sahet_ashyrov
26.11.2022 12:38
1. Özgäniň kemçiligine bellik edip ýörmekden uly kemçilik barmyka?

2. Asla biriniň umydyny kesme! Belki-de ýeke-täk eýe bolan zady şoldyr.

3. Aýakgabymyň ýoklugyna gynanýardym, aýagy ýok adamy görenime çenli.

4. Ýitirjek hiç bir zady galmadyk adamdan özüňi gora.

5. Haçan-da ýazmagy başarmaýan çagyň ýazmak gerek.

6. Saňa edilmek islemedik zadyňy, başga birine etme.

7. Çykan gapyňy gaty ýapma, belki-de yza dönmek isläp bilersiň.

8. Dilden gelen elden gelse – çyn gedaý patyşa bolar.

9. Iki gezek ýaşaýan ýok, emma bir gezek hem ömür sürmegi başarmaýan köp.

10. Daşy deşen, suwuň güýji däl-de, damjalaryň yzgiderligidir.

11. Garny açlardan has hem kalby açlara gynanýaryn.

12. Adam öz ýalňyşyny, diňe özgeleriň gözi bilen görüp biler.

13. Ýalan at ýaly gider, hakykat ýöräp, ýöne wagtynda ýetişer.

14. Ylymy ogurlatsaň köpeler, maly ogurlatsaň kemeler.

15. Ýaman diýdi – başda ýagşydym menem!
14
98
ideallider
27 Noýabr 2022
12 men barada👍
sahet_ashyrov
26 Noýabr 2022
🤪CrAzYGIRLL🤪, hak aytyañ
🤪CrAzYGIRLL🤪
26 Noýabr 2022
Dashy jajek ichi mojek... Altyn gapyly koshkde yashayan diyip boynuny yokary tutma gunlerde bir gun geler kumush gapyly koshkdede yashamarsyn...
Myhman Myhman
26 Noýabr 2022
Govy manyly 👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.