Dosduma
Salam dosdum, ýene demirgazykda,
Saña hoş ýakmadyk sowuk ýel känmi?
Labyryñy ýygnap gaýdyberipsiñ,
Günbatara tarap sowup al ýelkeniñi.
Ýa ýalñyz çaglaryñ dideleriñe,
Üýtgeşik ildimi günbatar maýak?
Hut şo ýerde bir howadan dem alyp,
Seniñ üçin ýaşap ýören bar entäk.
Deñziñ kenarynda mekan tutmuşam,
Dünýäsine ýyly demim düşmüşem.
Ýöne jomart bolup yzyña tesme,
Del yşky aýdymlar gulagña degse.
Şol aýdymlar bilen ýüregni dilse,
Kä köne derdine tapsa teselli.
Labyryñ ýygnama, sowma ýelkeni,
Eý dünýäsi giñ, şahyr ýürekli !
Indi seniñ üçin ýaşamakçy ol,
Bolmasa-da aýdymlaryña bediwan.
Çünki gursagynda baky soñlanmaz,
Yşky aýdymlary aýdan-Mendim ol.
Apbaýew M.