perizadym
29.09.2022 13:28
Gaýgyly goşgulam okama, dünýäm!
Ýetilmedik söýgi hakda nalamy.
Kyrk ýama urulan deşik kalbymyň
Sen ahyryn öň-de, soňda halany.

Gamgyn setirlerme gyýylma, dünýäm!
Şygyrdaky gahrymanym aglasa,
Bagtsyz hasap etme goşgulam okap,
Ýüregimden syzyp galamma gelýän,
Setirlerim ynjanyňy aňlasa,
Telbe aşygyňy bagyşlawergin,
Päkize duýgyňy hasrat eglese,
Ýolda duşan aý gözelleň gözleri,
Gökden inen hüýr gyzlaryň näzleri
Seniň birje ýylgyrşyňa degmese.
Yhlasyňy duýýan her nepesimde,
Durmuşymda ýyly elleň mähri bar,
Sen barkaň men bagtyň çür depesinde,
Gabanan pursatyň monça bolsamda,
Goşgulamdan gabanmagyn mähriban.

Düýşüňe-de gamgyn halda giräýsem,
Hasratdan saralyp soljagňy bilýän,
Sen gyýylsaň kalbym aglar,
Şoň üçin
Gaýgyly goşgulam okama, dünýäm!

Maksat ESENOW.
10
77
perizadym
28.09.2022 00:14
Ýaranlar, aýdaýyn men bir hekaýat,
Hekaýat magnysynda bu rowaýat.

Rowaýatda bitildi «Ekelnama»,
Barabar boldy hemme has-u aama.

Jepany Hazreti-Adam çekendir,
Otuz iki tohum baryn ekendir.

Sena aýdyp hemmesi çykdy ýerden,
Behiştiň dawasyny kyldy birden.

Tagalylla beripdir bize nygmat,
Behamdylla bilipdirmiz ganymat.

Şükür kyldyk ony şükürnasyga,
Bitildi her beýit bir dänesige.

Tamamy miweler şirin-u turşy,
Ýygylyp ýördiler jennete garşy.

Hemme «Bismylla!» diýip turdy ýerinden,
Gadam ileri basdy bir-birinden.

Jugary aýtdy: «Owwal özüm barar men,
Boýum uzyn, sakalym ak erer men.

Başymda selle-ýu sopynema men,
Hemmäňizden uly men, kethuda men.

Bilimi bäş ýerimden baglaýyp men,
Özüm jennete garşy çaglaýyp men.

Oşol halatda Bugdaý diýdi: «Akmak,
Senem peýda bolup sen mugjyzy-hak.

Tapypdyr sen nejasatdan kemaly,
Uzyn bolsa, boýuň gördi şemaly.

Howanyň şitdiginden agarar sen,
Ne ýüz birle jennete barar sen?!

Owamy sopyga meňzär syýagyň,
Ýüzüň aşgara meňzär, ýokdur ýagyň.

At-u eşek iýmez ajy palajyň,
Meniň ýanymda ýokdur hiç alajyň.

Seniň bäsiň göreý, kanda barardy,
Ne ýerde urdular, ýüzüň garardy?

Emelsiz sopy sen, tokmaga gaýym,
Başyňy sal guýy, bolgul mylaýym!»

Jugary ol zaman şermende boldy,
Ki boýnun egdi, başyn ýere saldy.

Jugary aýtdy: «Nobat ötdi bizden,
Ýörüň, Bugdaý, eýa, teklip sizden!»

Oşol halatda Bugdaý baş göterdi,
Daşynda jümleýi-galla oturdy.

Bakyp, her haýsyga saldy salahy:
«Kaýsymyza ejazatdyr ilahy?»

Hemmesi mähuw olup didary-aşyk,
Behişti-alyýa gülzary aşyk.

Ýygylyp etdiler jennet dalaşy,
Bu dalaşda görüň kim Noýba, Mäşi.

Hemmesi aýtdylar Bugdaýa: «Sizden!
Ejazat bolsa, siziň yzyňyzdan

Hemmämiz ileri pişwa bilipmiz,
Bu geňeşi özümize salypmyz»

Gopup Bugdaý, rowan boldy behişte,
Durup erdi oşol dem Arpa daşda.

Pesahat dili birle aýtdy Arpa:
«Eý, Bugdaý, kylmadyň hiç bize sarpa.

Owwalky maslahatda hup bakardyň,
Ki Adam iýdi, jennetden çykardyň?!

