sahet_ashyrov
30.01.2023 16:37
Gury agajy egmegin, degmedige degmegin.
5
59
1
sahet_ashyrov
13.12.2022 08:06
Atanyñ ojagy gymmat - enäniñ gujagy
14
58
0
sahet_ashyrov
28.11.2022 13:09
BAÝ KIŞI BAÝMYKA?
Diogenden bir baý kişiniň baýlygy hakda sorapdyrlar.
— Bilmedim-ow — diýip, Diogen gümürtik jogap beripdir. “Men onuň pulunyň köpdigini-hä bilýän.”
— Diýmek, ol baý-da onda?!
— Baý bolmak bilen puldarlyk ikisi bir zat däl ahyryn — diýip, Diogen jogap beripdir.
— Hakyky baý özünde bolan zat bilen kaýyl bolup ýören adamdyr. Kim öz ýygnap-ýygşyranyny az görüp, hars urup ýören bolsa, ol hiç zady bolmadyk, ýöne öz güzeranyna kaýyl bolup ýören adamlardan has garypdyr.
KÖŞEŞMEGIŇ IKI TÄRI
Platondan:
— Betbagtlyga uçran adam nähili köşeşip biler? — diýip sorapdyrlar.
Ol şeýle jogap beripdir:
— Akylly adam başyna düşen betbagtçylygyň gutulgysyzdygyna düşüneni üçin, köşeşýär. Akmak adam bolsa, şol betbagtlygyň uly iliň hem başyndan inenligi hakda pikir edýändigi üçin köşeşýär.
DOGRY HEM GYŞYK ÇYZYK
Aristotel bir gezek şeýle diýipdir:
— Akylly adam mydama akylly kişiniň pikiri bilen ylalaşar, akmak welin, adatça akylly bilenem, akmak bilenem ylalaşmaz. Bu ýagdaýa esaslanyp, şeýle netije çykarmak bolar: göni çyzyklar özara biri-birine jebis gelerler, gyşyk çyzyklar bolsa biri-biri bilenem, dogry çyzyklar bilenem hiç mahal jebis gelmezler.
AKMAGA AKYLLY TANATMAZ
Bir akyldar şeýle diýipdir:
— Akylly adam akmagy hemişe tanar, sebäbi ol akyly goýalyşýança, akmagyrak bolup görendir. Ýöne akmak akyllyny hiç mahal tanap bilmez, sebäbi ol ozal akylly bolup gören däldir.
23
335
9
sahet_ashyrov
26.11.2022 12:38
1. Özgäniň kemçiligine bellik edip ýörmekden uly kemçilik barmyka?
2. Asla biriniň umydyny kesme! Belki-de ýeke-täk eýe bolan zady şoldyr.
3. Aýakgabymyň ýoklugyna gynanýardym, aýagy ýok adamy görenime çenli.
4. Ýitirjek hiç bir zady galmadyk adamdan özüňi gora.
5. Haçan-da ýazmagy başarmaýan çagyň ýazmak gerek.
6. Saňa edilmek islemedik zadyňy, başga birine etme.
7. Çykan gapyňy gaty ýapma, belki-de yza dönmek isläp bilersiň.
8. Dilden gelen elden gelse – çyn gedaý patyşa bolar.
9. Iki gezek ýaşaýan ýok, emma bir gezek hem ömür sürmegi başarmaýan köp.
10. Daşy deşen, suwuň güýji däl-de, damjalaryň yzgiderligidir.
11. Garny açlardan has hem kalby açlara gynanýaryn.
12. Adam öz ýalňyşyny, diňe özgeleriň gözi bilen görüp biler.
13. Ýalan at ýaly gider, hakykat ýöräp, ýöne wagtynda ýetişer.
14. Ylymy ogurlatsaň köpeler, maly ogurlatsaň kemeler.
15. Ýaman diýdi – başda ýagşydym menem!
14
98
4
sahet_ashyrov
25.11.2022 08:47
Matematik gyzy (degişme)
Matematik gyzy hiç haçan söymän
Kök astyna, salyp har eder seni.
Seni söýýän diýip, örtenmän köýmän
Yalynsyz ot bilen zar eder seni.
Senin päk söygüni köpelder, böler
Söygüden, söygüni aýryp nul eder
Öz söygüsin sorasaň kwadrata götär
Sagdan çepi ayryp kör eder seni.
