Adam:
– Taňrym, meniň bilen gürleş – diýip pyşyrdady.
Şol wagt agaçda bir guş saýrady, ýöne adam
eşitmedi.
Soňra adam çasly ses bilen:
– Taňrym, meniň bilen gürleş! – diýip gygyrdy.
Asmanda ýyldyrym çakdy, ýöne adam oňa hem
gulak asmady.
Adam töweregine göz aýlady:
– Taňrym, seni görmäge rugsat et!
Asmanda bir ýyldyz şöhle saçdy, adam muny
görmedi.
Adam ýene çasly ses bilen:
– Taňrym, maňa bir gudrat görkez! – diýip,
asmana elini serdi.
Bir ýerde bir çaga dünýä indi, adam mundan hem
habarsyz galdy.
Soňra adam umytdan düşüp aglady:
– Taňrym, seniň şu ýerdedigiňi maňa habar ber.
Bir kebelek gelip, adamyň egnine gondy.
Adam ony eliniň arkasy bilen kowdy-da, ýoluny
dowam etdi.
Durmuşymyzda ýüzlerçe gudrat bolup geçýär,
emma, gynansak-da, biz olaryň käbirini görüp bilýäris.
Sebäbi durmuşyň akymyna düşüp, ençeme zatlaryň
deňinden geçýäris. Sussupeslige düşüp, birneme wagt
geçeninden soň, ähli zatdan ýüz öwürýäris.