Niçik boldy, şerim gelmez ýüzüňe?
Tekepbir eýlediň munça özüňe.

Bir ursam, derdiňe tapman dowany,
Ki saldyň käýişe Adam, Howany.

Eden işler bu hiç ýadyňa gelmez,
Ki hyzmat etmeýin hiç kim ulalmaz» .

Ki Bugdaý diýdi: «Emri-Haktagala,
— Eý, Adam, iýme! — diýip kyldy töwella.

Niçik iş bolsa, ol ruzy-ezeldir,
Bu Bugdaý, Arpa, senden gözeldir.

Beýan etsem özüm owsapymy hem,
Eşitgil, Arpa, indi lapymy hem.

Egerçe ýag bilen bişsem mylaýym,
Tamam azadalar iýmäge gaýym.

Ki menden kesseler unaş, mahyja,
Ýyglyp zowk ederler bibi, hoja.

Ki menden etseler çelpeg-u gatmal ,
Ki ýüzüme ursalar şirin ketmal.

Men her kim iýse, eýlär halawat,
Iýen alym kylar her gün talawat.

Maňa bäs etmegil, sen kim bedel sen,
Syýasat eýlemegil, gury dil sen!»

Bu Arpa diýdi: «Eý, Bugdaý, eşitgil,
Turar bolsaň meniň dadymga ýetgil.

Seni her kim iýip tapsa mazany,
Meni iýip, Mustapa etdi gazany.

Kuwwatym birle köp kapyry çapdy,
Sogaby-ahyreti şonda tapdy».

Diýdi Bugdaý: «Arpa, nedir horuşyň?
Şerigat aldyda bolsun uruşyň.

Meniň birle kylar sen bäsi-bazy,
Sözüň bolsa, ýöri teklibi-kazy.

Meniň aşym birle nanymy iýrler,
Seni at-u eşekni iými diýrler.»

Ki Arpa diýdi: «Bugdaý, lap urar sen,
Şerigat aldyna barsaň, durar sen,

Seni her kim iýse, güýjüňe garra,
Günä etse, jogaby zerre-zerre.

Meni iýen kişiniň nebsi öldi,
Ryýazat birle jennete goşuldy.

Ki menden oldy ol kutby-zamana,
Eý, Bugdaý, neçün gelmiýäň amana?!»

Bu sözde etdi Bugdaý ençe tä˙hyr,
Towazyg eýledi we diýdi: «Tagsyr!»

Bolup biçäreýi, Bugdaý dat kyldy,
Bakyp her ýanyna, perýat kyldy.

Eşidip Mäş, Noýba, Şaly, Gürmek,
Işi boldy talatopda ýügürmek.

Bolup her kaýsysy öz renji birle,
Ýetişdi hem Gonak ol Künji birle.

Dary turdy, gyzyl ýalyk başynda;
«Özüm serkerdedir men bu goşunda!

Eýa, Şaly, niçik boldy hadysa?»
Beýan etdi muny Gürmek hapysa.

Bu Bugdaý ýyglaban kyldy yşarat:
«Ýetişdi Arpadan bizge hykarat».

Goşulyp hemmesi tugyýan kyldy,
Bu Bugdaý bildi, bagryny gan kyldy.

Dary diýdi: «Eýa, Arpa, niçik kaş,
Bu Bugdaý bile kyldyň munça dalaş?

Bu bugdaý çeýneseler lezzeti bar,
Hemmämizden ulugdyr, yzzaty bar.

Munuň birle niçik kyldyň kaşy sen?
Haram ölen derileriň aşy sen».

Diýdi Arpa: «Özümi häk kyldym,
Şerigatda özümi päk kyldym.

Dary şermendedir sen, iki dilli,
Soýuk sen, sary sen, piçesi gylly».

Gonak tokmagyny alyp ýügürdi,
Bu Arpanyň başyna birni urdy.

Hemme ok-ýaý alyp, myltyklaryny,
Bu Arpa tiz edip gylçyklaryny,

Uruş meýdanyny berpaý kyldy,
Polatdan özüne serpaý kyldy.

Ki sanjyp her birin boýnun deşedir,
«Eýa, Şaly, bu niçik har-hyşadyr?!»

Ikisin aralap, kyldy töwella,
Ýygyldy kazy, hoja, barça molla.

Diýdi Şaly: «Gonak hyş-u tebarym,
We leýkin ýag bilen süýtdür mydarym.

