Terkidünýä şeýle diýipdir: «Dünýäparaz garypdyr. Ol ony
zeýrenip ýygnaýar we nägile bolup iýýär».
* * *
Hasan Basry bir adamdan:
— Seniň dünýä bolan islegiň nähili? — diýip sorapdyr.
Onda ol:
— Örän güýçli — diýip jogap beripdir.
Onda Hasan Basry:
— Ondan isleýän zadyňa ýetdiňmi? — diýip sorapdyr.
Ol:
— Ýok — diýipdir.
Onda Hasan Basry:
— Sen ondan isleýän zadyňa ýetmedik bolsaň, ondan
islemeýän zadyň nähili bolar? — diýipdir.
* * *
Çarwa arap şeýle diýipdir: «Zamananyň iň gowusy
köňlümiň hoşnutlyk tapanydyr».