Şu postumda gyzlar hakynda degişme äheňinde aýdylan sözleri paýlaşmagy makul bildim. Beý diýsem gyzlar gaty göräýmäň! Bu üstüňizden güldügim däldir.
“On sany agzym, on sany dilim bolsa-da, aýallaryň erkeklerden pul çilmek üçin edýän oýunlaryny sanap ýetişip bilmezdim”.
— Owidiý
“Aýallaryň gözýaşyndan has çalt kepeýän zat ýok”.
— Jon Webster
“Garakçylar ýa puluňy alar ýa-da janyňy. Aýallar onuň ikisinem alar”.
— Samuel Batler
“Otuz ýyllap zenan ruhy bilen gyzyklanandygyma garamazdan häzirki wagta çenli jogabyny tapyp bilmedik ýekeje soragym bar: Aýal näme isleýär?”
— Marsel Prust
“Zenanlar düşünmek üçin däl-de, söýülmek üçin ýaradylypdyr”.
— Oskar Waýld
Aýallar bilen erkek adamlar iň bolmanda bir meselede birleşýärler: Olaryň ikisi-de aýallara ynanmaýar”.
— Genri Luis Menken
Zenanlar rewolusiýanam, rewolýusionerlerem ýigrenýärler. Olar ýuwaş gylykly, bankda işleýän we nahar wagtyndan gijä galman öýe gelýän erkek adamlary gowy görýärler”.
— Genri Luis Menken
Erkek adam bilen bagtly ýaşajak bolsaň, oňa köpräk düşünip, azrak söýjek bolmaly. Aýal bilen bagtly ýaşajak bolsaň ony köpräk söýüp, düşünmezlige çalyşmaly”.
— Elen Roulend