sabyrly
02.05.2024 10:27
Gyşlar, beýle sowuk gelmezdi ozal,
Ne diş galdy, süñk gemrere agzynda.
Hiç zada gereksiz bolup galdy ol,
Hyzmat eden eýesiniñ gözünde.
Ýyllar parçalady şir deý göwresin,
Aýakda durmaga ýetmez gurbaty.
Şemallar getirýär, itleriñ sesin,
Bir wagtlar has ýagşydy hormaty.
Goýun bakdy, sak esger deý gorady,
Darkaş gurdy möjek, şagallar bilen.
Gojaldy, nan berip halyn sorady,
Biazar söýmegi çagalar biler!
Uwlaýar, kä mahal duýup şumlugy,
Eýesine peýdam degäýsin diýýär.
Kim islär, keç güni öñden bilmegi,
Minnetdarlyk ýerne kesewi iýýär.
Kuwwatyñ bar wagty, towusdyñ çarýan,
Indi señ özüñe gerekle kömek.
Näm üçindir sende özümi görýän?
Eý, wepaly dostum ýaraty köpek!
© Süleýman TEKÄÝEW
22
45
sabyrly
28.04.2024 23:21
Gözlerimde ýuwunýar, seniñ jemalyñ,
Mende bolsa, döredi täsin duýgular.
Seniñ giñişligiñe Gagarin bolup,
Amsterdam bolup,
Ýüregñe gonan.
Gözleriñi süzeniñde,
Kirpikleriñi,
Ýeke-ýeke geçirip sanan,
Sabryma,
Şükürler bolsun!
Telim gezek basyp bagryma,
Pikirlendim soñ.
Gorkyan!
Emeli hemra döremeginden,
Ýoluñda, göz edip yöremeginden.
Meniñ ülüşüm sen, böwrümden dörän,
Perwanam bolup, meñ bilen ýörän,
Ýüz öwürsem, ýüregime nur saçan,
Haçan görsem, ýüzüme ýylgyryp bakan,
Didelerden bugaryp dörän bulutlañ,
Aramyza goýalyp, salsa-da perde...
Şermende,
Şermende gurtlañ,
Seni görüp uwlamasyndan gorkup,
Titredip kalbymy,
Saññyldap sesim...
Gabanyp ýüz gözüñden ogsaýyn,
Ömürlik hemram sen,
Aýym!
© Remezan MÄMETGURBANOW
24
26
sabyrly
26.04.2024 00:24
Ýeriñ böwrün ökjeledim, ýol aşdym,
Wagt böwrüm ökjeledi gartaşdym.
Didelermiñ sonasyny gark etdi,
Ýaşylbaş zeminiñ mymyk perleri.
Zerre muhabbeti ýer bile ýegsan,
Pamyk kalplar,
Polat bolup döredi.
Adamzat!
Nirede?
Nirede ynsap?
Sen Adam ogly!
Aperin saña!
Abyl bilen Kabyly hakyda salyp,
Meniñ nyşanyma öwrülen,
Ynsan!
Men melgunyñ hut özi!
Ondada siziñ!
Ýüregiñizi böwsüp,
Neşterimi sokup, zährim paýlajak,
Ýeñsäñizden pyçak bilen sünçgüläp,
Erbet pişelere iterip bilýän!
Men şo...
Emma, siziñ bolşuñyzdan,
Meniñ mährim oýandy!
Ot ýanýan garagymda,
Gyzyl ýaşlar göründi!
Meñ kärimi elimden aldyñyz muzdsyz!
Zalym siz!
Rehimsiz, ganhor adam siz!
© Remezan MÄMETGURBANOW
24
37
sabyrly
24.04.2024 12:34
Badyhowa ýaşlyk sowuldy eýýäm,
Besdir ýel ugruna herýana ykdyk.
Azapsyz, "Alma biş agza düş" diýmän,
Soñsuz, arzuwlaryñ gözlegne çykdyk.
Ganatlarmyz bilen uçmagmyz gerek,
Garaşýar, tilkiler agzyny açyp.
Hiç zada giç däldir, urýarka ýürek,
Ömür öýlänçi deý, gitmesin geçip.
Sözler, bossanyndan bogup bir nama,
Setirlerden sungat döredip bilsek!
Ýaşanyña degýär, armanyñ näme?!
Ýürekleñ töründe ýer edip bilsek!
Yzyña kän bakýañ, aýtsana niçün?
Gursakda geçmişiñ ahmyry barmy?
Käte, ýalñyşmaly öwrenmek üçin,
Gerekli daşyñam agramy bormy.
Ýazylan ýazgydy öñden bilen ýok,
Bijäñ çekde göräý, şatlykmy-gussa?!
Tazy deý, towusyp aljak galañ ýok,
Biz bagta gowşarys, dähedem-dessem.
Dostum!
© Süleýman TEKÄÝEW
36
44
sabyrly
21.04.2024 11:18
Seret ýüklän derdiň çökerip barýar,
Men yşka ezildim, hökgerdim ykbal.
