sabyrly
24.04.2024 12:34
Badyhowa ýaşlyk sowuldy eýýäm,
Besdir ýel ugruna herýana ykdyk.
Azapsyz, "Alma biş agza düş" diýmän,
Soñsuz, arzuwlaryñ gözlegne çykdyk.

Ganatlarmyz bilen uçmagmyz gerek,
Garaşýar, tilkiler agzyny açyp.
Hiç zada giç däldir, urýarka ýürek,
Ömür öýlänçi deý, gitmesin geçip.

Sözler, bossanyndan bogup bir nama,
Setirlerden sungat döredip bilsek!
Ýaşanyña degýär, armanyñ näme?!
Ýürekleñ töründe ýer edip bilsek!

Yzyña kän bakýañ, aýtsana niçün?
Gursakda geçmişiñ ahmyry barmy?
Käte, ýalñyşmaly öwrenmek üçin,
Gerekli daşyñam agramy bormy.

Ýazylan ýazgydy öñden bilen ýok,
Bijäñ çekde göräý, şatlykmy-gussa?!
Tazy deý, towusyp aljak galañ ýok,
Biz bagta gowşarys, dähedem-dessem.
Dostum!

© Süleýman TEKÄÝEW
36
43
sabyrly
24 Aprel 2024
@efsane_tm, baglanşyk üzülenok ömüri geçirmedim maslahat berdim ömri ýele sowurmazlyk ondan soñky bendem öñümdäki maksat barada 4 bent adam ýalñyşyp öwrenýä kä mahal şonuñ üçin arasynda ýalñyşanyñam aýby ýok diýýä 5 setir öñünden ýazgydy gören ýok ylgap aljak zadyñ ýok biz sabyr bn bagta gowşarys diyya
efsane_tm
24 Aprel 2024
gowy goşgy welin, 2nji bentden soñ baglylyk üzülen ýaly, sebabi hali ikinji bentde ömüri geçirdiñ
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.