perizadym
27.03.2023 16:22
Alypbaryjy elindäki altyn teňňäni görkezip, söze
başlady. Otagyň içinde oturan ýüzlerçe adama şeýle
sowal berdi:
– Bu altyn teňňäni kim almak isleýär?
Elleriň hemmesi diýen ýaly ýokary galdy.
Alypbaryjy sözüni dowam etdi:
– «Bu altyn teňňäni araňyzdan bir adama
bermekçi. Emma ondan öň käbir zatlary etmek
isleýärin».
Alypbaryjy altyn teňňäni ýere oklady we
aýakgaplary bilen onuň üstünden basgylady. Soňra
ony ýerden galdyryp, oturan adamlara görkezdi we şeýle diýdi:
– «Bu altyn teňňäni henizem almak isleýän
barmy?».
Eller ýene ýokardady. Alypbaryjy bu gezek altyn
teňňäni kömekçisiniň getiren içi palçykdan doly bir
gaba oklady. Ony gabyň içinden çykaranda, palçykdan
ýaňa altynyň ýüzi hem görünmeýärdi. Alyp baryjy
sowalyny ýene-de bir gezek gaýtalady. Eller henizem
ýokardady, ähli kişi altyn teňňäni almak isleýärdi.
Alypbaryjy ýylgyryp, şeýle diýdi:
«Dostlar, bu ýerde gaty möhüm bir zady görýäris.
Men bu altyn teňňä näme etsemem, siz ony almak
isleýärsiňiz. Sebäbi altynyň başyna gelen ýagdaýlar
onuň gymmatyny gaçyrmaýar. Ol henizem gymmat
bahaly altyn. Bu altynyň başyndan geçiren
ýagdaýlaryny biziň köpimiz hem başymyzdan
geçirýäris. Ýykylarys, aglarys, göwnümize degler.
Käwagt üstümize palçyk syçradarlar. Käte biz palçygyň
içine ýykylarys. Emma bularyň hiç biri möhüm däl,
esasy zat öňümizdäki duran gözelligi unutmalyň we
bagtly bolmagyň bularyň hiç birine bagly däldigini
bileliň. Biziň gymmatymyzy başgalaryň bize nähili
garaýandygy ýa-da başymyza gelen ýagdaýlar
kesgitlemeýär. Kynçylyklara döz gelip bilşimiz biziň
hakyky gymmatymyzy kesgitleýär».
14
215
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.