Bir garyp bendäniň garyp oglunam,
Köp gördüň ykbal.
Meni çagalykdan çykardy söýgi,
Küýsedim küýsegme gowuşmadym men,
Hyrydar göz kän bolsa-da daşymda,
Soň saňa meňzeşe hiç duşmadym men.
Ynha, indem dag ýumurjak ýaşymda,
Duýgulaň astynda ýemşerip barýan.
Kämahal hiňlenip gamgyn aýdyma,
Kemşerip barýan.
Seret ýüklän derdiň çökerip barýar,
Men yşka ezildim, hökgerdim ykbal.
Garaja oglany, gara maňlaýma,
Köp gördüň ykbal.
Ogulnur ATAÝEWA
32
21
sabyrly
18.04.2024 20:21
Eneme ýazan hatlarymdan (liriki poema bölekler)
I
Sen şu mahal penjiräni açdyňmy,
Ýolun yzlap öz bagryňdan öneniň.
Ýa şu mahal men ýadyňa düşdümmi,
Seni biwagt ynjytdymmy, dönenim?!
Belki, agşam girendirin düýşüňe,
Alnyňda durandyr perişan halym.
Endigime görä geçip gaşyňa,
Içgin-içgin sorandyryn ahwalyň.
Belki, görüp arasynda gülleriň,
Näler begenensiň, hyýalyň päkdir,
Eje, kesel çeýnän näzik elleriň,
Sygyr sagmana-da ysgyny ýokdur.
Şol gaýtalap bolgusyzja hökümin,
Ah, seni garradar, garradar gaty.
Bir tarapdan iňirdisi kakamyň,
Bir tarapdan ogullaryň haýbaty.
Onda karar tapman dertli janyňa,
Meni küýsäp menzilleri aşarsyň.
Men hökman bararyn seniň ýanyňa,
Sen penakär ýyldyzyňa duşarsyň.
Säher çagy penjiräni açdyňmy,
Ýolun yzlap öz bagryňdan öneniň.
Ýa şu mahal men ýadyňa düşdümmi,
Seni biwagt ynjytdymmy, dönenim?!
II
Üç tirkeşik bolup düşerdik ýola,
Göwher, Bibi hemem sekiz ýaşly men.
Jogap ber, rehim et, zagpyran hala,
Eý, çagalyk ýyllam, nirelerde sen?!
Her säherden kowardylar okuwdan,
A, bize hiç kesden ýetmezdi dalda.
Gyş ýyrtyk köwşümiz jolk edip suwdan,
Öýe dolanardyk lapykeç halda.
"Ba:ryň bir reňkde geýmeli diňe",
Direktor gy:gyrdy, bermezdi aman.
Diýmäge bognumyz ysmazdy saňa,
Ýaşyl köýnek äbersene, ene jan!
Şonda garyplygňa ahmyr ederdiň,
Ýakdy seni kemsitmesi nijeleň.
Soň göwün ýüwürdip uka giderdiň,
Ýarym göwün didäm ýarygijeler.
Ýok, gussa çekmeklik nämäňe gerek,
Hem ýatlanym üçin ýazgarma meni.
Şo-ol tanyş ýodany küýseýär ýürek,
Hem SENI.
III
Dert dogmaň bagryny elek deý eläp,
Ýatybersin, hesret çekip, igleme.
Uzak gije başujymy eýeläp,
Mähribanym, maňa bakyp, aglama!
Soňky günler tebil tapyp joşamok,
Günleň dükürdisi gulagmy deşýä.
Bu adamlaň arasynda ýaşamok,
Eje, maňa kyn düşýä.
Arzym bardyr gama batman sen şu hal,
Didelerňi didelerme dik hany.
Bäş çagaň içinde juda bikemal,
Doglanym üçinem, bagyşla meni!
Seret bilbil owaz edýär bag içre,
Huşy göçen söwütleri güýmeýä.
Baga gonup gelen bir süri serçe,
Arman ony saýramana goýmaýa.
Ynha geçip giden iki müçede,
Ömri biweç pursatlara çüýledim.
Hem ýaşlygy al-arwahyň köçede,
Maňa salan aly hasap eýledim.
Soňky günler tebil tapyp joşamok,
Günler bolsa dert üstüne dert goşýa.
Bu adamlaryň arasynda ýaşamok,
Eje, maňa kyn düşýä!!!
IV
Geldim, pelekden derdiňe,
Ýeriňden gopsana, enem!
Ýa meniň işbu derdime,
Dogalar tapsana, enem!
Yşga aýagmy duşadyp,
Ykdym gül ömri uşadyp,
Hany, gök donuň üşedim,
Üstümi ýapsana enem!
Dostlam göge zyňyp herýan,
Eňdiler agladym girýan,
Indi ýere gaçyp barýan,
Gel, ýetiş, gapsana, enem!
Ýersiz howsaladan gurap,
Ynjama, gözleriň gurar,
Meni Hak alnyna ugran,
Kerwene sapsana, enem!