Bular bolmasa, Arpa bizden öwla,
Şerigatda eziz etdi tagalla».

Okadylar açyp niçe mesaýyl,
Hemmesi boldular Arpaga kaýyl.

Bu sözde Arpa diýdi: «Şah boldum,
Hemmäňizden özüm ussat boldum.

Goýuň indi bäs-u majerany,
Töre ediňler meni—sahypkyrany».

Bu sözde hemmesiniň gahry geldi,
Turup Noýba özün ileri saldy:

«Ki, Arpa, bäs edip, bizar eder sen,
Özüňe lap urup, menden öter sen.

Menem bu miweler ýegirägidir men,
Ysmaýyl goçunyň böwregidir men.

Meniň hyş-u tebarymdyr Gonak, Mäş,
Weli Jugary-ýu Bugdaýga garyndaş.

Bu Mäşden etseler mäşi-bürünji,
Ýüzüme keşde bolsun ýagy-künji

Tamamy medrese mollasy iýrler,
Okyp, molla bolup, pitwa biýrler.

Gonak birle Bürünji bir ederler,
Eger ýag bolmasa, hemşir ederler.

Söýüp iýmek hudaýymyň ryzasy,
Bu Merýem aşy diýrler, köp mazasy».

Gonak birle Bürünç hemşire boldy,
Bu sözde Künji andag hyra boldy.

Diýdi kim: «Abraýyň men erer men,
Ne çakly çeýneseň, lezzet berer men.

Eger ýag bolmasa, barysy haýran,
Meniň birlen ederler göşti birýan.

Seniň terbiýetiň otdan alawdyr,
Meniň birle seniň adyň palawdyr!»

Diýdi Künji: «Baryň abraýydyr men,
Öli birle diriniň toýudyr men.

Dirige toý, ölige aş ederler,
Meniň birle maksadyna ýeterler».

Gonak birle Bürünç andag uýaldy,
Bu Künji özüni ileri saldy.

Bu sözde Künji boldy şad-u horram
Bular içre özün tutdy mukerram.

Biline baglady sagdagyny hem,
Ki lap urdy, saçyp ol ýagyny hem.

«Bahadur men!» diýiban meýdana girdi,
Oşol pursatda Goza sana girdi:

«Ryýa üçin ederler toýy, aşy,
Meniň birle goýuň bäsi, dalaşy.

Ryýa birle palawy munda iýrler,
Meni ol ahyret abraýy diýrler.

Bu tohmum bergi injirden bolupdyr,
Bu owsapym jahan içre dolupdyr.

Hemme menden geer serpaýy-reňgin,
Özüm misgin bolup men beýle tesgin .

Behiştden Hazreti-Adam çykardy,
Muşakgatdan meniň reňgim agardy.

Otuz iki tohumyň şahydyr men,
Ölende adamyň hemrahydyr men.

Öli birle barar men birge ýoldaş,
Galar siz hemme, etmäň majera, kaş.

Karaman-kätibeýn iki melek bar,
Hemmäniň köňlünde jennet dileg bar».

Bu Bugdaý, Mäş, Noýba, Arpa Şaly,
Eşidip boldy haýran bu sowaly.

Hemmesi diýdiler: «Goza sözi hak,
Hemmämizi ýaradypdyr özi Hak».

Hemmesi bildiler Gozany öwla,
«Ulug sen!» diýip, hemme etdi töwella:

Doga eýläp, hemme zary kylarmyz,
Hemmämiz waspy-didary kylarmyz».

Bu sözi muhteser kyldy tamamy,
Bu Goza pişwa boldy ymamy.

Otuz iki tohumyň ýok hasaby,
Muňa ança ýazar bolsa kitaby.

Diýdi kim, Gaýyby, söz muhteserdir,
Ki mundan artygy hem derdeserdir.
3
58
perizadym
perizadym
28.09.2022 00:09
Abdyryzzak Kaşany şeýle diýýär: «Eger bir kişiniň saçy ne gür, ne-de selçeň, ne iri, ne-de ýumşak bolsa, reňki ne sary, ne-de gara bolsa, şeýle-de ne ir, ne-de giç bitýän bolsa, ne ýapyp biri-birine
perizadym
27.09.2022 13:26
Gadym zamanda bir ýigidiň ýüz ýaşa ýeten garry atasy bar eken. Günleriň birinde ýigit atasynyň ýanyna geleninde ýaşuly ondan ilde nämeleriň bolup geçýändigini soraýar. Ýigit:

— Ata, bir täsin waka bolup geçýär, şony size gürrüň bereýin — diýip, bolan wakany gürrüň bermäge başlaýar.

