünýä inen asly jöhit meşhur amerikan aktýory 2010-njy ýylda 61 ýaşynda doglan gününde ýogaldy.

• Greýz Bredli

1913-nji ýylyñ 21-nji sentýabrynda dünýä inen, geçen asyryñ 30-njy ýyllarynyñ iñ meşhur amerikan aktrisalaryndan Greýz Bredli 2010-njy ýylda 97 ýaşynda aradan çykdy.

• Fran Uorren

1926-njy ýylyñ 4-nji martynda doglan amerikan aýdymçysy Fran Uorren 2017-nji ýylda 87 ýaşynda doglan gününde aradan çykdy.

• Otto Krýuger

1885-nji ýylyñ 6-njy sentýabrynda doglan asly nemes amerikan aktýory Otto Krýuger 1974-nji ýylda segsen dokuz ýaşynda doglan gününde aradan çykdy.

• Nen Greý

1918-nji ýylyñ 25-nji iýulynda dünýä inen amerikan aktrisasy Nen Greý 1993-nji ýylda 75 ýaşynda doglan gününde aradan çykdy.

• Ýen Marter

Birmahallar "Doctor Who" atly serialda-da oýnan meşhur iñlis aktýory we ýazyjysy Ýen Marter 1944-nji ýylyñ 28-nji oktýabrynda doguldy we 1986-njy ýylda 42 ýaşynda doglan gününde aradan çykdy.

• Betti Fridan

Meşhur feminist amerikan zenan ýazyjysy Betti Fridan 1921-nji ýylyñ 4-nji fewralynda doguldy we 2006-njy ýylda segsen bäş ýaşynda doglan gününde aradan çykdy.

• Merl Haggard

1937-nji ýylyñ 6-njy aprelinde dünýä inen amerikan aýdymçysy Merl Haggard 2016-njy ýylda 79 ýaşynda doglan gününde hemişelik gözlerini ýumdy.

• Daýan Şalet

1935-nji ýylyñ 23-nji fewralynda doglan amerikan aktrisasy Daýan Şalet 2006-njy ýylda 71 ýaşynda doglan gününde ýogaldy.

• Uolter Dimer

1904-nji ýylyñ 8-nji ýanwarynda dünýä inen Uolter Dimeri meşhurlyga ýetirenem onuñ çişirilýän sakgyjy oýlap tapmagy boldy. Dimer 1998-nji ýylda 94 ýaşynda doglan gününde aradan çykdy.

• Bonus: Doglan gününden bir gün öñ ýa-da soñ aradan çykan tanymallar

- Nejip Fazyl Kysakürek (türk şahyry): 26.05.1904-25.05.1983 ý.
- Wisente Blasko Ibanes (ispan ýazyjysy): 29.01.1867-28.01.1928 ý.
- Grant Wud (amerikan suratkeşi): 13.02.1891-12.02.1942 ý.
- Kliff Robertson (amerikan aktýory): 09.09.1923 - 10.09.2011 ý.
- Marwin Geý (amerikan aýdymçysy): 02.04.1939-01.04.1984 ý.
- Lolo Ferrari (porno aktrisa): 04.031962-05.03.2000 ý.

Internet materiallary esasynda taýýarlandy
10
312
sahet_ashyrov
19.10.2021 13:39
Terkidünýä şeýle diýipdir: «Dünýäparaz garypdyr. Ol ony
zeýrenip ýygnaýar we nägile bolup iýýär».
* * *
Hasan Basry bir adamdan:
— Seniň dünýä bolan islegiň nähili? — diýip sorapdyr.
Onda ol:
— Örän güýçli — diýip jogap beripdir.
Onda Hasan Basry:
— Ondan isleýän zadyňa ýetdiňmi? — diýip sorapdyr.
Ol:
— Ýok — diýipdir.
Onda Hasan Basry:
— Sen ondan isleýän zadyňa ýetmedik bolsaň, ondan
islemeýän zadyň nähili bolar? — diýipdir.
* * *
Çarwa arap şeýle diýipdir: «Zamananyň iň gowusy
köňlümiň hoşnutlyk tapanydyr».
9
360
sahet_ashyrov
sahet_ashyrov
16.10.2021 11:10
Berlen ömrüň kütel kütel ýolunda Bar ekeni süýji ajyň dadymy Keýpi kök mydama ýylgyryp ýören Görmedim dünýäde dertsiz adamy Arlan Hojat
sahet_ashyrov
23.09.2021 08:27
Sudya:
- Günäkärlenýän! Siz näme üçin satyjynyň kellesine daş bilen urup deşdiňiz?
Günäkärlenýän:
- Ol daş däl. Ol onuň sweži diýip satýan bulkasy.
10
467
sahet_ashyrov
27.08.2021 11:27
1. Kichikam suratlaryn arasynda 7 tapawudy tapyp bilyadim, ulaldym welin ka bir adamlar bilen haywanlaryn arasynda 7 tapawudy goremok.

2. birnace ynsan gordum egninde eshigi yok, birnace eshik gordum icinde ynsan yok
10
389
sahet_ashyrov
26.08.2021 16:10
Ene saña ýeke gezek berilýär,
Söý eneñi, söýmegiñi dowam et.
Enäniñ gadryny bilmeýän bolsañ,
Enesini ýitirenden sowal et.
15
217
sahet_ashyrov
05.08.2021 08:46
Sarkazm.

Tuweleme Öwrenmeli programmada ösýäraý. Reklama görüp otyrkaň arasynda başga zatlary okamanada mümkinçilik berýär.
8
326