Meň Arşa galmak höwesim,
Saklama, gideýin basym,
Maňlaýym gara bolmasyn,
Alnymdan öpsene, enem!
V
Gije düşegine gyşaryp halsyz,
Dünýäň aladasyn unudan çagyň.
Ýene-de men hakda oýa batýansyň,
Ah, saçlary agym!
A, men bolsa özüm bilen gurup jeň,
Gorkunç pikir edip egisýän derdim.
Saňa dert boljagmy bilen bolsam öň,
Garnyňdan gaýyp bolardym.
Bimahal, gözünden ýaş döküp sähel,
Saýgaryp ýyllaryň öňüni-ardyn.
Hiç kime bildirmän, turup ak säher,
Ýene öwezime ogul dilärdiň.
Hany, olam bolaýmandyr ahyry,
Peýdasy ýok, örteneniň, köýeniň.
Men türkmeniň ölmez-ýitmez şahyry,
Hem seniň bir mahal "çagam" diýeniň.
Bezelen ak öýler, gaýgysyz şalyk,
Indi hiç haýsyna gözüm gidenok.
Men juda ýaş, ýöne badyhowalyk,
Ýa şöhratym meni heläk edenok.
Oturansyň, gije geçip hatarsyz,
Daň atyp, gün ýere gezeňde tygyn.
Sen ýene men hakda oýa batarsyň,
Ah, saçlary agym
Şähribossan GELDIMÄMMEDOWA
29
55
sabyrly
18.04.2024 14:24
Şatlyk bizi näme etsin,
Gaýgy-gussa gapym kakdy.
Biwagt gelen köne dostum,
Gelip kalba kükürt çakdy.
Ýyldyrymyñ tizliginde,
Beýnim gözläp tapdy keşbiñ.
Işlerimiñ saz gününde,
Nirelerden ýada düşdiñ.
Öz göwnünini aldan ýürek,
Gül jemalyñ unutmandyr.
Gursagymy gaplan ýigrenç,
Päk söýgüni ýuwutmandyr.
Nirede sen halyñ niçik,
Aşygyñ alçy gopdumy.
Şagal göwnüñ gawun seçip,
Aşygyn gözläp tapdymy...
Hasratymy hüwdiläre,
Hemra boldy zakgun çüýşe.
Serhoşlykda agşam ara,
Sen giripsiñ ýene düýşe.
© Süleýman TEKÄÝEW
37
48
sabyrly
16.04.2024 16:27
Çyzym-Çyzym, kesim-kesim oýumy,
Bir ýüpe düzdüñde, asdyñ boýnumdan.
Ýetirdiñ,
hasratymyñ eýini,
Zäher bolup bedenime ýaýrady,
Alamatyn aýdyñ duýdum dünýäniñ,
Halys Alla,
Sapalagmy baýnadyp,
Gitjek boldum goýnuñdan...
Dürleriñe melul boldym,
Gözümiñ görýänini düýs bildim.
Täleýime pal garatýan täleýim.
Ýorgudyny oñatlyga ündedi.
Myssaryp galsa-da bagtly günler,
Ol günleri ynsanlardan gözledim...
Dünýäni ýalmap dur, al-kakmys jeñler.
Owadan tebigatyñ owazyn bozup.
Säherler \"Haraba öwrülen jeññel\"
Bozuk.
Owaldan bozuk,
Heñler-melgunyñ sesi,
Ýanmak üçin
Gögeripdir tokaylar,
Ýumurulmak üçin,
Gurulýar jaýlar.
Şu-my?
Ýaşaýyşyñ höwesi...
Çal,
Tüydügim,
Kalbymyñ urgusyny duýdugyñ,
Ýüzüne gara çaýylan gijäñ,
Gursagyny desip,
Jyklaýan ýyldyzlaryñ,
Bagryny basyp çal!
Men, sesiñe gurban!
Seniñ muşdagyñ!
© Remezan MÄMETGURBANOW
27
28
sabyrly
16.04.2024 12:16
Dostlugyñ içinde söýgüni bukup,
Ykbalmydy bizi bagta dözmedik.
Ýygralyk çygryndan bilmänsoñ çykyp,
Yşgyñ syrly matalyny çözmedik.
Çagalykda gülüp oýnap tersleşdik,
Açdyk gözümizi mekdep töründe.
Kalbyñ düwünçegin çözüp dertleşdik,
Geljege bolsady ekipdik şonda.
Gözýetim ýakyn biz, ses ýetmez uzak,
Ýürek syryñ aýan edýär gözleriñ.
Göwün paltam daşa degip her gezek,
Hyýalymda her ýan ýüzdi sözlerim.
Meniñ ýygralygym, seniñ ejabyñ,
Bir-birine el galgatýar serhetden.
Ýyllar öz emrine eýleýip tabyn,
Herimizi çykarypdy bir çetden.
Duýgulam seýisläp bilerme çenli,
Eýýubyñ sabryna dönüpdi meñkem.
Gapyñy kakypdym ellerim gülli,
Giç bolan eken!
© Süleýman TEKÄÝEW
32
64