— Bagdatdan gelýän kerweniň düşlän ýerindäki serhowzuň düýbünde hozuň ululygy ýaly iki sany göwher bar. Kerwenbaşy ýigitleri howza girizip, göwherleri gözledýärem welin, suw bulanyp, göwherler gözden ýitýär. Ýöne suw durlanandan soň, olar görnüp dur. Bu ýagdaý 2-3 gün bäri dowam edýär.

Ýigidiň atasy gürrüňi diňläp, köp manyly ýylgyrýar-da, şeýle diýýär:

— Oglum, göwherleri sen tapyp beräý!

— Ata, şonça adamyň tapyp bilmedik zadyny men nädip tapaýyn?

— Oglum, ol göwherler suwda däl, howzuň boýundaky agaçlaryň birinde mekan tutan guşuň höwürtgesinde bolmaly, ol göwherleri niredendir bir ýerden guşlar getirendir. Howuzdaky göwherler bolsa ýokardaky göwherleriň suwa düşýän şekilidir.

Atasyndan bu gürrüňi eşiden ýigit kerwenbaşa göwherleri özüniň tapyp berjekdigini aýdýar we agaja çykyp, guşuň höwürtgesindäki göwherleri alyp berýär. Kerwenbaşy ýigitden göwherleriň agaçdadygyny nädip bilendigini soranynda, ýigit atasynyň aýdyp berendigini aýdýar. Şonda kerwenbaşy: — «Garry bilenini peri bilmez» diýleni çyn eken — diýip, ýigidiň atasyna salama baryp, ýaşula köp sylag-serpaý ýapýar.
12
125
perizadym
27.09.2022 12:54
Söýgi – bu ajaýyp duýgy. Söýgi sözüň manysy uly ony soz bilen beýan etsen, megerem sözler gutarsa gerek. Men öz durmuşymda bolan wakany gowusy gürrüň beräýin.

Ýaz günleriniň biridi 10-njy synpy tamamlap, tomusky dynç alyşa çykypdyk. Bir gün öýe synpdaşym hem joram Gülälek atly gyz öýe gelipdi. Ikimiz salamlaşansoň ol maňa ýüzlenip joram ýör bileje iş gözläli tomus dynç alyşyny boş geçirmäli hem ene-atamyza kömek bolar diýip ikimiz iş gözläp, şäherimizdäki dükanlara girip, iş soraýadyk welin okuwçy diýsek işe alanokdylar, sebäbi biz tomus möwsümi geçýänça işläp bilerdik, olara bolsa uzak möhletleýin işçi gerekdi, şeýdip iş gözläp ýörşimize gün-günortan bolypdy. Joram öýüne gaýtdy men bolsa göwnüm bir hili şu ýere gir diýen ýaly bolup, bir kiçiräjik dükana girdim. Giremde bir uzyn boýly, ak ýagyz ýaşy ulurak bir erkek adam durdy. Ol dükanyň eýesi Ýunus agady. Bir azjak dükanda durup salam berip çekinjeňlik bilen sözüme başladym, Ýunus aga siz dükana işe kabul edýänizmi ýöne 3 aýlyk diýdim. Ýunus aga oýlanyp durup, bolýa işe alaýyn ýöne iş wagty 8:00 –da 18:00 çenli işlemeli dynç alyş güni ýok, iş haky 300 manat diýip razylaşyp ertesi güni dükana işe başladym. Aýnalary ýuwýadym dükany tämizleýädim gelen müşderilere söwda edýädim. Söwdany gowy özleşdiripdim, şeýdip 3 aý möhletim geçipdi, Onsoň iş hakylarymy jemläp okuwa geýindim depder, ruçka, sumkadyr, köwüş aldym şeýdip täze okuw ýylyna başladyk. Okaýan wagtymda hem oýlanýadym meniň hem hususy dükanym bolsady diýip. Okuw gyzgalaňlydy bahalarym gowudy çörek bahalarym jemlenýädi şeýdip ýyl ahyrlandy, soňky jaň kakyldy hemme okuwy tamamlanymyza gynanyp käte aglaýadyk. Synaglara taýarlyk gidip durdy bir gün agşamlyk nahardan soň telefonyma jan geldi aldym alo diýdim welin bir owadan sesli oglan…..

