perizadym
08.05.2023 00:01
" Barsam kenaryna giden ummanyň Tämiz howalara erkimi bersem..."
17
85
0
perizadym
02.05.2023 17:35
Eger siz öňüňize maksat edinmeseňiz, onda siz
maksatly adamlaryň " iş ýaragyna " aýlanarsyňyz.
17
76
0
perizadym
01.05.2023 00:35
"Hristofor Kolumby bolup bu ömrüň
Materikdeý açaryn men özümi..."
16
136
0
perizadym
19.04.2023 20:12
Gezip ýörün durmuş akymyna görä, Ömrüme berilmiş hökümine görä, Akymam, hökümem ýazgytdyr welin, Bagtyňam, jezaňam akylyňa görä...
12
83
0
perizadym
19.04.2023 01:40
Göwnüň ga:lar köremese a:taşlar, Elmydama mähir bolar küýsegiň. Maýyllyga göwün beren duýgular, Ynamyňy syndyrýandyr söýseňem. ...Sen ýyllaryň aldawyna çolaşma, Hakykat bar bir ýalana degmeýän:
14
96
0
perizadym
16.04.2023 20:19
"...akyl ony başga hiliräk gözöňüne
tutanam bolsa hudaý biziň niýetimizi
amala aşyrar."
Şekspir " Gamlet"
11
68
0
perizadym
16.04.2023 17:12
" Owadanlyk bir gazna ýalydyr
emma onuň hojaýyny akyldyr."
Şekspir " Otello "
10
67
0
perizadym
29.03.2023 03:19
Adam:
– Taňrym, meniň bilen gürleş – diýip pyşyrdady.
Şol wagt agaçda bir guş saýrady, ýöne adam
eşitmedi.
Soňra adam çasly ses bilen:
– Taňrym, meniň bilen gürleş! – diýip gygyrdy.
Asmanda ýyldyrym çakdy, ýöne adam oňa hem
gulak asmady.
Adam töweregine göz aýlady:
– Taňrym, seni görmäge rugsat et!
Asmanda bir ýyldyz şöhle saçdy, adam muny
görmedi.
Adam ýene çasly ses bilen:
– Taňrym, maňa bir gudrat görkez! – diýip,
asmana elini serdi.
Bir ýerde bir çaga dünýä indi, adam mundan hem
habarsyz galdy.
Soňra adam umytdan düşüp aglady:
– Taňrym, seniň şu ýerdedigiňi maňa habar ber.
Bir kebelek gelip, adamyň egnine gondy.
Adam ony eliniň arkasy bilen kowdy-da, ýoluny
dowam etdi.
Durmuşymyzda ýüzlerçe gudrat bolup geçýär,
emma, gynansak-da, biz olaryň käbirini görüp bilýäris.
Sebäbi durmuşyň akymyna düşüp, ençeme zatlaryň
deňinden geçýäris. Sussupeslige düşüp, birneme wagt
geçeninden soň, ähli zatdan ýüz öwürýäris.
18
422
0
perizadym
27.03.2023 16:22
Alypbaryjy elindäki altyn teňňäni görkezip, söze
başlady. Otagyň içinde oturan ýüzlerçe adama şeýle
sowal berdi:
– Bu altyn teňňäni kim almak isleýär?
Elleriň hemmesi diýen ýaly ýokary galdy.
Alypbaryjy sözüni dowam etdi:
– «Bu altyn teňňäni araňyzdan bir adama
bermekçi. Emma ondan öň käbir zatlary etmek
isleýärin».
Alypbaryjy altyn teňňäni ýere oklady we
aýakgaplary bilen onuň üstünden basgylady. Soňra
ony ýerden galdyryp, oturan adamlara görkezdi we şeýle diýdi:
– «Bu altyn teňňäni henizem almak isleýän
barmy?».
Eller ýene ýokardady. Alypbaryjy bu gezek altyn
teňňäni kömekçisiniň getiren içi palçykdan doly bir
gaba oklady. Ony gabyň içinden çykaranda, palçykdan
ýaňa altynyň ýüzi hem görünmeýärdi. Alyp baryjy
sowalyny ýene-de bir gezek gaýtalady. Eller henizem
ýokardady, ähli kişi altyn teňňäni almak isleýärdi.
Alypbaryjy ýylgyryp, şeýle diýdi:
«Dostlar, bu ýerde gaty möhüm bir zady görýäris.
Men bu altyn teňňä näme etsemem, siz ony almak
isleýärsiňiz. Sebäbi altynyň başyna gelen ýagdaýlar
onuň gymmatyny gaçyrmaýar. Ol henizem gymmat
bahaly altyn. Bu altynyň başyndan geçiren
ýagdaýlaryny biziň köpimiz hem başymyzdan
geçirýäris. Ýykylarys, aglarys, göwnümize degler.
Käwagt üstümize palçyk syçradarlar. Käte biz palçygyň
içine ýykylarys. Emma bularyň hiç biri möhüm däl,
esasy zat öňümizdäki duran gözelligi unutmalyň we
bagtly bolmagyň bularyň hiç birine bagly däldigini
bileliň. Biziň gymmatymyzy başgalaryň bize nähili
garaýandygy ýa-da başymyza gelen ýagdaýlar
kesgitlemeýär. Kynçylyklara döz gelip bilşimiz biziň
hakyky gymmatymyzy kesgitleýär».
14
215
0
perizadym
26.03.2023 15:43
Eger sen bagtly bolmagy arzuw etseň, oňa tiz ýetersiň.Emma biz adatça ilden has bagtly bolmagy arzuw edýäris, bu bolsa tas mümkin bolmajak zat! Sebäbi biz başgalary özümizden has bagtlyrak hasap edýäris, ýogsam olar hakykatdandan beýle-de däl!
6
133
0
Yene yükle