perizadym
perizadym
28.08.2022 00:36
Ynsan üçin iň müşgil we şol bir babatda iň gyzykly zatlaryň biri durmuşdaky öz ornuňy tapmakdyr. Munuň üçin özüňe mynasyp bir maksadyň bolmagy baş şert. Maksatly ýaşamak ata-babalarymyzyň öz
perizadym
perizadym
28.08.2022 00:20
Güne ýatyp alynmaýar abraý, at, Güne ýanyp ýetilýändir ýetilse. Eşikleriñ hapalygy utanç däl, Halaldan ýetirsin näme ýetirse. Güýçli ýagan ýagmyr tiz siñer ýere, Haýal ýagsa toprak saklar çyglygyn.
perizadym
perizadym
27.08.2022 19:16
Şägirt halypasyndan sorapdyr: «Bagt pulda däl» diýen söz näderejede hakykata laýyk gelýär?» Ol munuň dolulygyna hakykata laýyk gelýändigini aýdypdyr. Muny subut etmekde müşgillik ýok. Çünki pula
perizadym
perizadym
27.08.2022 19:04
1908-nji ýylda iňlis syýahatçysy Genri Gudzon «Newil» gämisinde Arktika suwlarynda iki aýlyk syýahatdan soň, gämi žurnalynda şeýle ýazgy galdyrdy: «Daňdan syýahatçylaryň biri gäminiň golaýynda suw
perizadym
perizadym
26.08.2022 00:09
Ussa ýaňy ýasap bolan galamyna ýüzlenip, şeýle diýipdir: — Seni uzak ýola ibermezimden ozal bäş sany ýagdaýy bilmegiňi isleýärin, şonda sen iň gowy galam bolarsyň: birinjiden, ýagşylyk edýän
perizadym
perizadym
26.08.2022 00:00
On dokuzynjy asyryň başlarynda, londonly bir ýaş ýigit ýazyjy bolmak isläpdir. Emma hemme bolýan zatlar onuň islegleriniň tersine. Onuň kakasy bergilerini berip bilmedigi üçin türmä salnypdyr.
perizadym
perizadym
25.08.2022 05:12
Saçyñ birje tary ynjany üçin, Kimdir biri gizlin aglaýan bolsa. Hemmeden öñürti ýagty ertäñe, Synmazak umydyn baglaýan bolsa, Soñlanmaz sowaly "Hallaryñ neneñ?", Jogaba ýaltanma, ol seniñ
perizadym
25.08.2022 00:21
Baslygyp-baslygyp, galňady gussam,
Ýadamadym senli ýatlamadan men.
Men päkize söýgä bagrymy dildim,
Kalbymy howaýy otlamadym men.

Süýt reňkli gijede ysytmaly deý
Garaşardym köňlüm berip galpylda.
Sen ahyr gelerdiň ýalbyrap, ýanyp,
Asmandan bir ýyldyz inen deý ylla.

Saçlaryň ujuny oýnar durardyň
Meňzäp owal-ahyr iň gözel şygra.
Etsem-petsemlerden doludy köňül,
Arzuwlar uludy, çäksizdi.
Soňra...
Emma durmuş...
Birikmedi ykballar,
Sähel sebäp aýra saldy ýolumyz.
Soň birek-birege ýada öwrüldik:
Bir-biregi tanamaýan ýaly biz.

Şeýdip ýyllar geçip gitdi tirkele,
Ýürege awuly tagmasyn basyp.
Bagtymdan nalamok.
Bagtly men.
Ýöne
Senli bagta bolmadygma mynasyp
gyýylýan käteler ejizlän çagym,
Aram tapýan senli ýatlamadan men.
Sebäp, tämiz söýgä bagrymy dildim,
Kalbymy howaýy otlamadym men.

Sapa Hommadow
6
35
perizadym
24.08.2022 03:25
Türkmenlerde bir ynam bar. Haýsydyr bir sebäbe görä, Allatagala bendesiniň eden telek işine gahar edip ýa-da ony haýsydyr bir bela-beterden goramak üçin ýa-da has çökder günä etmekden saklamak üçin, bendesiniň gazanç gapysynyň birini ýapsa, ryzk derwezesiniň kyrkysyny açarmyş diýilýär. Şol sebäpli-de Nejisligiň kanunyna gapma-garşylyk hökmünde hem-de deňagramlylyk ýörelgesini berjaý etmek üçin gowulygyň kanunlary barada-da pikirimizi aýtsak dogry bolarmyka diýýärin. Meniň pikirimçe, Gowulygyň kanunyny emele getirýän kadalar şu aşakdakylardan ybarat bolmagy mümkin: 1. Erjelligiň, zähmetsöýerligiň, başarnygyň, sabyrlylygyň hem-de päk niýetiň ýeňip geçmejek kynçylygy ýokdyr;
2. Ýoly ýörän ýeňer, islendik işem işläp tamamlap bolýar;
3. Eşretiň başy kösençden başlanýar, bagt bagyna barýan ýol hem betbagtlyk köprüsiniň üstünden geçýär;
4. Pähim-paýhasly çemeleşilende we sabyrly hereket edilende, köplenç erbetligiň ýüze çykmagyna getirýän ýaly bolup görünýän şert gowulygyň hamyrmaýasy bolup hyzmat edip bilýär;
5. Durmuşyň köp hadysalaryna gatyşanyňdan gatyşmanyň gowy. Köplenç özbaşyna hereket edýän hadysa has köp peýdaly bolýar;
6. Islendik işe başlananda, haýsy işi öň, haýsy işi soň ýerine ýetirmelidigi barada ýedi ölçäp bir kesmek köplenç oňyn netije berýär;
7. Her bir täze ýüze çykan meseläni çözmek adamy gowulyga tarap ýene-de bir ädim öňe süýşmäge mümkinçilik berýär.
Dünýä bolan ruhubelent garaýyş barada bir täsirli anekdot bar:
Iki sany adam, biri sussypes, beýlekisi ruhubelent, dagda barýarkalar, gaýadan aşaklygyna gaçypdyrlar.
Sussypes umytsyz gygyrýar:
-Waý gaçdym!
Ruhubelent begençli gygyrýar:
-Uçýan-n-n!!!...
9
94
perizadym
perizadym
24.08.2022 03:16
Çalyşsa-da dünýäň reňki, Şatlyk — köne, gaýgy — öňki... Başym alyp çykdym, çünki Ýollar seni wada berdi. Demim kä gyzyp, kä sowap, Hersinde aldy bir sogap... Türkmeniň kalbyna kybap Göller seni wada