Oglan- Alo salam Lälezar atly gyzmyka bu diýdi

Gyz- A menem howa salam men şol gyz

Oglan- Siz meni tanamasanyz gerek. Men şol sizi işe alan dükançy Ýunus aganyň dogany Nobat men diýip ýüzlendi:

Gyz- Men hem oýlanyp durup howa Ýunus aga meniň Nobat diýýän inim bar diýip kän gürrüň berýärdi diýdim.

Şeýdip tanyş bolduk. Okuw synaglary üstünlikli geçdi, okuwy tamamladyk Nobat bilen men telefon arkaly gürleşýärdik. Nobat şol wagt Balkan welaýatynda işleýärdi, biz şeýdip bir – biregimizi görmän telefon arkaly günläp aýlap gürleşýärdik, şeýdip güýz aýlarydy Nobat dost oglanynyň toýuna gelmelidi, işden jogap alyp öýüne gaýtdy. Öýüne gelip aradan bir – iki gün öten soň Lälezar men seni görmek isleýärdim nirede duşuşsak bolýar diýdi, Men hem gyz näzini edip özüme makul bolan wagtyny aýdaryn diýdim. Ertiri güni ekemleriň öýüne gitmekçi bolup ýola düşdim şol wagty Nobada jaň etdim men şu wagt ýolda görmek isleseňiz 4-nji çagalar bagynyň deňinde duruň diýdim. Şeýdip barşyma aýdylan ýere Nobatdan öň barypdyryn, garaşyp durdym. Yzyma seretsem bir görmegeý ýigit gelýär, derrewjik öňüme seretdim. Deňime syratly, ak ýüzli, mähirli, gözleri-gaşlary garaja, nurana ýüzli, orta boýly ýigit gelip durdy. Men Nobada bu dereje gowuja diýip pikir hem etmändim.

– Salam diýip elini uzatdy. Menem şeýle bir doňup galypdym aljyraňlyk bilen salamlaşyp, şeýdip söýgi taryhymyz başlady. Şeýdip tanyşanymyzdan soň Nobat işine gitdi. Ýenede biz telefon arkaly habarlaşmana başladyk. Günler , aýlar geçdi şeýdip söýgi ummanynda ýüzüp ýörşimize meniň daşary ýurda ýokary okuwa jaýyna gitmeli wagtym gelipdi. Emma men, Nobat meni okuwa gitsem ýatdan çykarar öýdip gorkup şol gorky bilen okuwdan galmaly boldym. Ýöne men okuwçy döwrümde himiýa, biologiýa sapaklaryna işjeň gatnaşýardym we olimpiadalara gatnaşýardym, Meniň arzuwym mugallym bolmakdy, ýöne meniň söýgüm arzuwlarymdan üstün çykdy. Şeýdip biz 2019-njy ýylyn dekabry aýynyň 5-de durmuş toýyny gurdyk. Söýgümiz öňküden hem has beter berkedi. Gaýynenem bolsa gelin seni oglumy bilen indiki ýyl ýokary okuw mekdebinde okadaryn diýdi. Biziň bagtly durmuşymyz başlady, öň pikir edýärdim men Nobat üçin hemme zatdan geçdim. Meni hem şeýle söýýärmikä diýip. Men Nobady saýlap ýalňyşmandyryn, mendenem artyk söýýänine gözüm ýetdi. Men maşgalam bilen bagtly durmuşda ýaşaýaryn. Söýgi kalplarda baky ýaşasyn.

Lälezar Bekmuradowa
6
121
perizadym
perizadym
26.09.2022 18:41
Gün ýadrosynyň ýylylyk derejesi takmynan 15 million 0С-dir. **** Eger Gün boş şar bolan bolsady, ony doldurmak üçin biziň planetamyz ýaly planetadan azyndan bir million sany gerek bolardy. **** Gün
perizadym
26.09.2022 18:39
“Owaldan takdyr edilen iş öz sagadynda ýüze çykar, öz wagtynda hem geler, ony öň getirjek bolup gyssanmaň” diýilýär. Wakalardan öňe düşjek bolma.