Gidere yer yok skopka salsa
Senden derek galmaz bir önüm alsa
Birdenem depänden ayyrmak gelse
Derejä göterip kül eder seni.
Integrala ýetmän sözi goýaly
Alaç yok seninki dogry diyeli
Ol diyse dessine jany bereli
Ine şondan sonra ýar eder seni
Beyle diysem gyzlar öýkelemäň siz
Gyzlaryň seresi matematik gyzlar
Pullary tygsytly sogyandyr olar
Gyzlaryn seresi matematik gyzlar.
Awtoruny bilemok.
27
434
9
sahet_ashyrov
24.11.2022 09:31
Biznes motiwasiýa: öz biznesiňi gurmasaň, ömrüň ötinçä budilnik gurmaly bolarsyň.
*****
You Tube-da hezil edip reklama görjek bolýan welin, arasyna kino giräýýär-dä…
*****
Kiçi zatlara begenip ýaşamagy öwrenmeli. Meselem: aýlyk.
*****
Uborka etmegiň yzgiderligi:
Tekjeleri süpürmek.
Köne suratlary tapmak we 3 sagatlap görmek.
Ýadap, goýbolsun etmek.
*****
Öýe täze gap-gaçlary almaly. Ýa-da öňküleri ýuwmaly.
*****
Gyzlar bilen üýşenimizde “Buýruk ýa-da hakykat” oýnadyk. Gyzykly bolsun diýip “buýruk” saýladym. Öýüňe git diýdiler. Gaty agyr degdi…
*****
Şu durmuşyň maňa beren yekeje plýus zady bar, olam gan toparym.
19
269
13
sahet_ashyrov
23.11.2022 13:21
Şu postumda gyzlar hakynda degişme äheňinde aýdylan sözleri paýlaşmagy makul bildim. Beý diýsem gyzlar gaty göräýmäň! Bu üstüňizden güldügim däldir.
“On sany agzym, on sany dilim bolsa-da, aýallaryň erkeklerden pul çilmek üçin edýän oýunlaryny sanap ýetişip bilmezdim”.
— Owidiý
“Aýallaryň gözýaşyndan has çalt kepeýän zat ýok”.
— Jon Webster
“Garakçylar ýa puluňy alar ýa-da janyňy. Aýallar onuň ikisinem alar”.
— Samuel Batler
“Otuz ýyllap zenan ruhy bilen gyzyklanandygyma garamazdan häzirki wagta çenli jogabyny tapyp bilmedik ýekeje soragym bar: Aýal näme isleýär?”
— Marsel Prust
“Zenanlar düşünmek üçin däl-de, söýülmek üçin ýaradylypdyr”.
— Oskar Waýld
Aýallar bilen erkek adamlar iň bolmanda bir meselede birleşýärler: Olaryň ikisi-de aýallara ynanmaýar”.
— Genri Luis Menken
Zenanlar rewolusiýanam, rewolýusionerlerem ýigrenýärler. Olar ýuwaş gylykly, bankda işleýän we nahar wagtyndan gijä galman öýe gelýän erkek adamlary gowy görýärler”.
— Genri Luis Menken
Erkek adam bilen bagtly ýaşajak bolsaň, oňa köpräk düşünip, azrak söýjek bolmaly. Aýal bilen bagtly ýaşajak bolsaň ony köpräk söýüp, düşünmezlige çalyşmaly”.
— Elen Roulend
39
634
34
sahet_ashyrov
22.11.2022 11:07
ÝYKYLMAK GARAŞYLMADYK BOLUP BILER, YERDEN TURMAK ÖZ KARARYŇ.
21
62
1
sahet_ashyrov
19.11.2022 10:55
Dünýäde iki görnüş adam bar. Öñe gidýänler we bahana tapýanlar. Sen haýsy?
Ýatdan çykarma, DURMUŞ, tupanyn geçmesine garaşmak däldir, ol, ýagyşda tans etmäni öwrenmekdir.
13
101
4
sahet_ashyrov
18.11.2022 12:38
Iň erbet zat - bu haçanda giden märekäniň saňa tarap daş zyňmagy däl. Iň erbet zat - bu şol märekäniň içinde tanyş ýüzüňi görmegiň! KIANU RIWZ
21
159
5
Yene yükle