qwerty
16.09.2022 22:39
Göwrede mejal ýok,
Aýakda ysgyn.
Ştangaçyñ synasyna çalymdaş
Gollañ gujur gaýnan myşsalarynda
Çyrpynmansoñ gadymky deý damarym
Güýç lapykeçlikden gelende asgyn,
Gurapdy ýürege nem beren gaýrat.
Birmahal şirnigip söýlen ömürim
Garalşypdy gargyşsiñen daş kimin.
Wepasy bolmansoñ aşnalaryñ-da,
Iñ soñky dostumy kalbymda süýräp,
Ýörmekden iremsoñ ýüz dönderipdim.
Tüýküripdim göni bäbenegine
Ömrümi bihuda güýmän yşkymyñ...
Husyt hem-de pany dünýä köñlüme
mynasyp döwrany rowa görmänsoñ,
Namyrat öljegiñ gözleri ýaly
Haýallanda gözleñ agyp dönmesi
Ýalançy ýüzlerden,
Galat sözlerden,
Halysalla bizar-peteñi çykan
bilbiliñ ketegne öwrülen ruhuñ,
Golaýlanda Gökdepe deý synmasy.
Sen garlawaç bolup meniñ dünýäme
Sürünen adamhor Ebreheleriñ
Depesinden tepbet daşyn ýagdyryp
Peşmek deýin togarlañda ummana
Dirilerden öli,
Ölüden diri
çykaran Allanyñ gudraty deýin
Öçüşen ruhumda Gün bolup dogduñ;
Göwre mejallandy,
Damar çyrpyndy.
Gujurlandy barha gol-aýaklarym.
Täze söýgi indi hassa ýüregme
Arygy suwlandy ham-süýekleriñ.
Gülberim arkamda,
Tutulgy şaýym,
Ýene hyýallandym halasgärimiñ,
Dünýäsine birikdirip dünýämi
Gamyn iýmän ýogumyñ hem barymyñ
Intipis eýlemän harçlyk engamy
Şelaýyn dilleriñ
Aç nazarlaryñ
Ýetäýjek ýerinden has alyslara
Gorkudan,
ürküden ýat uluslara
Gaçyp gitmäge...

Has TÜRKMEN.
6
71
qwerty
12.09.2022 15:11
Näçe çalt tükense gymmatdyr atyr,
Nä nygmat az bolsa süýjüsem şodur.
Başarsañ kämahal ýitip durmaly,
Adaty zatlarda bolmaýar gadyr.
11
127
qwerty
09.09.2022 18:00
Dosduma

Salam dosdum, ýene demirgazykda,
Saña hoş ýakmadyk sowuk ýel känmi?
Labyryñy ýygnap gaýdyberipsiñ,
Günbatara tarap sowup al ýelkeniñi.

Ýa ýalñyz çaglaryñ dideleriñe,
Üýtgeşik ildimi günbatar maýak?
Hut şo ýerde bir howadan dem alyp,
Seniñ üçin ýaşap ýören bar entäk.

Deñziñ kenarynda mekan tutmuşam,
Dünýäsine ýyly demim düşmüşem.
Ýöne jomart bolup yzyña tesme,
Del yşky aýdymlar gulagña degse.

Şol aýdymlar bilen ýüregni dilse,
Kä köne derdine tapsa teselli.
Labyryñ ýygnama, sowma ýelkeni,
Eý dünýäsi giñ, şahyr ýürekli !

Indi seniñ üçin ýaşamakçy ol,
Bolmasa-da aýdymlaryña bediwan.
Çünki gursagynda baky soñlanmaz,
Yşky aýdymlary aýdan-Mendim ol.

Apbaýew M.
6
121
qwerty
08.09.2022 22:51
Erkekleriñ iñ beýik hereketlendiriji güýji - olaryñ aýallaryna gowy görünmek islegidir.


Eger-de pully, beýik meşhur erkekleriñ durmuşyndan aýallary çykaryp taşlasañyz, olar üçin baýlygy manysyz we peýdasyz bolup galar.


Erkekleriñ tebigatyny bilýän ony ezizläp we ýardam beriji zenan, başga aýallar tarapyndan adamsynyñ ugrundaky bäsdeşlikden umuman gorkmasalar hem bolar.
8
179
qwerty
07.09.2022 09:23
Söýgi bu iki bedeniñ arasynda ýaşalýan däldir, söýgi iki ruhuñ arasynda ýaşalýa...❤
6
58
qwerty
06.09.2022 23:57
Rysgal diñe öýe gelýân pulda dâl,gülen ýüzlerde,söýgi doly gözlerde,agzybir maşgalañ üýşen saçagynda hatda o saçakda gaty çöregem bolsa.Rysgally tamamlanan ýene bir günüñi ýatlap ukla...
5
46
qwerty
04.09.2022 20:32
JEZA

Ilki gözleriñde uçgun göründi,
Soñ ýuwuldy ýañaklaryñ ýaşyña.
Ençe çarşenbäni garşylap-sowan,
Bireýýäm çal sepen gara başyña
Balañ ýene gam getirdi duýdansyz,
Nem ýetirdi kirpikleriñ tygyna.
Indi bolsa ahmyryndan basylyp,
Dymýar ýüzün tutup ýeliñ ygyna.

Ötünçler, ýazyklar goýmaz erkine,
"Giräýsem"diýýändir ýarylmaz ýer-de.
Ejesiniñ aglaýşyny synlansoñ
Şondan uly jeza bormy perzende?!

Mahym Nurgeldiýewa
13
175