perizadym
28.09.2022 00:09
Abdyryzzak Kaşany şeýle diýýär: «Eger bir kişiniň saçy ne gür, ne-de selçeň, ne iri, ne-de ýumşak bolsa, reňki ne sary, ne-de gara bolsa, şeýle-de ne ir, ne-de giç bitýän bolsa, ne ýapyp biri-birine çyrmaşýan, ne-de çekdigiçe süýnýän (uzaýan) bolsa, onda bu ol adamyň akylynyň ýitidiginiň we häsiýetiniň gowudygynyň delilidir».

* * *

Eflatun we Arastu şeýle diýýär: «Eger bir kişiniň saçy iri we hüjjerip duran bolsa, onda bu ol adamyň düşünjesiniň ýaramazdygynyň, emma mert häsiýetlidiginiň delilidir».

* * *

Eflatun we Arastu şeýle diýýär: «Eger bir kişiniň saçy biri-birine çyrmaşmasa we gury bolsa (ýagly bolmasa), onda bu ol adamyň harsydünýädiginiň, ahlagynyň ýaramazdygynyň we tekepbirliginiň delilidir».

* * *

Mansur we Muhammet Razy şeýle diýýär: «Eger bir kişiniň saçy (şar) gara bolsa, onda bu ol adamyň harsydünýädiginiň, tebigatynyň we düşünjesiniň ýaramazdygynyň delilidir».

* * *

Eflatun we Mansur şeýle diýýär: «Eger bir kişiniň saçy hüjjük, (şar) gara, iri-iri bolsa, şeýle hem döşi, omzy, baldyry gylly bolsa, onda bu ol adamyň akmakdygynyň, dälidiginiň we öýkeleýändiginiň delilidir».

* * *

Eflatun we Arastu şeýle diýýär: «Eger bir kişiniň saçy inçe we ýumşak bolsa, çekeniňde süýnse, emma gyrylmasa (ýolunmasa), onda bu ol adamyň gorkak, mekir we hilegärdiginiň delilidir».

* * *

Eflatun we Mansur şeýle diýýär: «Eger bir kişiniň saçynyň reňki gyzyl bolsa we oda meňzese, onda bu ol adamyň dargursak, tebigatynyň ýaramazdygynyň delilidir».

* * *

Eflatun we Arastu şeýle diýýär: «Eger bir kişiniň saçynyň reňki sary bolsa, az-kem aklyga maýyl etse, onda bu ol adamyň bahyl, kezzap, ahlagynyň ýaramaz we ganhorlygy söýýändiginiň delilidir».

* * *

Mansur şeýle diýýär: «Eger bir kişiniň saçynyň reňki ne gyzyl, ne-de gara bolsa, onda bu ol adamyň mylaýym (ýumşak), ýüregi ýuka we gowy häsiýetlidiginiň delilidir».

* * *

Danalar şeýle diýýär: «Eger bir kişiniň omzunda we boýnunda gyly köp bolsa, onda bu ol adamyň akmakdygynyň we jebir-sütem etmäge maýyldygynyň delilidir».
Abdyryzzak Kaşany şeýle diýýär: «Eger bir kişiniň arkasynda, alnynda we ýüzünde gyly köp bolsa, batyr we güýçlüdiginiň delilidir».

* * *

Abdyryzzak Kaşany şeýle diýýär: «Eger bir kişiniň gursagynda we garnynda gyly köp bolsa, onda bu ol adamyň şähwetparazdygynyň we nadandygynyň delilidir».

* * *

Abdyryzzak Kaşany şeýle diýýär: «Eger bir kişiniň kükreginde gyly az bolsa we garnynda bolmasa, onda bu ol adamyň mylaýymdygynyň we sahydygynyň delilidir».

* * *

Abdyryzzak Kaşany şeýle diýýär: «Eger bir kişiniň baldyrlarynda we uýluklarynda gyly köp bolsa, onda bu ol adamyň gysgançdygyna we zehininiň garyşykdygyna delildir».

* * *

Abdyryzzak Kaşany şeýle diýýär: «Eger bir kişiniň diňe omzy gylly bolsa, kükreginde, garnynda we aýaklarynda gyl bolmasa, onda bu ol adamyň batyr, emma gapyldygynyň delilidir».

* * *

Abdyryzzak Kaşany şeýle diýýär: «Eger bir kişiniň diňe boýnunda gyl bolup, başga ýerinde gyl bolmasa, onda bu ol adamyň kuwwatly, gaýduwsyz, mert, emma gaharynyň ýowuzdygynyň delilidir».

***

* Kitapdaky «Danalar şeýle diýýär» diýen jümlelerden soňky sözleri ýedi dananyň: Eflatunyň, Arastuwyň, Mansuryň, Muhammet Razynyň, ymam Şapygynyň, Muhyeddin Arabynyň, Iýlawus hekimiň ykrar edendigini aňladýar.
3
155
Pakgy
28 Sentýabr 2022
Surata 👍👍👍👍
nurberdiyewa_aylar
28 Sentýabr 2022
💜💜💜
wolf
28 Sentýabr 2022
Maña gerekli zatlar sag bola 😉👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.