Howlukmaçlyk etme, eýsem, sen ene göwresinde süňňi kemala gelmedik çagany wagtyndan öň düşürmek isleýärmiň? Heniz bişmedik miweleri ýolmak isleýärmiň? Ertir heniz ýok zat, heniz onda hakykylygam, barlygam, tagam-ysam, reňkem ýok, häzirlikçe ol ýok zat. Onda biz näme sebäpli ýok zat üçin oýa batyp, oda çümýäris? Onuň “bela-beterlerini” göz öňüne getirip, gorka gaplanýarys? “Hadysalaryny” öňünden alada edýäris? Bir ýaramaz waka gopar öýdüp garaşýarys? “Bizi bu muşakgatlyklardan penalajak tapylarmyka ýa oňa ýüzbe-ýüz durarmykak?” diýip, ynjalykdan gaçýarys. “Ol şatlykmyka ýa şowsuzlymyka?” diýip, howsala düşýäris.
Bu pikirlere berilmezinden öň bir zady bilmek wajyp: gelejek heniz gaýyp älemde, ol ýeriň ýüzünde ýok we entek ýere gelip ýetmedik zat. Onuň özi gelmese, köpri bilen ol ýere – geljege aşyp bolanok. Ýeri, köpri hem bar diýeli, biziň köprä ýetjekdigimize, ondan sag-aman aşjakdygymza kim kepil geçip biler? Birdenkä biz köprä ýetmän togtasak? Ýa-da ýeten badymyza, köpri ýumrulyp aşak inse?! Belki-de, köprüden sag-aman ötüp, ertire aşarys?

Örän köp adamlar aglaýandyr, ýüzleri gussalydyr, näme üçin diýýäňizmi, ertir ajygaryn öýdüp, ýene bir ýyldan kesellärin öýdüp, ýene ýüz ýyldan kyýamat gopar, ýaşaýyş tükener öýdüp aglaýarlar. Adam özüniň näçe ömür sürjegini bilenok, şonuň üçin hem nämeler boljagy näbelli geljegi gaýgy etmeli däldir. Ertiriň özi ýanyňa gelýänçä, onuň pikirini terk et. Halys bolmasa, ol gelýän myhmany ýaramaz, oňaýsyz pikirler bilen garşylama. Ertiriň kyssasy bilenem, gussasy bilenem işiň bolmasyn. Ertiriň “dartgynly” wakalary üçin bu gün başyňy sämetme, sebäbi sen ilki bilen şu günüňi oňarmagyň aladasyny et.

Nämedir bir zada geň galjak bolsaň, öz pikirlerini, öz dünýälerini heniz güni dogmadyk, entek ýagtyylyk görmedik ertir üçin sarp edip, nesýe söwda edýänlere geň gal. Uzyn tamakinlikden häzir bol!
6
96
perizadym
perizadym
22.09.2022 21:55
Kim ilki nämäni gördi ?
perizadym
22.09.2022 21:53
Göz görmese, ýürek agyrmaz.
* * *
Her bir gözel zat owadan däl-de, saňa ýaraýany owadandyr.
* * *
Özüňe ýaraýanyny iý, başgalara ýaraýanyny geý.
* * *
Nädogry ýol uzak gitmez.
* * *
Söz—kümüş, dymmak—altyn.
* * *
Şowlulyk batyrlygy söýýär.
* * *
Suw ýuwar, Gün guradar.
* * *
Ýalanyň aýagy gysga.
* * *
Öz işiňi et, ýüz ýaşarsyň.
* * *
Otuň ösýänçä, atyňy iýmle.
* * *
Aýdylan we edilen zadyň arasynda umman ýatyr.
* * *
Eli sowugyň ýüregi gyzgyn.
* * *
Ertirki towukdan şu günki ýumurtga gowy.
* * *
Suwdan gorkan deňizçi bolup bilmez.
* * *
Dost tapynan baýlyk tapar.
* * *
Möjekden gorkýan tokaýa gitmez.
* * *
Ejeň bar bolsa, gamlanma.
* * *
Ýatan balyk tutmaz.
* * *
Gözlän tapýar, soran bilýär.
* * *
Güni bir buludyň ýapýan wagtam bar.
* * *
Akar suw daşy ýylmar.
* * *
Her guşa öz höwürtgesi gowy.
* * *
Deňziň suwy köp, hemmesini içip bilmersiň.
6
98
perizadym
perizadym
21.09.2022 07:57
Kitap okamaly! Üstünligiň ýoly bilimiň merkezinden geçýär. Okamak söýgüsine we okamak endigine eýe bolmagy başaranymyz­da uly üstünliklere ýetip bileris. Öwren­megiň iň dogry ýoly okamakdyr.