perizadym
26.09.2022 18:39
“Owaldan takdyr edilen iş öz sagadynda ýüze çykar, öz wagtynda hem geler, ony öň getirjek bolup gyssanmaň” diýilýär. Wakalardan öňe düşjek bolma.

Howlukmaçlyk etme, eýsem, sen ene göwresinde süňňi kemala gelmedik çagany wagtyndan öň düşürmek isleýärmiň? Heniz bişmedik miweleri ýolmak isleýärmiň? Ertir heniz ýok zat, heniz onda hakykylygam, barlygam, tagam-ysam, reňkem ýok, häzirlikçe ol ýok zat. Onda biz näme sebäpli ýok zat üçin oýa batyp, oda çümýäris? Onuň “bela-beterlerini” göz öňüne getirip, gorka gaplanýarys? “Hadysalaryny” öňünden alada edýäris? Bir ýaramaz waka gopar öýdüp garaşýarys? “Bizi bu muşakgatlyklardan penalajak tapylarmyka ýa oňa ýüzbe-ýüz durarmykak?” diýip, ynjalykdan gaçýarys. “Ol şatlykmyka ýa şowsuzlymyka?” diýip, howsala düşýäris.
Bu pikirlere berilmezinden öň bir zady bilmek wajyp: gelejek heniz gaýyp älemde, ol ýeriň ýüzünde ýok we entek ýere gelip ýetmedik zat. Onuň özi gelmese, köpri bilen ol ýere – geljege aşyp bolanok. Ýeri, köpri hem bar diýeli, biziň köprä ýetjekdigimize, ondan sag-aman aşjakdygymza kim kepil geçip biler? Birdenkä biz köprä ýetmän togtasak? Ýa-da ýeten badymyza, köpri ýumrulyp aşak inse?! Belki-de, köprüden sag-aman ötüp, ertire aşarys?

Örän köp adamlar aglaýandyr, ýüzleri gussalydyr, näme üçin diýýäňizmi, ertir ajygaryn öýdüp, ýene bir ýyldan kesellärin öýdüp, ýene ýüz ýyldan kyýamat gopar, ýaşaýyş tükener öýdüp aglaýarlar. Adam özüniň näçe ömür sürjegini bilenok, şonuň üçin hem nämeler boljagy näbelli geljegi gaýgy etmeli däldir. Ertiriň özi ýanyňa gelýänçä, onuň pikirini terk et. Halys bolmasa, ol gelýän myhmany ýaramaz, oňaýsyz pikirler bilen garşylama. Ertiriň kyssasy bilenem, gussasy bilenem işiň bolmasyn. Ertiriň “dartgynly” wakalary üçin bu gün başyňy sämetme, sebäbi sen ilki bilen şu günüňi oňarmagyň aladasyny et.

Nämedir bir zada geň galjak bolsaň, öz pikirlerini, öz dünýälerini heniz güni dogmadyk, entek ýagtyylyk görmedik ertir üçin sarp edip, nesýe söwda edýänlere geň gal. Uzyn tamakinlikden häzir bol!
6
96
wolf
26 Sentýabr 2022
👍🔥👍🔥👍

Myhman Myhman,ünslije okañ belki şonda düşünersiñ😏
Myhman Myhman
26 Sentýabr 2022
Men hic zada dusunmedm dusundrayin🙏🙏🙎
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.