qwerty
04.09.2022 20:32
JEZA

Ilki gözleriñde uçgun göründi,
Soñ ýuwuldy ýañaklaryñ ýaşyña.
Ençe çarşenbäni garşylap-sowan,
Bireýýäm çal sepen gara başyña
Balañ ýene gam getirdi duýdansyz,
Nem ýetirdi kirpikleriñ tygyna.
Indi bolsa ahmyryndan basylyp,
Dymýar ýüzün tutup ýeliñ ygyna.

Ötünçler, ýazyklar goýmaz erkine,
"Giräýsem"diýýändir ýarylmaz ýer-de.
Ejesiniñ aglaýşyny synlansoñ
Şondan uly jeza bormy perzende?!

Mahym Nurgeldiýewa
13
174
ylham_gurbanaly
4 Sentýabr 2022
Öň duş gelýädim Mahymyň goşgularyna. Gowy goşgy
qwerty
4 Sentýabr 2022
Hic kime ejesiniñ göz ýaşyny görmeli etmesin😔
Lilia_
4 Sentýabr 2022
Gaty gowy manyly gosgy...... Tasirli

Dogru sondan agyr jeza yok
guli_
4 Sentýabr 2022
Hakyky soňky iki setiri👏🏻👏🏻👏🏻👏🏻👏🏻👏🏻👏🏻
qwerty
4 Sentýabr 2022
GoLd, hawa agyr degýä erbet shu gün gymyldaman ýatyp dynjymy alaýyn diýýän😁
qwerty
4 Sentýabr 2022
GoLd, hoş gördük😊
gulshatayewa97
4 Sentýabr 2022
Gynançly we gowy goşgy🍂
RuníA
4 Sentýabr 2022
Törüne geç programmaň(.❛ ᴗ ❛.) Mahym senmi?
wolf
4 Sentýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.