GUŞLAR SÜLEÝMANYŇ
HUZURYNA GELÝÄRLER
Döwlere-de, perilere-de hökümini ýöreden Süleýman alaýhyssalamyň zamanynda guşlar onuň köşgünde toplanyp, alagoh bolşup,
bilbiliň üstünden şikaýat edipdirler. Olar gargy tüýdükler ýaly bolşup
iňläpdirler, ganatlary bilen kellelerine we döşlerine pat-pat urupdyrlar. Ählisi çokjalaryny açyşyp, dady-perýat edipdirler hem-de uzak
wagtlap ganatlarydyr perlerini sallaşyp durupdyrlar. Ýüreklerinde
näme bar bolsa, bir-biriniň yzyndan Süleýmana habar beripdirler.
Olaryň ählisi bibilden şikaýatçy bolup, şeýle diýipdirler: «Ol –
baglaryň we çemenzarlyklaryň wagyzçysy bolup, öýüdir düşlegi –
gyrymsy agaçlaryň arasy. Ýigrenji, gamgyn halda gezýär, ýaramaz
işler bilen meşgullanýar, emma diliniň süýjüligine welin, at dakar
ýaly däl. Egninde mydama reňksiz köýnegi bar, emma ikiýüzlülik,
mekirlik we serhoşlyk söwdasyny edýär. Müşk ýaly hoşroý ysly
aýdymynyň arasyny bir pursat hem kesenok, emma sylaýan kişisi-de
ýok. Bahar gelip, bägüller açylanda, ýüz hili owaz, dürli-dürli heň
çykarýar. Ojakdaky gazan ýaly gaýnap, bütin gijesini iňňildäp, ýatman geçirýär. Ol ukynyň gadryny bilenok, çünki sowatly adamlaryň
dymýan wagty, sowatsyzlaryň sesi has batly çykýar. Ejizje-de bolsa,
sesi daş ýarýar. Onuň mekirlikleriniň sanyny Allatagaladan başga bilýän kişi ýok!
Hökümdarymyz, oňa adalatyň nämedigini görkez, baglarda we
tokaýlyklarda sesi çykmaz ýaly et! Muňa razy bolmasaň, başga bir zat
et: bizi şunuň ýaly ýigrenji mahluklaryň elinden halas et»
Dowamy bar...
Garasyanlar 👍 we teswir.